11:17 Gudratly kenar / hekaýa | |
GUDRATLY KENAR
Çagalar edebiýaty
Her ýylyň halkara aýdym-saz festifalynyň Türkmenistan döwletinde, gözel Awazanyň kenarynda geçirilmegi indi adaty ýagdaýa öwrülip gidipdi. Geçen ýyl hem bu medeni çärelere bagyşlanylyp, toý baýrama beslenen dabaralar diýseň şüweleňli hem-de şatlykly geçipdi. Oňa dünýä döwletlerinden zehinli çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşyp, aýdym aýdýpdylar, bilelikde tans oýnapdylar, wagtlaryny gyzykly geçiripdiler. Bu ýere gelen çagalaryň maksady birdi, göwünler joşýardy, ýüzleri gülüp, ählijesi-de şadyýandy, mahlasy, gözel ülkäniň sungaty ýer ýüzüniň çagalaryny dostluk-doganlygyň girdabyna dolap alypdy. Bu aşgabatly Ýakymly üçin hem şeýle boldy. Türkmen çagalaryna nobat gelende, Ýakymly hem Watan, il-gün barada, Awaza barada aýdymlar aýdyp, özüniň şirin aýdymlary bilen myhmanlaryň göwnüni awlap bilipdi. Bu aýdymlara daşary ýurtly myhmanlar, aýratyn hem dosty Jon uzak wagtlap el çarpypdy. Onuň aýdymynyň ýazgysyny göçürip alypdy. Festifalyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylaryň onlarçasy Ýakymlynyň ýanyna gelip, ondan öý, mekdep salgysyny, telefon belgisini ýazyp alypdylar. Ýakymlynyň garaýagyz oglanjygy has hem sulhy alypdy. Festifalyň dowam eden günlerinden öňem-soňam, hemişe onuň bilen bile tirkeşipdi. Olar birek-birek bilen halys öwrenişipdiler, dostlaşypdylar, hereketleri bilen düşünişip bilýärdiler. Awazaň kenaryna edilen gezelençler, syýahatlar onda uly täsir galdyrdy. Olar bu ýerlerde ýadygärlik surata-da düşdüler. Dogrusy, şonda Ýakymly dostunyň gepleýän dili bolan iňlis dilini öwrenmänligini özüne kemlik bilipdi. Eger-de ol iňlis dilinde gepläp bilsedi, onda olaryň dostlugy uzaklardan uzaklara uzap giderdi. Arman... Olara terjimeçiler kömege gelýärdi. Ana, şonuň üsti bilenem olar birek-birek barada doly maglumat alypdy. Dostlaryň hoşlaşygy hem meger, olaryň ikisiniň hem ýadyndan çykmasa gerek. Ýakymly: --Dostum, men sen gelýänçäň, iňlis dilini öwrenip, seniň bilen öz ene diliňde gepleşmäge, Awazaň goýnunda söz berýän-- diýdi. Negr oglanjygy terjimeçiniň düşündirişlerinden soň adaja ýylgyrdy. Soňam terjimeça „Şulary terjime etseňizläň!“ diýip haýyş etdi. --Dostum, dil bilmäniňe ökünme, wagt geler dilem bilersiň. Hemme zada yhlas gerek. Ynha, men bäş dil bilýän, şonam az görýän. Esasy zat, seniň dostluga goýýan sarpaň-- diýdi... Ýakymly uzak ýyllap yhlas etdi, ýadamany-ýaltanmany bilmedi, şeýdibem iňlis dilinde suwara gürlemegi başardy. Ol bu ýyl hem dostunyň gelerine uly öwes bilen garaşdy, onuň bilen iňlis dilinde gürleşmege howlukdy. Ynha-da, daşary ýurtly çagalardan doly awtobus Awazanyň „Arzuw“ çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň öňünde saklandy. Ondan düşen çagalar ikibir-üçbir myhmanhana bakan ýöneldi. Ýakymly bu ýerde bir özi söm-söýek bolup durdy. Ol gelýänleriň arasyndan dosty Jony gözleýärdi. Haýp, ýolagçy awtobuslaryň telimsini garşy aldy, ýöne olaryň arasynda, dostuna gözi düşmedi. „Bu ýylyň festiwalyna menem barýan. Özem täze-täze, Siziň gözel ülkäňizi, ajaýyp Awazaňyzy wasp edýän aýdymlarym bilen barýan. Biz basym görşeris, dostum!“ diýip, internet arkaly habar iberenem Jonuň özi dälmidi? Belki, bir saý-sebäp bilen gelip bilen däldir“ diýip, içini gepletdi-de, aýdym-saz şowhunynyň geçiriljek ýerine bakan ýöneldi. --Ýakymly! Men bäride!--diýip, uzakdan bir uzyn boýly garaýagyz oglan gol bulap ony öz ýanyna çagyrýardy. Ýakymly, bu sesi eşitdem, gaňrylyp ses gelýän tarapa öwrüldem.Gözleri hiç zat görmedi. Barybir, bu gezekki festiwala dosty Jonuň gelmezligi onuň lapyny keç etdi. Asyl hiç bir zat bilen ugry bolmady. Onýança hälki ses has golaýdan eşidildi: --Ýakymly, dostum, salam, sen meni tanamadyňmy, bu men Jon! Ýakymly hyrra yzyna öwrüldi, garşysynda duran başy türkmen tahýalyja, gözüne gara äýnek dakynan, ýylgyryp duran garaýagyz oglana siňe-siňe seretdi, ol hakykatdan hem özüni ýoluna garadyp oturan dosty Jon eken. Ýöne onuň arassa türkmençeläp gepläp duranyny görende welin, Ýakymly birbada gözlerine ynanmady.Jonuň bolsa bu zatlar piňine-de däl, gaýta, Ýakymlyny gujaklap durşuna: „Dostum, niçik taplaryň? Meniň seni neneň göresim gelendigini bir bilsediň!?“ diýip, henizem yzly-yzyna türkmençeläp hal-ahwal soraşyp otyrdy. --Jon, hakykatdanam bu senmi?--Ýakymly hem dostuny berkden-berk gujaklady, asla ony goýbererli däldi. Serinde bolsa şo mahal şu pikirler at salýardy: “Gudratyňa döneýin, gözel Awazam, seni birje gezek görüp giden gaýry ýurty dostum hem hakyt türkmen bolup yzyna dolanypdyr“. Şondan soň Ýakymla-da dosty Jon bilen iňlis dilinde gürleşmek gerek bolmady.Ýöne ürç edip dil öwrenenine welin birjik-de ökünmedi. Çünki ol bu festiwalda-da täze-täze oglanlar bilen tanşyp, dostlarynyň has-da köpeljekdigine buýsanýardy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |