02:22 Geçi süýdi / hekaýa | |
GEÇI SÜÝDI
Çagalar edebiýaty
Garry enemiň iki sany süýtli geçisi bardy. Özi hem geçiniň süýdüne höwesekdi. Ýöne onuň bize-de geçi süýdüni içirden gezegi kän bolardy. Birden dümewläp dagy edäýsek, daşymyzda hozanakdy: ”Al, oglum, şu gyzgynjak süýtden birki gaýta owurtlap goýber, içdigiň gutularsyň” diýerdi. Içmejek bolup näler çytalaşsaň-da, garaz, göwnüňi tapyp içirderdi. Kakam dümewlände-de şeýderdi. Geçi süýdi dümewiň dermany eken. Derrew ýom-ýok edäýýärdi. Biz geçi süýdüni hasam köp içemizsoň aňsat-aňsat dümewlemezdik. Bu syry garry enem goňşy-golamlara-da salgy bererdi. Bir gezek şeýle boldy. Ilkagşam goňşymyz gundagdaky çagasyny garry enemiň ýanyna getirdi. Onuň ady Durdydy. Çagajyk hajjyldap, agras dem alýardy. Garry enem ony gördi-de, çaganyň öýkeniniň sowuklanyny aýtdy. Biwagt hem bolsa baryp ýatakdaky geçimizi sagyp geldi. Ýarym kürüşge çemesi getiren süýdüni Durdujygyň agzyna tutdy. Soňam: --Öýkeni sowuklan adama geçi süýdi melhem bormuşyn-diýdi. Durdyjygy birnäçe günläp biziň geçimiz “ekledi”. Ol her gün diýen ýaly ejesi bilen gelip, geçi süýdünden çigligine içip gitdi. Keselden basym saplandy. Garry enem köp adamlaň derdine hem em ederdi. Hatda ol bir gezek biziň lukmanymyz Döwletmyradyň özüni hem geçi süýdi bilen bejeripdi.”Süýtden birki gaýta içdim welin burnumyň maňňyldamasy galaýdy” diýdi. Enem görgüliniň özi kesellände-de biz oňa geçi süýdüni içirerdik. Soňky sapar welin, oňa hiç bir zat kömek etmedi... Indi mahal-mahal şol geçen günleri ýatlaýan. Görüp otursak, garry enem öwüt-ündewiň eýesi eken. Ol hemişe maňa “Oglum, nirede bolsaň-da, gapyňda birki sany süýtli geçiň bolsun. Her günde birje käse gyzgynjak süýt içseň saglygyňa-da, uzakdan-uzak ýaşamagyňa-da kömek eder” diýerdi. Biz häzirem howlymyzda sygyr, goýun saklaýarys. Ýöne birmahalky ýaly süýtli geçimiziň ýoklugyna welin ökünýän. Şonuň üçinem käte-käteler “Gowy däp, gowy endik oňat adamlaryň özleri bilen bile gidibermeli bolarmy?” diýip oýlanýan. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |