15:20 Derweze / hekaýa | |
DERWEZE
Hekaýalar
…Tyrk, tyrk, tyrk… Onuň duran ýeri derwezäniň öňüdi. Kimdir biri-de iç ýüzünden derwezäni assaja kakýardy. Ol geň galdy. Derweze diýleni daş ýüzünden kakylmaly dälmi, nä?! Ony asyl, iç ýüzündenem kakmak boljak oguşýan… …Tyrk, tyrk, tyrk… Bu täsin tyrkyldy ýüregedüşgünç üznüksizlik bilen şol gaýtalanyp durdy. Ol näme etjegini bilmän töweregine garanjaklady. Emma bu tyrkyldynyň sebäbini sorap-idäp, anygyna ýetäýer ýaly çar ýanynda ynsdan-jynsdan hiç kes ýokdy. Birsalym näme etjegini bilmän sermisal halda durandan soňra, tükeniksiz tyrkyldy ony halys irizdi. Ol näme bolsa şol bolsuna salyp, derwezäni açmak üçin oňa tarap öwrüldi. Emma onuň daş ýüzünde hiç hili tutawaç-beýleki ýokdy. Özi-de beýle derwezeleri indi bu zamanda ýasamaýardylar. Ýasaýan bolaýanlarynda-da derweze bu jelegaýyň ussasynyň işi däl bolara çemeli. Munuň ýaly derwezeler birmahallar, ol ýetginjek döwri, il-gün ýaňybir uruşdan soňky tozgunçylykdan saplanyp, endamyna ýagjagaz toplap, gara bokurdakdan başga-da käbir zatlaryň pikirini etmäge maý tapyp ugranda, özüne göwni ýetýän barjamlylaryň arasynda ýörgünli bolupdy. Berk agaçdan, ýüzüne nagyş bary oýulan, reňksiz suwuklykdanam mazaly doýrulan, agyr, mäkäm derwezedi. “Içine açylýan bolaýmasyn” diýen pikir bilen ol, egnini diredi-de, derwezäni itip ugrady. Emma her näçe dyzasa-da derweze mizemedi hem. Muňa onuň ikinji zannyna öwrülen ganygyzmalygy gozgady. -Ýeri-how, myndanam bir oýun bolarmy, öýüköwen wadyr-wudur diýmäýin diýsem?! Hany, açmyýaňyzmy munyny? Ýa açmyjak bolýandan bolsaňyzam däninim, takyr-tukuryňyzy bes ediň-dä, diýmäýin diýsem, öýüköwen!-diýip Kakajan aga endigine eýerip, “öýüköýen” diýende “ý” harpyny “w” harpy bilen çalşyryp, käýindi. Onuň “wadyr-wudur” diýdigi, iň aňrybaşy käýindigidi. Birmahallar, heniz degenek jahyl döwürleri, çölde çolukçylyga ýaňy başlanda, tümüň doňup galan deňiz gomlaryna çalym edýän depeleriniň arasynda nämedir bir zatlar agtaryp ýören, iki sany özge milletli geologyň sözüniň azaşyp, ene dillerinde sögüşişleriniň haýrany-serasyma tomaşaçysy bolmak nesibesinde bar eken. Şonda-da ol, jetleşýänleriň, arasyna maý salman, öz gulagyna üznüksiz bir düşnüksiz wadyr-wudur bolup eşidilýän, gunt ýaly, gunt ýaly agyr gepleri yzba-yz suňşuryşlaryna agzyny öweldip durşuna: “baý-bu-u-uw, asyl agzyň bilen beýtseň eýdibem bolýan eken-u-uw” diýip, juda geň galypdy. Şondan bäri-de ol, öte gaharlanyberse, çagalykdan gulagynda galan, eýýäm 60-70 ýyl bäri, sebäp bolsa-bolmasa, her jümlesiniň yzyna çatyp, gaýtalap ýören “öýüköwen” diýen sözüniň yzyna “wadyr-wudury-da” tirkäp goýberýärdi. Şeýtse gojanyň göwnüne bolmasa, dem salymda göwün deňzini elesledip ugraýan gahar gaýy köşeşýän ýaly bolýardy. Häzirem şeýle boldy. Ol hemişekisi dek, gysym ýarty därä ot düşen dek, bir “gümp” etdi-de, dessine-de söndi. Onuň pikir akymy ýene-de asudalyk hanasyna düşdi. “Eger-de bi öýüköwen däninim, diňe içinden açylýandan bolýan bolsa, özümiz ýalakylaryň heläk bolup ýörübermezligi üçin, munuňam ýüzünden, bi öýüköwen Gotur permäniň ogly Lallygyň, öz gädigindäki hususy dükanyndan asan: “Hiç kime kazyryna zat beremmok! Hiç kimden ýüz göremmok! Nesge nöw!” diýen ýazgysy ýaly bir zat asmaly ekenler-dä, öýüköwen diýmäýin diýsem!” diýip oýlandy. Dessine-de onuň pikiri başga ugra gönükdi. “Ýogsa-da ol orta mekdebiň bassyr on ýylynda birlik bilen ikiligiň arasynda hallan atyp geçen peläket öýüköweniň, “kazyr” diýeni-hä, meniň çak urşuma görä, “karz” bolýar, “nesge” diýeni-de “nesýe”, ýöne bu “nöw” diýeni nämäni aňladýarka?” Birdenem ikinji synpa ýaňy geçen çowlugynyň bir-iki günlükde, ilkinji gezek şol ýazgyny okap gaharlananda, bu sowalyna beren jogaby güpbe ýadyna düşdi. “Hä, dogry-dogry, ýeserjäm aýtmyşlaýyn, “nöw” diýmek, iňlisçe “ýok” diýmek bolmaly. Ol eneden dogma doňuz bolup doglan, dürtme däl-de, guýma doňuz, öýüköwen wadyr-wudur diýmäýin diýsem, “nesýe ýok” diýen bolup ýazyp, ýene-de bir gezek özüniň doňuzlygyny görkezjek bolýandyr. Haý, günüňize ýanaýyn! Gel-gel indi, Gotur permäniň nesli ile-güne karz bermeýänden bolup, çişip ýarylybilmän, özüni sereşlän bolup ýörse! Ýeri, senden nesýe haryt diläp, omadakgetdan aşyp ýatan barmy diýsene, bi ýanda! Onuň pikiri ýene-de başga ugra bökdi. “Haý, ýogsa-da şu ýeserjämem ýeser-ow ýeser! Meniň çak urşuma görä, tüýs men-how şol!” diýip Kakajan aga çowluklarynyň arasynda iň ezizleýäni barada süýji oýlandy. Hö gün näme diýen bolýar-a, ol, bezzatlyk görse gözjagazlary jüýjebirýän ýeserjäm, bütüki neme diýen bolýar, “Ata, bi sen mydama “wadyr-wudur” diýip käýinýäň welin, o diýdigiň näme diýdigiň bolýar?” diýip soran bolýar. Päheý-de welinim, diýmäýin diýsem, ýeri, indi, şol zatlary bilmek, saňa galypdyrmy diýsene, ötüki häki! Kän bir edýän zadym däldir welin, garagollugyň baýdagy ýaly şemal tursa ýelpenip duran gulajygynyň uçjagazyndan çalaragyň yz ýanyndaky gatyrajyk bilen çekiberip goýberdim. Yzyndanam käýindim: “Heý, garry ataňdanam şonuň ýaly aýyp zatlaryň many-maňzyny sorarlarmy?!” diýip. Soň-a dogrusy, gynandymam-la, birtüýsli! Ýeri, mön çagada nä günä bar diýsene! Dagam öz iki sözüň biri şo zat bolsa “o näme” diýip sorar-da. Aý-how, ýöne dogrusy, bi zamanyň bezzatlaryna dözümliň bäri ýanynda darap goýbermek, beýlebir zelelem ýetirmese gerek diýip çak edýämikäm diýýän, men-ä asyl! Ýogsa olar öte köpbilmiş, indi. Şü telewiziri dagam, men şu ýaşyma ýetip, öňjüginde dikilgazyk ýatyp, çorba baryny sowatsam-da, heniz-henizlerem düzüwli söndürip-otlap bilemok welin, bular o zadyny, nämedir-ä ol öýüköweniň ady… hä pultuny! Pultuny ellerine alşan bolup, gomalyp, ony ýatan ýerlerinden küştdepdi oýnadyp otyrlar-aýt, hakyýt! Ö gün dagy, ö gün, maňa näme diýen bolýar-a, ol ýeserjäm! Ata-how, diýýä, sen diýýä, şü mydama öýüköýen diýeňde “ý” diýmän “w” diýip ýörsüň, mollymymyz: “dogry geplemeseňiz ulalanyňyzdan soň sakaw bolarsyňyz” diýdi diýýä! Baý, bulary, gör-ä indi! Bi ylmyň ösäýşini diýä, sen! Dyrnak ýaly çagalardan köpbilmiş ýasap bilýän bolsa, diýmek, meniň çak urşuma görä, aňyrsynda bir zatlar, bir zatlar bar bolmaly. Haý, ýöne bilmedim-ow, men-ä bilmedim! Segsen ýyla ýakyn wagtlab-a meň kepim tüzükdi welin, indi näbileli, elbetde ylym ösüberse, öňki kepleriň bary tüzükligini ýitirip çöwre bolaýýan bolaýmagam gaty ähtimal, häki. Ýa menem, “çagaň gepi hakyň sesi” diýäkgetdin, bi “öýüköwen” diýmämi bes edäge-de, “öýüköýen” diýmäge girişibersemmikäm?! Pikirleri bir-biriniň yzyna sepleşip, onuň oýlaryny ilkibaşky gözbaşyndan allaowarralara alyp baryşlaryna, Kakajan aga özüniň derwezäniň öňünde durandygyny-da unudyp, iňkise gitdi. Birsellem oýurganyp durandan soňam, çokgaja köse sakgalyny silkip, başyny göterdi. Bu onuň özüçe gutarnykly çözgüt çykardygydy. Aý, ýok, eýtmäýin! Beýtsem, il-gün näme diýer?! Käbir, öýüköwen wadyr-wudur diýmäýin diýsem, gybat tapsa aş gerekmez bilimsekler: “daşa degse çalgy uçýandyr, Kakow tüzük hem ahbetin, mydam tüzükligiňi edip ýörmän ile görä bolubermelidigine düşünipdir öýdýän, honha, gepini-sözüni üýtgedip ýör!” diýşen bolarlar. Gowusy, men ýaşymyň soňunda, mundan öňňe dogram boljak bolmaýyn, dürsem-de, öňküje tüzükligime galybereýin-le. Birdenem ýüregedüşgünç tyrkyldynyň hälden bäri arasy üzülmän gaýtalanyp durandygy Kakajan aganyň aňyna ýetdi. Özüniň derwezäniň öňünde durandygy güpbe ýadyna düşdi. Muňa birhili onuň lapykeç boldy. - Bäh, köneleriň: “adam gojaldygyça akly çaşýar” diýeni çyn boldy-ow. Bi öýüköwen diýmäýin diýsem, bizlere segsen ýyllap ykjam hyzmat eden akyl indi pensiýä çykmaly wagtynyň ymykly golaýlandygyny ýaňzydýarmy nämemi, bi ýöne meýdan towşany ýaly, gara görse, tisginip-towsup, çar ýana alakjap duran ýaly-la, häki!-diýip Kakajan aga aladaly hümürdedi. Bada-badam öz hümürdisine özi oýandy. Misli hälden bäri onuň ukusyndan oýanaryny peýläp ýatan ýaly, soňky üç-dört ýylda ýelmeşek sakyrtga dönüp, kükreginde mesgen tutan ýakymsyz üsgülewügi hem gozgady. Goja esli wagtlap üsgürinjiräp otyrdy. Şol oturşyna-da özüniň üsgülewügine gapdalyndaky otaglarda ýatan çagalarynyň, gelinleriniň hiç biriniň işiginden garap, halyndan habar almaýandyklaryna bogazyny gijedýän gyryljak öýke döredi. “Hä, pirimiziň: “ogul-gyzyň ýatça bolmaz” diýýäni şü bolaýmasa, häki!” diýip Kakajan aga garry adamlara mahsus ynjyklyk bilen pikir öwürdi. “Seretselerem, janserek bolsalar-da, näme etselerem, barybir ol pahyryň ýeri dag opurylan ýaly oýulyp dur! Barybir özi däl-dä!” diýip goja bäş-alty ýyl mundan ozal aýatdan giden başdaşy pahyry ýadyna saldy. “Özi bolan bolsa, eýýäm häli, üsgürip başlamanka: “atasy, üsgürjek bolýamykaň diýip çak edýän, çaý içäý bolmasa” diýip özüňi oýaryp, gapdalyňda, eline gyzgynjak çaýly çäýnegi alyp, desbi-dähil bolup durardy. Pahyr, öte ötedi! Özümi bilelim bäri, mydama çölde gezip ýörşüme, ýekeligi-ýalňyzlygy ymykly hemsaýa edinen bolsam-da, sessiz ýaşaýşy ýaly ogluna-gyzyna azar bolman sessiz-üýnsüz ötägitdi welin, birhili ýalňyzlyk basmarlaberdi, öýüköwen diýmäýin diýsem, häki!”. Goja başdaşy pahyr hakydasyna gelende bozuljak boldy. Muňa-da onuň girre gahary geldi. “Häý, öýüköwen wadyr-wudur diýmäýin diýsem, gör-ä muny, gerekmejek ýerde ötüşen yzaňy ýatladyp ejizletjek bolup dur, bi” diýip ol içinden öz hakydasyna käýindi. Şol pille-de otagyň işigi açyldy-da, körpe agtygynyň gelni ýaşynyp içeri girdi. Ol otag alagaraňky bolsa-da çyrany ýakmady. Gözüni ýerden götermän, eda bilen garry gaýnynyň düşeginden aýlanyp geçdi-de, elindäki çäýnegi pejiň gapdalynda goýdy. Käseleriň birine çaý guýup agdardy. Soňra sesini çykarman çykyp gitdi-de, göz açyp-ýumasy salymdanam yzyna dolandy. Elindäki mylaýym suwly kürüşgäni çäýnegiň gapdalynda goýdy. “Ýene-de gerek-ýarak zadyňyz barmy, garry atasy?!” diýýän terzde sähel salym işigiň agzynda ýaşmagyny dişläp, sägindi. Gelniň edep-ekramy, özi baradaky aladasy garrynyň kalbyna melhem bolup damdy. Özüniň çagalary, gelinleri barada ýaňky eden pikirlerine uýaldy. Müýnürgeýändigini bildirmejek bolup, elini gapdalyna uzatdy-da, ýyly suwly kürüşgäni aldy. Owurtlady. Suw bilen bilelikde onuň bogazynda dörän gyryljak öýkesi-de, müýni-de aňyrlygyna gitdi. -Hä, guzym, senem bimaza edäýdimmi? Beýdip gara gijäň içinde çaý demläp-beýleki edip, azar edinibem ýörmeli däl ekeniň-dä! Özüm turup alnardym-da, guzym! Ötägit guzym, birahat bolman ýatyber. Ylaýym owalybilen-ä seniň, galyberse-de hemmäňiziňem ömrüňiz uzak ukyňyz rahat bolsun-da, guzym! Garry gaýnynyň sözlerine gelniň monça bolany ýüzünden bildirdi. Ýaşmagyň ýokarsynda goşa ýyldyz deýin lowurdap duran alma gözler gojanyň sözlerinden soň mähir-mylakat bilen uçganaklap gitdiler. Gelin ýene-de azajyk durdy-da, baş atyp çykyp gitdi. Ýeke galandan soňra, üsgülewük zerarly ünsi sowlan goja ýene-de ýaňky gören düýşüne dolandy. “Beh, bi derweze nämäni aňladýarka? Ýa “sagat pylança nol-nolda gaýraky obanyň gapysynda garantga bolmaly” diýen pöwüsgäniň geläýdigimikä, şü? Häk, şü hakyýt şeýle bolaýmasa! Şü, iç ýüzünden tyrkyldadan bolup oturyşlary hem maňzyma batmady-la asyl, häki!” Ömürboýy yns bolsun, jyns bolsun, tapawudy ýok, hiç zatdan eýmenip gören jemende däldir welin, bu pikiri eden dessine Kakajan aganyň ini tikenekläp gitdi. “Toba, toba, daş edewersin! Entek bir soraga-idege çagyrmawersinler, häki! Elbetde bu üsgülewük bilen kynam bolýar, garrylygam basmarlaýar welin, onda-da, her näme-de bolsa, Hak Perwerdigäriň ýaradan bu giden zatlaryny ýene-de iň bolmanda bir, azyndan bäş-alty ýyljyk dagy artygrak görseň, kem ýaramaýjak ýaly, meniň çak urşuma görä!”. Şu pikiri eden dessine-de gojanyň ýüzi gyzaryp gitdi. Päheý-de welinim, diýmäýin diýsem, öýüköwen! Ýeri-how, tüzük köse, sen nire, beýdip baýtallap oturmak nire?! Urşuň yz ýanynda adam ýetmän, ýumruk ýaly gögele halyňa, kitapdan-sowatdan ellibizar geçip, çyn ejeň jana, ylaýym iman baýlygy oňa ebedilik nesip etsin, öz çagalary bilen seniň jigileriňi eklemäge tekge bolsun diýip, çöl-beýewanda, gaçgak-tezgekden, möjek-ýyrtyjydan eýmenmän, tenha özüň agyr süriniň yzynda gezmäge çekinmediň. Ýaňy nowbahara ýüzüň düşende, açlykdan ýaňa aňkasy aşyp, sürä daran gaplaňa garşy jonnuk pyçakly ýekme-ýeke çykyp ýeňeniňde, keçä goýýan ýumşak zadyň sandyramady. Aklyň goýalyşyp, eňegiňe köse sakgalyň çykyp ugranda, hol gurakçylyk ýyly, goýna gelegurt çozanda, Garagözüň bilen bilelikde ynsan tohumyndan täk özüň, agylyň ýeňse ýüzündäki ýapyda, bolanja iki okyňy-da gümpüldedeniňden soň, köne ýekenili tommaýly taýak edinip, üstüňe sürnüp gelýän, gözleri dowzah odunyň uçguny dek ýanyp duran allajylara garşy ölümiňi boýnuňa alyp örboýuňa galanyňda, jalbaryňa öl degmedi. Galhoz döwrüniň azmly-azmly baýarlaryna sürä el urdurman, olaryň: “basdyrarys, tutdurarys-gapdyrarys” diýýän hemle-haýbatynyň öňünde injigiň sandyraman, halkyň halalja malyny ençe gezek başbitin alyp çykanyňda, adam oglundan gorkmalydygy ýadyňa düşmedi! Indi gel-gel, göze görünmeýän aksaçyň öňünde uçguryňy eliňe alyp, ýumşagyňy gatadyp, titräp otyrmyň?! Haý, tüzük köse, tüzük köse! Sen-ä asyl, öýüköwen diýmäýin diýsem, ýaşyň soňunda tamany tala daňdyň-ow! Umydy händekden towusdyrdyň-ow! Karargähi dagytdyrdyň-ow! Ondan-mundan gulagyma ýetýän: “tüzük kösäni üýşendirjek ot-ýalyn, entege-bu güne çen, ynsan dogup-döräli, adam aýagy sekjek ýerinde ýakylan däldir” diýen gepi hem il-gün däl-de, seniň ýöwsel zanny-ýaşawyňa anyk göz ýetirmän ýören käbir agzyboşlar döreden bolaýmasa, meniň çak urşuma görä! Ol, saçyňa çal sepip ugranda, mal bakyp ýören zawyňda tötänden sataşan, ýaragy-esbaby üpjün yşpyýony arkasyndan bildirmän baryp, çopan taýagyň bilen ýeňsesine gonduryp alanyňda, höküwmediň beren mydaly hem saňa ýalňyşyp berlen bolmaly, häki sorap-idäp görseň! Heý, ol mydal diýlen zat ýogsa, seniň ýaly çarşemmesini-de, penşemmesini-de, galan şemmesine-de galdyrman, gerşine oklan garry zaňňar halyna, ikuçsyz ýetip gelýän öýüköwen aksaçyň öňünde ýaýaplap duran züwwetdine berlermi diýsene, asyl, öýüköwen diýmäýin diýsem! Birdenem Kakajan aganyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. “Bi, ýogsa-da bi öýüköweniň derwezesi eýläk – gaýraky oba geçilýän ötük bolsa, näme üçin meniň öňümde ne içlikgän, ne daşlykgan açylmyýaka?” Gojanyň göwnüne ýakymsyz, ýelmeşek howsala aralaşdy. “Ýa şü geçen möwritde, eýläk goýberilmez derejede çökder bir zady, özüm bilip-bilmän, ýüzugruna ediberip goýberäýdimmikäm?” Garry iňkise gitdi. “Häk, hakykatdanam bi şeýledir, ýogsa ýa içinden, ýa daşyndan maňa açardylar, ol öýüköwen diýmäýin diýsemi! Beh, men günäkär günägaby bendesi, beýdip eýlelikgän goýberilibermez ýaly näme gabahatlyk edäýdimmikäm-aýt?!” Ol çagalygyndan başlap şu gününe çenli ähli başyndan geçen zatlary, eden ýagşy-ýaman-u işlerini birme-bir göz öňüne getirip ugrady. Elbetde, adam diýlen jandaryň ählisine mahsus bolşy ýaly, onuňam ýagşysy-da boldy, girrikligini edip ýamany-da bolsa bolandyr, belki. Ýöne, şunça ýylyň dowamynda, ilden çykgynç bir zad-a etmedi. Dogry, hemişe ýekegepliligini, hakykatçyllygyny edip, dogan, dost-ýar diýmän, garyndaş-obadaş, işdeş-kärdeş diýmän, kemçiligi bolanyň hatasyny maňlaýyna patyladyp gezdi. Ony-da özgäniň ýeňsesinden gep-gybat etmän, ýüzüne diýdi. Hiç kesden “ýüz görüp gapyrga syrmady”. Şonuň üçinem synçylygy edähet edinen il-gün “Kakajan” adynyň yzyna “düzüw” lakamyny ýelmedi. Emma, bu zatlaryň hiç birisi-de ony derwezeden özi aýtmyşlaýyn “eýläk” goýbermez ýaly çökder etmiş däl… Birdenem… Kakajan aganyň ýüregi jigläp gitdi. Gözüniň öňünde alysdaky, bäş-on öýli gum obasy ýerleşen, çaklaňja oýuň salgyma çalymdaş sudury galgap gitdi. Oýuň çetinde ýalňyz özi, eýesiniň eden günäleriniň astynda maýrylyp barýan ýaly, ýegşerip oturan horaşaja oraça…Serpigini açyp içeri gireniňde-de, buz ýaly sowuk törde, sönen ojagyň başynda, egnindäki göwşüllän köýnegi, hor eginlerinden asylyp, bulam-bujar bolup, göwresi bir sykym, ýalňyz, keselbent garry otyr… Gojanyň çagalykdan öýkeli ýüregi gursagyny ýiti sanjydan doldurdy. Ökünçmi, ahmyrmy, gynançmy… nähilidir birhili ajy hem gussaly duýgularyň dürüşdesinden gatylyp-garylyp emele gelen düşnüksiz alas-gopaslyk garrynyň kükreginde ynjyly gyzgynlygy emele getirdi. “Oňa eje diýmäge-de diliň ysmaýar, birhili! Dünýä inderen şol bolsa-da, uruş döwri kakamyzyň patasy alnandan soňra, iň kiçimiziň daşyna ýassyk aýlap, kimdir bir bigänäniň yzyna düşüp, taşlap gidenden soň, “eje” diýseň agzyň gyşaraýjak ýaly bolup dur, asyl! Hasam, edil özi ýaly ýeke galan halyna, kakamyň uruşda diri ýitig bolan inisiniň gelni – çyn ejem jan pahyryň, ylaýym jenneti ruhy aby-zemzemiň çeşminde müdimi agaýana ýaýnap gezsin, ezizimiň, öz çagalary bilen meniň jigilerimi bilelikde, jemi alty baş çagany, her haýsyna günde, galhozyň gara işinde bilini üzere getirip gazanan bir käse bulamagyny berip, özem bizden soň käseleri ýalap doýup, ulaldany ýadyňa düşende, eger-walla, diliň barmaýar…”. Çagalygy ýadyna düşende Kakajan aganyň kalbynda, üstünden segsen ýyl-a beýle-de dursun, ömürlere garyşyp asyr ýarym geçse-de könelmejek kinesi gozgandy. Ýöne derweze ýadyna düşende goja bu kinesini haýdan-haý köňlünden kowmaga dyrjaşdy. Şol bir wagtda-da dünýä inderen ejesini özüniň idemändigini aklamak üçin delil agtardy. Emma… Tapmady. Onuň göwnünde pyşyrdy bolup eşidilip başlan “Geçirimlilik hany?” diýen sowala jogap berere ýagdaýy ýokdy. Kakajan aga gyssandy: -Men onuň yzyndan bardym ahyry!-diýip daşyndan hümürdäp, ynsabynyň öňünde özüni aklamaga çalyşdy. “Bardyň-da gaýtdyň. Hemmeler tarapyndan zyňlandygyny, töwereginde idi-yssywat etmäge adam-gara ýokdugyny görübem öýüňe alyp gaýtmadyň. Gaýta ynjaldyň. “Şeýtdiň dälmi, şeýle-de bolarsyň” diýip horaşaja oraçasyndan çykyp barşyňa janagyryly oýlandyň” diýip gojanyň kalbyndaky pyşyrdy oňa gaçara-sypara maý bermedi. Kakajan aganyň öz-özüne gahary geldi. “Howwa, onsoň! Howwa, şeýle oýlandym! Howwa, indi! Howwa, indi meni nätjek? Dogram-dogram edip, iýjekmi? Hany, aýt bakaly, walla kessin, meniň ýerime bolan bolsaň, sen, tüzük köse, özüň näme ederdiň?!” diýip goja ýüz görmezek ynsabynyň üstüne herrelip oýlandy. Kalbyndaky pyşyrdy onuň gazabyny piňine-de almady. “Hakykatdan-da Allatagalanyň bendesi boljak bolsaň, ony öýüňe alyp gaýtmalydyň”. “Il-gün näme diýerdi, çyn ejem jan muňa nähili garardy?!” “Düşünerdiler”. Kakajan aganyň lapykeç boldy. Ol düýşünde gören derwezesiniň öz öňünde hakykatdan hem dünýä inderen ejesiniň günäsini bagyşlamandygy, onuň bilen razylaşmandygy üçin açylmaýandygyna ynandy. Ol keýpsiz halda, “hyk-çoklap” ýerinden turdy-da: -Açylmasa tersinde açylsyn! Size derkar bolmasa, biz-ä asylam geregi ýok şonuň! Äkitmeseňiz gezibereris, häki, öýüköwen wadyr-wudur diýmäýin diýsem!-diýip burnuna salyp hüňürdedi-de, donuny ýelbegeý atynyp daş çykdy. Arassa howa onuň serini durlady. Ol birsellem howluda gezmeländen soňra üşäp ugrady. Emma goja öýe girmedi, donuny geýdi-de, gezmelemegini dowam etdi. Ýene-de biraz aýlanandan soňra, köçä çykmak üçin derwezäniň öňüne bardy. Derwezäni açmak barada oýlanan dessine-de, ýaňky düýşi ýadyna düşdi. Ýene-de kalbynda ýaňky pyşyrdy emele geldi. “Ine şonuň üçinem derweze seniň öňüňde açylmaýar! Ynsan bagyşlamagy başarýandygy üçin ynsandyr! Ynsan bagyşlaýany bilen ynsandyr. Ony galan ähli mahlukyýetden tapawutlandyrýan zat hem şoldur. Bu dünýäde-de, o dünýäde-de bagyşlaýanyň öz terezisi bardyr, bagyşlanýanyňam özüniňki. Bagyşlamaýanyň bolsa terezisi ýokdur. Bu onuň terezä mündürere-de zadynyň ýokdugy sebäplidir”. Kakajan aga birsalym böwrüne diň salyp durdy-durdy-da, ahbetinem öz-özüne: “ýeri, indi boljak iş bolup, ol görgüsi ýaman gara ýere duwlanandan soň öküneniňden, gynananyňdan ne peýda, barybir indi yrzalaşara, bagyşlaşara adam ýok” diýýän ýaly, umytsyz halda donunyň syýyny silkip, yzyna gaýtdy. Mellegiň aýagujuna ýöräp barýarka-da, ýene-de gözüniň öňünde sowuk öýüň töründe çugutdyryp oturan ýalňyz göwre janlandy. Gojanyň bokurdagy doldy. “Äý hawa-da, “bu dünýe hasaplaşyk dünýesi” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Daş gulakdan eşidişime görä, görgüsi ýamanyň soňky baranyndan önelgesem bolmandyr-da, ýogsa beýle har ýagdaýa düşmese düşmezdem welin, diýmäýin diýsem… Öte müýnürgedi hem, görgüsi ýaman, diýmäýin diýsem! Hor ýagdaýdadygyny, il-günüň artan-süýşeniniň hasabyna mydar edýändigini eşidip, “onuň bilen deň bolmaýyn” diýen pikirde, bir baggoýny soýup, pudarlap-duzlap, halta salyp, eşegiň syrtyna bökderdim-de gaýdyberdim ýanyna… Dogrusy elliligi büs-bütewiligine ýaňy bir ýeňsä oklap, ilkinji agtyklara gözüm düşüp ýören wagtlarydy şo mahallar… Onda-da adam pahyr näçe ýaşasa-da, zyňlyp gidilse-de, elbetde, özüni dünýä indereniň keşbini bir görmegi küýseýändir-dä… elbetde… Onsoňam öz jigilerim dogrusy, ony bilmeseler bilýänem däldirler, häzirki güne çenem, ýatan ýeri ýagty bolsun, hem Hak söýen, hem Haky söýen bendäni – çyn ejemiz pahyry, dünýä inderen enemizdir öýdüp ýören bolmaklary-da ähtimal, häki! Men öýüköwen welin, diýmäýin diýsem, ol wagt olara görä biraz aga-gara düşünýärdim-dä, çyn ejem görgüliniň, iki dünýäsi-de abat bolsun ezizimiň, gelnejemdigini azda-kän-de bilýärdim-dä o mahallar, men öýüköwen diýmäýin diýsem… Anyk huşumd-a däl welin, azyndan üç-dört gün-ä tüketmän agladymmykam diýýän, ol görgüsi ýaman aýtman-diýmän, hiç kese bildirmän, biriniň yzyna düşüp, bizleri taşlap gidende… Ýöne meni diňdirip bilmän, bizi-de, öz çagalaryny-da daşyna üýşürip çyn ejem janyň, ylahym o dünýe bu dünýe üstüne ýagýan alkyş çeşmesi gurymasyn, mähribanymyň, özüm bilen bile aglaýany-ha owalda-ahyrda hakydamdan gitmez… Ýöne şonda-da saç-sakgalym agarsa-da gursagyma diýenimi etdirip bilmän, hiç kime duýdurman, hatda zady gizleýän däldirin welin, şo mahallar mazalyja garraberen çyn ejem jana-da sepimi bildirmän, gaýtdym-da şonda, şony görmäge…” Kakajan aga mellegiň aýagujunda mal ýatagyň öňünde durdy-da, üsgürinjiredi. Gojany tanan goýunlar güsürre galdylar-da, ol özlerine iým bermekçi bolýandyr öýdüp, nowanyň öňüne üýşdiler. Emma Kakajan aga olara üns bermän ýene-de ýaňky oýlanmalarynyň yzyny dowam etdirdi. “Bärden salam berip girdim. Äleýiksalam aldy. Birdenem dodaklaryny-da, körmüş gözlerini-de jebis ýumdy-da, başatgyjy bilen ýüzüni ýapyp, geplemän tersine dönäýdi… Elbetde dessine tanandyr-da, görgüsi ýaman! Ýüzüme seredere-de ýagdaý ýokdur-da, elbetde… Ýogsa gyjyt bolsun, gyjalat bolsun diýib-ä barmandym men, öýüköwen diýmäýin diýsem, o mahal… Şondan soň kelam agyz gepleşmedik. Dymdyk oturdyk, biz öýüköwenler diýmäýin diýsem… Ýeri, şo mahal, iň bolmanda kiçi dilden bärde-de bolsa: “yrza bol, biz-ä yrzadyrys” diýäýseň, germesatan edip ata süýredýärlermi diýsene seni, diýmäýin diýsem… Emma agaç ýuwdan ýaly dymdym oturdym, diýmäýin diýsem… Dogrusy oturybam wejim bolmady… Işigiň agzynda birsellem keçäni dyrmaladym-dyrmaladym-da soňam: “Bolýar onda, sag oturyň!” diýip ýeňsämi tüňňerdip, çykdym-da gaýtdym… Hol garagörnüm saýlanyp, yzyma bir garanymda-da işiginiň agzynda yzymdan seredip durandygyny gördüm… Şonda-da şeýle bolmagyny göwnüm isledimi ýa hakykatdan hem şeýtdimi, bilemok, birhili yzymdan delminip, ellerini uzadyp galan ýaly boldy… Tasdanam, birmahal gaýyp bolan şol öňki oglanjyga öwrülip, bagyryp yzyma ylgamak üçin eşekden özümi dikligine oklaýardym… Hernä, Hudaý diýen ýerim bar ekeni, hakydam masgara bolmaga maý bermedi. Jylawymdan çekip, südenekledip öňüne salyp alyp gaýtdy men, öýüköweni diýmäýin diýsem, häki!... Didarlaşyşym hem şol boldy, görşüşümem… Daban astynyň tozy ýüzüm üste togaby – çyn ejem janyň ýylyny geçirip, aşyny-suwuny berenimden soňam, ol görgüsi ýamanyň kazasy doldy habary geldi. Tenha özüm baryp, aýak üstünden aýat-töwir edip gaýtdym. Özümiňkilerden hiç haýsyny hem alyp gitmedim… Belki çökder günä bolsa bolandyram welin, halys göwnüm: “çyn ejem janyň ruhy ynjamasyn” diýip aýak depdi durdy-da…”. Gojanyň ýene-de üsgülewügi tutup başlady. Ol üsgürip durşuna ýeňsesinden körpe agtyk gelniniň çowlugynyň elinden tutup gelenini hem duýman galdy. Ukuly gözlerini owkalaşdyryp duran tokarja oglanjyk ejesiniň gulagyna pyşyrdan sözlerini gaýtalady: -Ata-how, ejem: “näme bolýar, belki lukman çagyrmalydyr” diýip soraýar. Goja özüne zor salyp üsgülewüginiň arasyny kesdi-de, gelni bilen çowlugyna garşy öwrüldi: -Häk guzym, bu ýeserjämi-de turzaýdyňmy? Beýtmeli däl ahyry muny, sered-ä bu ukudan açylybilmän dur! Ýatybermeli ahyry, häki, beýdip ýörmän, balalarym! Ukudan açylan oglanjyk elini ejesiniň elinden sypdyrdy-da, atasyna gysmyljyrady: -Şeý diýsene-how ata, menem ejeme: “ýatyber, häzir atama ukusyny özüm gözleşeýin” diýsem, “ýeke özüň garaňkyda gorkaýma, ýoldaş bolaýyn” diýen bolup, özi ýanym bilen gaýtdy-da!-diýip ol agzyny dolduryp apaň-apaň gepledi. Kakajan aga bezzadyň uly gepine tüňçe gaýnaýan ýaly ýykyr-ýykyr güldi. Gülkiniň arasynda-da: -A-how, tüzük köse, bu “uky gözleşmek” gepini nireden tapyp ýörsüň?-diýip gözüniň ýaşyny süpürip durşuna çowlugyna sowal berdi. -Aý, kakamdar-aý! Arada: “garry atam näme üçin gijelerine ýatman, mellekde aýlanjyrap ýör-äý?” diýip sorasam: “öňräk ukusyny kisesinden gaçyryp ýitiripdir, şony gözleýär” diýen bolýar, şondan diýdim-dä… Goja gülümsiredi-de agtyk gelnine bakyp: -Häýt, şü kakam hem käte-käte özüm ýok ýerinde bizlere-de degsinen bolup, az-maz gatyrak gidäýýän ýalymy, guzym?! Şuňa-da arasynda bir haý-küş diýäýmesek bolmaýjak ýaly, meniň çak urşuma görä!-diýip çowlugy bilen bir hörpden gopmak üçin, kakasynyň ady dakylan körpe agtygyna mähirli käýinjirän boldy. Mal ýatagyň öňünde ýanyp duran çyranyň ýagtysyna gelniň gözleriniň gülümjireýändigi göründi. Garry atasynyň gürrüňine bezzadyň guşy uçdy: -Şeýtsene-how, ata! Ýogsa bar-a, ho gün maňa näme diýen bolýar-a, ol! Ýene-de diýen bolýar, “ejeň bilen şäherdäki dükana gidip, saňa güýmener ýaly bir oglan jigi satyn alyp gelmesek boljak däl, ýogsa seniň ýaltalygyň çykypdyr, atama baýrynyp hiç iş etmeýärsiň öýde” diýen bolýar. Ýogsa öňem-ä öňki getirileniň jägildisinden ýaňy dynyp, gijelerine arkaýyn ýatyp başladyk welin…Onnoňam, bäbek almaly bols-a pul tapýar, maňa täze tigir almaly bolsa-da: “mend-ä ýok, git-de atamdan sora” diýen bolýar… Garagoluň gürrüňine ejesiniň maňlaýy gülgüne öwsüp gitdi. Ol ýaşmagyny dişledi-de, bezzadyň ýeňinden çekiberip goýberdi. Garrynyň bolsa bezzadyň gürrüňi içine düşdi. Ol heziller edip gülüp durşuna, özüne gysmyljyraýan çowlugyny goraglady: -Haý-haý guzym, bu tüzük kösä, gaty degsiniberme, häki! Özi etjek bolup etmeýär-ä bi, munuň ganynda bar ahbeti, ýüregindäkini ynsdan-jynsdan çekinmän eňterip goýberibermek. Şoň üçinem bizleriň kowmuna “tüzük” diýýär-dä, il-gün…Haý, ýeserjäm senem-ä, men ýaly bolup, ýerinden gelme-how, diýmäýin diýsem, häki! “Öňem-ä ýaňy dyndyk diýýämiň goh-galmagaldan”! Hy-hy-hy… Kakajan aga birsellem bezzat çowlugydyr gelni bilen “şyg-şyglap” gülüp keýpden çykandan soňra: -Hany ýörüň, öýe baralyň, belki ýatsak ýataýarysam indi!-diýip olaryň öňüne düşüp ugrady. Öýe ýakynlanda gapy açyldy-da, körpe agtygy çykdy. -Ata, bu günem ukyň tutmaýarmy? Ýa lukman çagyraýaýynmy?-diýip ol oýaly-ukuly halda birahatlyk bilen sorady. -Ýok-la kakam, meniňem näme şol bir bolşumdyr-da!-diýip goja, agtygynyň ýanyndan ötüberjek boldy welin, birdenkä kellesine täze bir pikir geldi. Ol çowlugy bilen gelnini deňesinden ötürdi-de, aýak çekdi: - Kakam, şü ertir öz kakaňa-da, atalaryňa-da, beýlekilere-de aýt, irgözinden jemlensinler. Ýatakdaky baggoýunlardanam birki sanysyny güýlüň-de ulaga oklaň, sadaka sowara derkar gaýry gerek-ýaragyňyzy hem üpjünläň. Ertir şü, guma gidip ol gö… Goja tasdanam “görgüsi ýamanyň” diýjek bolanda, diýmän, dilini dişläp saklandy-da, sözüni düzedip dowam etdirdi: - …ol bendäniň ruhuna degsin edip gaýdalyň! Içindenem Kakajan aga üstüne goşdy: “Dirikä ötüp-geçmesegem öleninden soň bir gursakda daş saklaşyp ýörmäli”. Emma şunça mysapyr oýlanmaga çytraşsa-da, “gan bilen giren jan bilen çykar” diýenleri, aňynyň iň alysdaky künjünde ýene-de bir gedem pikir, tekepbir garadangaýtmazlyk bilen keýerilip bir çar-töweregine garanjaklady: “Häki onda! Derwezäniň açylmagy üçinem däl, bi! Owalybeletde tüzük köse zatdan tisginip-tesen jandar-a däldir, barlanyp görlüberse, häki! Indem görübereris, häki, öýüköwen diýmäýin diýsem! Açyls-a açylar, açylmasa-da özünden görsün! Tüzük kösäniň heniz bärde-de azak-tenek işi-aladasy ýok däl ýaly, meniň çak urşuma görä!”. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |