Edebiýat bossanynyň bilbilleri
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gadymy türkmen topragynyň dünýä ýaň salan şan-şöhraty hakynda belli arheologlarymyzyň biri Diýarymyzy «Açyk asmanyň astyndaky muzeý» diýip atlandyrýar. Ata-babalarymyzyň janyna deňäp söýen topragynyň haýsy ýerine gadam bassaň, gadymdan galan nusgalara duş gelýärsiň. Üstünden ençeme asyr aşan galadyr kerwensaraýlar, seleňläp oturan kümmetlerdir beýleki ýadygärlikler seni wakalaryň jümmüşine alyp gidýär.
■ Şygryýetiň şeýdasy
...Uzak ýoly külterläp gelen agyr kerwen Sarahs galasyndaky kerwensaraýda goş ýazdyranda, ikindi namazyna çagyrýan azan sesi ýaňlanyp başlapdy. Argynlygyna garamazdan, adamlar howul-hara çem gelen ýere ýalaňgat donlaryny ýazyp, namaza durdular. Myhman gelse keýpi daş ýarýan saraýman çaýhanada bu gün hem meýlisiň juda gyzykly boljakdygyna begenjinden ýaňa dylym-dylym edýärdi. Sebäbi kerwen bilen obadaşlary, belli şahyr Şeýdaýy gelipdi. Şahyry goltuklap diýen ýaly inerden düşüren saraýman, ony çaýhana getirip, öňünde bir çäýnek gök çaý goýdy. Soňam yzly-yzyna sowal ýagdyryp, Şeýdaýynyň ertire çenli şu ýerde galjagyny anyklady. Şahyrdan Sarahsyň atly-abraýly adamlaryny meýlise çagyrmaga ejaza alansoň-a, keýpi hasam çaglandy.
Şeýdaýy şahyryň gelenini eşiden adamlar Gün ýaşaryna mähetdel, çaýhana ýygnandylar. Olar ençeme wagtdan bäri şeýle duşuşygyň zarydylar. Ildeşlerini gören şahyram joşdy. Goşgy yzyna goşgy, gazal yzyna gazal okady. Şahyryň inçemikden ýakymly sesi kerwendäkilere-de ýetdi. Olar bir hepde-on gün ýoldaş bolan adamlarynyň beýle täsin hünäriniň bardygyny aňşyrmandyklary üçin özlerini köteklemekden başga çäre tapanokdylar. Şeýdaýy üçin bolsa bu duşuşyk bar zatdan arzylydy...
XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Şeýdaýy dürli temada ýazan köp sanly goşgudyr gazallary,şeýle hem sebitde giň ýaýran «Gül- Senuber»atly ajaýyp dessany bilen meşhurdyr. Şahyryň ömri we döredijiligi hakynda doly maglumat heniz ýok. Ýöne onuň salyr türkmenleriniň kiçi aga tiresiniň arslan ýa-da ýeýke urugyndan bolandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. Şahyr takmynan 1730—1800-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.
Şeýdaýynyň döredijiligine türkmen alymlarynyň däl, eýsem,rus alymlary A.E.Krymskiniň, N.P.Ostroumowyň, A.N.Samoýlowiçiň, P.Belýaýewiň G.Weselkowyň, P.Skosyrýewiň ylmy derňew işlerinde maglumat berilýär. Bu alymlaryň ýazan ylmy işlerinden çen tutsaň, şeýle hem şahyryň döredijiliginiň köp taraplylygy onuň öz döwrüniň ylymly-sowatly adamlarynyň biri bolandygyny, şol döwrüň uly ylym hem medeniýet merkezleri bolan Buhara, Hywa ýaly şäherlerde ýaşandygyny, döwürdeş şahyrlarydyr alymlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny şahyryň öz goşgularyndan hem bilmek bolýar.
Gündogary öwreniji, wenger alymy A.Wamberi öz eserlerinde Şeýdaýynyň adyny ýygy-ýygydan ýatlaýar. Fransiýada birnäçe ýewropa halklarynyň dilinde neşir edilen «Yslam ensiklopediýasynda» Orta Aziýa halklarynyň edebiýaty bilen bir hatarda, ýörite «Türkmen edebiýaty» diýen bölüm hem bar. Şol bölümde XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň Magtymguly, Şeýdaýy, Seýdi, Zelili ýaly söz ussatlarynyň atlary tutulýar. Şeýdaýynyň döredijiligi geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan soň has içgin öwrenilip başlandy. Onuň umumy döredijiligi, şeýle hem «Gül—Senuber» dessany hakynda ylmy işler ýazyldy. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe şahyryň döredijiligi gutarnykly öwrenildi diýip aýdyp bolmaz.
Şeýdaýynyň Sarahs sebitlerinde doglandygy hakyndaky pikiri delillendirmek üçin onuň Allaberen Hojanyýaz ogly Mollamurt bilen daýy-ýegendigini, üstesine-de olaryň obadaşdygyny, tiredeşdigini aýtmak gerek. Ondan başga-da Şeýdaýynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň milli Golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýan goşgularynyň Mollamurtuň eli bilen göçürilen nusgalarynyň gabat gelýänleri hem bar. Şahyryň ady agzalan dessanyndan, şeýle hem durmuşy goşgularynyň ençemesi bagşylarymyz tarapyndan ürç edip aýdylýan aýdymlardyr. Olaryň hatarynda: «Bäri gel», «Gözel», «Gelin», «Aýrylsa» ýaly aýdymlary görkezmek bolar.
Üstünden çar tarapa uzan kerwen ýoly Sarahs topragyna dünýä meşhur alymlary, syýahatçylary, şahyrlary alyp gelipdir. Bu topragyň zehinli dana ogullaryny bolsa, uzak ülkelere alyp gidipdir. Olar dünýäniň uly-uly şäherlerinde ýaşapdyrlar, ylym alypdyrlar, çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar, tejribelerini artdyrypdyrlar. Şeýdaýynyň döredijiligine nazar aýlasaň hem onuň gezende şahyr, ylymlaryň ençemesinden baş çykarýan zehinli adam bolandygyny duýýarsyň. Şahyryň goşgularynyň diliniň arassalygy, düşnükliligi, milli duýgulara baýlygy, ulanýan söz öwrümleri, çeperçilik serişdeleri onuň şu toprakdan üzňe bolmandygyny görkezýär.
■ Kemineden bir nyşana
Türkmen nusgawy edebiýatynda Mämmetweli Keminäniň nähili orun eýeleýändigini edebiýatçy alymlarymyz aýtma kemini goýmandyrlar. Onuň döredijiligine mynasyp baha-da berildi, goýulmaly belentliginde hem goýuldy. Kemine hakynda ýazylan ylmy işlerde onuň gadymy Merwiň golaý-goltumynda, has takygy, häzirki Türkmengala etrabynda doglandygy barada belli bir netijä gelindi diýsegem bolýar. Ýöne şahyryň Sarahs topragy bilen bagrynyň badaşandygy welin gizlin däl. Belli edebiýatçy alym, professor M. Kösäýew şahyr barada şeýle ýazypdyr:
«Türkmen halkynyň beýik söz ussady, ýiti sözli, satirigi Kemine ...çylşyrymly döwürde ýaşap, şol jemgyýetiň ruhy ýagdaýlaryny öz ajaýyp eserlerinde real suratda şöhlelendiripdir. Kemine 1770-nji ýyllar töweregi Sarahs sebitlerinde garyp daýhan maşgalasynda eneden doglupdyr».
Alymyň bu sözlerini ýazyjy Nurberdi Pomma 1958-nji ýylda ýazan makalasynda hem tassyklaýar. Ol Kemine bilen baglanyşykly gürrüňleri, rowaýatlary köp diňländigini, şonda wakalaryň Sarahs sebitlerinde bolup geçendigini delillendirýär. Awtor şol döwürde Hojamşükürdir Gowşut han bilen, Oraz ýagly bilen baglanyşykly köp wakalary mysal getirýär. Ol şonda Keminäniň «Orazym» atly goşgusynyň döreýiş taryhyna aýratyn üns beripdir. Eger şol döwürlerde bolýan wakalary öz gözi bilen görmedik bolsa, şahyr bu eserini döretmezdi. Ol edermen ýigide «Orazym» diýip, has ýakyn derejede ýüzlenmezdi diýen netijä gelýär.
Ýer, ýurt meselesi, oňa dahylly bolmak baradaky pikirleri şahyryň goşgularyndan gözlemek edebiýaty öwreniş ylmynyň tärleriniň biridir. Bu Kemine üçin hem şeýle. Geliň onuň käbir goşgularyna ýüzleneliň! Şahyryň «Annaçy» atly goşgusynda:
Diýr Kemine ýaýlagyňyz Garaman,
Halyňyzy sorap her gün baramen,
Oraz deý baýlara çala daraman,
Bir gün ýumrugyny düwer annaçy—
diýip, Sarahsyň belli obalarynyň biriniň adyny tutýar. Başga bir goşgusynda bolsa:
Kemineden bir nyşana,
Ýazyp ibersem Amana
Arzym aýtsam arzymana,
Ýürek Aýsoltana garşy—
diýip, Sarahsyň meşhur bagşylarynyň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhy Amanowyň kakasy Aman bagşy bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny beýan edýär. Şeýle mysallary şahyryň döredijiliginden tapmak kyn däl. Bulardan başga-da Keminäniň ruhunyň hemişelik aram tapan ýeriniň Sarahsyň etrap merkezinden o diýen uzak bolmadyk Goçak baba atly gonamçylykdadygyny şahyryň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenende türkmen alymlary ýerli ilatyň kömegi bilen anyklaýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda üstünden ençeme asyrlar aşyp, söwda kerwenleri geçen toprakda dünýä belli alymlaryň, akyldarlaryň, şahyrlardyr syýahatçylaryň yzy galandygy hakynda degerli mysallar getirilýär. Şol kerwenlere daklyşyp, şu topragyň belli-belli şahslarynyň jahankeşdelik edendigi barada hem maglumatlar aýdylýar. Şol jahankeşdeligiň aňyrsynda okamak, ylym almak, dünýä medeniýetini we sungatyny öwrenmek, oňa gatylmak meselesi ýatyr. Halkymyzda bitewülik, medeniýete we sungata sarpa goýmak ýaly gymmatlyklar nesillere geçirilip gelinýär. Magtymgulynyň,onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň, Seýdiniň, Mätäjiniň döredijiligi tutuş halkyňky bolşy ýaly, Kemine-de nirede doglup, nirede ýaşanlygyna garamazdan, tutuş halkymyzyň buýsanjydyr.
■ Mollamurt — halk şahyry
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen topragynyň örän amatly ýerde ýerleşýändigi, bu ýerden dünýäniň islendik künjegine ýollaryň uzap gidýändigi, şol ýollaryň ençeme asyrlap söwdägärlere, täjirlere, bezirgenlere, jahankeşdelere hyzmat edendigi barada aýdylýar. «Är garrar, heňňam garramaz» diýleni. Ýyllar täzelenýär, asyrlar çalyşýar. Ata-babalar öz orunlaryny dowamat-dowamlaryna gezek-gezegine tabşyrýarlar. Durmuş dowam edýär, ösýär, özgerýär. Täze nesiller, täze garaýyşlar, täze gatnaşyklar, täze zehinler orta çykýar. Şeýdaýydyr Kemineden soň gadymy Sarahs topragynda edebiýat meýdanyna çykan Allaberen Hojanyýaz ogly Mollamurt boldy. Onuň daýysynyň Şeýdaýy bolandygyny ýokarda ýatlapdyk. Şahyryň «Hudaýym» atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Mollamurta bolar Şeýdaýy daýy,
Sözleri şirindir diýdigi saýy,
Görmek arzuw eder pakyry-baýy,
Oňa söz işigin açdy Hudaýym.
Mollamurt 1885-nji ýylda Pendiniň (Ýolöteniň) Dädeguly obasynda dünýä inýär. Onuň çagalygy şol ýerde geçýär. Geçen asyryň başlaryna olaryň maşgalasy Sarahsa göçüp gelýär. Daýy tarapynyň ýurduna gelensoň, Mollamurt, esasan, daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Muny şahyryň şu aşakdaky setirleri hem tassyklaýar.
— Sarahs gelip köp bolupdyr gallamyz,
Enşalla ýaza döndi çillämiz.
Mollamurt döredijilik işine on alty, on ýedi ýaşlarynda başlaýar. Onuň ilkinji döreden goşgularynyň az sanlysy bize gelip ýetipdir. Olaryň hatarynda «Kindikli», «Ýeýkeler», «Meňlihan», «Garaýüz» atly goşgularyny görkezmek bolar.
Şahyryň döredijiligi edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan irki döwürlerden bäri ýörite öwrenilip başlandy. A.Kekilow, Ö.Abdyllaýew, B.Ahundow, H.Hanowdagylar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlap saldamly işler ýazdylar. Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Türkmenistanda milli metbugatyň döräp, aýaga galyp başlan pursatlarynda oňa zehinli adamlaryň uly topary gelip goşuldy. B.Kerbabaýew, G.Burunow, O.Täçnazarow, K.Işanow, D.Agamämmedow dagylar ilkinjilerdi. B.Kerbabaýewiň goldawy bilen olaryň hataryna Mollamurt hem goşulýar. Onuň döredijiligi halka ýakynlygy, onuň halk hakyndalygy bilen tapawutlanýar. Bu barada B.Kerbabaýew «Mollamurt» atly oçerkinde şeýle ýazýar:
«Mollamurt halk şahyrydy. Ol öz halkynyň diňe dilini däl, hüý-häsiýetini hem bilýärdi, ýagşysyna-ýamanyna-da düşünýärdi, begenjini-gynanjyny-da aňlaýardy: ol öz halkynyň islegi, niýeti bilen ýaşaýardy. Onuň bütin döredijiligi halk islegi, halk arzuwy bilen gaýnaýardy».
Milli metbugatyň ösmegine uly goşant goşan şahyr galamyny dygysyz işledipdir. Onuň ýiti zehininden dörän eserler gazet-žurnallarda peýda bolandan okyjylar olary ýat tutupdyrlar. Şahyryň döwrüň wajyp meselelerini gozgaýan eserleri adamlary okuwa, aň-bilime, täzelikleri goldamaga çagyrypdyr. Mollamurt edebiýatyň gadymy däplerini hem unutmandyr. Ol ýagdaý diňe goşgy düzülişiniň görnüşlerinde däl, eýsem, žanr meselesinde hem görünýär. Şahyryň galdyran edebi mirasynyň arasynda «Emir-Zerli» dessany ýatlanylmaga mynasypdyr. Dessanyň many-mazmuny, ýordumy ozalky bar bolan dessançylyk däplerinden düýpgöter tapawutlanýandygy bilen has gyzyklydyr. Umuman, bary-ýogy 45 ýaşan şahyryň döredijiligi içgin öwrenilmäge mynasypdyr.
Öz döwrüniň zehinli ogullarynyň biri, edebiýat meýdanynda yz goýan, Mollamurtuň nebereleri — agtyk, çowluklary gadymy Sarahs ýaýlasynyň Kiçi aga obasynda ýaşaýarlar. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ady taryha giren gadymy Sarahsyň ösüşine, özgerişine şahsy goşantlaryny goşýarlar.
Nowruz GURBANMYRADOW,
žurnalist.
Edebiýaty öwreniş