19:31 Bir gijelik myhman / nowella | |
BIR GIJELIK MYHMAN Juda seýrek bolsa-da, Ýazmyrat ýaly adamlaram durmuşda duş geläýýär. Hawa, Ýazmyrady ýakyndan tanadygyça, onuň näme üçin şeýledigi barada pikir edip görmedik ýok bolsa gerek. “Şular ýaly adam dünýede başga-da barmyka?” diýen soragam şol pikiriň dowamy. Orta boýly, hortap Ýazmyradyň bugdaýreňk ýüzünde ilki bilen ünsüňi özüne çekýän onuň burny bilen gözleridi. Ýüzüniň inçemikligindenmi, onuň “bürgüt burnuny” ýadyňdan çykaryp bolmaýan gözleriniň astyndanam saýgarmak kyn däldi, ýöne şol gözlerini suratlandyrmak üçin bolsa uly ukyp gerekdi. Eger ol gözler zenan maşgala degişli bolan bolsalar, onda olary iki söz bilen, ýagny “jeren gözler” diýip agzap geçseňem, her kim düşünjek, ýöne erkek kişide bu deňeşdirme onuň gözlerini öz gözi bilen görmedik adam üçin gelşiksiz bolup eşidilýär. Olary bürgüdiň, laçynyň, hüwiň gözlerine-de deňäp bolardy, ýöne bu — özüňem, özgelerem aldamak bolýar. Geçen aýda kyrk bäş ýaşynyň toýuny toýlan Ýazmyradyň bu keşbi häzirem köpleriň nazaryny özünde egläp bilýärdi welin, ýaş wagty oňa höwes bilen sereden gyzlaryň, “şeýle sypatyň özlerinde ýokdugyna” ahmyr eden oglanlaryň sany sanardan kändi. Onuň häsiýetine belet boldugyça welin, ol duýgular, pikirler her kimde her hili gapma-garşylyklara duçar bolýardy, çünki şu ýaşyna çenli onuň ýekeje gezek gülenin-ä däl, birje gezek ýylgyranyny bir gören barmyka diýen jedelli soraga goşulanyňy özüňem duýman galýardyň. Onsoň käte-käte pikirem edýäň: eger-de ol birden ýylgyraýsa ýa-da (göwnüňe bolup bilmejek ýaly zat bolsa-da) birden güläýse, şol ýylgyryş ýa-da gülki onuň ýüzüne nähili gelişerkä? Gelişermikä bir? Ol ýylgyryş ýa-da gülki ony bezärmikä ýa-da saňa erbet täsir edermikä? Eger-de onuň ýüz keşbinde öň hyrsyzlyk, gelşiksizlik, agyrlyk ýa-da gopbamlyk hökmürowanlyk sürüp gezen bolsa-ha, ol ýylgyryş ýa-da gülki ol görnüşleriň her birinde başga-başga alamatlar dörederdi, Ýazmyrat bolsa beýle görnüşli adamlaryň hiç birine-de meňzänok — eger-de onuň ähli häsiýetlerine ýylgyryp bilmek häsiýetem goşulaýan bolsa, onda ondan görmegeý, ondan hoşamaý adam barmyka bir diýdirjekdi. Ýazmyradyň ýüzünde ýylgyryşyň bolmaýşy ýaly, ýumşak agraslykdan başga agyrlygam ýokdy. Onuň kimdir biriniň göwnüne degenini ýa kimdir birine sesini gataldanynam gören-eşiden ýok. Ol köpçülikden gaçyp ýören adamam däl, köpçülikde gürläp ýören adamam; hem sylagy ýetik adam, hemem maslahat sorap ýüz tutulýan adamam däl; edil her hepdede bolmasa-da, ýygy-ýygydan çaýlaşýan ýoldaşlaram bar, ýöne iç döküşip, syr berip, syr alyşýan dostam ýok. Onuň çagalarynyň häsiýeti bolsa düýbünden başgaça. Geldimyrat bilen Berdimyrat, ekiz bolmasalaram, aralary bary-ýogy on aý tapawutly bolansoňlar hemem ejeleri Güljemal aýtmyşlaýyn: “daýylaryna çekensoňlar”, daşky sypatlary boýunça-da, häsiýetleri babatda-da meňzeşdiler: orta boýly, semizlige ýykgyn edýän göwreleriň eýeleri gyzmaçlykdan, çeýelikden, gussa batyp oturmakdan ýa-da haýsydyr bir zadyň pikirinde gezmekden daşdadylar. Olar ýaňra-da däldi, aşa şahandazam däldiler, ýöne sus gezip ýörmegem olara berlen häsiýet däldi. Gyzlary Hurmanyň kime çekip, beýle häsiýetli bolup ýetişenine “hemme zatda öz pikiri bolan” Güljemalam hemişe haýran galýardy. Ýaňy ýigrimi bir ýaşyny dolduran uzyn boýly, görmegeý gyzynyň özdiýenli häsiýetinden Güljemal az eýmenenok. Ol gyzyndan basylmasa-da basylmazdy, ýöne her bir jedelde Hurmanyň aýdýanlarynyň özüniňkä görä ýerlikli bolup çykmasy, diýeni edilmedik wagtlary bolsa öz diýeni bilen boluberşi hem iň soňunda getirýän netijesi bilen maşgala agzalaryny, hatda “ejemogullary Geldimyrat bilen Berdimyrady” hem “Hurmalyk edip goýşy” bilen Güljemaly ýöwselledýärdi. Öz ýaşlygyny ýatladyp duran Atajan has üýtgeşik. Onuň ýüz keşbi özüniňkä meňzese-de, boýy uzyndy; häsiýeti bolsa… Şu oglunyň häsiýetine Ýazmyrat henizem öwrenişip bilenok. Onuň özi ýaş wagtlary gerek zadyny ejesiniň üsti bilen kakasyna ýetiräýmese, onuň ýüzüne ýekeje gezek dikanlap seredibem görmändi. Bu bolsa… Buň bolsa haçan haýsy tarapyňdan çykjagy belli däl: ýerden göterip, daşyndan pyrlap, gaharlanyp ýetişmäkäňem, jak-jaklap gaçyp gidişini diýjekmi; Güljemal bilen ýanyn oturan wagtlary, bildirmän, hersiniň böwrüne bir dürtüp gidişini diýjekmi; gaýa-gopuz ýok ýerinden agalaryny, ejesini aglara çenli öjükdirip, onam bildirmän telefona ýazdyryp, soňam ol ýazgyny saza goşup goýberip, ýaňkylaň özlerini gyzyl-gyran güldürip ýörşüni diýjekmi? Garaz, onuň Hurmadan başga hemmelere oýny ýetikdi. Hurma gezek gelende bolsa, ol ejizdi. Onuň uýasyna bolan gatnaşygyndaky üýtgeşik bir mähiri duýmazlyk mümkin däldi. Şeýle şahandazlygyna garamazdan, onuň gyzmaçlygam ýetik. Çalt gaharlanýar, ýöne açylyşam edil şolar ýaly: sen pikirlenip ýetişmäkäň, ol eýýäm bir anekdot aýdyp oturandyr. Işden hemişeki gelýän wagtynda dolanyp gelen Ýazmyrat öýde bir üýtgeşikligiň bardygyny öýe girmäkä-de duýdy. Çagalary näçe şahandaz bolsalaram, öz diýenini (“igeläp-igeläp”) ahyry etdirýän Güljemalam onuň ýanynda edil mumly ýüplük ýaly bolmasalaram, özlerine mahsus häsiýetlerden doly peýdalanyp bilenokdylar — onuň hemişe şol bir agras durky bu öýde birek-birege bolup biläýjek nägilelikleriň, goh-galmagallaryň öňüne böwet bolup bilýärdi; onsoňam, hemişe onuň geler uçurlary daşarda gaýda-gaýmalaşyk bolup agşamlyk naharyna görülýän taýynlykdan häzir nam-nyşanam ýok. Tersine, gapysy ýapylan içki otagdan özlerine zorluk salyp gygyrman gürleşjek bolýan adamlaryň sesine meňzeş boguk sesler eşidilýärdi. Hemişeki haýal-ýagallygyndan zat galmadyk Ýazmyrat, bir dem diňşirgenip durmagy hem özüne uslyp bilmän, howlukmaçlyk bilen öýe girip, içki otagyň gapysyny açdy. Duýdansyz açylan gapynyň sesine tisginip giden maşgala agzalaryna bir laý göz gezdiren Ýazmyrat, duran ýerinden butnaman, olaryň hemmesine birden ýüzlendi: — Eýgilikmi? — Gapyny bir ýapsana, kaka! — diýip, ilki bilen Hurma dillendi. Edil özüne bolmasa-da, gyzynyň sesindäki gahar gatyşykly nägile äheň Ýazmyrady hasam geň galdyrdy — Hurma näçe özdiýenli bolsa-da, kakasynyň ýanynda özüni beýle alyp baranokdy. –Ýapdym, ynha, — diýip, ol ýene şol öňki Ýazmyrada — sesinde-de, hereketlerinde-de sowukgankylygy saklap bilýän adama öwrüldi. — Men: “Eýgilikmi?” — diýip soradym. Çagalarynyň dördüsiniňem ýüzlerini aşak sallanyny gören Güljemal, hemme jogapkärçiligiň öz egnine geçendigine düşünse-de, näme üçindir, gürrüňi hüjümden başlady: — Eýgilik boljakmy?! Gullukdan gelenine üç aý bolanok welin, şuň edýän zatlaryndan ýaňa maşgalaň öňküligini saklamak kyn düşýä! Kakalaryndan dir bada ses-üýn çykmansoň, çagalary, başlaryny galdyryp, ony geň galyjylyk bilen synlamaga durdular. Ýazmyrat ahyry dillendi: — Näme edipmişin ol beýle? — Näme eder öýdýäň?! Kimdigini tananok, bilenok, köçede entäp ýöreniň birini… — Eje! — diýip, Hurma ejesiniň sözüni böldi. — Näme “Eje!”?! Näme “Eje!”?! – diýip, birdenkä tüýsi üýtgän ýaly bolan Güljemal gyzyna azgyryldy. — Şu geleli bäri seňem häsiýetiň beterledi! Mydama-da şuň arkasyny çalýaň! Ol birden sesini kesdi-de, näme üçindir özbaşyna samrap duran Ýazmyrady synlamaga durdy. — “Gullukdan gelenine üç aý…”, “Gullukdan gelenime üç gün…”, “Entäp ýöreniň biri…”, “Gullukdan gelenine…”, “Gullukdan gelenime…” Özüne gönükdirilen nazarlara ünsem bermän, Ýazmyrat şol samrap duran äheňinde Güljemala ýüzlendi: — Hawa, kim eken onsoň ol köçede entäp ýören? — Men näbileýin? “Bir gijelik myhman alyp bilýäňmi?” diýse, soraman zat etmän, ony yzyna tirkäp geläýipdir. Özem: “Myhman getirip bilmeýän öýümde meň näme işim bar!” diýip tasanam bolýar. Täzeden: “Gullukdan gelenime…”, ‘Bir gijelik myhman…” diýip samramaga başlasa-da, Ýazmyrat, birden samramasyny kesip, Güljemala dikanlap seretdi: — Hany onsoň ol myhman? Ini tikenekläp giden Güljemal: — Banýa girdi… — diýip, birbada ýöwsellejek ýaly etse-de, kinaýaly sözünem goşman galmady. — Ýadapmyş! — Näme nahar atardyňyz? — diýip, Ýazmyrat aýalynyň soňky sözüne ünsem bermän, öýüň bar keşgini çekip ýören gyzyna ýüzlendi. — Çorba — diýip, ejesiniň soňky sözlerinden soň ýüzi ýagtylyp giden kakasyna geň galyjylyk bilen seredip duran Hurma zordan jogap berdi. — Berdimyrat, derrew ýatakdan bir toklyny soý-da, bagyr-öýkeni bilen bir buduny Hurma ber! Hurma, senem näçe çalt bolşuňy edip, nahar atar. Atajan bir pursadyň içinde gözlerine çogup gelen ýaşlaryny saklajagam, olardan utanjagam bolmady. Maşgalada iň uzyn boýly özi bolsa-da, häzir kakasy gözlerine dag bolup göründi. Şoňa garamazdan, onuň häzir kakasyny gujaklap, ony öz boýundanam ýokaryk göteresi geldi. Hurmaňam gözleri ýaşardy, Geldimyrat bilen Berdimyrat bolsa ýöne aňalyp durdular. — Ol ogrumy, jümrümi, alkaşmy, narkomanmy: tanaňok, bileňok, nämä söwüş etjek bolýaň?! Onsoň birden bir zat bolaýsa, biziňkiler… Annaly näme diýer? — Güljemalyň agy hem gahar gatyşykly sesi çagalary hereketden goýdy. – -Ol… onuň özem… ol adamyň özem sendenem uly adam ahyryn… dyrnak ýaly oglanyň yzyna düşüp… Ýazmyrat özüne gelişmeýän üýtgeşik bir ýumşak ses bilen aýalyna ýüzlendi. — Hawa, bar, mendenem uly bir adam eken diýeli-dä. Ol seň öýüňden näme ogurlasyn? Alkaşam eken diýeli. Ýogsa-da, Berdimyrat, senem, dükana git-de, üç-dört çüýşe arak, suw, hyýar-pomidor alyp gel. Hawa, ol alkaş bolýan bolsa, içişini göreris. Seň ogluň yzyna düşüp gelen narkoman bolup çykaýsa-da, oň iň gowy tarapy — ogluň kimdigini tanap galarsyň-da. — Aý, oglan, saňa nä döw çaldy bu gün? Birden meň aýdýanlarymyň diňe biri dogry çykaýanda-da, ol diňe biziň özümize däl, Annala-da uly zyýan getirer-ä… — A eger olaryň hiç biri dogry çykmasa näme etmeli? Sen bir zada düşün, Güljemal: Taňry myhmanyny bir gijelik öýüne goýberip bilmeýän öýden öý bolmaz. Men saňa-da düşünýän: nä döwür, nä zamana, ýöne seň, meň ekläp-saklap, terbiýeläp ýetişdiren çagalarymyzam adam tanarça bolandyrlar-a. Onsoňam, men-ä men welin, çagalarymyzam bütin ömürlerine seň Annaly doganyň näme diýerkä diýip ýaşap bilmeris-ä. Adamsyny üns berip diňläp başlanam bolsa, Güljemal “Annaly-wawwaly” ýerine basylandan, ýene öňki durkuna gaýdyp geldi. — “Annaly agaň” — diýip, kinaýaly aýdýaň welin, bu öý ondan näme ýamanlyk görüpdir? Özlerine buýrulan işleri näçe çalt ýerine ýetirseler, şonça-da gowy boljagyny duýup dursalaram, çagalar bu bolgusyz dawaň ýesirliginden çykyp bilmän durdular, şol bir wagtyň özünde-de soňky birnäçe minudyň içinde eýýäm näçinji gezek kakalarynyň ýüzüniň üýtgäp durmagyny synlap durmagam juda agyr degýärdi. Öňler ejeleriniňem öz ýanlarynda beýdip kakalarynyň ýüzüne gelip duranyny görmedik çagalar, eger-de indi ejeleri bes edäýmese, rejäniň geň däldigini duýup durdular. Dogrudanam, Ýazmyradyň hiç haçanam ýüzüne çykarmaýan gahary ýetjek derejesine ýetip, onuň ýüz keşbini indi pursatsaýyn diýen ýaly üýtgedip durdy. Ara düşen dymyşlyk uzaga çekiberse, diňe çagalar däl, Güljemalyň özem onuň ýüzüne seredip biljek dädi, ýöne, ynha, indi mundan artyk garalmaga, dartylmaga mümkinçiligi bolmadyk ýüz ýuwaş-ýuwaş öňki katdyna gelip başlady. — Bolýa, bar, seň aýdanlaryň hemmesi dogram eken diýeli-dä — diýip, söze başlanda, sesiniň çalaja sandyraýandygyny Ýazmyradyň özem duýdy. — Ýöne boljak zat bolupdyr — myhman öýüňde. Biz üýşüp seň diýeniň bilen bolaly welin, sen bize indi näme etmelidigimizi aýdyp biljekmi? Bu gykylygymyzy myhmana, goňşulara eşitdirip, myhmany öýden gaçyp gider ýaly edelimi ýa? Gowusy, seň özüň aýt: biz häzir näme etmeli? Ýazmyradam, çagalaryň hemmesem soragly nazarlaryny Güljemala dikdiler. Güljemal aljyrady. Dogrudanam, myhnany kowub-a bolmaz, öňünde çaý-naharam goýman bolmaz. — Men… men… men näbileýin… Özüň bir zat diý-dä… — Onda hemmäňiz buýrulan işleriňiz bilen boluň. Atajan, myhman seňki — oň ýanynda bol. Çaýyňyzy içýänçäňiz, menem ýuwnup-ardynyp çykaýyn. — A men näme edeýin? — diýip, Güljemal özünden başgalara iş buýran adamsyna nägilelik bilen seretdi. — Sen ejeňlere git. Ýaňy ýolda gelýärkäm Annaly jaň etdi: başlygy gelýärmiş myhmançylyga. Eliňiz boşuňyz kömege geliň diýdi. — Sen näme? — Meň öz öýümiň myhmany bar-a. — Sen oň bilen Annalyň başlygyny deňejek… — Ýok, senem gitme gowusy! — Ýazmyrat Güljemala sözüni soňlatmady. — Şeýt-de dur! Adamlaň kellesi ikidir seň üçin: biri ýarylsa, beýlekisini oturdyşymyzy görersiň! Ýazmyrat şeý diýdi-de, daşaryk çykyp gitdi, çagalaram oň yzyna eýerdiler. Atajan daşaryk çykanda titreýän elleri bilen çilimini otlap bilmän duran kakasyny görüp, haýykdy. “Ýeri, jaň edip maslahatlaşaýaňda, şahyň döwülýämidi?!” Duýdansyz ýerden: “Atdaş, inim, bir gijelik myhman alyp bilýäňmi?” diýlen soraga jogap bermek üçin maslahatlaşmaga hiç-hili mümkinçiligiň bolmandygyny bilip dursa-da, häzir, kakasynyň ýagdaýyny görüp durka, ol bar günäni diňe özünden gözledi. Ol kakasyny nähili ýagdaýa düşürdi! — Kaka, bagyşla meni! — Ol ahyry çilimini otlanan kakasynyň ýanyna bardy. — Sen çilimiňem goýup ýördüň-ä… Günäsiz gözlerine özünde bardyr öýdýän günäni ýüklejek bolup jan edýän ogluna seredip duran Ýazmyradyň jogaby Atajany geň galdyrdy: — Ýok, gaýtam sen meni bagyşla, oglum… Sen… sen ejeňem bagyşla. Olam öňler edil beýle däldi. Soňky döwürler ol ýa-ha ýaşyndan öň garrajak bolýa, ýa-da daýyňyzyň täze wezipesi oňam başyny aýlap ýör. Dogrusynd-a, öň ýok häsiýet nirden peýda bolsunam diýdirýär welin, aýal maşgalaň ýaşaýan şertine görä çalt üýtgäp bilýändiginem göre-göre gelýän. Öýüne gelin geläýse näderkä bi?.. Nahar başynda oglanlar özlerini juda oňaýsyz duýdular. Olar özleriniň zol-zol kakalarynyň ýüzüne, onuň hereketlerine seredip durandyklaryndanam bihabardylar. Maşgala bolup iýilýän naharyň başyna söhbetden, artykmaç hereketden gaça durýan kakalaryny häzir tanar ýaly däldi. Myhman başda bir gezek tost aýdan bolaýmasa, soň kän gürlemedem, kakalary bolsa öz işi, ogullarynyň işleri barada-da, syýasatdyr ykdysadyýet barada-da gürrüň edip otyr, içmäge beýle bir döwtalap bolmadyk myhmana zol-zol arak hödürläp, onuň içmedik gezeklerinem boş geçirenok, ýüzi bolsa birden agarsa, birden garamtyl gyzyl reňke boýalýar. Özem, näme üçindir, özüne zor salyp, ýylgyrmaga çalyşýar. Oglanlar üçin şeýle dartgynly ýagdaýda geçen agşamlyk naharynyň töwiri okalansoň, olar az-kem rahatlandylar, çaý üçin gerekli zatlardan başgalaryny ýygnaşdyryp ýörkäler-ä olaryň üçüsem öz süňňünde ýeňilligem duýdy, ýöne kakalarynyň soňky sözi olary ýene ynjalykdan gaçyrdy: — Onda, näme, indi çaý alyp geliň. Hurmanam çagyryň. Myhman rugsat berse, meň size aýdyp beresim gelýän gürrüňim bar. — Meň indi yzymdan gelinmeli wagtam bolup barýar — diýip, myhman ynjalyksyzlygyny duýdurdy. — Çilim çekip gelýänçäk, gelmeklerem mümkin. Turmak üçin ýerinden gobsunan myhmandan öň turan Ýazmyrat oňa ýüzlendi: — O nähili “yzymdan gelinmeşek”? Siz bu gün biziň myhmanymyz dälmi eýsem? Onsoňam, meň ol gürrüňi siziň ýanyňyzda aýdasym gelýär. “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýilýänine men şu gün has anyk düşündim öýdýän. — Onda, çaý gelýänçä men hem-ä çilimläýin, hemem yzymdan geljeklere gepimi düşündirjek bolaýyn — diýip, myhman ýylgyrdy. –Atajan, sen atdaş agaňa ýoldaş bol — diýip, Ýazmyrat körpesine ýüzlendi. — Meň bir ýere baryp-gelmek işim bar. Soňky çäýnek bilen öýe giren Hurmany ýanynda oturdan Ýazmyrat söze başlady: — Hawa, myhman, şu gün siziň bize myhmançylyga gelmegiňiz bilen, has dogrusy, ejeleri aýtmyşlaýyn: “Ýaňy gulkukdan gelen oglumyzyň maslahatlaşman- zat etmän, yzyna ýat bir kişini tirkäp gelmegi bilen”, meni indi otuz ýyla golaý wagt bäri kösäp gezen, şu güne çenlem hiç kime aýdyp berip bilmedik bir wakam özüniň jikme-jikligi bilen bir pursadyň içinde gözlerimiň öňünde janlandy. Dogrusy, “kösäp gezen” diýsem, juda ulaltdygym bolmagam mümkin, sebäbi ýyllaň geçmegi ol waka soňa-baka käte bir ýadyňa düşýän agyrlyk bolup galdy diýsem, has dogry bolaýjak ýaly. Onuňam sebäbi: adam öz-özüni bagyşlamasa, ýaşamak mümkin däl, onsoň ýa adam özüni eýdip-beýdip aklaýar, ýa-da onuň aňy eýesiniň däliremezligi üçin käbir zatlary zol-zol ýatlap ýörmekden ony halas edýär eken. Men özümi, her zat etsemem, aklap bilmejegim-ä bildim. Şolam soňa-baka meni “garasöýmez” diýilýän adama öwürdi oturyberdi. Dadyma gulluk ýetişäýdi. Harby gulluk köp zatlardan halas edýär eken. Men tas ol ýerde galypdymam. Ýöne ene-ataň öňündäki borjuňam agramy uly. Olara bolsa menden başga seretjek ýokdy. Gullukdan geldim welin, ol waka meni ýene “gemirip” başlady. Asla, ol wakanyň başynda-da “gullukdan gelenime üç gün boldy” diýen sözler ýatyrdy. Hawa, şol waka Annaly ikimiziň gullukdan ýaňy gaýdyp gelen bir oglan bilen tötänlikden tanyşmagymyz bilen başlandy. Men indi düşünýän, tötänlik diýilýän zadyň bolmaýandygyna. Şol ýyl biz mekdebi tamamlap, tehnikumlaryň birine dokumentlerimizi tabşyrdyk. Gowy tarapy: dokumentlerimizem, ekzamenlerem Maryň özünde kabul edýärdiler, ýöne olaryň jogabyny bilmek üçin hemem olardan geçmedik bolsaň, dokumentleriňi yzyna almak üçin Aşgabada gitmelidi. Aşgabat biziň gören ýerimiz däl, onsoň şol günem yzymyza dolanyp gelmek maksady bilen gijeki otla mündük. Ekzamenlerden geçmändigimizi ilkinji bolup bilenler biz bolduk, sagat bolsa ýaňy dokuzdan işleýär. Onsoň edil ur-tut yzymyza gaýdaýasymyzam gelmedi. Meň mydama Pöwrize diýilýän ýeri göresim gelýärdi, ony bolsa tapamzok. Annaly bilen maslahatlaşdyk: ilki wokzala gidip, öýlänki otla bilet alýas, soňam Pöwrizä gidýäs. “Gidýäs”, “gelýäs” diýmek dilde aňsat eken. Aşgabada daň bilen gelemizsoň, hem-ä wagt geçirmek üçin, hemem şäheri synlamak üçin “Ostrowskiý” diýilýän köçä pyýada gelsegem, indi wagt ýitirmezlik üçin wokzala awtobusly gitmegi makul bildik. Biz ýaly ir bilen gelenem ýok welin, köçe-de gum-gukluk. Tomus bolup, her kimiň okuw, zähmet rugsatlarynda bolany üçinmi ýa eýýämden howaň gyzyp başlanyndanmy, aýdyşlaryna görä, Aşgabatda bolýan “gaýda-gaýmalaşykdan” hiç hili nyşan ýok. Trotuarda eýlämize-beýlämize garanjaklap durşumyza özümize tarap gelýän oglana gözüm düşdi. Bolsa, bizden iküç ýaş uludyr-da. Ony gören diňe men däl ekenim. Oňa tarap ýönelenimden, Annaly goşarymdan tutdy: — Sorajak bolsak, ulurak adamlardan soraly, bular ýalyň nirä äkidip, näme etjegini näbilýäň?! Men birbada kürtdürip dursamam, ol oglan deňämize ýeteninde, oňa nädip iki elimi uzadanymam bilmändirin: — Agam, salawmaleýkim! — Waleýkimessalam, inim! Saglykmy? “Pylanyň ýüzünde nur bar” diýilýän sözi eşidýärdim welin, şolar ýaly adamy ilkinji gezek şonda gören bolsam gerek. Näme üçindir, daşyndan seretseň, şol döwrüň iň soňky modasynda geýnen bu oglanyň sypatynda, ýüzünde bir giden gapma-garşylyklar bardy. Dogrusyny aýtsaň, men şonuň şol döwürdäki geýnişi ýaly geýinýäni häzirki döwürde-de göremok — başgalaň egninde şylha ýaly bolup görünäýjek eşikler onuň syrdam göwresine şypylaşyp durdy. Ýüzünde-de “nur” bar diýseňem, näme üçindir gözleri nämädir bir zada gülüp duran ýalydy. — Şükür Hudaýa! — diýip, men bir pursat gipnozlanan ýaly bolup durşumdan açylan ýaly etsemem, aljyraňňylygymy bildirip duran sandyrawuk ses bilen oňa ýüzlendim.– Agam, bir zat sorasam bolýamy? — Synanyşyp gör — diýip, ol ýylgyrdy. Men düşünip bilmedim: onuň bu gep atyşy şu ýerlileň bir-birine ýüzlenişimi ýa bu — ol oglanyň öz häsiýetimi? Gözleriniň gülküsi kememese-de, onuň ýylgyryşy bar zady ýumşadýardy. — Diňleýän, jigim. Howaň gyzyp barşyna üns berme. Onuň ýylgyryşyny görseň-ä, ondan hiç hili howpuň abanmaýandygyna ynanýardyň, söz gatyşy welin çekindirmän duranokdy. — Bize wokzala gidýän duralga gerekdi — diýenimden, bir ýalňyşlyk goýberenimi duýdum, sebäbi onuň gözlerindäki gülki tas ýere gaçypdy, ýöne ol, özüne erk edip, diňe ýylgyryp oňaýdy. — Menem şol tarapa barýan. Ýolugra şu ýerdäki instituta girip-çykmaly: gullukdan gelenime bary-ýogy üç gün boldy welin, eýýäm okywa çagyrýarlar. Biz birinji kursy gutaryp, gulluga gitdik, gelýänçäk okuw ýerimizem, okuwmyzyň özem üýtgäpdir. Okuwy dowam etmek üçin nämeleň gerekdigini ýazyp almaly. Wagtyňyz bolsa, meňki bäş minutlyk iş. Annaly elimden çekip dursa-da, men oňa ýeň bermedim. — Bolar, agam. Ol instituta girip-çykýança Annaly meň kellämi gemirdi: — Men aýtmadymmy näme?! Häzir üç-dört bolup çykaga-da, daşymyza geçseler nätjek? Ýa biri bilen dilleşip, ýolda talasalar? Gideli şu taýdan basymrak! Annala näçe gaharym gelse-de, meň özüme-de gaharym gelýärdi, sebäbi onuň diýýän zatlary meň öz böwrümde-de bükgüldi bolup eşidilip durdy. Okuwdan ýykylanymyz-a ýykylanymyz, özümizi taladyp oba baraýsagam — uly wejeralyk. Annalyň igeläp durmasy bilen, näçe utanýanam bolsam, ýüzüme gara çekip, bu ýerden gaçyp gitmäge maňa-da az galypdy, ýöne ol oglan institutdan juda çalt çykdy. — Spisogy liste peçat edip goýupdyrlar eken. Ýogsa-da, meň adym-a Nury — diýip, ol ilki bilen maňa elini uzatdy. — Tanyşmandyrysam. “Adynyň özüne gelişäýşini!” — diýip pikir edip durşuma menem özüm bilen tanyşdyryp, oň özüme uzadan elini gysdym: — Ýazmyrat. — Geň zat! — diýip, ol ýylgyrdy. — Düşünmedim, agam? — Saňa kimiň beýle ady goýup ýöreni geň zat. “Garmyrat” ýa bolmasa “Epgekmyrat” diýselerem, has gowy ýerine düşjek eken. Ýa okuwdan ýykylanyňa şo derejede gynanaýdyňmy? Hany, bir gezek ýylgyrjak bolubam synanyşyp görsene. Men ýylgyranymy duýman galypdyryn. — Bäh! — diýip, ol çyny bilen geň galýan sypata girdi. — Howa salkynlap giden ýaly bolaýd-aý! Birinji ýylgyryşymam zorluk bilen çykmandy welin, men bu gezek onuň sözlerine çynym bilen ýylgyrdym. Ýylgyrasym gelip, höwes bilen ýylgyrdym. — Ah! — diýip, Nury hyrçyny dişledi. — Sen ekzamen tabşyrjak bolup, azara-da galman, mugallymyň öňünde diňe ýylgyryp oturan bolsaňam, has ulurak okuwa-da girerdiň. Men oňa okuwdan ýykylanymyzy entek aýdybam ýetişmändim welin, onuň soňky beren soragyndan soň ony aýdyp oturmagyň gereginiň ýokdugyna-da düşündim. — Ýogsa-da, oglanlar, siz Marydanmy? — diýip, Annalyň elini gysyp durşuna, oňa hiç hili ünsem bermän, Nury ýene meň ýüzüme seretdi. Ol şonda Annalyň adyny ýadynda saklandyram öýdemok. — Hawwa — diýip, men oňa soragly seretdim. — Ony nädip bildiň? — Gürleşiňden — diýip, Nury ýene ýylgyrdy. Özümiň üç-dört sözlemden artyk gürlemedigimi bilsemem, men sesimi çykarmadym. — Soraýanymyň sebäbi: ertir menem Mara ugramakçy. Gullukdan gelenimiz ýaňy welin, menden bir hepde öň gaýdan gullukdaşym öýlenýär. Telegrammasy menden öň gelipdir öýmüze. Mary meňem gören ýerim däl, daşgynrak bir garyndaşymam toýa barýar welin, bile gidibereli diýişdik. Ýörüň indi wokzala — diýip, Nury öňe düşüp gidibermekçi ýaly etdi-de, birdenem ýüzüme dikanlap seretdi. — Sen ýöne ýolda ýylgyrmajak bolgun, ýogsa bu ikimiziň ýüzümize sereden gyzam tapylmaz welin, saňa aňalyp, olaryň ýykylyp, elini-aýagyny döwdürenem köp bolar. Onuň soňky sözlerine ýylgyramda, gulaklarymyň ujuna çenli gyzarýandygymy özümem duýdum. — Bor, how, oýun etdim! — diyip, ol arkama kakdy. Biz üç tirkeş bolup wokzala ugradyk, şonda-da birinji hemem iň soňky gezek trolleýbusa-da münüp gördüm. Ýazmyrat bir pursat dyman ýaly etdi-de, gürrüňini täzeden dowam etdi: — Hawa, men gepimi uzaldyp oturmaýyn, esasy zady — duşuşyg-a aýtdym. Hoşlaşyşymyzam aýdyp bilsem, iş bitirdigim. Ýolugra men Nurudan Pöwrizäňem salgysyny soradym. Ol Pöwrizäni görkezmäge-de döwtalap boldy, ýöne oňa gidip gelýänçäk öýlänki otlynyň bize garaşyp durmajagynam aýtdy. Iň gowusy, biziňem ertir irdenjik özleri bilen gidibermegimizi maslahat berdi. Men özümiziň myhman ýerimiziň ýokdugyny aýdanymda, ol ýylgyrdy: — Bar problema şolmy? Bizde bolarsyňyz. Pöwrizänem gördüm, Nuryň bir gije myhmanam boldum, oň bilen bir kupede bile-de gaýtdym (biletlerem bize onuň özi alyp berdi), ýöne olaň barynyň hezilligi burnumdanam geldi. Uzak günläp, soň gijesi bilen, soň ýolda-da Annalyň hüňür-hüňürinden, mydyr-mydyryndan bizar boldum. Men soňa-baka indiki pursatda Nuryň näme diýjegi ýa nähili hereket etjegi hakda oýlanýandygymy, onuň her bir sözüniň, özüni alyp baryşynyň özümi gitdigiçe has güýçli gyzyklandyrýandygyny duýup başladygymça, ýanymdaky Annalyny şu güne çenli tanamaýandygymam has güýçli duýup başlapdym. Biz parkda aýlanyp ýörkäk näme iýip-içsegem, hiňňildiklerde uçsagam, surata düşsegem, olaryň puluny Nury özünden töleýärdi. Men ony gününe goýman, her çykdaýjyny üçe böldürýärdim welin, Annaly her gezegem: — Gözüň bilen gördüňmi: şonça pul berendir öýdýäňmi? — diýip hüňürdeýärdi. Nuryň ýaşaýan obasy Pöwrizeden daş däl eken. Biz agşama galman olara baryp, agşam naharyndan soň olaň obasyna-da aýlandyk. Pöwrizäňem öz gözelligi bar welin, men Nurulaň obasyny has gowy gördüm. Onda hemme zat bardy: daglygam, baglygam. Çeşmeleriniň-ä sanynam ýitirdim. Gije Nury Annaly ikimize aýratyn bir otagda ýer salyp berip gitse-de, Annaly uzak gije ýanyndaky pullaryny ondan-oňa geçirip, arasynda-da maňa hüňürdäp, halys ýatmadam, ýatyrmadam. Ilki ýassygynyň aşagynda goýan pullaryny jorabyna geçirdi, soň ol ýerden alyp, kiselerine paýlady, oň bilenem ynjalman, ahyry olary içki eşiginiň rezinkasyna dolap ýatdy. Özüniň şeýdýäninem az görýän ýaly, her gezek maňa-da şeýtmegi ündeýärdi. Men bolsa Nuryň gije hoşlaşjak bolanda aýdan sözlerini ýatlap, her gürlände Annalyn-a bogup, özümem “huw-hak” diýip, çykyp gidiberesim gelýärdi. — Onda, näme, gijäňiz rahat bolsun! Gorkagrak bolsaňyz-a, içinden ildiriipjik ýatyberiň — diýip, bir gözüni gypyp çykyp gidensoň, men näme üçin Nuryň Annala hiç hili üns bermeýänine, belki, bizi öýüne çagyranyna-da, ertirem biz bilen ýoldaş bolup gitjegine-de häzir nähili gynanýandyr diýip düşündim, şoň üçinem Annaly gijäň bir wagty gapyny içinden ildirmek üçin ýerinden turanda, oňa erbet azgyrylanymam duýman galypdyryn. — Şol gapa eliňi degirdigiň, öldügiň biläý! Annalyň özüni alyp baryşynyndan Nury özüne ynanylmaýandygyny hökman syzan bolmaly, sebäbi onuň adam hereketlerinde köpleriň görmeýän zatlaryny görüp, olara baha berip bilişi meni haýran galdyrýardy hemem indi ertirki günümiziň ýolda nähili geçjegi ynjalykdan gaçyrýardy. Meň garaşanym ýene-de çykmady. Nuryň ýoldaky şadyýanlygy öňküleriniň çakam däldi. Onuň ýanyndaky ýoldaşam gülkä gülmäni gowy görýän eken, ýöne ýanynda Nury bolmadyk bolsa onuňam özüni Annalydan gowy alyp barmajagy duýulýardy. “Pis pisi tapar” diýilse-de, onuň gülküleriniň köpüsi Annala degişlidi, ýöne Nuryň ýekeje gezek nazar aýlamasy her gezek onuň jylawyndan çekip durdy. Men şonda özüme söz berdim: toýlaryny sowansoňlar hökman Nuryny öýe alyp gaýdaryn diýip. Oň bilen arkaýynlykda oturaryn, göwnümi açaryn, kakam bilen tanyşdyraryn. Iň esasy zadam: göwnümiň açykdygyny görkezerin, Ýöne… Hawa, sözümiň arasyny bölen bolup, uludan dem alansyran bolup oturmagyň geregi ýok, men ol hoşlaşygyň azaryny şonsuzam şunça ýyllap çeke-çeke gelýän. Hawa, hoşlaşjak bolamyzda men: — Nury, agam, hemme eden hyzmatlaryň, iň esasam açyk göwünliligiň üçin Taňry ýalkasyn! — diýdim. — Marydan gitmäkäň bize-de hökman myhman bolmaly bolarsyň. Biz… — Hawwa, hawwa, hökman barmalysyň!– diýip, Annaly meň sözümi böldi. — Biz Ýolöteniň “Kuýbyşew” kolhozyndan. Oba baryp, lýuboýyndan sorasaň, aýdarlar. Men şonda özüme näme bolanyna häzire çenlem düşünip bilemok: bir pursadyň içinde kellämde bir güýçli agyry döräp, gözümiň öň-ä garaňkyrap giden ýaly, bokurdagyma-da bir bir zatlar tegek bolan ýaly boldy. Soňam näçe günläp agzymyň içi ajap, porsap duran ýaly bolup gezdim. Hawa, men Maryda Ýolöten raýonynyň bardygyny bilýärdim, ýöne şol raýonda “Kuýbyşew” kolhozynyň bolanyny-bolmanyny şol wagtam bilemokdym, häzirem bilemok. Ony bilmegiň hiç hili geregem ýokdy, sebäbi men özümiziň şol ýerden däldigimizi bilýärdim. Ony Nuram bilýän bolmalydy. Hökman bilýän bolmaly, sebäbi… “Pylany ajy ýylgyrdy”, “Pylanyň ýylgyryşy aga çalym etdi” ýaly sözleri men öňem eşidýärdim, ýöne ýylgyryş diýilýän zadyň adamy aýylganç ýagdaýa düşürip bilýän ekendigini men şonda özümde duýupdym. Käşgä şonda ol maňa bir şarpyk çalan bolsady!.. — Bolýa, nesip bolsa, — diýip, Nuryň öňkülerinden üýtgeşik, hem aýylganç, hemem bar zada özi günäkär ýaly bolup ýylgyryp, bir dem ýüzüme seredip durşy, soňam eýýäm bizden arany açan ýoldaşynyň yzyndan başyny aşak salyp gidişi gözümiň öňünden gidenok. — Dogry-da, saňa galsa, ony öýüňe-de alyp gitjek! — diýip, Annaly hüňürdedi. Dogrusy, onuň şeýleräk bir zatlar diýenini çak edýän, sebäbi şol pursat men hiç zada ýarawsyz doňňara-daş bolup durdum. Men näme üçin şonda Annalyň agzynyň üstüne ýelmemedim? Bilemok, ýöne şondan soň gaçgynym Annaly boldy. Gulluga gidýänçäm oň bilen bir ýylyň içinde ýeke gezegem oturyşyp-turuşmadym, özi öýe gelse-de, bir bahana bilen çykyp gidýärdim. Gullukdan soň ol okuwa gitdi, men galdym. Aşgabat tarapa gitmeg-ä däl, şol hakda pikir etmelem bolsa, zagyrdyklap duran bolaýypdym, sebäbi bolup geçen işlerde özümi aklamak üçin edýän pikirlerimiň, gözleglerimiň soňy meň özüme bolan ýigrenjimi güýçlendirýärdi. Oňam sebäbi her gezek özümi aklajak bolup Nuryň gürrüňlerinden, özüni alyp baryşyndan gözleýän kemçiliklem iň soňunda ol ýigrenjimiň oduna nebit sepýärdi. Ýok, şu wagt bir ýalan sözlemäýin: men Nuryň hereketlerinden çynym bilen garalyk gözleýärdim, hapa duýgulara çenlem gözläp çykdym, iň soňunda-da, ýekeje bahana tapyp bilsemem, ony özüme tutaryk edinip, şoň bilenem özümi aklap biljekdigim, şony gara-çynym bilen isleýändigim meni halys lagşatdy. Belki, başga hiç kim ol bolup geçen wakany, beýdip, özüne kesel edinip ýörmese-de ýörmezdi, ýöne men başgaça ýaşap bilmedim. Käşgä şonda ol bolan zatlary kakam bilen maslahatlaşyp bilen bolsam!.. Şondan bäri bir gezegem Aşgabada gidip göremok. Ol ýere barsam, onuň islendik künjünden Nury çykaýjak ýaly bolup durdy, bärde welin, ony maňa özümiň diňe erbet taraplarym bilen Annaly ýatladýardy. Ine, ol okuwa girdi-de, ara ymykly kesildi. Ýöne ykbalyň oýny kän eken: men onuň gyz jigisine — siziň ejeňize öýlenmeli boldum. Meň Güljemalda öňem göwnüm ýok däldi welin, gullukdan gelemsoň ony günde diýen ýaly öz öýmüzde görüp ýöremsoň, duýgym hasam güýjedi. Ol siziň Aýna ejeňiziň iň ýakyn jorasydy. Aýna ejeňizem bir gün maňa: — Ikiňizem beýden bolup, duýgyňyzy bir-biriňizdenem, ildenem bukjak bolan bolup ýörmäň-de, goşuňyzy birikdirip dynyň! — diýdi. — Öňi-soňy ony iki öý-ä däl, bütin oba bilýär. Men Güljemala onuň diňe Annalyň uýasy bolany üçinen söz gatman ýördüm, ýöne Aýnaň sözlerinden soň onuň bu ýerde hiç hili günäsiniň ýokdugyny boýun almaly bolupdym. Biziň goş birikdirenimize bäş ýyl geçensoň, Annaly okuwyny tamamlap geldi. Ol ilkinji gezek gapydan gelende, siziň hemmäňiz “daýy-da, daýy” bolşup, oň gujagyna dolduňyz, şonda-da meň ilkinji gezek ýüregim ezildi. Özümiň ony ýigrenenim bilen, sizi daýysyz, onda-da ýeke-täk daýysyz goýmaga hakym barmy diýip pikir etdim. Onsoňam, ol ýigrenjem wagtyň geçmegi bilen ýönekeý bir sowuklyga, soň bolsa asla perwaýsyzlyga öwrülip gidipdi. Aslynda, meň Annalyny ýigrenmäge bir hakym barmydy? Näme üçin men şonda doňan ýaly bolan bolup durdum?! Näme üçin ylgap Nuryň yzyndan gitmedim?!. Ýazmyradyň gürrüňini gutardym edendigine-de, entek dowam etjekdigine-de hiç kim düşünip bilmedi, dymyşlyk bolsa uzaga çekip barýardy. — Soň näme üçin gitmediň, kaka? — diýip, dymyşlygy ahyry Atajan bozdy. — “Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok” diýipdirler-ä. — Ah, hany ony başarara seňki ýaly ýürek, seňki ýaly erk?! Sen şu gün maňa gowy sapak berdiň. Häli ejeňiziň ilkinji sözlerinden soň “Ertire çykaýsam, hökman giderin!” diýip, özüme sözem berdim. — Menem alyp gitgin, kaka! — diýip, Atajan çyny bilen janykdy. — E-e-e-eh! — diýip, Ýazmyrat uludan demini alyp, hyrçyny dişledi. — Gidip bolduk öýdýän, oglum!.. — Hä, näme, oňa bir zat bolupmy, kaka?! — diýip, Atajan hopukdy. Ýazmyrat ogluna hiç zat diýmän, nazaryny myhmana dikdi. — Ine, şeýle, agam, şeýle-e-e…- diýip, Ýazmyrat ýylgyrmaga synanyşdy. — “Bumerang” diýilýärmi? Eger myhmanyň telefonuna jaň gelmedik bolsa, bu gezekki dymyşlygyň näçe wagta çekjegi belli däldi. Myhman telefony eline alyp: — Mümkinmi? — diýip, Ýazmyrada ýüzlendi. Ýazmyrat başyny atdy. — Hawa, Baýram? Menmi? Hälki barjak diýen ýerimde. Hawa, hawa, “Ýazmyratlar” diýseň tanarmyka diýýän. “Atajan diýip oglam bar” diýäý. Bolýa, bolýa, garaşýan. Myhman telefonuny goýup- goýmaka, daşardan: — Ýazmyrat! — diýen çakylyk eşidildi. — Daş çykjakmy?! — Aýagyňy it çeýnemedik bolsa, geliber! — diýip, Ýazmyrat açyk gapa ýüzlendi. Daýylarynyň çasly sesini tanasalaram, çagalar kakalarynyň sesini tanamadylar. — Nämä azgyrylýaň-aý! — diýip Güljemaly yzyna tirkäp gapydan giren Annaly has azmlyrak gürläp, Ýazmyradyň sussuny basjak boldy. — Näme, öýüme bir myhman geldi diýip, heleýiňi öýüňden kowup ýörmeli diýip ýören zat barmy?! Oturanlar gulaklaryna ynanmadylar. — Eje-e! — diýip gygyranda, Hurma bu gezek öz sesine öz gulaklaram gapylar öýtdi. Dogrusy, ol gygyrandyryn öýtdi, aslynda welin ol gykylyk onuň bokurdagyndan bäri geçip bilmändi. — Sen, köpeý ogly, hetdiňi bil! — diýip, Ýazmyrat bir dyzynyň üstüne galdy. — Talagyny bermäkäm, bajyňam al-da, göteril şu ýerden! — Näm-aý, näm boldy? — diýip, ýöwselläp yza çekilen Annalyny Güljemal, golundan tutup, daşaryk alyp gitdi. Otagda galanlardan diňe Ýazmyrat bilen myhman oturan ýerlerinden butnaman otyrdylar, çagalaryň dördüsiniňem kakalarynyň gykylygyndan soň zöwwe ýerlerinden galyp, indem dikilgazyk ýaly bolup duruşlarydy. Hiç kimiň kimdir birine seretmäge-de ýagdaýy ýokdy. Bu ýagdaýyň näçe wagta çekjegem belli däldi welin, gapydan ýene Annaly geldi: — Agam, salawmaleýkim! Bagyşlarsyňyz-da, tanamandyryn: siz meniň başlygymyň myhmany ekeniňiz-ä… Hiç kimden ses çykmansoň, dymyşlygy ýene Annaly bozdy: — Ol sizem, Ýazmyradam alyp gelmegi tabşyrdy… — Agam; dogryňy aýtsana: — diýip, birhili titiräp başlan Ýazmyrat Annalyň sözüni böldi — şol gezek şu haramzadaň ýalan sözlänini sen bilýärmidiň? Ýazmyradyň sandyrawyk ses bilen beren soragyna diňe myhman geň galmady. Hemmeden beterem Atajan geň galýardy: kakalary Nury diýilýän biri hakda gürrüň berip otyrdy, myhman bolsa özi bilen atdaşdy — başlyklary ony şeýle at bilen tanyşdyrypdy. — Nury, agam, Hudaýyň haky üçin!.. — diýip, geleli bäri ilkinji gezek oňaýsyz ýagdaýa düşeni hereketlerinden syzylýan myhmana Ýazmyrat özelenip seretdi. — Men… men… seň gözleriňi görenimden, ýüregim durandyr öýtdüm. Sesiň… sesiňem şol durşy, agam… Şu gün… şu gün bize gelmegiňem tötänlikmi, agam?.. — Ýazmyrat, jigim, ejizlemesene, — diýip, myhman mundan artyk Ýazmyrada dözüp bilmedi. — Belki, bu bolan işlerde meňem günäm bardyr, ýöne menem seni yzlap gelmegiň hiç ebeteýini tapmadym, özüň gelersiň öýdüp bolsa kän garaşdym, sebäbi men siziň ol salgyda ýaşamaýanyňyzy bilýärdim — bilet alamda pasportlaryňyz mendedi ahyryn. Soň… soň seni edil ýadymdan çykarmasamam, edil Mara myhmançylyga gelemde ýatlaýmasam… Bu gün bolsa Atajany görüp, oňa aňk bolup galypdyryn. Şonda-da öz ýadyma doly ynanman, ine, şuň bilen deňeşdirdim — diýip, Nury gapdalynda ýatan penjeginiň döşündäki jübüsinden bir suraty çykardy. — Agynjak seň özüň! Ýazmyrat hamsygyp gitdi. Atajanam öz ýüreginiň urşunyň çaltlaşyp, onuň gürsüldisiniň güýçlenýändigini duýup gitdi. — Hany, hany! — diyip, Nury henek atarman boldy. — Özüňe beýle beter göwnüňem ýetibermesin, how! Menem bu suraty mydama ýanymda göterip ýörendir öýtme — Mara gaýtsam, jübä salmak endik bolaýypdyr. Özüňem indi gaty gynanyp oturma: meň ýanymdaky ýoldaşymam bu durandan ibaly däldi, belki, beterräkdirem, ýöne men, nämede bolsa, siziň hemmäňizdenem bir sanaç uny köpräk iýendim. — “Erklidim!” diýsene, agam! — diýip, Ýazmyrat başyny ýaýkady. — Belki, şeýledirem — diýip, Nury özünden gözüni aýyrman duran Atajana tapap öwrüldi.– Jigim, senem myhman ýalan sözläp öýňüze gelendir öýdüp pikir edäýme: menem edil seň ýaly at dakylan, ýöne men Nury adymy has gowy görýän. Atajan sesini çykarmasa-da, Annaly durup bilmedi: — Hany, onda ugradykmy? Başlygymam öýe… — Sen!.. Sen!.. — diýip, Ýazmyrat galpydap başlanyndan Nury onuň sözüni böldi: — Sen arkaýyn öýüňe gidiber, başlygyňa özüm aýdaryn — diýip, Nury ýene Ýazmyrada ýüzlendi. — Ýogsa-da, bilýäňmi muň başlygynyň kimdigini? Şo-ol meň toýuna gaýdan gullukdaşym. Ýazmyrat ajy ýylgyrdy: — Muňam başyna bir bumerangmy? Bu gürrüňleriň arasynda pikir edip ýetişen Annaly nämäň-nämedigine, kimiň-kimdigine indi düşünip başlady, düşündigiçe-de mundan beýläk özüni nähili alyp barjagyny bilmedi. Onuň birden-birden eginlerini silkip, gaýta-gaýta ellerini owkalap, aljyraňňy nazaryny Ýazmyratdan Nura, Nurudanam Ýazmyrada oýnakladyp durşy şu pursatda gülki ýadyna düşäýjek üçin-ä — juda gülkünçdi, onuň bu ýagdaýyna gynanyp biläýjek adam üçinem — gynançlydy. — Agam, sen şonda näme üçin bizi öýňüze çagyrdyň? Kakasynyň bu soragy Atajana ýaramady. Şu pursatda nähilidir bir göze görünmeýän närse bir pursatda onuň durkunyň birnäçe ýerine bir wagtda hüjüm eden ýaly boldy. Myhmanlarynyň adaty myhman däldigine gözi ýeteli bäri ondan nazaryny aýryp bilmän duran Atajan üçin, kakasynyň soragy özüne şeýle täsir edensoň, onuň myhmana nähili täsir edendigi hasam gyzyklydy. Myhmanyň ýüzi şol bir durkuny saklap duransoň, Atajanyň nazary onuň ellerine syrykdy. Ol birerbet tisginip gidenini duýman galdy — myhmanyň iki elem ýumruga öwrülipdi. Atajanyň göwnüne, aýbogdaşyny gurup oturan myhmanyň häzir aýaklaram, başarsalar, şol herekti gaýtalaýjaga meňzeýärdiler. Atajan nazaryny kakasyna sowdy: ol bu ýagdaýy görüp ýetişdimikä? Bir zatlar aýtjak bolup, belki, ebeteýini tapman, a belki-de, şol aýdasy gelýän zadyny aýtmajak bolup öz-özi bilen göreşýän myhmanyň ýagdaýyny häzir kakasy öz ýagdaýynyň astyndan görüp bilýärmikä? Hiç zat aňyp bilmedi. Nazaryny ýene myhmana gönükdirende, hemme zat ýene öňki-öňkülikdi, ýöne bu sorag hemmeleri oňaýsyz ýagdaýda goýdy. Atajan kakasynyň ötünç soramagyny isledi. Onuň indi bar ünsi kakasyndady. Başarsa, ol häzir kakasyny gipnozlamaga-da taýyndy. Dymyşlygy bolsa myhman bozdy: — Bilemok, jigim. Sen, gowusy, näm et diýsene? — Hawa, agam? — Men, daş çykyp, hem-ä bir çilim çekeýin, hemem Baýrama jaň edeýin, işgäriňi çagyr diýip. — Hawa? — “Hawasy” şol. Gönüläýmesem, düşünjek däl öýdýän sen — oturylyşygy täzeden gurnaly-la. — Şeýdeli-le, agam! — Ýazmyradyň ýüzi ýagtylyp gitdi. — Bäh! — Nury Ýazmyrada çiňerilip seretdi. — Gözüm gamaşyp gitdi welin, birdenkä tok köpeldimi ýa bu seň oýnuňmy? — Ýok, bu gezek bu seň oýnuň, agam! — Aý, ýok, meň-ä gara çynym — birhili ajygyp başladym. Atajan özüniň özünden biygtyýar ýylgyrýandygyny duýup, töweregine göz aýlady: Annalydan başgalaryň hemmesiniň ýüzünde-de özüniňkä meňzeş ýylgyryş gördi. Bu agşamyň howasy ýaly howa birnäçe wagt öňünden dileg edibem alyp boljak howa däldi — hemme zat jana şypalydy. Asmandan ýere gaçaýsam-gaçaýsam diýip duran ýyldyzlary indi birnäçe ýyldan soň ilkinji gezek görýän ýaly synlap duran Ýazmyrat, asmana galdyryp duran ýüzüni sypap geçýän şemaldan lezzet alyp durşuna, elindäki çilimini otlamagy ýadyndan çykarsa-da, yzyndan gelip, özüni gujaklap, kellesini arkasyna goýanyň kimdigini soramasa-da bilýärdi. — Öýmüze NUR geldi, kaka! — diýip, Atajan Ýazmyradyň sandyramaga döwtalap bolup duran elleriniň üstünden ellerini goýdy. Ýazmyradyň gözleri nemlendi. Onuň yzyna öwrülip, ogluny bagryna basasy, oňa birgiden zatlary aýdasy geldi. Hawa, özüniň ýygralygy sebäpli onuň göwün guşunyň ganatlary ýygrylyp ýatmasyny açyp bilmän geçipdi. Heý-de, ol, şeýdip, kakasyny gujaklap bilermidi?! Ol häzir oglunam gujaklap bilenok ahyryn! Belki, ol suwjuklykdyr, belki, bolgusyzlykdyr, belki, häsiýetsizlikdir, ýöne şuş-şu pursatda onuň göwni şony isleýär ahyryn! — Nury geldi — NUR geldi! — diýip Atajan öňki aýdyşynyň manysy kakasyna ýeten däldir öýdüp, täzeden dillenmedik bolsa, ol, belki, şu gezek yzyna öwrülse-de öwrülerdi. — Hawa, oglum! Agalaryň adyna ýanap saňa-da “Nurmyrat” adynam dakasym gelipdi, ýöne… Ýazmyrat dymdy. Atajan üç sekuntdan artyk garaşyp bilmedi: — “Ýönesi” näme, kaka? — “Ýönesi” — men oň Atajan adynam bilýärdim. Özüni gujaklap duran göwräň titiräp gidenini duýan Ýazmyrat sekuntsalym geçmänkä köýneginiň arka tarapynyň çygjarandygynam syzdy — indi yzyňa öwrülip boljak däldi. Şol durşundan hiç tarapa butnap bilmese-de, gözleri ýaşdan dolup dursa-da, häzir dünýäň ýüzünde Ýazmyratdan bagtly adam ýokdy. Ol häzir özi bilen baglanyşykly bolup duran bu geň hadysany daşyndan synlap bilmekdenem mahrumdy — özüniň şu halda durandygyna garamazdan, ol ýylgyryp durdy. Mellegiň aýagujynda eýýäm ikinjimi, üçünji çilimini çekip duran Nury üçun bolsa hemme zat bu asman ýaly açyk-aýdyň, bu howa ýalam lezzetli däldi. Onuň häzir iň uly islegi — şu ýerden aýagaldygyna gaçyp gitmekdi. “Näm boldy?”, “Näm üçin?”, “Näme sebäpden?” ýaly soraglara jogap gözlärden ol bu isleginiň sebäbine aňry ýany bilen düşünýärdi, ýöne ony duýgy tarapdanam, pikir tarapdanam kabul edibem bilenokdy. Eger-de ol häzir köçe tarapda duran bolsa, aýaklarynyň ony nirelerden alyp çykjagy belli däldi. Belki, ümdüzine tutup giderdi, belki, bäş ädim ätmän, yzyna dolanardy. Telefon saz çaldy. — Hawa, Baýram? — diýip durka-da, Nury özüniň henizem belli bir karara gelip bilmeýänini duýdy.– Geliber… Geleňsoň göreris-dä… Yzly-yzyna “süýnüp” giden birnäçe ýyldyz hemmeleň ünsüni bir pursatda özüne sorup aldy. Agasyny ugradyp gelýän Güljemal ýakasyny tutdy: — Toba! Toba! Hurma başam barmagyny asmana tutup ýylgyrdy: — Daşş!.. Geldimyrat bilen Berdimyrat biri-biriniň ýüzüne setedip, edil dilleşen ýaly, bir wagtda eginlerini gysdylar. Ýaňy öýe tarap ugran Atajan çilim otlanan kakasynyň ýanyna dolandy: — Kaka, arzuw edip ýetişdiňmi? — Bolmaz-a! — diýip, Ýazmyrat ýylgyrdy. Kakasyna guwanç bilen bakyp duran Atajanam ýylgyrdy: — Meň arzuwym-a eýýäm hasylynam görkezip başlady. Çilimli elini ýokary göteren Ýazmyrat ýylgyryp duran oglunyň ýüzüne seretdi-de, çilimini ýere taşlap, onuň saçlaryny bulaşdyrdy. — Haý, sen ba:r-a!… Ýaňky “süýnen” ýyldyzlaryň biri öz içinden parran geçip giden ýaly, Nury ilki çep döşünde, soňam tutuş gursagynda ýiti agyry duýdy. Ol agyrylar beýnä ýetip, göwre titiredi, ýöne edil ýyldyzyň “süýnüp” gidişi ýaly çaltlykda-da bar zat: hälki kelledäki bulaşyklyklaram, ýiti agyrylaram tiz ýitirim boldy. Onuň ýaňam aglamaga döwtalap bolup duran gözlerinde bolsa häzir, içine gaçyp bilseň, azaşdyryp goýberjek boşlukdan başga hiç zadam ýokdy… Çary ATAÝEW. | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |