23:40 Göwher daşynyñ syry | |
GÖWHER DAŞYNYÑ SYRY
Geň-taňsy wakalar
Dünýäde iñ uly göwher daşy häzirki wagtda Waşingtonyñ (ABŞ) Smitson institutynyñ muzeýinde saklanylýar. Bahasy onlarça million dollar bolan ýalpyldawuk merjene seredeniñde, onuñ taryhyny aýylganç tötänlikleriñ düzýändigine ynanasyñ gelenok. Bu ýalpyldawuk daş XVII asyrda Hindistandaky Golhonda käninden tapylypdyr. Ol entek gyrañlanmadyk, agramy 112 karat (bir karat - 0,2 gr.) bolan almaz eken. 1962-nji ýylda fransuz syýahatçysy Tawerny ony Ýewropa getirýär we korol Lýudowik XIV-ä satýar. Tötändenmi ýa-da ýok, ýöne gök almazyñ peýda bolmagy bilen ýurtda garahassalyk keseli başlanýar. Almaz oñat bejerilenden soñ ondan agramy 67 karat bolan üýtgeşik göwher emele gelýär. Şondan soñ bu hazyna hyrydarlaryñ sany artyp başlaýar. Ýöne welin ol daşa eýelik eden her bir adam betbagtçylyga duçar bolupdyr. Mysal üçin, fransuz şa gyzy Lamballa göwheri kabul edeninden tizara öldürilýär. Soñ daş Fransiýanyñ şa aýaly Mariýa-Antuanettanyñ eline düşýär. Şondan yzysüre ýurtda rewolýusiýa başlanýar. Antuanettanyñ başy alnyp, oña agyr jeza berilýär. 1792-nji ýylda şa hazynasy talananda, almaz daşy ýitirim bolýar. Ony ele salan ogrular daşy birnäçe bölege bölýärler. 1830-njy ýylda üç bölekden ybarat göwher peýda bolýar. Olaryñ iñ ulusynyñ agramy 44 karat bolup, ol şol döwrüñ talabyna laýyk gyrañlanan bolýar. Ony londonly bankir Genri Houp 18.000 funta satyn alýar. Ol bu göwheriñ dünýäde deñi-taýy bolmadyk daşdygyna kesgitli baha berýär. Emma gök daşyñ peýda bolmagy bilen bankiriñ maşgalasynyñ başyna betbagtlyk yzyna betbagtlyk inip başlaýar. Başda onuñ ogluna awy berlip öldürilýär. Biraz wagtdan bankiriñ agtygy garyp düşýär. Ynha, şol wakalardan soñam daşa diñe lagnat barada gürrüñ başlanýar. Bankiriñ ady dakylan "Houp" göwher daşy soñ has-da meşhurlyga eýe bolýar. 1901-njy ýylda daşy rus knýazy Kortytowskiý satyn alyp, ony fransuz tansçysy Ledýa sowgat edýär. Ýöne köp wagt geçmänkä, knýaz gabanjañlykdan ýa-da dälirän ýaly bolup, tansçy oýnaşyny atýar. Tizara onuñ özem öldürilýär. Şondan soñ daş Osmanly soltany Abdylhamydyñ eline düşýär. Soltan ony özüniñ söýgüli gyrnagyna sowgat edýär. Basym betbagt gyrnak boglup öldürilýär, soltanyñ özi bolsa tagtdan agdarylýar. Göwheriñ soñky eýeleri hem keç ykbala duçar bolýarlar. Ony satyn alan ispan millioneri gark bolýar. Amerikaly ýaş çatynjalar bolsa betbagtlyk getirýän daşyñ lagnatyna ynanman, bolup geçen wakalaryñ ählisini tötänlik diýip hasaplaýarlar. Şeýlelik bilen olar daşy satyn alýarlar. Olar "Titanik" gämisinde toýdan soñky syýahata gidibem gaýdyp gelmeýärler. "Houp" göwher daşyny 1949-njy ýylda amerikaly millioner G.Uinston satyn alýaram welin, onuñ mülki dargamaga başlaýar. Şonda daşyñ betbagtçylyk getirýändigine göz ýetiren millioner ony tizden-tiz Smitson institutyna sowgat edýär. Göwher daşy häzirki wagtda-da şol ýerde saklanylýar. Alymlar bu geñ-enaýy daşy barlap görenlerinde, onuñ beýleki göwherlere meñzemeýän reñkiniñ bardygyny ýüze çykardylar. "Houp" daşy ultra melewşe şöhlesi bilen şöhlelendirilende, onuñ gök reñkde däl-de, edil adam ganynyñka meñzeş gyzyl reñkdedigi aýan bolupdyr. Rusçadan terjime eden: Güljan SAZAKOWA. | |
|