19:21 Ene gözi bilen görüñ dünýäni | |
ENE GÖZI BILEN GÖRÜÑ DÜNÝÄNI
Goşgular
Älem-jahan gözellikdir, ajapdyr, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Dünýäñ ähli derwezesi açykdyr, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Myhmanlara bugdaý çörek bişiren, Ýadap gelen ýaryn atdan düşüren, Durmuş gözelligne ýürek düşüner, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Mähir gatan hüwdüsiniñ heñine, Beýik ýaşap, işi bolan oñuna, Iñ belent dag ýetibilmez deñine, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Suw joşanda kenaryny öl eder, Yhlasy başgadyr, yşkyñ doly eder, Nur-didesin ile bagt köl eder, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Enäñ mañlaýynda - mukaddes yzlar, Enäniñ kalbynda - aýdym-owazlar, Ene baksa, gara gyşda ýaz ýazlar, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Ene dälmi, Magtymgula şan beren, Ene dälmi, serdarlara şan beren, Ene dälmi, Hydyr gören, şa gören, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Eneler - keramat, kerem-öwlüýä, "Ene" diýseñ bar belalar sowulýar, Ene bilen gyz edebi öwülýär, Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Enedir iñ beýik gahrymanymyz, Enedir iñ şöhratymyz-şanymyz, - Ýaşa! - diýip - ene, mähribanymyz! Ene gözi bilen görüñ dünýäni. Amanmyrat USSAÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |