08:59 Gaýdyp gelen käkilikler / hekaýa | |
GAÝDYP GELEN KÄKILIKLER
Hekaýalar
Akjaguýma obasy Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýär. Obadan uzak bolmadyk ýerde Arçynguýma çöketligi bar. Degre-daşy gum depeleri bilen gurşalan bu ýerde ir zamanlarda Arçyn atly maldar ýaşapdyr. Ol uzak ýyllaryň dowamynda şu jelegaýda düýe köpeldipdir. Mallaryny suwlamak üçin guýy gazdyrypdyr. Guýynyň suwy süýji bolmasa-da, mal-gara üçin ýaramly eken. Arçyn baýyň razylygy bilen golaý-goltumdaky çarwadarlar dowarlaryny onuň guýusyndan suwa ýakypdyrlar. ...Ýyllar ygally gelende Arçynguýma çöketlikligine böreň-böreň suwlar akýar. Tebigatyň emele getiren oýtak ýeri akyp gelýän suwlardan dolýar. Şonda onuň degre-daşynda ösýän ösümlikler terlenip, göze ýakymly görünýär. Ownukly-irili jandarlar bu ýerden suwlanýarlar. Çöketlikde emele gelen kölçede dürli balyklar ýaşaýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, şol balyklary ilki suwa Myratgylyç atly awçy göýberipdir. Olaryň aýry-aýry görnüşleri şu ýerde düşleýän gotanlaryň hortumlary arkaly aralaşan bolmagy mümkin diýýänler hem bar. Her ýyl aw möwsüminde awçylar Arçynguýmada düşlemek üçin çar töwerekden bu ýere ýygnanýarlar. Bu täsin künjegiň gözel tebigatyndan lezzet almaga gelýän myhmanlar hem az däl. Menem geçen ýylyň bahar paslynyň ajaýyp günleriniň birinde Arçynguýma gezelenje gitdim. Lälezar tebigatyň goýnunda günuzyn göwün açyp, ruhumyzy täzeläp, ikindinler yzymyza ýola düşdük. Degşip-gülşüp, oýtakdan ýaňy saýlanyberenimizde ganatlaryna zeper ýeten maral käkilige gabat geldik. Bizi görüp, özüni çöp-çalama uran janawaryň şu golaý-goltumda jüýjeleriniň bardygyny Sähetmyrat duýdy. Mundan öň hem ýaraly jandarlaryň ençemesini hatara goşansoň Sähetmyradyň bu ugurda tejribesi ýeterlikdi. Ol awçylara mahsus ezberlik bilen ýaraty käkiligi tutup, penjegine dolady-da, onuň jüýjeleriniň gözlegine çykdy. Garaňky mazaly düşýänçä aýlanyp, onuň dört sany gamyşganat jüýjesini tapdyk. Olary enesine höwür bolsun diýip alyp gaýtdyk. Sähetmyradyň öýünde sim tordan edilen ketekde idegi ýetirilen maral käkilik tizden sagaldy. Jüýjeler hem iki-üç aýyň içinde tiz ulalyp, indi olary maral käkilikden tapawutlandyrmak ýeňil däldi. Ketegiň içinde dag şekilli binajyk bolup, onyň içinden çekilen geçirijiden suw syzyp akýardy. Käkilikler muny çeşme diýip kabul edýän bolarly. Olar her gün säherde Sähetmyradyň getiren dürli-dümen otlaryndan garbananlaryndan soň täsin binanyň üstünde şirinden-şirin saýrardylar. Sähetmyradyň öýünde otyrkak, ol meni eýwana çykaryp: - Indi käkilikleri erkinlige göýbermäge wagt boldy - diýip, ketegiň gapysyny giňden açdy. Biz aňyrrakda durup, käkilikleriň hereketlerini synladyk. Sähetmyrat özüniň zähmetiniň ýerine düşüp, guşlary erkinlige goýberýändigine diýseň hoşaldy. Ýöne olardan indi bütinleý aýra düşjegine biraz gyýylýardy. Ketegiň işiginde ilki bilen maral käkilik gelip sägindi. Ol daş-töweregine howatyrly garanjaňlap, ketekden çykdy-da, ganat kakyp, bir ýerlere gaýyp bolup gitdi. Onuň bu hereketini beýleki käkilikler hem gaýtaladylar. Her säher şadyýan nagma kakyp, içerini-daşaryny şirin owaza besleýän saýrak natuwanlardan hemişelik aýrylan öý birhili tukatlyga gaplanan ýaly boldy. Eýsem-de bolsa, sogap işiň sylagynyň biziň garaşanymyzdanam zyýat bolýan gezegi kän. Her bahar guş nagmasyna oýanmak bagty indi bu maşgalany müdimilik serpaýy eken. Şapak ýaşyberende ilki maral käkilik, soňra bolsa beýlekiler ýekänme-ýekän ketege ýygnanyp başladylar. Şol günden başlap sim tordan ýasalan ketegiň gapysy gündizlerine giňden açylyp goýuldy. Indi her gün käkilikler irden bir ýerlere uçup gidýärler. Gijara bolsa hökman ketege dolanýarlar. Bu olar üçin adaty endige öwrüldi. Aňzakly gyş tamamlanyp, ýaz geldi. Daş-töwerek gülzarlyga öwrüldi. Tizden jüýjeler peýda boldylar. Käkilikleriň jüýjelerini yzlaryna tirkäp, emeli çeşmäniň başyna baryşlaryna ser salmagyň öz üýtgeşik bir lezzeti bardy. Şahymerdan SARYOGLY. “Edebiýat we sungat” gazeti, 2012-nji ýylyň mart aýy. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |