18:25 Beýik Ýüpek ýoly -8: Otrar | |
OTRAR
Taryhy ýerler
Otrar şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ol orta asyrlarda Otrar atly uly oazisiň söwda-ykdysady we medeni merkezi bolupdyr. Otrar oazisi Syrderýa bilen Arysy derýasynyň birleşýän ýerindäki 2500 kм² meýdany tutýan mes toprakly oazisde ýerleşýär. Baryp 2100 ýyl mundan öň bu ýeriň üsti bilen han imperatory U-diniň ilçisi Çžan Sýan Horezme tarap geçip gidýär. Otrar dürli geografik giňişlikleriniň birleşýän, dürli ugurlara gidýän ýollaryň başlanýan ýeridir. Bu ýerden Çaça (Daşkent), Sogda, ondan aňyrlygyna Merwe, Nişapura, Reýe; Horezmiň üsti bilen bolsa demirgazyga hem-de günbatara tarap Aralýaka, Itilýaka, Garadeňizýaka sebitlerine we Kawkaza ýollar uzalyp gidipdir. Görnüşine görä, Otrar ýaly amatly hem-de howply ýerde ýerleşýän başga bir şäheri Orta Aziýanyň çäginden tapaýmak kyndyr. Otrar – Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Orta Aziýanyň gülläp ösen döwründen saklanyp galan möhüm ýadygärlikleriň biridir. Baryp gadymy zamanlarda şäheriň ýaşaýjylary halkara bazarlaryna çykarmak üçin dürli görnüşli külalçylyk önümlerini, ýokary hilli polat gylyçlary, pyçaklary, peýkamlary, bürünçden, altyndan, kümüşden, reňkli daşlardan ajaýyp senetçilik önümlerini, doga-tumarlary, iňňe bagjyklary, ildirgiçleri, tokalary we başga zatlary ýaşapdyrlar. Dürli asyrlarda bu şäher Tarband, Turarband, Turar we arap çeşmelerinde bolsa Farap diýlip atlandyrylypdyr. Bu şäher özüniň zikgehanasy, özboluşly ýyladyşhanasy bolan ajaýyp gündogar hammamlary, dünýäniň meşhur kitaphanaltyndan pes bolmadyk uly kitaphanasy bilen şöhratlanypdyr. Şol sebäpden hem Otraryň ady Gündogaryň belli taryhçylarynyň eserlerinde häli-şindi ýatlanylyp geçilýär. Otrar – Farap barada at-Tabari, al-Belazuri, al-Azraki, Ibn Haukal, al-Makdisi, al-Istahri, Mahmyt Kaşgarly, Ýakut, Ata Mälik Juweýni, Reşideddin, Ruzbihan, Hafiz Tanyş, Şerefeddin Aly Ýezdi ýaly awtorlaryň eserlerinde ep-esli maglumatlar berilýär. Şäheriň eteginde Gökmerdan, Keder, Oksyz, Garakonsy, Buzuk ýaly söwda-senetçilik, ylym we bilim merkezleri ýerleşipdir. Bu şäher Gündogaryň beýik akyldary, Aristoteliň işlerini dowam etdiriji Abu Nasyr al-Farabynyň (870-950) dogduk watanydyr. Bu ýerde Gabbas Seýit al-Jöwheri (IX asyr.), Ishak al-Farabi (961-nji ýylda aradan çykan), Ysmaýyl al-Jöwheri (1002-nji ýylda aradan çykan), Ahmet al-Otrary (XI-XII asyrlar) ýaly beýik alymlar dünýä inipdir. XIII asyrda mongol basybalyşlary zerarly Otrar weýran edilipdir. Özüne boýun egmek islemändigi üçin şäher Çingiz han tarapyndan oda berlipdir. Emma onuň beýik depeleri henizem giň sähranyň üstünden seleňläp görünýärler. Şäheriň arheologlar tarapyndan gazylyp üsti açylan giň köçeleri we öýleriň harabaçylyklary bu ýere gelýän jahankeşdelere geçmişde bu şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda nähili uly ähmiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Otraryň köçeleriniň, mähelleleriniň, meýdanlarynyň anyk meýilnamasy bolupdyr. Şähere üç gatly gala diwarlaryndan geçeniňden soň baryp bolupdyr. Gala diwarlarynyň daşyndaky içi suwly garymlaryň üstünde galdyrylýan köprüler gurlupdyr. Munuň özi Otraryň söwda-ykdysady, syýasy we medeni merkez bolmakdan ötri, mongol sähralaryna we Gündogar Türkistana tarap gidýän uly ýoluň ugrunda möhüm berkitme bolandygyndan hem habar berýär. Otraryň şäher merkezi bilen ýanaşyp oturan 10 sany uly hem-de kiçi rabatlary, birnäçe kilometre uzalyp gidýän ösen suwaryş ulgamlary bolan ekerançylyk obalary bolupdyr. Otraryň 20 ga meýdany tutup ýatan köp gatly belent depelerinde dürli ýyllarda arheologlar giň gerimli gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler we bu ýerde biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryndan XVIII asyra çenli ýaşaýşyň bolandygyny anykladylar. XIII asyryň başlarynda Otrar Orta Aziýanyň iň iri şäherleriniň biri bolupdyr. Şol döwürler ol Horezmşalar (Köneürgenç türkmenleriniň döwleti) döwletiniň düzümine giripdir. 200 müň ilat ýaşaýan şäherde köp sanly alymlar, weliler, ulamalar, sazandalar, şahyrlar, zergärler ýaşapdyrlar. Şäherde medreseler, bazarlar, meýlishanalar, hammamlar, metjitler, dükanlar, kerwensaraýlar, onlarça demirçilik we gaýry ussahanalar bolupdyr. Köneürgenç hökümdary Alaýeddn Muhammet II-niň 1210/11-nji ýylda Otrarda zikgelenilen mis teňňeleriniň ýüzünde „Parab”, 1216-1218-nji ýyllardakylarynyň ýüzünde bolsa, balad sözünden soň („balad” sözi „ýurt, welaýat” diýen manylary aňladýar) „Utrar” diýlip ýazgy edilipdir. Şäherde köp müňlük goşun ýerleşdirilip, onuň wezipesi imperiýanyň demirgazyk hem-de gündogar serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek bolupdyr. Ýöne harby-gornayş şäheri bolmakdan ötri, Otrar söwda-ykdysady we senetçilik merkeziniň wezipesini hem ýerine ýetiripdir. 1218-nji ýylda Çingiz han basylyp alnan Hytaýdan bu ýere üsti harytly uly kerwen ugradýar. Bu döwürler Otrar sebitine Muhammet II-niň daýysy (hökümdaryň ejesiniň doganlarynyň biri) Kaýyr han häkimlik edipdir, şäheriň häkimligini bolsa Ynaljy han ýerine ýetiripdir. Ynaljy han horezmşa Muhammediň buýrugy bilen Çingiz hanyň ähli ilçilerini öldürýär, kerweni bolsa Gürgenje iberýär. Otrarda bolan bu waka Orta Aziýanyň üstüne basybalyjylykly ýörişlere taýýarlanyp ýören Çingiz han üçin bahana bolup hyzmat edýär. Taryhy maglumatlara görä, 1219-njy ýylda Otrar Çingiz hanyň uly ogly Juçynyň goşunlary tarapyndan gabalýar. Otraryň gabawy 6 aýa çekipdir. Şäherde açlyk we şunuň netijesinde ilatyň arasynda nägilelikler başlaýar. Netijede bir gije şäher derwezesini kimdir biri mongollara açyp berýär. Şahere giren mongollar ilatyň esasy bölegini gyrýarlar, galanlaryny bolsa gulçuluga sürüp äkidýärler, şäheriň özi bolsa oda berlip ýumrulýar. Şäher derwezesini açyp beren Garaja atly dönügi Juçynyň hut özi jezalandyryp öldürýär. Mongollardan soň az-kem dikeldilen şäheriň ilaty, XIV asyrdan bäri bu ýerlerde yzy üzülmeýän özara uruşlaryň alnyp barylýandygy üçin, XVIII asyrda Otrary taşlap gidipdirler. XV asyrda geografiki açyşlaryň başlanmagy bilen, Beýik Ýüpek ýoly özüniň birmahalky şöhratyny ýitirip ugraýar. Bu ýerlere dürli ýurtlardan we ülkelerden gelýän täjirleriň hem-de kerwenleriň sany üzül-kesil azalýar. Senetçilik önümçiliginiň, gadymy suwaryş ulgamlarynyň, ekerançylygyň gerimi juda pese düşýär. Emma, muňa garamazdan, XVIII asyra çenli şäher ýaşamagyny dowam etdirýär. 1979-njy ýyldan başlan giň gerimli gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy şäheriň üsti açylan ençeme ýadygärlikleri ýörite gorag astyna alyndy. Otrarda XVI-XVIII asyrlaryň şäher mähelleleriniň, XIII-XIV asyrlaryň külallarynyň mähellesiniň we kerpiç bişirilýän körüginiň, XIV-XV asyrlaryň köşgüniň we metjidiniň üsti açyldy. Häzirki döwürde Gazagystan Respublikasynyň Günorta Gazagystan welaýatynyň Gyzylgum (häzir Otyrar) etrabynda ýerleşýän bu şäher dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýär. 2001-2004-nji ýyllarda UNESKO-nyň, Gazagystanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagynda „Gadymy şäher Otrary gorap saklamagyň” taslamasy amala aşyryldy. 2004-nji ýyldan bäri „Gadymy Otrary gaýtadan dikeltmegiň” döwlet maksatnamasy hereket edýär. Şäheriň hammamynyň üstünden zaýa bolmaz ýaly bassyrma guruldy, şäher metjidini, külallaryň ussahanalaryny şol durkunda saklamak üçin çäreler görüldi. Arheologlaryň we rejeleýiş işlerini geçirýän hünärmenleriň pikirlerine görä, Otrar geljekde orta asyr şäher-muzeýine öwrülmeli. Otraryň gülläp ösen döwründe şäherde Garahanlylar döwrüne degişli zikgehana, köşk, Juma metjidi, Arystan Baba aramgähi ýaly täsin binalar gurlupdyr. Şäheriň golaýynda meşhur sopy Arystan Babanyň (Arslan Baba) aramgähi ýerleşýär. 1219-njy ýylda Otrarda Çingiz hanyň ilçileri öldürilenden soň, şäher bütinleý weýran edilýär. 1405-nji ýylda Otrarda Hytaýa ýörişe barýarka Teýmirleň aradan çykýar. Teýmirleň Otrarda Sopy Arystan Babanyň (Arslan Baba) aramgähini we Berdibeg köşgüni gurdurypdyr. Häzirki döwürde „Otrar” diýen at Gazagystanda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu ady kafeler, restoranlar, myhmanhanalar, demir ýol otlusy, bir milli teleýaýlymy göterýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |