15:53 Gurbannazar Ezizowda täze döwrüñ filosofiýasy | |
GURBANNAZAR EZIZOWDA TÄZE DÖWRÜÑ FILOSOFIÝASY
Filosofiýa
Filosofiýa ylmy döräp, dürli şahalardyr akymlara ýaýramagyna garamazdan, onuň esasy dünýägaraýyş ugrukmasy barlyga akyl ýetirmek, adamyň bilimdüşünjeleriniň binýady döredijileriniň mazmun we gurluşyny anyk lamak, düşünjeleriň jeminden döreýän aňyň barlyga gatnaşygyny seljermek ýaly meseleler bilen bagly bolupdyr. XIX asyryň ortalaryna golaý dörän ekzistensializm filosofiýasy bu ylmyň baş wezipesini barlyk, oňa aň etmek meselesinde dälde, onuň adama ähmiýetini seljermek bilen baglanyşdyrypdyr. Barlygyň ähmiýetini ýüze çykarmagyň ýokary derejesi hökmünde ýaşaýyşdurmuşyň adam üçin manysy, onuň duýguly pikirde syzylyşy, syzylyşyň ynjalykly ýada ynjalyksyz duýguda jemlenmegi görkezilipdir. Mälim bolşy ýaly, filosofiýanyň Sokratdan başlap akyl ýetirişi ileri tutýan ugrunda, amerikan pozitiwizminde we beýlekilerde adamyň tenbeden durkunyň ösüşinde, şahsyýet hök münde kemala gelşinde gurşaw täsirlerine (okatmak, terbiýe) aýgytlaýjy orun berilýär. Barlygyň gurluşy baradaky maglumaty adamyň aňyna geçirmek, göreldeli terbiýäniň maz munyny we gurluşyny endik, başarnyk derejä ýetirmek şeýle filosofiýanyň esasy ýörelgesini düzýär. Aň, dünýä aň etmek meselesi islendik diýen ýaly filosofiýanyň obýekti hökmünde öňe çykýar. Ýöne nusgawy filosofiýa üçin aň hemişe işjeň we akyl ýetiriji häsiýetde bolýar. XIX asyryň başlarynda dörän filosofiýanyň täze ugry — ekzistensializm üçin aň aladaly, hasratly, ýaşaýşyň tamamlanmagynyň gutulgysyzlygyny janagyryly syzýan aňdyr. Şonuň üçin barlygyň ekzistensial seredilişinde oňa ideýalaryň toplumy hökmünde garamak bolmaýar. Barlyk düşünje görnüşinde seredilmeýär. Ol «diňe aňa girýan, oňa goşulýan zatdyr» (K.Ýaspers). Ekzistensial filosofiýa bu pelsepäniň maksatdyr wezipelerini adamda merkezleşdirýär. Adam barlygyň täsirini kabul ediji, oňa eýeriji orundan özüni özünden dörediji orna geçirilýär. Düşnüklilik üçin, ekzistensial filosofiýanyň baş düzgünlerini dolulygyna getirmek oňaýlydyr: «biziň her birimiz dünýä hakykaty görnüşinde öz ýaşaýşymyza we ahyrky ýaşamazlygymyza (ömrüň tamamlanmagy) aňly we janagyryly akyl ýetirip ýaşaýarys. Biz dünýäden daşda ýaşamyzok, dünýä biz bolmasak ähmiýetsiz, bimanydyr». Ekzistensializmiň birinji düzgüni: «Adam bu özünden özüni amal etmeginden başga zat däldir»(Ž.Sartr). XX asyryň 6070nji ýyllarynda ekzistensial filosofiýa entek, giň okyjy köpçüligi beýlede dursun, hatda pelsepeden sapak berýänleriň hem esasy bölegine nämälimkä, türkmen şa hyry G.Ezizowyň döredijiliginde bu pelsepäniň bellibir ýörelgeleri beýanyny tapýardy. Meselem, ýokarda getirilen ömrüň paýawlanýan pursadyndaky paýhas durulygyny şahyr ösümlik dünýäsiniň dirilikden onuň togtaýan güýz pasly bilen baglylykda berýär. Poetiki gahrymanynyň pikiri ösümlik dünýäsiniň ömrüniň paýawlanmagyna ýüzbeýüzlükde durlanýar. Şahyr ekzistensializmiň birinji düzgünine, ýagny adamyň özünden özüni döretmek ýörelgesine gabatlaşýan pikirleri-de inçe pelsepewi öwrümlerde berýär. Terbiýe bilen utgaşýan okatmagyňöwretmegiň ynsanyň pähimli gurluş hökmündäki kemallanmasynyň baş şertlendirijisi hatarynda bolýandygy, elbetde, adaty hakykatdyr. Ýöne onuň hakyky many goýazylygy adamyň näderejede özüni özünden kemala getirýänligi boýunça kesgitlenýär: Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok, Her ynsan özüçe ýasanýar bagty. Ekzistensializmiň düşündirişinde adam diňe bakyýetiň (ömrüň tamamlanmagynyň) öňüsyra halatynda durmuşyň asyl manysyna aň edýär. Ýaşaýşyň adaty gidişinde bolsa adam öz ruhu päkligini diňe hesreti paýhasynyň duýgy ýerligi ne öwürmekde gazanyp bilýär. Häzirki zaman ekzistensialistleriniň biri Franklyň hut özi kon- sentrasion lagerde iki ýarym ýylyň dowa mynda hesret çekip, beýlekileriň hesretini hem görýär. Bu barada ol özüniň «Ýaşaýşa «Hawa» diýmeli» kitabynda ýazýar. Bu kitabyň ahyrynda ol özüni dowzahdan «kadaly durmuşa» dolan hesret çekmegiň bu tükeniksiz ýoluny jemläp, özüniň hesretiniň netijesini nähili syzandygyny ýazýar: «Ýöne bularyň ählisi öýüne dolanan adamyň ajaýyp duýgy bilen tamamlanan duýgy syzmasy bolup, onuň manysy — şeýle başdan geçirmelerden soň ýalançyda Hudaýdan baş ga hiç zatdan gorkmaly däl». Franklyň pikiriçe, adam hesretiň üsti bilen, hatda özünden hem üsser derejä galyp bilýär, ýagny özüniň öňler ukypsyz hasaplaýan hereketlerini amal edip, özünde bardygyny çaklamaýan gönükdirilmelerini ýüze çykaryp bilýär. «Hesret» sözi gulaga ýitiräk gelýär. Ýöne G.Ezizowda ol pähimiň ýokary paýhasduýgy howalalylygyny howaýylykdan saklaýan duýgy ýerligi bolup, maksadyň ýetilen menzilinden kanagatlanmazlyk, onuň ýokarlandyrylan derejesine üznüksiz ymtylma syzylmasy manyda gelýär. Sen özüň den näçe nä ra zy bolsaň, Il senden şonça-da razydyr, razy. Türkmen nusgasy çuňňur psihologizme ýugrulan «Görogly» şadessanynda getirilýän: Akyl-huşuň bada berme, Gamgyn köňlüň şada berme setirlerinde hem paýhasyň pähimi gabatlaýan göçgünlilik ýagdaýy dälde, onuň asuda durulygyny şertlendirýän duýgy ýerliginde iş tutmaklyk ynsana muwapyk hasaplanylýar. Gazlar aglap geçmese, Güýzüň görki näm bolsun?! Bu aýralyk bolmasa, Güýzüň görki näm bolsun?! Ýada: Hesretin wasp edýän diri kakamyň, Ýok atamyň şatlygyny waspedýän. Bu ýerde atanyň aýatda ýoklugy ogulagtyk paýhasynda özözünelikde köňül hesretini döredýänligi üçin, ol şatlyk waspy bilen deňag ramlaşdyrylýar, kakasynyň aýatdalygynyň özi şatlyk bolýandygy sebäpli, bu duýgynyň ýoňsuz göçgünlige geçmezligi üçin, ol hesret duýgusynyň ýerligine geçirilýär. G.Ezizowda «hasrata» derek «hesret» düşünjesiniň ulanylmagy, soňkynyň hasrat çekmegi dälde, «heserlenmegi», ýagny ruhuň döredijilik howalalylygyna taýýarlygy duýgusyny häsiýetlendirýär. Hesretiň bu many öwüşgini Magtymguly akyldaryň: Magtymguly, hüşýar oldum, oýandym, Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym, Magny bazarynda haýýata döndüm, Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar! - sözlerinde hem gelýär. Ýeri gelende bellesek, meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanowyň «Gözel» aýdymynyň: Düşmeýär eliňden synny, keseriň, Çekdim men ugruňda yşkyň heserin - setirlerinde hem «hasrat» dälde, düýp sözi «hesret» bolan yşk heserlenmesi teswirlenýär. Ýokarda ady getirilen Frankl konsentrasion lagerden dolanansoň, özünde hesret duýgusynda açylan ýaşaýşyň soňky manysyna gatnaşygyny şeýle häsiýetlendirýär: «Köplenç, diňe haraba lykda asmana tarap görnüş açylýar». Kitabynyň başga bir ýerinde Frankl şeýle kemallanmanyň miwesi hökmünde zatlary has çuň görmäge ukybyň döreýändigini belleýär. Janly ösümlik dünýäsiniň ýaşaýşynyň paýaw lanýan pasly bolan güýzde şemala baldakdan tänýän saralan ýapraklaryň ösümlik dünýäsiniň harabalygyna kybapdaş keşbi G.Ezizowyň paýhaspähimini durlaýan hadysa bolýar: ...Güýz bilen otyryn gussa çekýärin. Bu gussa durlaýar, saplaýar meni, Ähli geçenime nazar aýlaýan. Seredip otursam, şeýle gussada Geçen ýoluň görner eken has aýan. Ekzistensial filosofiýanyň beýleki bir uly at-ýoklugy ölümden gorkmakda, şowsuzlygyň hemişe özlerini «yzarlaýandygyndan» we «bir zadyň üstünden barmaklykdan» ätiýaç etmeklerinde ýüze çykýar. Şeýle adamlarda iki dürli emosionalduýgy ýagdaýynyň bolýandygy bellenilýär: durmuşy gaýtadan ýaşap bolmajakdygyna ahmyr we öz kemçilikleriňi we ýetmezçilikleriňi inkär edip, olary daşky dünýä ýöňkemeklik. Ekzistensial filosofiýanyň başga bir düzgüni dünýä, ýaşaýyşdurmuşa many bermegi ýörite ýumuş hökmünde adamyň öz boýnuna ýükleýänligi bilen baglydyr. Şeýle filosofiýa esaslanýan ynsanperwer psihologlar hakyky we doly manyly durmuşy agtarmagyň ýeňil däldigini belleýärler. Bu pikir dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesinde çuňňur medeni özgermeleriň we gapmagarşylyklaryň eýýamynda, haçanda, adaty ynançlaryň we gymmatlyklaryň adamyň ýaşaýşynyň many syny tapmakda öňki ýaly ygtybarly daýanç bolup bilmeýän döwründe hasda adalatlydyr. Býurokratik jemgyýetde indiwid şahssyzlan maga we toparda ýitip gitmäge ymtylýar. Köp abraýy bolan Ž.Sartr adamyň ömrüniň soňky adamlar özözüne we beýlekilere kesekileşen pursadyndaky paýhas ýagtylanmasyny fransuz Garşylygy Hereketiniň esgeriniň san taýdan iňňän agdyk faşistleriň ot açmalarynyň öňünde öz ýaşaýyşdurmuşyny täzeden paýhasdan geçirip, borjuňy aňlamakda döreýän hakyky erkinlik halyna ýetmeginiň mysalynda aýdyňlaýar. Şeýle ýüzbeýüzlükden adam iki görnüşde aýrylyşýar. Bularyň birinjisi, egerde ol özüniň ähli geçen durmuşyna ser salyp, kaýyllyk bilen, emma aýgytly görnüşde özüne: «Men kanagatlanýan» diýen aýtgyny diýip bilen ýagdaýynda bolýar. Şeýle adamlar öz dowamatyny neslinde ýada döredijilik (sözüň giň manysynda) gazanmalarynda görýänligi üçin, olary ölümiň gutulgysyzlygy gorkuzmaýar. Soňky pursadyň pähimliligi adamyň bir taryhy döwürdäki ýaşaýşynyň dowamynda özleşdirilen bilimdüşünjeleriň çendanlygy (otnositeldigi) dogrusynda özüne hasabat bermeginde ýüze çykýar. Pähimlilik ölümiň öňünde ýaşaýşyň şertsiz ähmiýetini aňlamaklykdyr. Ömrüň ahyrky pursady bilen aýrylyşmagyň ikinji görnüşi öz ýaşaýşyna amal edilmedik mümkinçilikleriň we ýalňyşlaryň hatary görnüşinde seredýän adamlarda bolýar. Ýaşaýşyň paýawlanýan wagtynda olar öz «Meniniň» bitewüligini duýmak üçin, indi ähli zady täzeden başlamagyň ýada täze ýollary agtarmagyň örän giçdigine düşünýärler. Olarda «Men» bitewüliginiň ýetmezçiligi ýada ýaly ýagdaýda bolýar. Başga birlerine köne nusgalardan çetleşip, öz pikiriňde durmak we özüňi işjeňleşdirmek üçin täze hemde netijeli ýollary agtarmak erki ýetmezçilik edýär. Olar dostýarlaryň, maşgalanyň, mugallymlaryň, diniň, sosial gönükdirilmeleriň ýada tutuş jemgyýetiň makullaýan zatlaryna bil bagla maklygy müwessa bilýärler. Ýöne öz ýaşaý şyňy guramak erkinligi oňyn ýada oňyn däl netijelere eltip biler: gumanist psihologlaryň pikiriçe, bu meseläni ýeňip geçmeklik adamy durmuşda düýpli bir zat bitirmäge ugrukdyryp bilýär. Adamlar saýlaw etmek we öz ykbalynyň ugruny kesgitlemek üçin öz üstüne jogapkärçi lik almalydyrlar; olar muny bu dünýä gelendigi we bir adamyň durmuşyna, ýagny öz hususy durmuşyna jogapkärçilik çekmelidigi üçin, isleselerislemeseler etmelidirler. Erkinlikden we jogapkärçilikden gaçmaklyk dönük ýaly, hakyky däl durmuşda özüňi alyp barmakda, lapykeç umytsyzlykda ýaşamakdyr. G.Ezizowda şu dünýäniň maddylaýyn barlygy şol bir wagtda onuň manawylygy bilen bitewülikde gelýär: Bu ýagşy dünýäniň üstünde gaýyp, Ölseň-de, bu dünýä gelesiň gelýär. Ýada: Ömrüň pikriňden soň dowam etmeli, Şeýdip, ýaşamaly ýagty dünýäde. Bu setirleriň iki manysy bar: birinjiden, maksat goýmadyr karara gelme adamda pikirduýgy giňişliginde döränden soňra, onda saklanmaly däl, haýsydyr bir anyk bitirmelerde dowam etmeli. Ikinjiden, ömrüň bitirmeleri olary kabul eden ynsanlaryň minnetdar hakydasynda dowam etmeli. Durmuşyň manysyny diňe pikirduýguda tap makda çäklenmek G.Ezizowyň duýguly gahrymanyny kanagatlandyrmaýar, ol onuň manysyny haýsydyr bir anyk bitirme (goý, ujypsyz) bilen baglaýar: Ýazaryn, söýerin, tohum seperin, Razy bolar Şahyr, Aşyk hem Daý han. Derýadan geçjege bir köpri bolsa, Serişdesi bolsaň münüp düşmäniň. Ekzistensial filosofiýanyň başga bir möhüm düzgüni adamyň öz güýçgor potensialyny köpugurlaýyn ulanmak talaby bilen baglydyr. Erkin gurluş hökmünde adam, mümkingadar, köpsanly mümkinçilikleri amal etmäge jogap kärdir, şu şerti bitirende, ol, hakykatdanda, hakyky, doly manyly durmuşda ýaşaýar. Eger-de adamlar öz ýaşaýşynyň her bir pursadyny ýokary derejede goýazy etmekden we öz ukyplaryny iň netijeli ýüze çykarmakdan ýüz öwürseler, bu ýalňyşlykdyr. Kimdekim çagyryşy kabul etmekden we doly manyly mynasyp durmuşy döretmekden ýüz öwürse, ekzisten sialistler ony dönük atlandyrýar. Kimdekim öz ynsan durkuna dönüklik etse, ol öz ýaşaýşynyň esasy sowallaryny çözüp bilmeýär. Men kim? Meniň ýaşaýşymyň manysy barmy ýada ol bimanymy? Egerde men bu dünýäde hatda asyrlarboýy ýeke bolsamda, öz ynsan tebigatymy amal edip bilerinmi? Bu pikirler G.Ezizowyň şygryýetinden hem erişargaç geçýär: Erbet bor bu baglar geçse deňiňden, Bu ýagyşlar seniň üçinýagmasa. ...Seni gozgamasa, beýik ýaşaýşyň, Çözülen hem çözülmeli mataly. Ýada: Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň, Senden sowlup geçmeýänne şükür et. Öz ähli mazmunym açsadym menem, Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen. G.Ezizowyň döredijiliginiň pelsepewi ýörelgesi ynsanyň ýaşaýyşdurmuşynyň maksat goýma laryny, karara gelmelerini, esasan, onuň hesretli duýgy syzylmalarynda çäklendirýän ekzistensial filosofiýanyň ynsanperwerligi dälde, pana gelensoň, haýsydyr bir il ähmiýetli bitirme edip bilmese, ahmyr etjek işjeň ynsanperwerlikdir. Onuň liriki gahrymany üçin maksada ýetilmezden öňki döreýän isleg işjeňligi dälde, maksat amal edilenden soňraky işjeňleşýän isleg ähmiýetli, ýaşaýşa many beriji närse hasaplanylýar. Halas boluň esgilerden, doklukdan, Şum adamdan, köçeleriň itinden. Halas boluň ähli artykmaçlykdan, Ýöne halas bolmaň,«Halasediňden!». G.Ezizowyň liriki gahrymany öz maksat goýmadyr karara gelmelerini howalaly göçgünlikden sowlup, pikir durlaýan asuda duýgy ýerliginde berjaýlaýan bolsada, ol öz adam, şahsyýet durkunyň aýgytly hereketini paýhas içre zolakdan barlygyň anyk iş bitirmeler giňişligine geçirýär. Şahyr doklugyň lezzetine meýmiremän, öz öňüňdäki, il öňündäki borçlaryň entek ödelme diklerine aň edip, «öz bagtyňy özüň ýasanmak», «ähli mazmunyňy açmak», «derýadan geçjege köpri bolmak», «mätäjiň «Halas ediň!» towakgasyna biparh bolmazlyk, «ömrüňi pikiriňden soň dowam etdirmek» ýörelgelerinde iş tutmagy öz gahrymanlarynyň öňünde matlaby ahlak talaby hökmünde goýýar. Baýram BASAROW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |