18:32 Beýik Ýüpek ýoly -9: Çaç | |
ÇAÇ
Taryhy ýerler
Daşkendiň ýerindäki Çaçdepe ýa-da Şaşdepe diýlip atlandyrylan ilkinji ekerançylyk mesgeni, baryp b.e. öňki II-I asyrlarda ýüze çykýar we geljekki beýik şäheriň iki müňýyllyk taryhynyň başlangyç nokadyna öwrülýär. Gadymy Çaç şäheriniň yzlary häzirki Daşkendiň demir ýol menziliniň we Salar derýasynyň golaýynda ýerleşýär. Ol ylymda Medine Çaç (paýtagt Çaç), Şaşdepe ýa-da Çaçdepe atlary bilen hem tanalýar. Eýran dilleriniň gündogar şahalarynyň biri bolan sogdy dilinde „şaşdepe” sözi türkmençede „altydepe” diýen many aňladýar. Şäher Çyrçyk derýasynyň boýunda ýüze çykýar. XVI asyra çenli Çyrçyk derýasy Parak ýa-da Farak, şeýle hem Çaç diýlip hem atlandyrylypdyr. Şäheriň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar saklanyp galypdyr. Şolaryň birinde onuň Daş atly bir batyr ýigit, beýleki bir rowaýata görä Oguz han, üçünji birine görä bolsa, Ferdöwsiniň „Şanama” dessasynynyň gahrymanlary Afrasiýab we Keýkowus tarapyndan esaslandyrylandygy barada aýdylýar. Netijede bu gadymy şäher sogdy dilinde „Çaç”, arapça „Şaş”, parsça „Binkent”, türki dilinde „Şaşkent” diýlip atlandyrylypdyr. Çaçyň türki dilinde aýdylýan beýleki bir ady – „Daşkent” ilkinji gezek XI asyryň awtory al-Biruniniň eserinde agzalyp geçilýär. Arheologlaryň geçiren hasaplamalaryna görä, Medine Çaçyň daşyna uzynlygy 4 kilometrden gowrak uzynlykdaky gorag diwarlary aýlanylypdyr. Onuň içinde 23 metr beýiklikdäki dört minaraly erkgala ýerleşipdir. Erkgalada häkimiň köşgi, ata-babalaryň ybadathasy we ot ybadathanasy ýerleşipdir. Erkgalanyň daşyna suwly garym hem aýlanylypdyr. Häkimiň köşgi dabaralar otagyndan, ýaşaýyş jaýlaryndan we ammarlardan ybarat bolup, olaryň diwarlary ýaşaýyş-durmuş pursatlaryndan (aw, ybadat işleri, halk dessanlarynyň wakalary we başgalar) alnan sýužetler arkaly dürli reňkdäki suratlar bilen baý bezelipdir. Arheologik tapyndylaryň görkezişi ýaly, şäher b.e. öňki II-I asyrlarda ýüze çykyp, araplaryň Orta Aziýa guralan ýörişlerine çenli (VIII asyr) ýaşapdyr. Taryhçy-alymlaryň pikirine görä, Çyrçyk derýasynyň mes toprakly jülgesinde ýerleşen Çaç dürli asyrlarda Sogdiananyň, Baktriýanyň, birneme giçkiräk döwürde bolsa Türk kaganatynyň düzümine giripdir. Bu ýerde döwlet dili sogdy dili bolup, şol dilde Çaçyň häkimleriniň atlary we unwanlary (Artaçaka, Şçaniýabaga, Tarnawça), şeýle hem III-VII asyrlarda Çaçda we goňşy welaýatlarda zikgelenilen teňňeleriň ýüzündäki hatlar ýazylypdyr. VI-VIII asyrlar Çaçyň medeni, syýasy we harby taýdan kuwwatly döwri bolupdyr. VI-VIII asyrlarda şäheriň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmegi, senetçiligiň we söwdanyň giň gerime eýe bolmagy, bu ýerlerde ýaşaýan ilatyň sanynyň üzül-kesil artmagyna getirýär. Şol döwürler Çaçyň degre-daşynda 32 sany şäher derejesindäki ilatly nokatlar kemala gelip, şolaryň üçden iki bölegi düýbünden täze dörän mesgenler bolupdyr. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, arap serkerdesi Kuteýba ibn Muslim Samarkandy basyp alandan soň, 713-nji ýylda Fergana tarap ýöriş edýär. Şonda ol inisine goşun berip, ony Çaçy basyp almaga ugradýar. Netijede at-Tabariniň hem-de al-Belazuriniň berýän maglumatlaryna görä, arap goşunlarynyň ýörişleri üstünlikli tamamlanyp, doganlaryň ikisi hem Ferganada birleşýärler. VIII asyrda araplar tarapyndan Orta Aziýa basylyp alnandan soň, Çaç we onuň bilen sebitdeş şäher-döwletleriň käbirleri doly weýran edilýär. Olar şäheriň adyny arap dilinde ýoýup „aş-Şaş” diýip atlandyrypdyrlar. Weýran edilenden soň, şäher öňki ýerinde gaýtadan dikeldilmändir. Soňra Daşkent diýlip atlandyrylan şäher IX asyrda Çaç galasynyndan birnäçe kilometr günbatarrakda gurlupdyr. Saklanyp galan rowaýata görä, 819-njy ýylda ýaş emir Ýahýa ibn Asad Abbasy halyflygynyň gündogar böleginiň häkiminden häzirki Daşkent sebitlerini dolandyrmaga höküm alandan soň, ol bu ýere gelip täze şäher gurmagy maksat edinýär. Ol beýik bir depäniň üstüne çykyp, ýanyndaky gullukçylaryna ýüzlenip: „biz bu ýerde öz paýtagtymyzy gurarys. Goý, ol şäher Mawerannahryň demirgazyk galasy, ady hem ady Madina aş-Şaş bolsun” diýenmiş. Onuň gullukçylarynyň arasynda halyflaryň gullygynda duran türki-gulamlar hem bar eken. Olar „hawa, hawa, Şaş şäheri hut şu ýerde gurlar” diýip gygyrşypdyrlar. Türki halklaryň dilinde araplaryň goýan „Madina aş-Şaş” ady, „Şaşkent” (Daşkent) diýlip aýdylypdyr. Ýahýa ibn Asad şäheriň iň beýik ýerinde Juma metjidini gurmagy höküm edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Çaç söwda-senetçilik şäheri bolupdyr. Şäherde ýerli senetçileriň mähelleleri, köp sanly ussahanalary we söwda dükanlary ýerleşipdir. Senetçilik önümçiliginiň esasy ugurlary hökmünde demirçiligi, külalçylygy, zergärçiligi, çerimçiligi (deri işläp bejerýänler), dokmaçylygy we başgalary görkezmek bolar. Şäher önümçiliginde möhüm orna eýe bolan demirçilik we metal işläp bejerýän pudaklarynda ýarag we sowut ýasamak, zähmet gurallaryny, at esbaplaryny öndürmeklik giň gerime eýe bolupdyr. Şäher önümçiliginiň ösen bolmaklygy Çaç şäherini Sibire, Hytaýa we demirgazykdaky sähralara gidýän söwda ýollarynyň merkezine öwrüpdir. Çäç halkara bazaryna altyn, reňkli duz, mawy reňkli pöwrüze daşlaryny, sowut, at esbaplaryny, meşhur „gürlügi beýik eýerleri”, ýaraglary, halylary we matalary çykarypdyr. Gündogar Türkistandaky orta aziýaly täjirleriň sanawynda çaçly täjirler Samarkandyň we Buharanyň täjirlerinden soň üçünji orunda durupdyrlar. Çaçyň öz döwründe işjeň söwda gatnaşyklaryny alyp barandygyna şäherde pullaryň köpçülikleýin zikgelenilmegi hem ýakyndan şaýatlyk edýär. Beýik häkimiň zikgesinden başga-da, bu ýerde ownuk häkimlikleriň we şäherleriň zikgeleri hem aýlanyşykda bolupdyr. Gürrüňi edilýän sebitde jemi alty sany pul zikgelenilen ýerler bolupdyr. Çaçyň söwda işlerinde Hytaý bilen Wizantiýa aralygynda ýerleşen ýurtlarda ulanylan dürli görnüşdäki pullar hereket edipdir. Öz gezeginde Çaçyň teňňeleri hem dürli ýurtlaryň pul dolanyşygynda ulanylypdyr. Çaçyň daş-töwereginde giň ekerançylyk meýdanlary ýerleşip, olary şäher bilen sepleşip oturan obalaryň ilaty işläp bejeripdir. Şäheriň eteklerinde iri ýer eýeleriniň V-VIII asyrlarda bina edilen ençeme köşk galalary ýerleşipdir. Çaç medeniýet merkezi bolup hem hyzmat edipdir. Hytaý çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, şäheriň aýdymçylary, sazandalary we tansçylary Çaçyň özünden has alyslarda, hususan-da, Hytaýda giň meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Çaçda köşkleri we begzadalaryň öýlerini bezeýän ezber nakgaş ussalar, çeper zikgeleýjiler we ussat suratkeşler işläpdirler. Şäher dini merkezleriň hem biri bolupdyr. Sebäbi VIII asyra çenli bu ýerleriň esasy dini ynanjy otparazçylyk bolupdyr, ýöne Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen hristiançylyk, buddaçylyk, maniheýçilik ýaly dini ynançlar hem ýaýrapdyr. Dürli asyrlaryň dowamynda Çaç gök türkleriň, araplaryň, garahanlylaryň, horezmşalaryň, mongollaryň, teýmirileriň, şeýbanylaryň, kokantly hanlaryň guran döwletleriniň düzüminde bolupdyr. 1868-nji ýylda birmahallarky Ça, Şaş, soňra Daşkent – Russiýa imperiýasynyň düzümine goşulan Türkistan guberniýasynyň dolandyryş merkezine öwrülýär. 1930-njy ýylda Daşkent şäheri 1924-nji ýylda döredilen Özbegistan SSR-niň paýtagty diýlip yglan edildi. Häzirki döwürde Orta Aziýa sebitinde iň uly şäher hasap edilýän Daşkent Özbegistan Respublikasynyň paýtagtydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |