15:39 Gün, sähra hem-de men | |
GÜN, SÄHRA HEM-DE MEN
Goşgular
Sährada säheri-syldym ýüzüme, Sährada özümi synadym bu gün. Dünýäniň iň beýik hökümdarynyň – Günüň sähra gelşin synladym bu gün. Agşam aşygyny taşlap gidenne Utanýan Gün birden-bire çykmady. Ilki gözýetime altyn çaýdy ol, Soň baýyrlaň aňyrsyndan jyklady. Giň sähraň özüne garaşýandygny Gördi-de ýüzüni galdyrdy ýerden. Men sorup ganmadym, sorup ganmadym Kümüş garyndysy garylan nurdan. Içdim men, Içdim men serhoş bolynçam, Özgelere galdyrardan daşdadym. Ahyram ümezlän gözlerimi süzüp, Günüň ädimlerin sanap başladym. Arman, gün şeýle bir tiz ýörär eken, Onlap menzil ýol eken her ädimi. Aljyradym, Serhoşlykdan açyldym Hem duýdum özümiň ejizdigimi. Gyzardym, müýnli dek garadym Güne, O bolsa asmana ýetipdir eýýäm. Meň açgözlük bilen sorup ganmadyk Nurumam älemi tutupdyr eýýäm. Guşlaň sesin diňläp, gülleri ogşap, Egne lybas geýip sadadan-sada, Sahydygna, belentdigne buýsanyp, Garap ýatyr aşygyna sähra-da. Menem gaşlarymy der bilen ýuwup, Oýlandym, kelläni döwdüm gaty kän: «Gün bilen sähranyň ogly bolsam-da, Nämüçin, olara meňzemedimkäm?!» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |