DIDAR
Baý, şu Didary! Onuň gürrüň etmäge ökdedigini. Bir gürrüňe başlasa, çagalar gulaklaryny herreldişip onuň ýanyndan aýrylyp bilenoklar. Ol käte ýalan hem sözläýýär. Şonda gürrüňleri gyzykly bolany üçin çagalar ondan gaty görjek hem bolup duranoklar.
Tomus rugsady döwrüdi. Oglanlar şähere gezelenje gidip gelen Didardan täze-täze gürrüňlere garaşýardylar.
Gelen gününiň ertesi Didar deň-duşuny töweregine ýygnap, olary aňk etdi. Ol gürrüňiniň aralygynda uzyndan inçemik ellerini kelemenledip goýberýärdii, zorrujak sesini wagtal-wagtal gataldyp-peseldýärdi.
--Gözleriň bilen görmeseň, ynanmagam kyn. Birmahallar-a özümem şeýledim. Şäherde bolanymda haýwanat bagyna tä gaýdýançam her günde diýen ýaly bardym. Asyl bir girseň bar-a, içinden çykasyň gelenok.ş O ýerde dünýäniň ähli haýwanlary bar eken. Ululygy Näzlileriň düýesinden bäş esse uly pil gördüm.
--Pili-hä bizem gördük—diýip, Hezret saklanyp bilmedi.
--Ýok, Hezret seniň telewizordaky gören pilleriň onuň ýanynda witjik, men ony ýanyndan görüp gaýdamsoň aýdýan. Onsoňam, oglanlar, meniň gören pilimiň üýtgeşik bir zady bar eken.
Hemmeler oňa üşerilişdiler. Hezret sesini çykarman oturdy. Didar agzyna jaň dakylan ýaly säginmän, çyna berimsiň ýalan sözlemäge durdy.
--Ol täsin haýwanyň burnunyň üstünde hakyt äpet bir gara ýylan çolaşyp ýatyr, her baranda-da onuň şol bir bolşy, ýere düşeýin hem diýenok, men oňa kän syn edip oturdym.
--Aý, ýog-a?
--Dogrudanam ol ýylanmyka?
--Bäý-bä!
--Ine, bagyň içinde aýlanyp ýörsüň, ýöne töweregiňe welin, gorkuly garaýarsyň—diýip, Didar gürrüňini dowam etdi.—Gorkmanam bir gör.Ynha, gabat garşyňdaky gözenekde bäş kelleli aždarha ýatyr, bäş kelleli-how, men olary birin-birin sanabam çykdym, synlabam. Beýle ýanyňda ýabany adamlar saklanylýar. Bir zat berseň-ä keýpi kökelip, aýdyma-da hiňlenýär, bökjekläbem berýär. Hiç zat bermän, duşundan geçip gitseň welin seni ýigrenýär, ýüzüňe-de seredenok. Kiçeňräjik gözenekleriň başga birinde çöl balygy saklanylýar eken, daşyndan göräýmäge adaty bir balyk, ýöne onuň ýaşaýan ýerinde welin bir damja-da suw ýok. Başga bir çüňkde süýt berýän guşuň ketegi bar, şol guşdan alynýan her günki süýt enemiň ala sygrynyňkydan köp bolmasa, az däl, özem şeýle bir tagamly, içip doýup bolanok.
Didar gürrüňiniň şu ýerine ýetende, ara birneme böwşeňlik düşdi. Oglanlaryň birentegi gürrüňi berilýän haýwanlary göz öňüne getirmäge çalyşsa, Didar hyýalynda oýlap tapjak täze-täze haýwanalrynyň keşbi hakynda pikir ýüwürdýärdi. Näzli welin hiç zadyňam pikirini edip oturmady:
--Şularmy? Başga nähili haýwanlar gördüň, Didar?!
--Gürrüň berseň berip oturmaly. Ýeke aýak, bir elinde taýak, depesi göge ýetip duran äpet-äpet guşlaram bar eken. Gözlerine äýneklerini dakyşdyran bolup, töwerege ser salýarlar. Şeýle guşlardan dördüsi dagy bar. Ýyrtyjy haýwanlaram olardan heder edýän ýaly, jyňkyny çykarman oňýarlar.
Pişik näme diýsene? Bizde dagy iň kiçijik haýwanlaryň biri hasaplanýar. O ýerdäki pişikleri bir görsediňiz, haýsy ýurtdan getirilenini-hä bilmedim welin, agzyňy açyp, ýummagy unudýarsyň. Duran bir şiriň bar-da! Mawlaşyp,özlerini baranlaryň üstüne zyňjak bolup dur zaňňarlar.
--Gaty bir beýle-de däldir-le, Didar. Seniň o diýýäniň, häli görseň, gaplaňdyrmy, barsdyrmy—diýip, Zülpi onuň sözüni böldi.
--Men indi öz gözlerime-de ynanmaýynmy? Pişik bilen gaplaňy saýgarmaz ýaly tentekdir öýdýäňmi? Beýle ynanmazlyk etseň, gürrüňem berjek däl.
--Ýok, ýok, Didar, goý seniň diýeniň bolsun. Ýöne sizem Zülpi ýaly maňa ynanmazlyk etjek bolsaňyz...
--Ýok, diýdim-ä. Ynanýas, ählimizem ynanýas. Ine, okuw başladygy, mugallymymyz bizi şähere gezelenje äkitjek diýýär. Biz ondan haýwanat bagyna hem eltmegini haýyş ederis. Şonda olary hut öz gözlerimiz bilen hem göreris.
Didar adaja ýylgyrdy-da, ýeňsesini gaşady:
--Aý, bilmedim-dä, siz barýançaňyz, meniň size gürrüňini beren haýwanlarym başga şähere göçüriläýmese.
Çagalar gülüşdiler. Bolsa-da Didaryň ertekä meňzeş gürrüň tapyp, güýmäp oturmasy olara özboluşlyja lezzet berdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty