05:39 Dialog | |
DIALOG
Edebi tankyt
Proza ýazmaga höwesek ýaşlaryň dört-bäş sanysy maňa hekaýalaryny okamaga berdiler, pikirlerimi, belliklerimi aýtmagy haýyş etdiler. Okadym, birnäçe bellikleri etdim. Başlangyç awtorlar bolandyklary sebäpli olaryň hekaýalarynda umumy säwlikleriň, bir meňzeş bärden gaýtmalaryň gabat gelmegi tebigy ýagdaý. Onsoň proza žanryna baş goşmaga meýil edýän ýaş awtorlara ýardamy deger diýen umyt bilen kyssada gözden salynýan we derwaýys saýylýan käbir şertleri ýatlatmak kararyna geldim. • Ilki bilen dialog barada Bir üýşmeleňde köpi gören ýaşulularyň biri: – Hol oturanyň kimdigini häli aýdardym welin, arman hiç zat geplänok – diýip, geleli bäri gürrüň diňläp, dymyp oturan kişini görkezipdir. Adam – gepinden belli. Geplemeýän adamy tanamak kyn. Iki adamyň az salymlyk mesawy gürrüňçiligini kesesinden diňläp, biz çäklije-de bolsa, olaryň hüý-häsiýetlerine degişli käbir zatlary anyklap bilýäris. Edebiýatyň proza žanrynda-da ýagdaý şeýle. Eseriň gahrymanlarynyň özara gürrüňçiligi edil durmuşdaky ýaly tebigy beýan edilse, okyjy tipleri derrew aýyl-saýyl edip bilýär. Bu, elbetde, ýazyjynyň ussatlygyna bagly. Edil şonuň ýaly-da ynandyryjy, durmuşy dialoglary gurup bilmeýän awtoryň ýazyjylygyna ýabygorly diýse bolar. Dialog näme? Dialog – iki adamyň özara gepleşiginiň beýany Dialog nämüçin gerek? Ozaly bilen dialog gahrymanlaryň häsiýet aýratynlyklaryny janly, anyk hem aýyl-saýyl açyp görkezmäge hyzmat etdirilmeli, eserdäki tipleriň obraz derejesine göterilmegine ýardam etmeli. Gahrymanlaryň hüý-häsiýetlerini açyp bilmeýän we pikir ähmiýeti bolmadyk umumy gepleşiklerden ägä bolmaly. Beýle dialoglar eseriň göwrümini ulaltsa-da, hiç bir jähtden awtora peýda getirmez. Dialogda gepleşikler janly bolmaly. “Hem”, “we” ýaly baglaýjy sözleriň ulanylmagy gepleşigiň ýasamalygyndan habar berýän ilkinji alamat. “Menem gördüm” diýen jümläni “Men hem gördüm” diýip beribermeli däl. “Çäýnegimi we käsämi alyp...” diýeniňden “Çäýnek-käsämi alyp...” diýseň, has janly dälmi? Gahrymanyň agzyndan çykýan sözler gazet makalasynyň dilini ýatladyp dursa, okyjynyň ynamsyz ýylgyrjagynyň ikuçsuz. Umuman, häsiýetine, medeniýetine bap gelmeýän bolsa, adaty tipleriň gepleşiginde resmi sözleri ulanmakdan gaça durmaly. Käbir proza eserlerinde biz bir gahrymanyň beýlekisine ýüzlenip, tutuş bir sahypalap gepleýän halatlaryna duş gelýäris. Awtor gahrymanlarynyň hasabat ýygnagynda ýa mejlisler zalynda söz sözlemeýändigini, olaryň häki bir özara gürrüňdeşligini beýan edýändigini ünsden düşürmeli däl. Tip gaty ýaňra bolaýmasa, onuň gepleşigi üç-dört sözlemden aňry uzalmasa gowy. Gahrymanyň dilinde düzmeli we eýerjeňli goşma sözlemleri ulanmakdan saklanmaly. Sebäbi durmuşda on-on iki sözden ybarat sözlem gurup, gepläp ýören adam ýok. Sözlemler gysga, düşnükli bolmaly. Gepleşikde gahrymanyň ýaş aýratynlygyna dykgat etmeli. Gartaşan adam bilen çagaň gürrüňi bir-birinden tapawut etmeýän bolsa, gowulyk däl. Bu ýerde esasan iki ýagdaýy nazarda tutmaly. Ilki bilen olaryň ýaş aýratynlygyna görä düşünjesi we pikirleniş derejesi görünmeli. Ikinjiden, dişi dökülen gartaň adamyň äwmezekligi, sesiniň sandyraýşy, üsgülewügi, “r” diýip bilmeýän-de bolsa, çaganyň pert-pert gepleýşi, kän sorag bermegi, sözleri dogry aýdyp bilmezligi, ýöntemligi ýüze çykmaly. Adam gynanjyny, begenjini, şatlygyny, gaýgysyny, ökünjini, geňirgenmesini, gorkusyny, agyrysyny... ozaly bilen ümlük arkaly ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň, durmuşda ümlük ulanmaýan adam ýok diýerlikdir. Durmuşyň anyk beýany bolan kyssada ýazyjy ümlüklerden ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Has takygy, gahrymanyňa we onuň düşen ýagdaýyna görä ümlük saýla! Dialogda gahrymanyň gepleýiş äheňi hem äşgär duýulmaly. Ol gaharlanýarmy, begenýärmi, buýsanýarmy, janykýarmy, zeýrenýärmi, ýalbarýarmy... şu duýgular onuň dilinde, gep uruş äheňinde ýüze çykmaly. Dialoglary has ynandyryjy gurmak üçin gahrymanlaryň gepleşigini aşa durmuşylaşdyrmaly däl. Beýtseň, bulam-bujarlyk, düşnüksizlik dörär. Meselem, “oba” diýen söz janly gepleşikde “ o:wo” diýlip aýdylýar. Emma dialogda ony aýdylşy ýa eşidilişi ýaly ýazybermeli däl. Ýene bir ýagdaý. Käte awtoryň dili bilen gahrymanlaryň diliniň arasynda parh duýlanok. Aýdaly, ýazyjy wakany beýan edende “ala-mula”, “öňli-yzly”, “gyzyl-çyzyl” ýaly tirkeş sözleri ýygy ulanýar. Bu onuň özboluşly aýratynlygy. Emma şol aýratynlyk awtoryň gahrymanynyň dilinde-de ýygjam gabat geliberse, onuň peýdasyndan zyýany köp. Ine, kyssa ýazýan awtor dialog guranda şu ýagdaýlary nazara alsa, eseriň janlylygy üçin diňe bähbit getirer. Aslynda-ha göge bakyp, oýlanyp tapylan obrazy gepledeniňden durmuşda anyk görüp-bilip ýören tipiňi janlandyrmak has amatly we şowly bolýar. Galanam näme, galam eýesiniň eline-diline bagly! Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |