09:00 Amannazar Atanyñ degişmelerinden | |
AMANNAZAR ATANYÑ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
■ "Ýetişip bilmezler" Bize saz çalmagy öwreden ussat sazanda Amannazar Ataýew öz köne "Zaporožesinde" bizi toýa alyp gitdi. Amannazar halypamyzyñ arkasy güdri-güpjek ýaly güberip durardy. Şonuñ üçin bolsun gerek, sesi haýal çykardy. Aýdymy pes sesde, örän labyzly aýdardy. - Ýol bilen barýarkak, bäş-alty düýe ýolumyzy kesip geçdi. Şonda Amannazar: - Meniñem tüñkejigim bularyñ yzyndan kowup barýar-how - diýip ýylgyrdy. Oturanlaryñ biri bada-bat: - Ol aýdýanyñ-a dogrydyr, halypa! Ýöne düýeler "logar-logar" edişip, seniñ owazyñ yzyndan iki dünýäde-de ýetip bilmezler - diýip, barymyzy gülüşdirdi. ■ "Başga at alaýaryn" Amannazar halypanyñ baran toýunda bir kişi burçda çaý içip oturan. Şady-horram bolup oturan märekäñ içinden biri onuñ arak içmän oturyşyna geñ galyp: - Sen näme üçin içeñok? - diýip soran. Ol kişi - "Men awtoulagly geldim. Ýolda GAI-ler köp" - diýen. Jaýdaky oturanlaryñ hemmesiniñ ünsi ol kişä öwrülýär. Ähli edip oturan gürrüñleri ýatdan çykýar. Ählisiniñ ünsi çaý içýäne gönügýär. Hemmesi "Iç, iç" diýip içirjek bolýarlar. Ol kes-kelläm içmejekdigini aýdýar. Onda Amannazar halypa: - Inim, GAI saklasa, meniñ adymy beräý - diýip degişýär. Çaý içýän kişi: - Men GAÝA seniñ adyñy bersem, sen näme etjek? - diýip soranda halypa: - Men başga at alaýaryn - diýip jogap berýär. ■ "Gawunlarymy tordan çykaraýaýyn?!" Amannazar halypamyz Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaly mugallymçylyk institutynda okaýan döwründe bedenterbiýeden synag tabşyrýar. Küýküligi sebäpli tory hem göni depip bilmändir. Mugallym oña degşip: - Ataýew, şu futbol topuny üç gezek depip, birini tora salyp bilseñ, bäşlik goýjak - diýende, Amannazar mugallymyñ golaýyna baryp: - Ýoldaş mugallym, beýdip meni kösemäñ. Meniñ ökde işim bar-a. Gowusy - men öýüñize düşüren on sany gawunymy tordan çykaraýaýyn - diýipdir welin, mugallym gülüp-gülüp, heziller edinäýipdir. Amanmyrat USSAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |