20:43 Daň ýyldyzy / poema | |
DAŇ ÝYLDYZY
Poemalar
(Poemanyň sýužetine 19-njy we 20-nji asyryň sepgidinde bolan pajygaly bir waka esas edilip alyndy) Gözel ýazy ýitirip, Ganat gerip her ýanda, Ýas eşikli gargalar Uçup ýörler asmanda. Olaryň zaryn çykýan Sesleri misli matam. Nä günler ötdi başdan Gowgaly türkmen atam! Galagoply çal zemin Gandy çaýkanyp ýatan. Şaldan geýdi der döken, Ýüpekden geýdi ýatan. Kenaryna çykmady Däli derýaň gomlary. Aýrylmady kalbyndan Halkyň gaýgy-gamlary. Barlylar eşek münse Bedew bolup çapypdy. Garyplar bedew münse Garaklaryn gapypdy. Gögerýärdi baýlaryň Kesewiden nahaly. Ýeňi ýoluk garyplaň Gyş bolýardy bahary. Göze bakyp aýdylýan Sözde ýokdy hakykat. Yzlasañ ýol ýoda-da, Yzda ýokdy hakykat. Ot içinde döreýän Mähir bilen söýgiden, Ahmyrly ot çykýardy, Uçgun alyp gaýgydan. ***** Ynha, türkmen halkynyň Gadymy bir obasy. Çekilýärdi her öýde Garyplygyñ nalasy. Şu obaly Atan baý Dynçdy beýle gowgadan. Aladasyz dem alyp, Ýördi dury howadan. Ençe müňe ýetirdi Dowarlaryn, mallaryn. Aga-ýana otlap ýör Tutup çölüň gollaryn. Ine, şeýle adamyň Bardy asylly gyzy. Alty ganat ak öýde Atan baýyň ýalňyzy. Nohta ýaly dört örüm Saçlaryn öňe taşlap, Asylly gyz Aýjemal Otyr tahýa nagyşlap. Hyýalynda aşygy Gezim edýär seredip. Obadaşy şol ýigit Ýör kalbynda ýer edip. Olar ogryn duşuşýar Günde ýa-da günaşa. Gün gyzaryp batanda Alkyş aýdýar kuýaşa. Biri-birne düşünýär Söz çykmanka dahandan. Iki arzuw birigýär Gözler ýiti bakandan. Yhlasyndan söýginiň Ýürek syzlan mahaly, Aýan bolýar arzuwlar Diller sözlän mahaly. Otyrkalar bir gezek Söhbet-söze gyzygyp, Geçip gitdi bir ýylan, Aý nuruna tazygyp. Şo ahwalat gözeliň Göz öňüne gelende, Nagyş salýan iňňesi Ýara goýdy elinde. Titireýän Aýjemal Tutdy basym özüni. Çetde goýup tahýany, Kakyşdyrdy dyzyny. Turup, garsa gujaklap, Ejesiniň boýnundan, Mährine jaý tapyndy Mähribannyň goýnundan. Hawa, gyzyň ejesi Kökenekdi yzynda. Kül, örten öz söýgisi Çoglanypdy gyzynda. Ak güni az ýyllarda Orun eýläp gijelik, Biri-birniň yzyndan Geçip gitdi tijenip. ***** Atan baýyň öýünde Şeýleräkdi ahwallar. Bu gün sawçy getirdi Kirşenli gara ýollar. Aryp gelen sawçylar Atlaryndan düşdiler. Öýe girip, halynyň Üstlerine geçdiler. Çaýdan-çörekden soňra Orta nahar aldylar. Galyñ nyrhy barada Uly dawa saldylar. Atan baýa perzent däl, Diňe baýlyk gerekdi. Baýlyk-bary oň üçin Içindäki ýürekdi. Bir sagadyň içinde Çözüldi gyz ykbaly. Baý olary ugratdy, Dileg edip ak ýoly. Ertesi ol ýanyna Aýalyny çagyrdy. Aýjemalyň ejesi – Dursun gapydan girdi. Aýalyna Atan baý Diýdi: — gürrüň bar saňa. Terbiýe ber gyzyňa, Menden buýruk, bar, saňa. Düýnki gelen myhmanlar Barly ýeriň sawçysy. -- Onda boldum diýsene Jigerbendiň awçysy. – Ýok awçysy däl onuň, Gözleýän oňa bagty. Heleý, oňly bolmarsyň Tersime gitseň gaty. – Jan kakasy, neressäm Söýýämiş bir ýigidi. – Näme diliň çeýneýäň, Çakýan ýaly çigidi. Aýt, ýogsam sograryn Diliň kömekeýinden. Meniň üçin bary bir, Dynarsyň öz demiňden. – Meret agaň ogluny – Muhammedi söýýämiş. – Heleý, ýene diýsene Şoň ugrunda köýýämiş. Ýeňi ýoluk garyplar Atan baýyň taýymy?! Her kim bilip otursyn Oturmaly jaýyny! Ýaňkalaşyp durjak däl, Gep gutardy seň bilen. Çagyr, hany, gyzyňy, Indi gürrüň oň bilen. Gyzyň giren mahaly Gelme onuň ýanyna. Aýdanymy etmeseň Haýpyň gelsin janyňa – ***** Gözi ýaşly Dursunyň Sarsyp gitdi ýüregi. – Bagt kölüne çagamyň Batjak däl-ow küregi – Diýip, assa pyşyrdap, Gapydan çykyp gitdi. Gözündäki ýaşlary Gan bolup, akyp gitdi. Sarsgyn bilen urýardy Hökümdary kalbynyň. Görse beýle bolmazdy Gazylýanny gabrynyň. Artdyrmasyn neneň ol Ýüreginiň go:ryny! Ykbal gözden aýyrjak Gyzynyň didaryny. Halanyna gowuşman, Özi ýaly ýanjakdy. Kaýyl bolup kysmata, Ahyrynda sönjekdi. Ah, maňlaý, gara maňlaý, Agararsyň haçan sen? Belki gar dek bolarsyň Suw seňrikden geçensoň!" ***** -- Jigerbendim, ezizim, Baryp gaýyt ýanyna. Kaýyl bolaý kysmata, Galaýmasyn ganyňa – – Ölsem, janym eje jan, Bagtym üçin ölerin. Diri bolsam jahanda, Men şonuňky bolaryn – Baý garaşyp otyrdy Gelerne Aýjemalyň. Gönükdirip her ýana Dürli pikir-hyýalyn. Gapy ýuwaş açyldy, Girdi gyz edep bilen. Dalamakçy atasy Şerebeli gep bilen. Agyr kysmat sebäpli Kalba siňen dert bilen, Ýören gyzy aglatjak Şerebeli gep bilen. Birehim nebisden Tekge berlen gop bilen, Gyza naýza urmakçy Şerebeli gep bilen. – Haramzada geldiňmi, Otur, hany, şu ýerde. Aýyt, kimler bolup ýör Saňa görüm-görelde – At-a näme diýmeli? Aýtmalymy hemmesin? Gelip baýyň gahary, Beräýmezmi temmisin?! Näm bolsa şol bolsuna Urmalymy ýa bagty? Gitmelimi Aýjemal Dünýeden juwan wagty? Diýse ýigde "gaçaly", Tyýkyramaz, elbetde. Emma, kesel enesi Kösenmezmi ezýetde? Atam ony silterläp, Janyny alaýmazmy? Görgüli biçäräniň Ganyna galaýmazmy? "Neneň-niçik bolsa-da Bagtdakyny göreýin. Gaçyp bolmaz kysmatdan, Niýetimde duraýyn" Gaharlanyp Atan baý Bakdy oň görejine. – Sylamany ataňy Gidip ýörmiñ kejine – Iki juwan söýgisi Güýçlidi hemme zatdan. Şonuň üçin şeý diýdi: Gyz çekinmän haýbatdan. – Tanaýaň Muhammedi, Meret aganyň ogly. Belki, Hudaý ýazandyr, Ykbalym şoňa bagly – – Kes sesiñi bedasyl, Gepleme mundan artyk. Soguraryn diliñi Şu ellem bilen dartyp. Hudaý-a däl, meň ýazan Bagtym bilen oňarsyň. "Ere" diýsem erärsiň, "Doň" diýsemem doňarsyň – – Duzuň bolup eremen, Buzuň bolup doňmaryn. Eger ýazgyt bar bolsa Şol ýigitden dönmerin – Atan baý sogrup aldy Gapdalyndan pyçagyn. Üstünden basyp geçdi Ortadaky saçagyň. Tutup gyzyň saçyndan, Süýredi o ýan - bu ýan. (Bu bir degişmesidi Gowgaly-ganly dünýäň) – Dur, kaka, bir sözüm bar Ölmezimiň öň ýany. Ölsem bo:run ýeriñki, Ölmesemem şoň ýary – Örän oňat bilýärdi Gyzyň häsiýetini. Indi ullanmakçy baý Hileli niýetini. Telpegini ters geýip, Bolup örän başagaý, Dikdi gözün nokada, Agyr oýa düşen baý. Birden gyza bakdy-da, Diýdi: – Geçir günämi. Gyzym, indi aňşardym Sogap bilen günäni. Düşünmäni hiç zada, Akmaklyk edipdirin. Şer gylykly şeýtanyň Ugruna gidipdirin. Nähak degip göwnüňe, Azar beren ekenim. Haýyr işiň ugruna Garşy ýören ekenim – Tüýkülikläp ogrynça, Gözlerini ölledi. Mukaddes ata bolup, Perzendini aldady. Sada, emma ýürekli, Eziz türkmen gyzynyñ Ýüzi ýagtylyp gitdi, Nury artyp gözüniň. Atasyna bakdy gyz Minnetdar gözi bilen. Ýeke galdy Atan baý Içdäki sözi bilen. "Köpeltmeli baýlygy Diňe baýlyk biläni. Eli bilen kişiniň Ullanmaly hiläni. Örän seresap bolup, Tapyp oňaý-çemini, Muhammedi öldürip, Çekmeli oň gümüni. Yryp Gully ýetimi, Düşürmeli yzyna. Haýsy ata kast eder Perzendine-gyzyna?! Ýöne, ilki başda men Öldürmeli aýaly. Gyza juk-juk öwredýär, Belent tutup hyýaly. Baýyň maşgalasyna Aralaşmaly ölüm. Ine, şonda hiç zada Degmeli däl meň elim. Çöp atmaly şeýdim men Iliň görer gözüne. Şeýle hile-ýol bilen Gara ýokmaz özüme. Gije ýatman ýetimek Ýörsin awyny aňtap. Hile berjaý bolansoň, Oň işem bolar aňsat". ***** Birnäçe gün bolupdy Öldürlenne Dursunyň. (Içi milýon gowgady Geçen günleň hersiniň) Ýetim galan gözel gyz Urundy çar tarapa. Ogryn güldi Atan baý, Göýä sary alaka. "Tarpa-taýyn keselden" Diýip, aldady ili. Ony bogupdy baýyň Ganly penjeli eli. ***** Gije-gündiz ýigidiň Hyýalynda Aýjemal. Uçup barýar gözünden Owadan sahujemal. Boş dur ençe wagytlap, Pynhan duşuşuk ýeri. Möwç urýardy kalbynda Çyn söýginiň heseri. Her gün agşam şol ýere, Ýördi ol baryp-gelip. Gyzyň oturýan ýerin Togap edýärdi eglip. Çal sazagy sypalap, Syrdaş edýär özüne. Sežde edýär pürlerin Sürtüp ýaşly gözüne. ***** Serin ýassyga goýman, Başda köp pikir oýlap, Gezip ýördi Muhammet Derdiň astynda gaýlap. Niçik ykbal taparka Dertli ýigdiň dermanyn? Agyr zaman çykarýar Perman üste permanyn. Aýrylanok ýürekden, Salan ody armanyñ. Ýowuz nebis çykarýar Perman üste permanyn. Bütün süňňüň titreýär, Synlap dursaň her ýanyň. Ganly eller çykarýar, Perman üste permanyn. Ýazylandyr maňlaýa, Agyr günleň jepasy. Haçan hasyl bolarka Süýji günleň sapasy? Gaýgy-gamly Muhammet Oýlanýar yzyn kesmän. Döwür gidip barýardy Sesine gulak asman. "Satyp ýeke goýnumy, Oňa sowgat alaýyn. Ölüm dertli gözeliñ Gamly göwnün awlaýyn. Tapylard-a toýa-da, Oýlamaýyn soňuny. Şu gün gala gideýin, Atyrmany daňymy. Garyp çatma Aýjemal Gadam basan badyna, Turup gider ejem jan, Kesel düşmän ýadyna" ***** Aralygy, ine-de, Oba bilen bazaryň. Otyr ýeri gujaklap Tokaýlygy sazagy Alaň-alaň gumlar bar, Göýä örküji düýäň. Düşen ýaly bu ýere Tokaý bölegi dünýäň. Barýar, ine, Muhammet Şu tokaýy aralap. Şat duýgydan eser ýok, Barýar ýürek paralap. Ýylpyldaşýar ýyldyzlar, Garaňkylyk, gijelik. Serindäki pikirden, Gidip barýar güýç alyp. Dünýä hakda oýlanýar, Hem durmuş barasynda. Süýji arzuwa çümýär Pikirleň arasynda. "Aýjemala öýlenip, Öý-işikli bolaryn. Şeýle ajap gözeliň Gujagyna dolaryn. Erte bilen saçyny Özüm darap bererin. Şeýdip gözel bagtymyň Hyzmatynda duraryn. Gulpaklyja bir çaga Böküp dursa elinde"... Birden dünýä gapyşdy, Ysgyny ýok bilinde. Agyp gaýtdy eşekden, Düşdi goýnam üstüne. Göreç göreje ildi: Çykan adam kastyna. "Gully dogan, senmidiñ, Senmidiñ Gully dosdum. Ikimizem bir garyp, Barmydy mende kastyň?" Mejaly ýok diliniň, Sözler ýürekde galdy. Aşak gaçdy eňegi, Ýokluk goýnuna doldy. Gaýdyberdi talaban Gömüp ýigdiň meýdini. Oňa agyr duýuldy Ädip barýan ädimi. Senden, eý, zalym dünýä, Baş çykaryp bolanok! Jebir bilen jepalaň Öňi-ardy gelenok. Diňe baýlyk zerarly Garybyň güler ýüzi, Gül dek solup, ýumulman Gitdi arzuwly gözi. Gyzyl gana boýalyp, Gyzyl don geýen zemin, Haçan ýeter garyba, Ýaşamak erkin-emin! Adalatdan terezi, Hakykatdan çanak ýok. Pukaranyň arkasyn Ýelpäp duran ganat ýok. Garyplaň gamly ýüzün Açyp duran kamat ýok. Mahlasy, her işinde, Şowluk berýän amat ýok. ***** Gelip ýetdi talaban, Gün guşluga galanda. Garşylady baý ony Gujak açyp dalanda. Diýdi: – Awuň oňdymy – Syrtardyp ol dişini. Gully: – Hawa diýdi-de, Agras silkdi başyny. Elin degrip çalaja, Onuň ýyrtyk donyna, Kikirdedi Atan baý: – Ertir gel meň ýanyma. Wada eden goýnumyň Berjek saňa hemmesin. Bile çöle gideris, Aýdanymy diňleseň. Saýlap halan goýnuňy, Oňa bellik edersiň. Bolar gapyň dowarly, Myradyňa ýetersiň. Söz berişim mysaly, Ak öý tutup üstüňe, Seni eýe ederin Çölüň belent-pessine. Aýjemaly bagş edip, Nikaňyzy gyýaryn. Görüp ogul ornunda, "Oglum" diýip söýerin. Ölsem meňem döwletim Geçer seniň erkiňe. Beýle "aşyk alçysy" Nesip etmez her kime. "Ýetimegiň" ýerine, Adyň Gully baý bolar. Döwlet gonsa başyňa, Aýdýan sözüň jaý bolar. Iki egniň bezärin, Zerli hywa don bilen. Gören saňa baş eger, Yhlas bilen, jan bilen. Häzir bar-da, külbäňde, Iýip-içip ýatyber. Gündüz alyp dynjyňy, Gije uka batyber. Talaban däl indi sen, Boluber otagyňda. Ertir ýola düşeris, Gün çäş galan çagynda. ***** Baýyň aýdan sözleri Gulla täsir etmedi. Ümmülmez oý-alada, Oň başyndan gitmedi. Nähak gana el bulap, Adamlygyn ýitirdi. Ýaşamaly bir ömri Ahyryna ýetirdi. Bir adam oň elinden Gara ýer guçup ýatyr! Gyrmyzy a:l. ganyny Töweregne saçyp ýatyr! Bir adam oň elinden Gözlerin açyp ýatyr. Ölümiň awy-zährin, Binobat içip ýatyr. Üstüne suw sepilen Köz kimin öçüp ýatyr. Bir adam oň elinden Dünýäden geçip ýatyr. Ýatyr Gully talaban, Külbede gözün ýumman. Serindäki pikirler, Göýä, bir giden umman. Ýaşa ezlen kirpikler Bir-birinden daşdady. Ýowuz işi-ganhorlyk, Gözlerinde "keşdedi". ****** Ýarygije serpildi Külbäň köne kilimi. Süýşüp geldi duýdurman, Talabanyň ölümi. Pişik girendir öýdüp, Oňa bakmady Gully. Batly urgy şo mahal Gursagyndan uruldy. Atan baýyň şekili Gözlerine göründi. Ýowuz tygyň zarbyndan, Ýürek iki bölündi. ***** Bagty ýatan gözeliň Ýaşdy gara gözleri. Biri ýüzlense oňly Çykanokdy sözleri. Gözgynydy oturşy, Gep-söz bilen işi ýok. Dertdi öýüň çar ýany, Bu dünýäde hoşy ýok. Gurak däldi kirpigi, Mydam öllenip durdy. Gara gözleň gabagy Çişip, ýellenip durdy. Daralmadyk saçlary, Düşüp durdy gerdene. Gam-gussaly göreçler Bir nokatda dur, ine! Ilki enäň, ondan soň Aşygynyň didary, Gaýyp boldy gözünden, Yok indi oň mydary. Bu jahanda gyz üçin, Hiç gymmatlyk galmady. Ýaşaýyşyň lezzeti Gözlerine ilmedi. Indi näme etmeli? Sorag indi başyna. Oňa jogap agtardy, Garap degre-daşyna. Indi näme etmeli? Gaýtalanýar bu serde. Bir çykalga tapmaly, Saglyk bolsa egerde. Indi näme etmeli? Köp gezek gaýtalanýar. Göýä, agyr degirmen Kellesinde aýlanýar. Hiç bir alaç tapylman, Nä umytlyk döredi. Sämäp duran kellesin Ahmyr bilen yrady. "Indi meňem dünýäden, Diri ölüp gidenim. Enşa Alla men siziň Yzyňyzdan ýeterin. Söwer ýarym, jan ejem, Atam berjek halanna. Şeýle bolýan ekeni Ahyrzaman bolanda. Emma weli, ezizlem, Başa barmaz islegi. Ýatar indi öňünde Öz gyzynyň maslygy". Ene gitdi, ýar gitdi Gözün açyp jahandan. Ýalňyz galdy Aýjemal, Dişin döküp dahandan. ***** Öňki gelen sawçylar Gatnap durdy zygyrdap. Olar baýyň sözüne, Amal edýärdi her bap. Geldi olar bu günem, Horazlar gygyranda. Şagallar uwwuldaşyp, Baýguşlar sygyranda. Bezenip hem beslenip, Aljak ýigdem gelipdir. Gözlerinde gülki bar, Dünýäň keýpin bilipdir. Ine, edil şo zaman Alyp ýagly esgini, Gözel juwan barýady, Daşa çykyp gös-göni. Az mahaldan ýalyn ot Dökmelidi al ganyn. Emma, ony tutdy baý, Işiginde eýwanyň. – Nirä barýaň bedasyl, Näme eliňdäki señ? Doňuzdan önen doňuz, Haramzada häki sen! Görýämiň, şol ýigide Bagtyň çatmaly borsuň. Ataň aýdanny edip, Bile gitmeli borsuň! Ýogsam, ynha, görýämiň Şu ak saply pyçagy. Iner seniň başyňa Ölümiň iň goçagy – Baý bu sözi aýdanda Şeýle diýip oýlandy: "Gyzymyň howalasy, Bady gaýdandyr indi". Iki başyn deňlän gyz, Däl-di baýyň çakyça. (Häsiýeti-gylygy Belli eýýam okyja). – Men özümiň ganymy, Şoňky bilen garmaryn. Ýarylsaňam, ölseňem, Men-ä şoňa barmaryn. Kalby ýara naçary Basdylar at öňüne. Ony äpet aždarha Dartyp barýar demine. Esgi dykyp agzyna, Sesini sem etdiler. Göýä, daňlyp urlan it, Agladyp eňretdiler. Gulaç boýy gara saç Ýeri sübseläp barýar. At üstünde nowjuwan Gözel seňseläp barýar. Dükürdisi toýnaklaň Bäsdeş gyzyň kalbyna. Göni alyp barýarlar, Aýjemaly "gabryna". Ýagtylygyň buşlugy – Dogupdy daň ýyldyzy. ( Ony gören duýýardy, Gelejekgi gündizi ). Esli wagt sürdiler Çägelikde yz goýup. Atlaryň her ädimi Gyz kalbyna duz guýup. Öňe sary barýardy Böwet bary duýulman. Saýlanmaly obadan, Günüň nury ýaýylman. Muhammediň näbelli Mazarynyň deñinde, Büdräp gitdi bedew at, Başyny silkeninde. Baý oglynyň göwresi Düşdi gyzyň üstüne. Gaýgy oňa öz jany, Seredenok astyna. Döwüldi mes ýigidiň, Goşaryndan sag eli. Gursagy gapyşan gyzyň Sallandy näzik dili. Ýer astynda Muhammet, Ýer üstünde Aýjemal, Baky ýumdy gözlerin Görgüli sahujemal. Yşkyň iki bendesi Biri-birin düýnedi. Muny bedewden özge, Janly-jandar duýmady. Bir garyş ene toprak Aşyklaryň arasy. Şeýdip wysala ýetdi, Iki ýürek parasy. ***** Dünýä ýüzi garaňky, Garaňkylyk-garalyk. Ejizleriň maňlaýy Ýörmelimi garalyp?! Gözi ýaşly garyplaň, Ýer kertmeýär sözleri. Ýetmän arzuw-niýete, Açyk gidýär gözleri. Islegleri kül bolup, Sowrulýar ýel-şemala. Magsat bilen myrady Aşaýanok amala. Iki aşyk göwresi, Hol-ha, ýatyr süýnüşip. Bagt gelenok olaryň Ykbalyna ilişip. Ene toprak, ene ýer Bir silkinip oýansa! Adamzadyň arkasy, Ýeke şoňa daýansa! Haýyr polatdan önüp, Şer sütüni port bolsa! Garyp göwnüň yzasy – Baý kalbyna dert bolsa! Şonda älem düzelip, Parahatlyk bolardy! Garyplar dünýäsinde Rahatlyk bolardy! ...Hyjuw bilen daň ýyldyz, Parlap galdy asmana. Ýolun dowam etdirdi Ak güni gyssamana. Tamam. 1983 ýyl. Şyhmyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |