23:42 Çarwa hekaýatlary | |
ÇARWA HEKAÝATLARY
Hekaýalar
■ Gury çöp çeýnetmeseň... — Çary aga, bir hoş habar aýdaýynmy — diýip, Soltan çoluk halypasyna ýüzlendi. Çolugynyň näme aýtjagyny bireýýäm hakydasynda aýlap oturan baş çopan onuň göwnüni ýykmady: — Aýt, inim, hoş habar bolsa ondan gulagymyz gananok, aýdyber. Çoluk demi-demine ýetmän haşlady. Nämeden başlajagyny bilmän,aljyrady. Soňam agzyna gelenem şü boldy: — Ýyl gurak, şu ýyl bir mallary sag-aman alyp çyksak, gelen ýyl belki, beýle bolmaz — diýipdiň. Çary aga çolugyna çiňňerildi: — Şomy täzelik? Ýa-da asmandan dagy «Indiki ýyl ýagynlak boljak» dagy diýip, owaz geläýdimi? Ozalam çekinjeň çoluk ýuwdundy. Elini ilerik uzatdy-da: — Döne brigadiri Mädaly aga gelip gitdi. Indi ýer çalygypdyr, öz peýwagtyna garap, goýunlary maýsa salybersin — diýdi. Çary Halyl ýylgyryp baş atdy. Çolugyny boýdan-başa synlady. Soltan onuň nazaryndan hoş habara begenýändiginem, gynanýandygyny hem aňşyryp bilmedi. Haçan-da Çary aga: — Munyň-a hoş habar kemi ýok. Ýöne gury çöpi bir ýanyňdan aýyrma. Çoluk geň galyjylyk bilen halypasyna seretdi. Çary Halyl oňa asudalyk bilen öwüt berip başlady: — Ep-esli wagt bäri gök çöpe ýüzi düşmedik mallara teş-wüş etmeseň, maýsa düşüp, doýanyny-dolanynam bilmez. Aslynda, goýun janawry erkine göýberseň agzynyň dek durary bolmaz. Maýsadan agdygrak iýse içegesinde berçinlenip, heläk edäýmesem biçem däldir. Gowusy mallary birbada maýsaň içinden eýläk- beýläk geçirip, badyny almasaň soňy asan bolmaz. Maýsada uzak eglenmän aram-aram gury çop çeýnet. Iýeni basym siňer. Çary Halylyň aýdanlaryny ünsli diňläp duran çoluk içini gepledýärdi: — Be, gök maýsa düşen goýunlaryň birsellem azary sowulaýarmyka diýdim welin, munuňam hossasy ýetik eken-ow. ■ ARASSALYK KÖP BELADAN GORAR — Çary aga, bir zada düşünemok-da men - diýip, Soltan çoluk, halypasyna demläp beren çaýynyň mazaly janyna ýakanyny aňan soň sowal berdi: — Adyny tutmagam-a bir hili welin,şol eýesiz haýwan, wagtal-wagtal sürä hüjüm edip, ynjalykdan gaçyrýar. Sähel osolrak bolup, ýeke galan mal bolsa, derrew el ýuwduraýjak ol. — Näme diýjek bolýaň, Soltan jan! — Aý, neme-laý Çary aga! Şü meýdana seretseň, owlakly keýikler sürülenişip ýör welin, şulararyň-a, hiç zatdan gorky ürküleri ýok. Hol geçen ýazda dagy keýik owlajyklarynyň sazakdyr çerkeziň düýbünde meýmiräp ýatanynyň üstünden telim bardym. Eneleri esli meýdanda otlaşyp ýörler. Azaryna-da däldir. Kämahal bir gaňyrlyp seredýär diýäýmeseň. Çary Halyl çolugynyň gürrüňine dowam etdi: — Bu ýerler öňem şo ýyrtyjynyň köp ýeri. Gaty seresap bolmasaň, guzudyr owlagyň çöpüň düýbinde galsa soň tapmarsyň. Ägä bolubermeli, inim! Halypasynyň entek aýtjak zadynyň hemmesi däldigine göz ýetiren çoluk ondan soragly nazaryny aýyrmady. Çary Halyl dowam etdi. — Möjek halky gaty hüşgär, üstesine-de ys alyşy. Temegini çala galdyryp bir pyrlansa seniň galdyran malyň haýsy ýerdedigini dessine duýar. Emma... keýik janawaryň, onuň owlagynyň nirededigini asla bilip bilmez. Sebäbi, Soltan jan, keýik diýlen janawaryň özüniňem ysy bolmaz,gaty päkizedir. Endamlarynda dagy bolsyn-da bir ýelmeşip galan çör. Ýuwup daralan ýalydyr. Olaryň şeýle arassalygy köpelip köl bolmaklarynyň hikmetidir. Arassalyk, päklik haýwany ynsany müň beladan goraýandyr, inim! Soltan çoluk halypasynyň bu gürrüňlň täsirinden uzak wagtlap çykyp bilmedi. ■ «TOPUK GIZLEDI» OÝNY — Çöl diýseler, çopançylyk diýseler hopugybermelem däldir. Bu kesbiňem özüne ýetik gyzygy bardyr- diýip, Çary Halyl täze çoluk bolup gelen ýigdekçä göwünlik berýärdi. Hydyr gören çole imrikseň oba ýadyňa düşmez. Ilki-ilkiler bizem siz ýalydyk. Goşumyzy torba salyp, gaçaýmagyňam hyýalyny eden wagtymyz bolupy. Ynha indi «Ýaşyň bir çene barypdyr, dyýnç alaýyň» diýseler dagy baý ýokuş görýäs-ä. Ilki çopançylyga başlan pursatlarymdy. O mahallar 3-4 süri bir guýudan suäw içýärdi. Bir gün goýunlarymy suwa ýakyp çaý-çörek edineýin diýip hyýllananymam şoldy welin aňyrky süriniň çolugy gelýär «Çary seni çagyrýarlar diýip. Barsam obadan perme gelipdir. Ýanyndada iki sany adam bar. Mal soýlup gazan atarylypdyr. Nahar çekildi. Nahar iýlip bolansoň men del adamlaryň ýanynda oturmaga ejap etdim-de ýerimden turdum. Oturmagy mürähet etdiler.Men,käbir irkiräk guzularyň guzularyň guýrugyna gara ýag çaljakdygymy aýdanymdan soň meň bilen ylalaşdylar. Turup ugramakçy bolam-da perme elinde saklap oturan goýnuň topugyny maňa uzatdy: — Al, bu-da synag, haçan soran wagtym tapyp berersiň. Men topugy alyp, egnimdäki keltekçäñ synyndaky deşikden atyp goýberdim. Aradan üç aýa golaý bagt geçen soň perme seçime geldi. Şonda bir topar adamyň arasyndan maňa ýüzlendi; — Çary hany topugy ber! Men aljyradym. Topuk bireýýäm ýadymdan çykyp gidensoň, onuň bardygyna şübhe edip başladym. Şol keltekçäm egnimdedi. Men hasyr-husur onuň deşiginden barmagymy sokup barlasam hakyt topuk dur. Derrew çykardym daşyna. Ynha şol topuk. ýele, ýagyna çyga gum siňip garalyp gidipdir. Men permä uzatdym. Ol topugy eline saklap beýleki oglanlara ýüzlendi: —Ýeke Çara däl, beýlekileriňiziňem heriňize bir zat beripdim, çykaryň hany diýdi. Hiç kimden zat çykmady. Şonda perme meni öwdi: — Ine mal yzynda gezjek bolsaň şeýle bolmaly. Işiňe jür bolmaly. Berekella, Çary seni permämiziň adyndan bir işşek goýun bilen sylaglaýarys - diýdi. Asyl gorüp otursak topuk gizledi oýny gadymdan bäri maldarlaryň arasynda ýoň bolan oýunlaryň biri eken. ■ IT WEPASY Çary Halylyň çopan goşuna ýygy-ýygdan gelýän Kerim bilen itlerem öwrenişipdi. Hemişeler bir menzilden onuň garasy görnenden ala-zenzele bolup eňýän goýun itleri indi göwünleri bir ýaly äwmezlik bilen başlaryny galdyrardylarda bir gyra çekilip ýatyberediler. Diewarlykda öňüne adamgeçirmeýän Kerim itleri görenden olaň tarypyny edip başlardy. — Be, Çary jan seretsene. It diýeniň şular ýaly bolar. Beren ýalyňa degýändir bular. Seret ýüzlerine daga, biz ýaly dogumy gözünden görnüp duran adam geläýmese, bir menzilinden geçseň endamygy düýrükdiýär-ä bular. Çarym, it-ä ýetişdirip bilipsiň. Wah, biziň oňarmaýan zadymyz-da . Garaz her gelende gep barynyň başyny agyrdyp, goýar ýerde goýmýan Kerim soňky gelende Garabaşdan gözüni aýyrmady. It janawaram onuň hyýalyny aňýan ýaly çalmardan uzaga gitmän, garysyny ýassandy-da ýatyberdi. Itiň bolşuna her kim özüçe düşündi. Kerim çopan: — It meniň bilen kemsiz öwrenişdi. Indi muny halypadan diläp alaýyn — diýse, Çary aga: — Ýüzüne öwlenini halaman, gözüniň gyýtagyny aýlap ýatyşa bir zat aňýana çalym edýär. Hany sakawyň soňuna seredibereli — diýip oýlanýardy. Pikir edilişi ýaly hem boldy. Kerim çopan matlabyny aýtdy. — Çary jan, tüweleme itleriňe sözüm ýok. Şü Garabaşy maňa beräý. Sen ussat ahyry. Ýene ýetişdirersiň, bilýän! Çary Halyl her hili ýol bilen it berilmejegini aýtsa-da, Kerim gepe düşmedi. Şol tükezzibanyna tutdy oturdy. Çary aga uly adamyň ýüzüni alyp oturmaýyn, aýdar goýar diýip pikir etdi. Emma bolmady. Garabaşyň şol ýatan ýeridi. Parhsyz, emma eýmendiriji nazaryny Kerimden sowman ýatyrdy. Kerim şol bir heňine ýene başlady. Çary aga oňa: — Hany şu ýerden gal, diýäýesi geldi. Birdenem ömrüne adama gaty-garym söz aýdyp görmedik ýaşuly hyrçynyny dişläp başyny ýaýkady. Bu onuň ýürege düşdüň aýt diýdigidi. Eýesiniň bolup oturyşyna dözmedimi nämemi Garabaş atylyp ýerinden turdy. Çalmaryň agzyna has golaý gelip erbet jabjynyp başlady.Itiniň erbet iş etmejegine gözi ýetip duran Çary Halyl kemteresinden itine çekilem diýmedi. Itiň bolşy Kerimi çeýnärlidi. Ýone akylly janawar eýesiniň öwzaýyndan ünsüni sowanokdy. Huşy başyndan uçan Kerim sazanaklap durdy. It bolsa barha gazaply jabjynýardy. Onuň sesine beýleki itlerem gelip goşuldylar. Kerim ýüzüni ak tam edip, zordan ýerinden turdy.Çary aganyň ýüzüne dewlalat isläp bakdy. Çary Halyl bir agyz hem geplemän, Kerime gidiber diýip ümledi. Itler Kerim çopany gözden ýitýänçä «ugratdylar» Şondan soň oňa it soramaga däl, bu ýere salama gelmegem kynlaşdy. ■ «Mergen göterdim» diýýär welin... — Çary aga şü Gurbandurdy aga «Baý mergen göterendirin» diýip, otursa-tursa gürrüňini gutaryp bilenok welin, ugrunda barmyka? — Bardyr ogul, Mergen götermegi her kiuşi başarybam bilmez.Gurbandurdy şoň ussadydy. Obamyzda Akmämmet şemhal diýdi, Berdi Çetjr diýe diýdy gaty mergen adamlar bardy. Özlerem şeýle bir deşlek adamlardy welin, hakyt her egninde bir adam oturybermeli diýilýänlerdendi olar. Ana şolary kän göterendir şona bilýän. Be, Çary aga. Aýdyşyňyza görä olar gaty deşlek bolan ýaly-la — diýip, sorag beren ýigit, Gurbandurdy çopanyň oturan tarapyna nazaryny aýlap gülmsiredi. Özi hakynda gep gozgalanyna utanjaňlygyndan ýaňa boz-ýaz bolup oturan Gurbandurdyny der basdy. Entek onuň Mergen göterendigi baradaky habary az sanly adam bilýärdi. Ine bu gün welin bar zat ýüze çykdy duruberdi Çaý başynyň bu gürrüäi köpçilige aýan boldy duruberdi. Meýdan düşelgesinde oturanlaryň ählisiniň hazar gözleri Gurbandurdydady. — A-how şo döwrde-de adamlaryň agramy koşekçe bolandyra-diýip, çetde oturan Gowşut Gurbandurda seredip gülüp goýberdi. — Oglanlar mergen gotermek ir zamanlarda ýörgünli bolan. Gurbandurdy ýaly müçesi kiçijik adamaryň at çapmaga gabyl bolany üçin mergenler olara atlaryny çapdyryp, özlerem atyň ardyna münüp aw ederdile. Ana şoňa diýilýär mergen götermek diýip. Söz manysyna düşünmän agzyňyza gelenini otaryp oturmaň. Gürrüňleri diňläp oturanlar Çary Halylyň sözlerinden soň müýnürgäp aşak bakdylar.Hemişe mal yzynda ýekeden ýeke gezip, dymmalyga werziş bolan Gurbandurdy aga özüne hossar tapylanyna monça bolup, ýylgyryp goýberdi. ■ Garyndaşlygy golaý bolsa... — Başga gaýgyň bolmasa, düýesi ýaban çöker diýen sözüň hakdygyna men-ä ynandym Çary aga! — Be, hemişe beýle gep nokatlaňokdyň-la, Gowşut jan, näme boldy. Daşyňdan seretseň-ä gaýgysy bara meňzäňok. Öz-özüň basga düşüp, kösenip ýören bolaýma. Çykalgasyz zad-a seýrek bolmaly. Akylly-başly pikir edip görseň niçik bolarka? — Aý, ýokla, bolmajaklygy şoň. — Hany bir ujuny belert. Belki, bendäm-bendäme sebäp diýipdirler. — Aýtsam Çary aga, häsiýetli bir inen düýämden üç ýyl bäri koşege garaşyp,bez bolduk. Ýylda: — Şu ýyla gaýandyr diýip, agzymyzy suwardýas welin, ahyry puç bolaýýar. Onsoň... şuň haýryndan geçip, deregine başga bir düýe alaýalam diýýäs. Ýöne tohumyny ýitiresimiz gelenok. Çary aga,Gowşudyň aýdanlaryny diňlänsoň oňa sowal berdi. — Şol düýäň ata-babasy, dogany bolandyr-a. — Wah hawwa-la, bar, bar. — Olardan hyşan barmy? — Elbetde Çary aga, düýämiziň şu mahalky gezip ýören sürüsindäki höwür erkegem şo tohumdan. Çary aganyň sesi aýgytly çykdy: — Bilip goý, inim, düýäňe höwür erkegiň garyndaşlygy golaý bolsa, köşege garaşma. Sürüňi täzele. Düýe malynyň juda parasatly maldygyny ýadyňdan çykarma. Gowşut halypasynyň sözlerini doga gaplady. Aýdyşy ýaly etdi. Bir ýyl gowrak wagt geçensoň,obadan gelende halypasyna körpe köşekli düýäniň agaranyny getirip dadyrdy. ■ Ýalanyň zeperi Täzeräk çoluk bolup gelen Soltanyň el-aýak ýaly ýeteşikliligi Çary Halyla ýaraman hem durmady. Iki-üç gün çolugyna ýüzüň üstünde burnuň bar diýmedi. Guýmagursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin diýenlerini etdi. — Myhman sylagam bar-a. Gňzüňe kaklyşandan ony eýt, muny beýt diýip başlasaň hemişe şo gerekdir. Iýdip ýöretmeli bolup galayr. Onsoň agyr sürini-hä däl, çopan taýagyňam ynanasyň gelmez. Goý, özi öwrensin. Çölüň sapaklaram herkimiňkiçe bardyr. Biziňki bir häki jandurmazlykdyr. Baş çopanyň nämeler hakynda pikir öwrüp oturanyny kellesine-de getirmedik Soltan çoluk çelekdäki suwdan taňkany dolduryp,çalmaryň ortasynda çala sudury bildirip duran küljümek çägeli ojaggyň bir gyrasynda goýdy. Soňam tutaşdyrlyk diýlip getirilen gara çüýrigi gowaldaň geýen çokaýy bilen mazaly depeläp ojaga goýdy-da, eglip aşagyndan ot berdi. Gury çöpüň şatyrdap ýanyp başlanyna mazaly göz ýetirenden soňam,agaçlyrak odun almak üçin çalmaryň arkasyna aýlandy. Gidip-gelenine salym geçmedigem bolsa, ýalyn eýýäm taňkadaky suwy çigredipdir. Taňkanyň jürnüginden zyňylýan suw damjalary eýýäm haýallap ugran ýalnyň üstüne özüni oklaýardy. Çoluk aljyrady. Egoltuklap getren odununy ýalnyň üstüne goýjagyny goýmajagyny bilmän sägindi. Oňa çenlem taňkadaky agdar düňder bolup duran çal suw lasyrdap böküp başlady. Çoluk goltugyndaky oduny bir gapdala goýup, tutaç bilen taňkany özüne çekip, çaý demlemekçi bolup hyýallany. Eger Çary Halyl — Saklan diýmedik bolsa, bir ýanawuç gury çaý taňkanyň içine düşmelidi.Bir eli taňkanyň gulpynda, beýleki eli atym çaýly çoluk baş çopanyň parasatlylyk bilen aýdýanlaryna gulak salmaly boldy: — Ýalanhiç ýerde-de halanýan däldirwelin,ol çölde has gymmat düşýändir. Ýalan gaýnan çaýyňam mazasyndan zeperi köpdür. Ýüzi gyzaran çoluk taňkany söneňkirlän oda tarap süýşürip,onuň çyndan gaýnaryna garaşyp başlady. ■ Jaň sesi — Gelen bolsaň gowy edipsiň inim, aýagyň ýer tutsun!Goýun malynyň yzyna ýedi ýyl käýinmän düşüp bilen adamyň ýalkanýandygyny könelerimiz aýdardy. Belki, şeýle bolsun. Ýör men seni daş-töwerekdäki çopan-çoluklar bilen tanyşdyraýyn. Işe şondan başlasaň kem bolmaz. Azaşanyň bolar, aljyranyň bolar, gaý-tupan turup, goýnuň bölünäýmegem biçem däl. Şona taýagyňy süýräp,öz goşuňa gaýtjak bolup kösenip ýörmän, goňşularyňy kömege çagyraýmagam aýp däl. Çary Halylyň aýdýanlary çoluga geňräk eşidildi öýdýän. Ol üşerilip durdy. Çoňam eýýäm eşegine münüp ýola gönügen baş çopanyň yzyndan gök taýharyny debsiledi.Garaňkynyň içinde haýsy tarap barýandyklaryny aňşyrjak bolup, hernäçe janyksa-da, bilip bilen zady bolmady. Ep-esli meýdan geçenlerinden soň, Çary Halyl saklandy.Töwerege birlaý göz aýlap, çolugyna ýüzlendi: — Golaýrak gel. Elimi hanjak uzadýanymy görýärmiň? Gözedürtme garaňkyda öňünde söm duran garadan başga hiç zat görmeýän çoluk jogap berip bilmän ýuwdundy. Çary Halyl onuň ýagdaýyny aňdy. — Görmeseňem şu jelagaýda dört süri bar.Iň golaýdaky Kerim çopanyňky. Beýlekisi Şyhberdi aganyňky. Galan ikisi aýak ýeterden aňyrraga gidäýen ýaly. Ertir kaka suwlamaga gelenlerinde göräýersiň-dä. Çoluk sesini çykarman duruberse-de boljakdy welin, herhal oglanlygy gününe goýmady. Ol bilsigelijilik bilen Çary aga ýüzlendi: — Halypa, goýun görünmese-de, haýsy çopanyňkydygyny neneň edip bilýäňiz? — Ine, bu welin jaň sesinden bilmeli. Paryh — Süri bilen süriniň parhyny çopan biler, çopan bilen çopanyňkyny goýun. Mal eýesine çekmese şumluk diýipdirler. Çary aga! Şu zatlar ýöne bir agyz ugruna aýdylaýan zatmyka, ýa hakykatdan hem şony aňşyryp bolýarmyka? — Wah, Aşyr jan, ol itiň aňsady. Sen maňa her sürüden bir bolejik getirip, çopanyny sora. Säginmän aýdyp bereýin. Beý diýsem özüni magtajak bolýar diýip düşünme. Ýeke men däl, çopançylyga ýüregi bilen berlen adamyň aýtmajagy ýokdur şony. — Beh, eşidäýmeli gürrüň-aý, öz-ä. — Elbetde, eşideniňe degse gerek. Siz ýaly bir obaň ownuk malynyň garamatyny boýnuna alyp ýören üçin biläýmeli zat. Bilýänini öwretmedigem ýagşy görlenok. Gel, onsoň men maly görmän hyrhyny keseýin. Soň siz maňa onuň haýsy çopanyňka degişlidigini aýdaý. Gulak goý: — Mal bardyr iýeni endamyha ornap,ýüňi daralan ýalydyr. Örüsem o diýen uzak bolmaz. Ümsüm otlap,sähel ýerden otuny alnar. Hemişe başbitindir. Mal bardyr, çopanynyň sesini eşimese ylga göýberilen ýalydy. Ýer süpläp barşyna säginmesi bolmaz. Otuny ylgap alar. Iýeni etine çykmaz. Şol gürrüňden soň köp wagt geçmänkä Aşyr perme Çary Halylyň çopan goşuna gelip,içini dökdi: — Hak aýdypsyň Çary aga. Şyhberdi agaň bakýan goýunlary ilki aýdan toparyňa, Kerim çopanyňky soňka degişli eken. Çopanyň häsiýeti mallara geçäýýän eken-ow. Çary Halyl çalaja baş atyp, gülümsiredi... Şonça possun ýanyňda-ka... — Be, Çary halypa, öňki agşam daň saz berýänçe, sowukdan ýaňa çigildem köwläp geçdim. Mallar garaýatak ýatansoň, çÖp-çalamdan taşa-da edinip bilmedim. Ot ýakynaýyn diýsemem, kükürdim galypdyr. — Çopançylygyň beýle-beýle synaglaryna döz gelibermelidir, inim! Ýöne ýanyňda bar zadyňy ulanmagyň ebeteýini bilmeseň ýamany şol. — O nähili, Çary aga! — Nähilisi ýanyňda müňe golaý possunly ýatyrka, aralaryna çümülmäge aklyň ýetmedik bolsa, men ne alaç edeýin. ■ Çölüň eýesi — Çölde bihasap zat ýokur, inim! Görýän, bilýän ýok diýip,bi many hereket etjek bolmagyn. Ýatan çöpem, çördür çöňürtgänem oýlanman ýerinden gozgasaň,özüň-ä bir kösenersiň, özgelerem derde goýarsyň. Häzirlikçe gonak kysmy boluber. Hemme zat öz ornuny tapar. Oňa çenli çölüň eýesinem tanap ýetişersiň. Onsoň edeniň ugruna boluberer. Çary Halylyň bu sözleri ýaş çoluguň geňirgenmesini artdyryp, gözüni tegeletdi. Aýratyn hem goja çopanyň Çölüň eýesi hakyndaky sözleri oňa üýtgeşik bolup eşdildi. Şona-da ol lam-jim bolup, buýrulan iş bilen boluberdi. Soltan çoluk el-aýak ýalydy. Agyr süriniň ähli işine ýetişýärdi, eserdeňdi. Hiç zady gözden salanokdy. Goşda-da, goýunlary örä çykaranda-da seresapdy. Arassaçylyk, tygşytlylyk, onuň ilki öwrenen gylyklarydy. Çöldäki ösümlikleri aýawly saklamak barada baş çopanyň aýdyşyndan hem beter aladalanýardy. Şeýlelikde çolukçylygyň başky alty aýy imisalalyk bilen geçip gitdi. Ýaş çolugynyň her bir hereketini synlan Çary aganyň onuň menikliligine göwni ýetdi. Bir gün sürini ýataga gabap, goşa gelen gelen Soltana baş çopan sowal berdi: — Çölüň eýesine duşanyňy aýtmasaňam aňýan. Indi şonuň diýeni bilen boluberseň, ýamanlyk ýüzüni görmersiň. Gaýrat ediber, oglum! Soltan çoluk Çary Halylyň näme barada gürrüň edýändigine düşünmän eginlerini gysdy.Baş çopan dowam etdi: — Çölüň gözelligine,otuna-çöpüne, janly-jandaryna zeper ýetirmän, onuň täsinliklerine ýürekden guwanyp bilýän adam onuň hakyky eýesidir. Adamlaryň asmandaky ýyldyzlara, Aýa-Güne seredip, ýeliň-ýagmyryň ugruna garap,kän zady aňşyryp bilişleri ýaly, diline düşünseň çölem müşgiliňi özü çözüp durandyr. Çary Halylyň sözleri çolugy goltugyndan göterilen ýaly etdi. ■ Çopan goşy — Han-ha çopan goşy bar. Töwereginde iňlär siňek görünmese-de,sowlup,bir käse çaý owurtlap geçäýsek nädýä — diýip, sürüji ýigit, dürbi tutup durşuna ýanyndakylara sala saldy. — Wah, oňa ýetesi näme bar, şü petiş howada bokurdaklar gurap, tüýdüge döndi. Çig suwam teşneligiňi gandyrybermeýärwelin... — Welini näme, Aşyr aga? — Weilini baraňda görersiň, baryber bakaly. Maşyn goşa golaýlandan okdurlyp gaýdan kellesi gazan ýaly daýawdan syratly goýun iti ýoluň ugrunda keserip durdy. Ol adamlaryň mundan beýläk hereket etmeklerine ýol bererli däldi. Çyny bilen jabjynýardy. Sähel biri gozgalaň tapaýsa edil üstüne topulaýjaga çalym edýärdi. — Bä, nähili boldaý, edil ogurlykda tutan ýaly aýt, muň bolşy. Yza-da ýol ýok. Indi ot-yssyň içinde şeýdip, aýagyň gandally ýaly bolup oturybermeli bolarmykak-how. Munuň ýüzüne bir bakyň, hyýrsyzdygynaý. It sürüjiniň sözlerine düşünýän ýaly ýüzüni oňa tarap öwrüp, ozlkydan hemçasly jabjyny. Sürüji itden gözüni aýyrman durşuna pyşyrdady; — Aşyr aga, bir zat diýsene! Aşyr aganyň sesi galagop eşidildi. — Diýip bolaýdyk öýdän. Indi goşuň eýesi geläýmese, bize ýazylgançylyk bolar öýdemok. ■ «DADYMYZA BORJAK ÝETIŞER...» Täzeräk çolukçylyga başlan Soltan iki gün bäri suw daşaýan maşynyň görünmeýädigi sebäpli mallary suwa ýakmagyň kynalýandygyna gysylýardy. Otursa-tursa nägileligini ýaňzydasy geldi durdy. Muňa ömrüne zeýrenmek diýlen zady bilmeýän baş çopan Gary aganyň gahary gelmän hem duranokdy. Ýöne oglanyň ýüzüni alyp durman sypaýçylyk edýärdi: — Çykalga taparys, Soltan jan! Ýasy ýanyň ýerde bolsun! Alla kösemejek bolsa, bir yş açylar, arkaýyn bolaý! Juda bolmazyna tutuberse borjaga ýüzlenäýmeli bolarys-da. Çary Halylyň sözlerine çolugyň azajyk keýpi göterildi.»Haýsy Borjak» diýip soraýasy geldi. Emma bir arkaýynçylyk bolmasa halypasynyň boş gürlemejegini aňansoň sesini-üýnüni çykarman işi bilen boluberdi. Çoluk öýle guşluk boluberende goýunlary garaýataga sürüp geldi. Hemişeki endigine görä çalmara serenjam berdi. Oýlukdyr ýapynjasyny alyp, çalmaryň peseňräk ýerini peýläp, oklap goýberdi. Soňam inçemik göwresine gelşip duran hereket bilen tüňçäni suwdan dolduryp, ojakda goýdy. Ot ýakdy. Ýerinden turup, goýunlaryň ýatan tarapyna gözüni aýlap, ýene-de nägileligini daşyna çykardy: — Janawarlar, kösenmese-de biridir. Borjakdanam bulut ýakyn bolaýmasa? Çolugynyň çuňňur alada batanyny aýan Çary aga: — Gaýgy etme - diýip aýtdyma, Soltan jan, Borjak gelmese daňdan gapyllykda üstüni basarys –diýdi-de, gaýdyp geplemedi. Ümüş—tamyşda goýunlary örä alyp çykan çolugyna Çary Halyl tabşyryk berdi: —Soltan inim, goýunlary haşardan aşaklygyna sür. Şol ýerdäki borjaklykdan çykarma. Diň salsaň az salymdan olaryň borjagyň pürüni iýişleriniň kitirdisi artyp başlar. Degmegin, iýsinler. Borjak gaty suwly, özem ýokumly, derman ösümlikdir. Az-owlak biynjalyklygam döredäýmegi biçem däldir. Goýunlar öýkenli bolaýdymyka diýdirer birbada. Emma düýbi düzdür, üsgülewik galar. Şol ýerden geregini edinen mallar ertir şo wagta çenli suw küýsemezler. Ana gyşyn-ýazyn göklügini, üstesine-de terligini saklap bilýýän borjak biziň dadymyza ýeter diýýänimiň hikmeti. Halypasynyň sözlerini eşiden çoluk goýunlary borjaklyga sürmäge howlukdy. ■ GARABAGYR Arada oba baramda ýaşuly mugallym Şalar Altyýewe gabat geldim. Şonda ol maňa : — Okuwçym, «Çarwa hekaýatlaryňy» okaýan. Saňa ýazaýmaly bir gören zadymy grrüň bereýin – diýip, söze başlady: «O mahallar men oglandym. Tejen derýasynyň gaýra ýüzünde Çary Halyl düýe bakýar eken. Ol ýere kakam hem çekene goýunlaryny bakmak üçin barypdy. Menem ýanyndadym. Şonda kakam Çary aga ýüzlendi: — Çary aga, günorta çaýymyzy Şalara gaýnatdyryp bileje içäýsek, neneň görýäň! Çary aga garşy bolmady. Meýdan ýerde çaý gaýnatmagyň kynçylygy barmy, näme? Men derrew çaý gaýnadyp, olaryň öňünde goýdum. Köne dostlaryň çaýa oturanlaram şoldy welin, Çary aganyň bakýan düýeleriniň biri ylgap, ikiýana çarp urup başlady. Kakam elini kölegeledip seredip durşuna: — Çary halypa, şo düýe däliredi oýdän – diýdi. Çary aga howlukmaçlyk bilen ýerinden turup düýä tarap ýöneldi: —Ýörüň, baryp göreliň, onuň köşegine bir zat bolandyr. Üçümiz üç ýerden ylgaşlap barsak, hakykatdan hem onuň köşegi derýanyň gyrasyndaky gorpa gidipdir. Kynlyk bilen halas etdik. Düýe janawar tä köşegini halas edýänçäk ýanymyzda bozlady durdy. Şonda Çary aganyň: — Düýe janawar gaty parasatly hem çydamly haýwanam bolsa, onuň hamraklygy diýip aýdar ýaly däldir - diýen sözleri ýadymda çalypdyr - diýip Şalar mugallym söhbetini tamamlady. ■ DÜÝE DOGRY OTURMASA... Tejenli Amaty Ataýew ömrüni mugallymçylyga bagyş eden hem bolsa, islendik malyň ýagdaýyny synladygy aýdyp bererdi. Bir gezek onuň bilen oba bir kärdeşimiziňkä bardyk .Şonda onuň howlusynda çöküp oturan düýäni gören Amaty aga: — Düýäňiziň böwregi agyrýar eken - diýip, birgapdala ýaplanybrak, çöküp oturan düýä gözi düşenden dillendi. öý eýesiniň ýüzüne seretdi. Muňa haýran galan kärdeşimiz : — Ony nämeden çen tutup bildiňiz-diýip ýylgyrdy. Amaty aga dowam etdi: — Çöküp oturşyndan. Eger düýe dik duran bolsa nädip bilerdiň, ýaşuly-diýip öý eýesi degişme äheňinde aýtdy. Onda gumalagyny görüp aýtmaly bolar. Eger düýäniň gumalagynyň bir gapdaly çowly bolsa, böwrek kemlidir - diýip, Amaty aga düýä tarap ýöneldi. Bizem ondan galmadyk. Baryp görsek hakykatdan hem şeýle eken. ■ «HURŞY IÇINDEDIR DIÝÄÝ...» Myhman ataňdan uly diýip ýöne ýere aýdylan däldir. Gelene güler ýüz bilen duz çörek hödür etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Gelen aş diýibem gelýän däldir welin, garaz baryňy orta dökmegem adamçylykdan nyşandyr-diýip Çary Halyl çolugyna garady. Ýaş ýigidiň bütin durky bilen gulaga öwrülip,özüne seredip durandygyna gözi düşensoň, onuň bilen degişesi geldi: — Geljek myhmanlar çopan goşy diýseler, ýagly golça öňlerine süýşüriler öýdip, garanjaklap oturmasyn! Çaý demle-de goý öňlerinde! Çörekli torba-da çäge beýleki syran bolsa, kakyşdyryp öňlerine süýşür-de «Hurşy içindedir» diýäý. Çölde taňkaň çaýynyňam özüne ýeterlik lezzeti bardyr. Ýaş çoluk halypasynyň ýüzünden soragly nazaryny aýyrmady. Onuň bir zat aýtmaga hyýallananyny aňan Çary aga «aýdyber «diýen terzde oňa ümledi.Çoluk ýaýdana-ýaýdana pikirini daşyna çykardy: — Hurşumyz gutaraýypdyr -diýeýinmi? — Päheý-de weli, aýdyp durun-a oglan «Hurşy içindedir» diý-de, çörekli torbany öňlerine süýşüräý-diýip. Çolugynyň bu sözüň manysyna düşünmändigini duýansoň Çary Halyl şeýle diýdi: — Sypaýçylyk diýlen zat biziň halkymyzda gaty üýtgeşikdir. Ata-babalarymyzyň şu edähedini unutmasaň hiç haçan müýnürgemeli bolmarsyň. ■ SADYR SUW — Iki günläp gury çöpden geregini edinen goýunlaryň suw küýseýändigini Soltan çoluk aňmasa-da, baş çopan Çary Halyl anyk bilýärdi. Şonuň üçinem ol süriniň ýüzüni goşa tarap öwürdi-de çolugyna ýüzlendi: — Iki günläp suwsuz bolarys öýtmändik welin, elbetde, suw çekýän maşyn bir näsazlyk tapynan bolmaly. Ýogsam onuň entek mähetdel eden ýeri ýok. Täzeräk işe başlan çoluk gözlerini tegeläp, aljyraňly halda baş çopana sowal berdi. — Indi näme etmeli bolar Çary aga? — Haýal etmän goşa özümizi atmaly. Ara-da ep-esli menzil bar. Mallar suwa ýetjek bolup,alňasap başlansoň, eýgertmez. Sen haýal etme-de goşa. Ol günkihaltalara gapgaryp goýan çörüňi suw nowanyň içine ýaýradyp, üstüne ýetişibildigiňden gowany sowuber. Bizem nesip bolsa iňrik garalýança baryp ýeteris. Çoluk gyssanmaç ýola düşdi.Onuň daýaw ak eşegi hernäçe ýörgürem bolsa ýol ondürmeýän ýalydy. Çoluk mundan on-onbäş gün ozal bolup geçen wakany hyýalyna getirip, ýol kesmäge başlady. Soltanyň Çary çopana çoluk bolup gelenine onçakly köp wagt geçmändi. Çopan goşunda Özüne täzeräk çoluk bolup gelen Soltany daşyndan synlap oturan baş çopan Çary Halyl içini gepledýärdi: — Ýumry-ýumşaklygam her zada degýär. Näme ýumuş buýrsaň ýaýdanmasy ýok. Aýdanyň-a edýär.Şolam bir gowy zat. Töwekgelligem ýstesine. Wagt galan zadam derrew öz girisine salar. El-aýak ýaly bolup ýetişer, enşalla. Häzirlikçe şü-de oňuşmazça däl. Halypasynyň içini ýöne ýere gepletmeýänini aňan Soltan sesini-üýnüni çykarman, aýdylan bilen boldy. Uzyn ýylgyn sübsäniň sapyndan tutup, goýun ýatagyndaky çörleri bir gapdala syryp başlady. Birdenem onuň oglan bilesi gelijiligi diňşirmegine sebäp boldy. Halypasyndan « Çör nämä gerek bolarka, Çary aga»diýip sorasy geldi. Emma halypasynyň häsiýetine belet çoluk sesini çykarman aýdylan bilen boldy. Göwnüne bolmasa halypasy ony işsiz oturtmajak bolýan ýaly göründi. Munça çör üýşürmek nämä gerek boldyka? Diýen pikiri daşyna çykarmasa-da, Çary Halylyň synçy nazary onuň ýüzünden okady. — Aýdylan bilen boluber. Bu işiň nämä derkardygyna wagty gelende göz ýetirersiň... Çolugyňky ýene-de paşmady.Näme üçin nowa çör düşemeli diýen sowal ýene-de berilmän galdy. Şeýle-de bolsa çoluk baş çopanyň aýdyşy ýaly etdi. Içine çör düşelen howa suwdan doluberende agyr süri uly yzlaşyk bolup, suwa indi. Gele-gelmäne agyzlaryny bedinebislik bilen suwa uran goýunlar iki –üç gezek ýuwdunanlaryndan soň, çörüň ysy çykan suwa nägilelik bilen seredip yza çekildiler... — Ine Soltan jan ,seniň berip bilmedik sowalyň jogaby şü. Eger biz nowa çör guýmadyk bolsak goýunlardan dynardyk. Gaty suwsan goýun maly suwdan ganmaz. Onuň soňam heläkçilik bilen gutarar. Goýunlar bokurdagyny ölledi, indi gopky ýok-diýip, Çary Halyl ýaş çolugyna seredip ýylgyrdy. ■ GABANJAŇLYK — Çary aga, hol çal goýuna halys guzusyny aldyryp bilmedim. Bir bada ysganjyrap alaýjagam ýaly etdi. Birdenem guzusynyň ýüzüne-de seretmän töwereginde aýlanjyrap ýor. Muny näme etmeli bolarka? — Onuň işi haýyr, inim. Goýun malynyň hamraklygy çeniň-çakyň däldir. Ilki garny bolansoň tykyraýan bolmagy ähtimal. Onsoňam ýaňy bolan guzy lellimräk bolýar. Owlak ýaly däl. Owlak her eder hesip eder, enemi emer. Guzujyk bolsa şol ysgynsyzja mäläp, enesiniň haýsy tarapyndan barjagyny bilmän aýlanar ýörer. Owuz süýdüni emensoňam wagty bilen özüni alyp bilmez. Üstesine-de üşek bolar, janawar. Şondan-da könelerimiziň ýahy bolan owlajyga» Emdiriň-de buza atyň», guzujyga bolsa «Emdiriňde köze atyň» diýdirýäni. Köze diýdigi ýyly ýere diýdigi-dä. — Guzusyny almasa näme etmeli/ — Onuňam çäresi bardyr. Bar hol körpeje şol goýny guzusy bilen at. Ýanlaryna-da Alabaýy sal. Onsoň bir sellem töwereginde görünme. Soň görersiň näme bolanyny. Çoluk aýdylyşy ýaly etdi. Aradan birmeýdan wagt geçensoň, guzujygyň mäleýän sesi galdy. Çary aga çolugyna ýüzlendi: — Soltan, inim bar gör, indi guzynyň sesi dälde hamrak enäniň sesi eşdilýan ýaly-la. Çoluk körpejiň içine seredende guzusyny itden gabanyp, ýalaşdyryp duran goýna gözi düşüp haýran galdy. It janawar bolsa körpeje atylandygyna nägile halda çoluga serdip, çalaja üýrdi. ■ SAGYNY UNUTSAŇ KÖSENERSIŇ Agyr sürini garaýataga alyp gelen çolugyny synlan Çary aga onuň ýadawlykda ýaňa halynyň teňdigini duýdy. Entek çopançylygyň, çölüň abyny-tabyny almadyk ýigdekçäniň bolşuna nebsi agyrdy. Özüniň ýaş oglana aýdaýmaly zatlary hem aýtman kösändigi üçin özüni kotekledi; — Beýle-de bir zabunlyk bolarmy? Aýdanyňy edip bilselerem şulardan az görme. Ähli kişini özüň ýaly edäýjek bolýaň. Gödek daraşýaň. Aňyryňda bir ýaramaz hiýet bolmasa-da, şu häsiýetiňden çekinýän ýiok däl. Onsoň Çary Halylyň ýanynda işlejekmi diýip, on adamdan sorasalar şoň altysy:»Başgarak süri ýokmy diýip, ýaýdanýandyklarynam-a bilýäň özüň. Bu neressänem kösediň öýdýän. — Inim, sürini gaýtarjak bolup, ylgap daljygan ýaly-la sen. Aňsat zady özüň müşgil eden bolaýma? Çoluk sypaýçylyk etdi: — Özümden Çary aga, goýunlardan galmajak bolup, köpräk ylgadym.Zyýany ýok. — Men senden zyýanyny ýa peýdasyny soramak inim. Sürini haýsy tarapyndan gaýtarjak bolduň sagyndanmy ýa çepinden? Sagyny unutsaň kösenen ýeriň köp bolar. Juda bolmanda eliňdäki taýagyň ujuna seredäýmel-ä. Çoluk elindäki çopan taýagynyň ujunyň sag tarapa ýaý berip durandygyny görüp, dodagyny dişläp,ahmyr bilen başyny ýaýkady. — Çopan ody-diýseler, diýibersinler. Tutaşdyrlyk pisint ýalaň ot-çöpden bir goltuk üýşürip, üstüne-de 3-4 sany jomursak çüýrüntgini atanaklaýyn ataga-da otlap goýberersiň welin, dünýäň ýaza dönäýer. Salym geçmänkä mis tüňçäň lakyrdap ses edip durandyr. Çaýyň demini almanka ot söneňkirlär. Arkasyna bir garyş çygar çybyk diräp goýan el ýaly ýernanyň kakabam ýetişmez. Ot eýýäm sönüp, küli gaýmalaşyp başlar. şoňa syn kylyp ýürekse edinip, bokurdagyňy öllärsiň. şoň bilen çopan odunyň ömri gutarmalydyr — diýip, Çary Halyl täze gelen çolugyna gözüniň gyýtagyny aýlady. Soltan çoluk aljyrady. Ýakmak üçin üýşüren odunyna seredip, ýygryldy, utandy. Küme ýaly bolup üýşüp duran sazagy bir gapdala oklap goýberesi geldi. Emma eýýäm giçdi. Aşakdan berlen oduň dili ýokarlarda köw-söw edip, özüniň bardygyny bildirýärdi. — Bilmeseň bilip goý, inim, senem-ä çöli, çopançylygy şu gün görmeli däl. Eňegiňe gyl dürterip başlaly bäri malyň yzynda. Aý, hawa-da, «alan terbiýäm şu» diýmegiňem ähtimal. Ýöne gowy zady aljak, götergilejek bolmaly — diýip, Çary Halyl mylaýym ýylgyrdy. Soltan sesini-üýnüni çykarman diňleýärdi. Özüniň ozalky çolukçylyk eden ýerinde ýagdaýyň başgaça bolandygyny aýdasy gelip «içini it ýyrtsa-da», «mert bolmaly» diýen pikir süňňüne aralaşypdy. Müýnli gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldatýardy. Çary Halyl öz sözüniň ähli öwrümlerine kemsiz düşündi hasap etse-de, ýene-de gürrüňini dowam etdi: — Oda imrikseň salyň hemişe gowşak bolar. Bedeniň emeli ýyla öwrenişip, çeýeligini ýitirer. Gaçgynyň ot bolsun! Malyň örüdekä-hä asla ot ýakyjy bolmagyn, endigiň ýaramazydyr. Özüňi berseň howa sähel çigrese, çöp görseň ýakasyň geler durar. Ýyla öwrenişseň ukyňa agyr bolarsyň. Janyňa dözmeseňem, dilsiz-agyzsyz janawarlary horlarsyň. Çary Halylyň ot hakyndaky tymsallary Soltan çolugy ekezlendirdi, «etiňi gataltmaly, ýaramaz endigi ýaran edinmeli däl» diýen pikire uýmaga mejbur etdi. Berlen öwüt onuň üçin ähli zatdan ýyly hem mähirlidi. Çünki ol sährada taplanan, Garagumuň ýowuz hem keremli terbiýesini alan çopanyň şägirdine beren ilkinji sapagydy. ■ Boýun almak — Be, Çary halypa diýýän-ä, şu Soltanyň gulagyndan, burnundan çekip, çopançylygyň syrlaryny öwredäýjek boldum welin, halys bolmady. Aýdanym, bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykdy durdy. Onsoň näme, permäni görsem, şundan bir meni dyndar — diýip, gulagyny gazadym durdum. Aşyr perme-de bir giň adam. Hiç kimiň ýüzüne gelip bilmän kösenip ýör-dä. Ahyry bir gün ýüregini bire baglap, Soltanyň gülberini arkasyna daňyp goýberdi — diýip, Kerim çopan hil bir iş bitiren ýaly dylym-dylym etdi. Çary Halylyň muňa gahary geldi. Gaşlary çytyldy. Haýbatly murtlary tirpildäp gitdi. Daşyndan synlasaň, ol edil şu pursat Kerimi düýt-müýt edäýjege çalym edýärdi. Herhal, çopan parasatlylygy ýetişdi. — Gögele çybygyň döwülmeýänine ähli ümdüşigiňi berip, towlaberseň bir ýerinde bertigiň galjagy gümansyz-a. Bu sözüň manysyna düşünmedimi, ýa-da ozalkylary ýaly büžlügini etdimi, Kerim ýene-de mortasyny atdy: — Boljak oglan bolşundan belli diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Çary Halyl bu gezek düşnüklisini aýtdy: — Köp gepleýäniň köp ýalňyşýandygy derrew bilinýär. Ýöne onuň hatasyny iliň üstüne ýüklejek bolup, ýüz urýan hilegärligi soň-soňlar aňdyrýar. şeýle dälmi, Kerim çopan? Kerim çopan bialaç başyny atdy. Açylman galan syr — Iner tapylar, howut gitdi, howut. «Inwentar» şol ahyry — diýip Şyhberdi aganyň zowzanaklap ýörşüni geňlän az bolmady. Çary Halyl ýaly oňa beletler-ä «hä» diýip oturyberýär welin, Kerim çopan ýalylar, gepiň änigine-şänigine ýetjek bolup, oda-köze düşüberýä-dä. — A-how, Şyhberdi, howut diýeniň ýitäýende-de bir opurylýan zat ýog-a. Inerden habar ber. Ýa-ak, Kerim jan, sadalygyňam gözüni çykaraýýaň. Ineriň gitjek ýeri ýok. Ölmese, aýagy alakaň ýa beýlekiň hinine gidip, omrulaýmasa geler. Gelmese-de öz inerim. Howudy nireden tapaýyn. Ana, gep şunda. Kerim çopan jogapdan nägile boldy öýdýän. Çalaja gülümsiräp, başyny ýaýkady. Beýleki oturanlaryňam içi «hiý» diýmeýänleri bardy. Ýöne olar Çary Halylyň ýüzüne seredip, oňaýdylar. Oturanlar onuň bir zat diýerine garaşýardy. Şyhberdi aganyň özem şony isleýän ýalydy. Onsoň Çary Halyl çaýly käsesini ýerde goýdy-da: — Ineriň tapyljagyna ynamyň howutdan el üzäýmelidigiňi aňladýan ýaly-la, görýän welin, şo howut öňräkden bäri göwnüme bolmasa «zäher» göterip ýören ýaly görünýärdi. Senem, şol «zähere» suw meýilliligiň. Taňry seni bir «beladan» halas edipdir — diýdi-de, şyhberdi aganyň ýüzüne köp manyly garady. Sazanaklap, gam laýyna çümüp oturan Şyhberdi agadan başga o sözleriň manysyna düşünen bolmady. Menem bu gezek o syry açjak däl. Saňa-da çalym etmän duranok... — Çary aga, çölüň çöpüne, jandaryna sizden belet adam bardyr öýdemok. Aýdan gepiň edil ýüregime jüňk bolýar — diýip, Kerim çopan goýar ýerde goýmady. Aladaňdandan goýunlary örä çykaryp, yzynda dyzyny epmedik Çary Halylyň oýlugyny ýazyp, dynjyny almaga çemelenenem şoldy welin, ol ýene-de peýda boldy. Gele-gelmäne-de demi-demine ýetmän, gürläp başlady. — Çary jan, seň sözüň yrýasy ýok. Han-ha seret, hol, syrdam sazaga, şony görýän welin, seň aýdyşyň ýaly bir parasatly goja göz öňüme gelýär. Gyşyn-ýazyn göm-gök bolup oturan borjaga baksam, ýaş gelin, seleňläp oturan çerkeze seretsem, saçyna ak giren ene ýadyma düşýär. — Dogrudyr, inim, dogrudyr! Çary Halyl sözüni soňlamanka, Kerim çopan ýene-de suňsurdy: — Çölüň çöpi-çöri-hä gyt däl-ow, Çary aga. Bularyň hersini bir adam häsiýetine meňzetjek bolsaň, aňsad-a düşmez! Bolgusyz sowallardan halys ýadan Çary aga ýene-de: — Dogrudyr, dogrudyr — diýip, oturybermekçi boldy. Kerim çopan ýene köne heňine tutdy. — Çogan nähili adamyň häsiýetini ýatladýar? Çary Halyl göwünli-göwünsiz jogap berdi. — Çoganam häsiýeti berk, öz diýenli kişilere meňzeýändir. Çary Halyl agras dem aldy. Onuň sörtük şemala gaýzygan ýüzi yşyranokdy. Emma mundan bihabar Kerim ýaşulynyň çat maňlaýyna geçdi-de, oýkanjyrap oturdy. Onýança-da ýele tarapdan togalanyp gelen peşmek olaryň alkymyna dykyldy. Çary Halyl çala ýylgyran ýaly etdi-de, çopan taýagy bilen peşmegi galdyryp goýberdi. Togalanyp gözden ýitip barýan peşmegiň yzyndan seredip oturan Kerim çopan: — Ýeri, muny kime meňzetjek? — diýip, Çary Halylyň ýüzüne soragly bakdy. Ýaşuly salymyny bermän jogap berdi: — Ol-a Kerim jan, saňa-da çalym etmän duranok. ■ Iki jaňyň aralygynda — Çary aga, menem-ä goýny biriçe bakýamykam diýýän welin, mallar halys etine çykanok. şol bir ýeri öňe-yza dönüp, torç edýärler. Onsoň aňyrlaryna zat baranok. şunuň sebäbini bilip bilemok — diýip, Kerim çopan Çary Halylyň otursa-tursa peteň-bizaryny çykarypdyr. Ozalam Kerimiň köp gepleýänine, agzynyň dek durmaýanyna gahar edip ýören Çary Halyl oňa teýenesini sürtdi. — Wah, Kerim jan, türkmende «Pylanynyň eňegine jaň kakylan ýaly» diýen bir söz bardyr, ana, onuň sebäbi. — Düşünmedim, Çary halypa! — Düşünmeseň, gulak goý! Süriň başyny çekýän tekäň-ä boýnuna, seniňem eňegiňe dakylan jaňdan ýaňa goýun janawarlar örä näme üçin çykarylandyklaryny unudýan bolaýmasynlar — diýip, Çary Halyl ýylgyrdy. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |