10:27

Gülem söýer, guşam söýer

GÜLEM SÖÝER, GUŞAM SÖÝER

Hakyñ nury bar ýüzüñde,
Gün dogan gara gözünde,
Dünýäñ heñi ýar sözünde,
Gülem söýer, guşam söýer.

Guýyñ düýbünden idelen,
Gülüñ roýunda dideleñ,
"Ýer-u-gök aşyk" diýdiler,
Gülem söýer, guşam söýer.

Sekiz gat asman eýesi,
Edepde älem söýesi,
Belent gaýañ mumyýasy,
Gülem söýer, guşam söýer.

Gül bitipdir düz ýerinde,
Guw hoşaldyr ýüzerinde,
Yşkyñ gözel güzerinde,
Gülem söýer, guşam söýer.

Yhlas, hyjuwy serinde,
Oturmyş bagy Eremde,
Ýar-ýara gujak gerende,
Gülem söýer, guşam söýer.

Bähre alyp bagtly günden,
Guşlar joşar, çogar güller,
Ýar ýylgyrsa dünýä güler,
Gülem söýer, guşam söýer.

Amanmyrat USSAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 385 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Ussaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]