05:34 Gahryman gala - Gökdepe | |
GAHRYMAN GALA-GÖKDEPE
Goşgular
Mukaddeslik boldy, Müdümi-baky, Mertleriň mekany, Gahryman gala. Jahana ýaň saldy, Gadymy ady, Mertleriň mekany, Gahryman gala Ýedi arka ýaýran, Mertlik kökleri, Galdy saňa haýran, Dünýäň halklary, Ejizläp, zar-girýan, Dyza çökmedi, Mertleriň mekany, Gahryman gala. Gabaldy dört tarap, Etmedi dowul, Dyza çökmä derek, Darkaşdy ýowuz, Gadym pälwanlar dek, Öňünde ýowuň, Kükregini gerdi, Gahryman gala. Gaý-tupanly günler, Ömürler saldy, Ol matamly düýnden, Hatyra galdy, Gaýalaň üstünde, Galkan ykbaldyr, Türkmeniň mert ýurdy, Gahryman gala. ■ Esger içgepletmesi Uruş turdy. Gopdy ýowuz gaý-tupan. Biz hem galdyk şonda Watan goragna. Ýok, bolmakçam däldik batyr gahryman, Ýöne ýurt ykbaly düşüpdi egne. Asty bilen çabga deýin oklaryň, Ugur aldyk zeminiň ol ujuna. Söweşdik Watanyň eziz topragyn, Deňäp gara başyň tylla täjine. Snarýad okundan kükrek pers-ala, Ýa jyda bolýançak aýakdan-elden. Hatda gök asmany iň soňky ýola, Synlaýan bolsak hem söweşdik merdem. Bir zada düşündik menzil geçip kän, Munda iň gymmat zat Watan ekeni. Egnimizde diňe ýurt ykbaly däl, Dünýäniň ykbalam ýatan ekeni. ■ Gelmän galan gerçekler Gelmedikler seni gazanyp öldi, Ölmedikler seni gazanyp geldi. Kerim Gurbannepesow. Ölmedikler ölenleriň ömrüni Ýetim balalarna ýadygär alyp, «Parahat durmuşyn, Ajap döwrüni, Gülledip Beýgeldip Gadryny bilip Ýaşasynlar görmän uruş hasratyn» Diýip balalarna wesýet aýtdylar. Gelmedikleň arzuwlaryn-wesýetin, Ölmedikler bärik alyp gaýtdylar. Gelmedikler, uzak ýerde galanlar, Ýow öňünde gala bolup galdylar. Uruşdan, zorlukdan, Ýowuz talaňdan, Yza tesip basylma-la däldiler. Uly borjy alyp eginlerine, Ýok, olar uruşda ýeňilmediler... Umyt etdik geler..geler...wah geler.. Bize ýeňi ýollap gelmedi olar. Belki ýene birden dikelse ýagy, Ilki garşy almak üçin şol ýowy, Gelmedi olar... ■ Ýeňiş güni Watan üçin ölenleriň dowamy, Watan üçin ýaşamagy başarsyn. Mämmetnazar Babanazarow. Owadan baharyň Iň soňky aýy, Dünýäniň dokuzy Düzelen güni. Obadyr-şäherim, Her bina jaýym, Müň dürli gül bien Bezelen güni. Bu goja taryhyň Beýik senesi, Bu ajap Zeminiň Dogulan güni. Şumlugyň ahyry Soňky pillesi, Ganojak ýezidiň Ýeňilen güni. Şol şanly Ýeňişe Ýetilen güni, Hemişeki ýaly Toý bolýar bu gün. Daglara-deňize, Güneşe-Güne Ynanjym ulalyp, Beýgelýär göwün. Jeň ýoluna giden Gahrymanlaryň Näbelli esgeriň Baky ody bar. Janyn gurban eden Mähribanlaryň Beýik Ýeňşi bize Baky ýadygär. Merdana atalaň Mertebesinden Şol ýeňişden dörän Körpe nesiller, Gaty gymmat düşdi Bize bu Ýeňiş, Gadryn bilmän Ömri örtemesinler. Şol Ýeňşiň miwesi Körpe nesiller, Gahryman atalaň Batyr çowlugy, Şu Watan lälesi, Gyzlar-ogullar, Dyrmaşyň kötele Ýetiň, howlugyň. ■ Uruşdan sahna Çal tüssä bürendi asmanyň ýüzi, Gorkup ýer ýüzünde tutaşan otdan. Ylla gara guş deý duşman esgeri. Gelýärdi aslyşyp ak paraşýutdan. Esger gaýyp ýaňy ýere ýetende, Çawup gelen gülle bagryny dildi. Jansyz ýere düşen jeset üstüne Ak paraşýut kepen bolup örtüldi. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |