GARAGUŞ
- Meýlis, oglum, ýaňy şäherden Altynaý daýzaň jaň etdi. Yklymyň ýeke özüni ugratdyk, garşylaweriň – diýdi. Awtobusyň öňüne özüň çykaýmasaň, ejeň işde. Meniňem wagtym ýokv— diýip, Toýly aga owlak-guzularyny iýmläp duran ogluna ýüzlendi.
- Kaka, men giderdim welin, ony tanamog-a!
- Özüň bilen ýaşytdaş oglandyr. Bar, bar, sen ony gördügiň tanarsyň.
Meýlis Yklymyň tomus rugsadynda özleriniňkä geljeginden habarlydy. Ol Yklymyň basym oba gelip, bu ýerde näçe wagtlap boljagyna çenli tirkeşýän dostlaryna ýekänme-ýekän gürrüň beripdi.
Ol häzirem Yklymyň gelýändigini dostlaryna buşlap çykdy. Yklyma „Dostuň kän eken“ diýdirmek isledi hem-de ony bilelikde garşylasalar gowy boljagyny aýtdy. Ýöne olaryň hersi nämüçindir bir zady bahanalap, oňa ýoldaş bolmakdan gaça durdular. Şonuň üçinem Yklymy garşylanaga onuň ýeke özi gitmeli boldy.
Meýlis Yklymy tanamaryn öýdüpdi. Ýöne bu onuň çaklaýşy ýaly bolmady. Awtobus gelip, Meýlisiň deňinde saklandy. Öňki gapysy açylan dessine ondan Meýlisiň dostlary—Derkar, Mekan, Şalar, Röwşen we Ilşat dagylar yzly-yzyna tirkeşip düşdüler.Ilşadyň elinde ullakan çemedan hem bardy. Olaryň yzlary bilen bolsa garaýagyz, çepiksizje oglan düşdi. Meýlis bu oglanyň Yklymdygyny bada-bat çakladam welin, Röwşen öňürtdi:
--Tanyş bol, Meýlis! Ine, bu oglana Yklym Diýarow diýýärler—diýip bälçiredi.
Yklyma elini uzadyp görşen Meýlis özüniň gijä galanlygyna ökünýän ýaly, sojap dem aldy. Ýöne özündenem öň garşylamagy başaran dostlarynyň barlygyny bilende, göwnühoş ýylgyrdy.
Oglanlar täze dostlary Yklym bilen örän tiz öwrenişdi. Ony gelen gününden daga gezelenje alyp gitdiler. Yklym bu ýerde geň-enaýy zatlary gördi. Her gün diýen ýaly tebigatyň täsinliklerden doly keşbine syn etdi.
O günem Yklym oglanlar bilen gezelenje çykypdy. Her kim iýmek-içmegini ýany bilen göterdi. Mekan, Şalar, Meýlis üçüsi agaçlara dyrmaşdy, saralyşyp duran üljelerden ýygdylar. Derkar hersi başam barmak ýaly garalyp duran böwürslenlerden çöpledi.
Yklym kebelek tutýardy. Ol muňa gyzygyp uzaga gitdi. Onuň baran ýerinden oglanlaryň sesi-de eşidilmeýärdi, özleri-de görünmeýärdi. Kebelek kowalap barşyna nämedir bir zatlary çüňki bilen çokup oturan garaguşuň üstünden bardy.
Garaguş pasyrdap asmana göterildi. Barybam äpet bir çynaryň çür depesine gondy. Yklym ýerini üýtgetdi-de, garaguşy nazaryndan sypdyrmady. Onuň ünsüni özüne çeken ýene bir zat, golaýyndaky iki-baka alakjap ýören syçanlar boldy. Olar kändi, ählisem duran ýerlerindäki gumy ýetişibildiginden peşeýärdi.
Yklym heniz nämäniň-nämedigine düşünmänkä, garaguş ok ýaly bolup atylyp geldi-de, ýüzugra hininden daşlaşan syçanjyklaň birini alyp, ýokaryk galdy. Garaguş äpetdi, penjesindäki awuny sypdyrarly däldi. Şol barşyna-da kert gaýaň üstüne gondy. Yklym bu boluşa haýran galyp seretdi. Geň göräýmeli? Ol eýýäm çynaryň çür başyna gonup, çüňküni ýokary tutup, gaýşarylyp otyrdy. ”Bä, bu guşuň zalymlygyny. Görgüli syçanjygy nädäýdi?”. Syçanjyga ýüregi gyýylan Yklym ýene-de aşak oturdy.
Şondan soň syçanlaryň çar ýana ylgaşmasy has-da artdy. Yklymyň gulagyna olaryň zaryn sesleri eşidilýän ýaly boldy. Olara haýpy geldi.
Bu mahal garaguş al-asmanda ganatlaryny ýaýyp, pessejikden uçýardy. Ol ýene-de syçanlara göz dikýän borly, olaryň üstünden öwrüm etmäge durdy. Syçanlar özlerine abanýan howpy duýup, hinlerine girip gitseler-de, bir çal syçan ýerinden gozganmady, ylla aýaklary duşaklanan ýaly, gabarylyýp durdy. Garaguş soňky öwrümini has uzaklardan alyp, hälki syçanyň üstüne şaglap indi.Syçan zordan diýen ýaly hinine girip ýetişdi. Garaguş badyny saklap bilmedi, onuň kellesi hem syçanyň hinine girip gitdi. Soňam näçe urunsa-da, kellesini hinden çykaryp bilmedi.
Yklym oglanlara ähli gören zatlaryny gürrüň berip, olary wakanyň bolan ýerine alyp baranda, ol birbada öz gözlerine-de ynanmady. Garaguş boýny döwülip, birçak jan beren eken. Onuň maslygynyň töwereginde bolsa syçanlar topar-topar bolşup aýlanyşyp ýördiler.
Bu Yklymyň tomus rugsadynda oba gelip, gözi bilen gören wakalaryň iň täsirlisi boldy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty