20:47 Esma binti Ebi Bekir | |
ESMA BINTI EBU BEKIR
Zenan şahsyýetler
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ilkinji halyfy Ebu Bekir hezretleriniň (r.a) gyzy Esma binti Ebu Bekir (r.anha) möminleriň enesi Hezreti Aýşadan (r.anha) on ýaş uly bolup onuň bilen kaka bir dogan bolupdyr. Esmanyň ejesine Kuteýle binti Abuluzza diýilýär ekeni. Hezreti Esma (r.anha) yslamy ilkinji kabul edenleriň hatarynda bolup, hijret wagtynda hem adyny yslam taryhyna ýazdyrmagy başarypdyr. Resuly Ekrem (s.a.w) hijret emrini alandan soňra, günortanyň jokrama yssysynda Hezreti Ebu Bekiriň öýüne gidipdir. Hezreti Ebu Bekir (r.a) gyzlary Esmanyň we Aýşanyň syr saklamaga gaýymdygyny aýdandan soňra, Pygamberimiz (s.a.w) şol gijäniň özünde ýol düşmekçi bolýar we ýanyna-da Hezreti Ebu Bekiri (r.a) ýoldaş edip alýar. Derhal ýol harajadyny taýýarlap başlan Esma we Aýşa deriden edilen bir gowa azyk doldurdylar. Bir gowa bolsa suw saldylar. Gowalaryň agzyny baglama ýüp tapmadyk Hezreti Esma (r.anha) kakasynyň maslahaty bilen bilindäki guşagyny çykaryp ikä böldi. Bir bölegi bilen azykly torbanyň, bir bölegi bilen bolsa suwly tulumyň agzyny baglady. Muny synlap duran Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) örän şat boldy we “Alla (j.j) bu guşagyň garşylygynda jennetde saňa iki guşak bersin” diýip dileg etmeginden soňra “zatünni-tikaýn” (iki guşakly) lakamyna eýe boldy. Resuly Ekrem (s.a.w) we Ebu Bekir (r.a) ýola rowana boldular we Sewr gowagynda gizlendiler. Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) öýünden tapmadyk müşrik başy Ebu Jehil derrew Ebu Bekiriň öýüne geldi we Hezreti Esmadan kakasynyň nirä gidendigini sorady. Hezreti Esma bilemok diýensoň Ebu Jehil elini galdyrdy-da Esmanyň ýüzüne urdy we gulakhalkasyny gaçyrdy. Hezreti Esma Zubeýr ibn Awwam (r.a) bilen maşgala gurýar we ondan Abdylla, Urwe, Munzir, Asym we Muhajir atly ogullary, Hatijet-ül Kübra, Ümmül-hasen, Aýşa atly üç gyzlary bolýar. Mekgeli musulmanlar Medinä göçüp gelenden soňra iki ýyl geçipdi. Şol wagtdan bäri bolsa musulmanlaryň arasynda täze çaga dünýä inmändi. Muny görüp duran ýewreýler we mynafyklar musulmanlaryň keýpini bozmak üçin “biz musulmanlary jadyladyk, olaryň çagasy bolmaz” diýip gep-gürrüň ýaýradýardylar. Hezreti Esma (r.a) mekgeden göçüp gelen musulmanlardan ilkinji bolup perzent dünýä inderende Medineli bütin musulmanlaryň buýsanjynyň çägi bolmady. Zubeýr ibn Awwam (r.a) ömrüni söweşlerde geçirensoň üýşüp ýatan baýlgy ýokdy. Onuň söweşen ýerlerinde Hezreti Esmanyň hem gatnaşyp elinden gelen hyzmatyny gaýgyrmandygy mälimdir. Hezreti Esma (r.anha) Uhud söweşinde beýleki musulman aýallar ýaly ýaralylara kömek edipdir we söweşýän musulmanlara suw daşapdyr. Hezreti Esma (r.anha) düýş ýormakda-da ökde bolan ekeni. Ol muny kakasy Ebu Bekirden (r.a) öwrenipdir. Aýratyn tapawutlanýan artykmaçlygy juda jomartlygydy. Ogly Abdylla ibn Zubeýr (r.a) ejesi Esma ýaly, daýzasy Aýşa ýaly eli açyk ynsan görmedigini, daýzasynyň eline düşen zatlaryny üýşürip belli bir mukdara ýetenden soňra paýlaýandygyny, ejesiniň bolsa eline düşen zady ertire çykmanka paýlaýandygyny aýdýan ekeni. Hezreti Esma (r.a) bir gün sadaka bermegi niýetine düwen puluny sanap durka, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gelipdir we “hasaplama, soňra Alla hem hasaplap berer” diýipdir. Jahylyýet döwründe kakasyndan aýrylyşan we soňra yslamy kabul etmekden ýüz öwüren ejesi Kuteýleniň musulman däldigi üçin öýüne muhman almaga ikirjiňlendi. Ýagdaýy Pygamberimize (s.a.w) düşündirdi. Bu barada “Mümtehine” süresiniň sekizinji aýaty indi. “Alla din ugrunda siziň bilen birlikde söweşmeýän we sizi ýurtlaryndan çykarmaýan kimselere ýagşylyk etmegiňizi we olara garşy adyl çemeleşmekligi gadagan etmedi. Dogrusy Alla (j.j) adyl bolanlary söýer”. Görüm-göreldeli we terbiýeli ýerde kemala gelen Hezreti Esma (r.a) yslam dinine iň gowy düşünýänleriň we ony köpçülige iň oňat görnüşde düşündirip bilenleriň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýärdi. Ondan elli alty hadys rowaýat edilipdir. Mekgede özüni halyf yglan eden ogly Abdylla ibn Zubeýr (r.a) hökümet goşunynyň serkerdesi Hajjaja boýun bolup bolmazlyk barada ejesine sala salanda, ol ogluna “Balam, hormatyň bilen ýaşa, gadyr-gymmatyň bilen öl, emma ýesir bir düşäýme!..” diýipdir. Abdylla ibn Zubeýriň (r.a) öldürilip haça çüýlenmeginden soňra, ýanyna gelen Hajjaja şu hadysy aýtmakdan çekinip durmady: “Sakif taýpasyndan bir ýalançy, birem bozgunçy çykjakdy. Gördük, ol ýalançy Muhtar es-Sakafidir, bozgunçy bolsa sen!”. Hezreti Esma (r.anha) hijretiň 73-nji ýylynda oglunyň şehit edilmeginden ýigrimi gün soňra ýüz ýaşynda aradan çykýar. Iň soňky ýogalan zenan muhajirdir. Ömrüniň ahyrlarynda gözüne perde inenem bolsa, akyl-huşuny ýitirmändir we dişleri dökülmändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |