GURLY TÜRKMENLERIŇ SOLTANLYGY
(1148 – 1215 ý.)
Hyrat bilen Gaznanyň arasyndaky daglyk ýerde bolan Gur welaýatynda irki döwürlerden bäri az sanly, ýöne hakyky özbaşdak nesilşalyklar hökmürowanlyk edipdir. Geografik ýerleşişi daglyk ýerler bolansoň, şeýle hem geçmesi kyn dag ýodalary, ýowuz gyşlar hökmürowanlyk edensoň, bu ýerlerde söweşler az bolaýjak ýaly, ýöne barybir, Gur welaýatynda söweşler üznüksiz bolup durupdyr.
Mahmyt Gaznaly bu ýerini 1010 (401)-njy ýylda basyp alýar. Mahmyt Gaznalynyň esasy talaby ýerli ilatyň yslamy kabul etmegi bolupdyr. Şol döwürde Emir Muhammet Sury ýurda ýolbaşçylyk edýän eken. Mahmyt Gaznaly Muhammet Sury bilen öňden gatnaşykly eken, olar öň gyz alyp, gyz berşipdirler. Şeýle-de bolsa, Mahmyt Gaznaly bu welaýata leşger çekip gelensoň, Muhammet Suryny emirlikden aýryp, onuň ogly Abu Alyny atasynyň ýerine belleýär, oňa ýyllyk salgyt hökmünde jöwşen, demir don, söweş sowudyny, başgabyny, ýarag paýtagta – Gazna ibermegi tabşyrýar. Ýyllyk salgyt hökmünde bu welaýata altyn-kümüş däl-de, esasan, ýarag esbaplaryny iberiň diýlip tabşyrylmagynyň sebäbi bar. Şol döwürde Merkezi Aziýada Gur ýarag we ýarag esbaplaryny, demir sowutlary ýasamakda şöhrat gazanypdylar. Mahmyt Gaznaly hem öz döwletiniň ýarag we ýarag esbaplary meselesiniň doly üpjünçiligini Abu Alynyň üstüne atýar.
Abu Alynyň inisi müneçjim Apbas ýerli hökümetiň garşysyna baş göterýär. Onuň gozgalaňyny Soltan Ybraýym Gaznaly XI asyryň ikinji ýarymynda basyp ýatyrýar, hökümet Muhammet II Sury bin Apbasa berilýär.
Gaznaly döwletiniň güýjüniň peselip, seljuk türkmenleriniň döwletiniň kuwwatlanyp ugramagy bilen gurlular Soltan Sanjar bilen dostlukly aragatnaşygyň ugruna çykýarlar.
Gaznaly türkmenleriniň döwletiniň garamagynda, tabynlygynda bolan gurlular Gaznaly döwletiniň synmagy bilen özbaşdaklyk gazandylar.
Alaeddin Gur döwletini esaslandyryjy hasaplanýar.
Alaeddin suhangöý, arap we dary dillerinde goşgy-gazal düzüp, keýpi-sapa bilen aşa gyzygan şahsyýetdir. Ol taryhy gowy bilipdir, ökde syýasatçy bolupdyr. Alaeddin häkimiýet başyna geçip, bar maksady Gazna döwletini ýykmak bolýar. Ol şol maksadyna-da ýetýär. Bähram şa Gaznaly ylalaşyk gazanmak üçin onuň ýanyna barýar. Emma Alaeddin Bähram şa Gaznaly bilen ylalaşmaýar. 1148-nji ýylda Zemin Dawerde, Tekeabatda, Gaznada Bähram şa Gaznalydan üstün çykýar, netijede hem Gaznaly türkmenleriň merkezi şäheri bolan Gazna şäherini alýar. Bähram şa gündogar welaýatlaryň birine gaçmaga mejbur bolýar we gaçýar, gaýgy-gama batyp, hasratda 1152-nji ýylda aradan çykýar.
Alaeddin dünýäni ýandyryjy diýen adyny Gazna şäherini otlap gazanýar. Gaznany basyp alansoň, ol bu şäheri rehimsizlik bilen oda berýär, bu şäherden iňňe ýaly-da nyşanyň galmazlygyny isleýär. III asyrda Ardaşiriň ýeriň ýüzünden Parfiýa soltanlygynyň aýrylmagyny, halkyň, ähli kişileriň bu döwlet hakda kelam agyz hem bilmezlikleriniň, nesilşalygynyň bolsa ystyhanlarynyň hem galmazlygyny isläp, Parfiýanyň köşgi-eýwanlaryny – ähli zadyny oda berip, ýakyp-ýandyryşy ýaly, Alaeddin hem Mahmyt Gaznalynyň döreden döwletinden, nesilşalygyndan hiç bir zadyň galmazlygyny, ähli zatlaryň otlanmagyny isleýär. Şol maksat bilenem Alaeddiniň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde Gazna şäheri otlanylýar, şol döwrüň sene ýazuwçylary şäheriň otlanyşy hakda şeýle ýazýarlar:
«Ýedi gije-günduzläp tüssäniň goýulygyndan ýaňa dünýä garaňkyrady, gündiz hakyky gijä öwrüldi, bir ädim öňüňi saýgaryp bolmady. Hannaslar şu ýagdaýdan peýdalanyp, ýedi gije-gündizläp şäheri taladylar, olaryň ogurlap alyp ýetişip bilmedikleri bolsa oda ýandy. Şäheriň adamlary hem rehimsizlik bilen gyryldy. Soltanyň nesilşalygynyň mazarlaryndan ystyhanlary çykarylyp otlanyldy».
Alaeddin Gazna şäherini ýer bilen ýegsan edeninden soň Gandagara, Busta, Gura gelýär. Bust welaýatynda Gaznaly nesilşalygynyň mülküni, Mahmydyň saldyran Leşgeri Bazarynyň biçak owadan ymaratlaryny, köşklerini Alaeddin rehimsizlik bilen weýran edýär.
Wagtyň geçmegi bilen Alaeddiniň ýerine geçen hökümdarlar weýran edilen ymaratlary belli bir derejede dikelden hem bolsalar, mongol basybalyjylary Alaeddiniň ýoluny ýöredip, şäherleri, galalary, köşkleri ondan hem beter ýakyp-ýandyrdylar. Merw şäheriniň ýarym ýyllap goýy tüsse bolup ýanyşyny taryhçylar öz döwürlerinde ýazypdyrlar.
Halk öz patyşasyny gaty bahym tanaýar, oňa danalar deýin takyk baha berýär. Alaeddin hem ganhor, rehimsiz soltan hökmünde halkyň aňynda galýar. Alaeddin özüni soltan diýip atlandyrsa-da, halk ony «Jahansuz» – ýagny jahany ýandyryjy diýip atlandyrýar.
Alaeddin seljuk türkmenleri bilen darkaşa girmek höwesi bilen ýaşaýar. Ol Gur döwletiniň seljuk döwletine tölän salgytlaryny yzyna gaýtaryp bermegini Soltan Sanjardan talap edýär. Bu talap iki tarapyň hem söweşe çykmagyna sebäp bolýar.
Firuzruh bilen Hyradyň aralygynda Soltan Sanjar bilen darkaşa girmek üçin Alaeddin goranyşa geçýär. Alaeddin bu söweşe gaty uly umyt baglapdyr, ol seljuk döwletini mugyra getirip, bu döwletiň ähli hanymanyna eýe bolmak isläpdir. Ýöne Soltan Sanjar Oguz han Türkmeniň serkerdelik, söweş tilsimatlaryny atabeglik mekdebinde kemsiz öwrenen soltan. Soltan Sanjar Alaeddin bilen söweşde-de ykjam oýlanyp hereket edýär: abaý-syýasatyň, myş-myşlaryň gara güýjüň başaryp bilmedik sepgitlerine ýetip bilýändigine esaslanyp abaý-syýasat tilsimini ulanýar. Ol bu babatda eždatlarynyň tejribelerini ýerlikli peýdalanmagy başarýar. Soltan Sanjar goşunyndan on-on bäş gün öň abaý-syýasatçylaryny ugradýar, abaý-syýasatçylaryň Soltan Sanjaryň deňsiz-taýsyz serkerdeligi, söweşde hökman ýeňiş gazanýandygy, esgerleriniň her biriniň müň esgere taýdygy, olaryň esgerleriniň gaty ökde söweşijidigi hakda dabaraly waspnamalary Alaeddiniň leşgeriniň içine aralaşýar, bu habarlaryň netijesinde esgerlere gorky-wehim aralaşýar, hökman öldürerler diýen wehim bilen olar gaçyp ugraýarlar. Şeýle hem Alaeddiniň leşgerindäki alty müň atly esger – türkmenler, halaçlar Soltan Sanjar Seljugyň tarapyna geçýär. Alaeddiniň galaba esgeri türkmenler eken. Türkmenler hem türkmenlere garşy söweşmekden ýüz öwürýär, olaryň ýüzlerçesi ýygyndan çykyp, öýlerine gaýdýar. Alaeddin bolsa sanalgyja goşuny bilen galýar. Netijede, uly bir söweş bolmazdan Alaeddiniň goşuny dagap, özi Soltan Sanjara ýesir düşýär. Alaeddin janyny aman saklamak üçin Soltan Sanjaryň öňünde ýedi bükülip, ähli zada kaýyldygyny nygtaýar, bilbil kimin saýraýar. Soltan Sanjar Alaeddini öldürmekden saklanýar, ol halklar arasynda duşmançylygyň döremeginden saklanýar. Alaeddiniň dilewarlygy onuň göwnünden turýar, şeýle bolansoň Soltan Sanjar jahany ýakyp-ýandyryjy – Jahansuz lakamyny alan zalym Alaeddin bilen dogan okaşýar, basyp alan mal-mülk emläklerini amanat hökmünde gaýtaryp berýär. Ýöne belli bir wagtdan soň amanat beren zatlaryny yzyna gaýtaryp bermäge Alaeddini borçlandyrýar.
Döwür-döwran o döwürlerde örän çalt özgerýär. Soltan Sanjar 1152-nji ýylda garahytaýlylaryň goşunyndan, bir ýyldan soň bolsa çarwa türkmenlerden-oguzlardan ýeňilýär, şeýdibem seljuk türkmenleriniň döwleti dagaýar, Soltan Sanjar beýik soltanlygyň iň soňky soltany bolýar. Men çykyşlarymda yzygiderli nygtaýaryn: türkmenler mydama içinden synypdyr diýip. Türkmenleri daşyndan gelip syndyryp bilen güýç olmandyr, içki agzalalyklar türkmeniň guran beýik döwletleriniň synmagyna sebäp bolupdyr.
◆ Men Gökdepe galasynyň taryhyna degişli resminamalary öwrendim welin, türkmen hanlarynyň biri-birine göwnüýetmezçilikleriniň, birek-birege hyýanatçylygyň Gökdepäniň synmagyna sebäp bolandygyna göz ýetirdim. Bäş müň ýyllyk türkmen taryhynda şol bir zadyň – içki agzalalygyň, birek-birege göwnüýetmezçiligiň döwletleriň synmagyna sebäp bolandygyny görýärin.
Bäş müň ýylda segsenden gowrak döwlet guran, yslamyň ýedi yklymynyň bäş yklymynda hökmürowanlygyny ýöreden türkmenleriň esasy keseli – içki agzalalyklarydyr. Ýogsam Oguz han Türkmen öz eziz halkyna zynharlap üç wesýet galdyrypdyr. Türkmene bela gelse, diňe şu üç zatdan:
– agzalalykdan;
– haramylykdan;
– men-menlikden –
bela geler. Bäş müň ýyllyk taryh Oguz han Türkmeniň müň keren mamladygyny subut edip geldi.
Gur soltanlygynyň taryhyna näçe içgin aralaşsaň, şol bir ykbal meňzeşliklerini görýärsiň. Häkimlik ugrundaky göreşde dogan doganyň kastynda, garyndaş garyndaşyň. Häkimligi ele almak üçin, häkimligi ele alansoň aýylganç ar almalar, hasaplaşyklar depe saçyňy düýrükdirýär. Gur soltanlygy Gaznaly soltanlygy bilen, soňra seljuk soltanlygy bilen ylalaşykda – gyz alyp, gyz berip ýaşan-da bolsalar, ol döwletleriň gowşamagy bilen öňki ylalaşyklar, garyndaşlyklar ýatdan çykýar, aýylganç ar alyş başlanýar, Gazna şäheriniň küle sowrulmasyny, müňläp bigünä adamlaryň oda atylmagyny adam wagşylygynyň soňky derejesi hasaplaýaryn.
Alaeddiniň ömri diňe ýakyp-ýandyrmak, wagşyçylyk bilen baglanyşykly. Ol Bamyýan, Toharystan, Gerimsir, Bust, Zemin Dawer welaýatlaryny, Murgap, Garjystan, Tülek sebitlerini basyp alýar, Bamyýany, Badahşany, Toharystany agasy Mälik Fahreddine berýär.
1155-nji ýylda Alaeddin eden wagşylyklarynyň ejirini çekmeli bolýar: ejirli ölüm ondan aryny alýar, köp sütemden soň soltan amanadyny tabşyrýar. Alaeddin ýogalansoň, onuň ýerine ogly Seýfeddin Muhammet geçýär. Ol kakasynyň zalymlygy zerarly halkda dörän gahar-gazaby köşeşdirmäge çalyşýar. Ýöne bu oňa eýgertmeýär, ol uzak wagt geçmänkä ysmaýylylar tarapyndan wagşylarça öldürilýär. Halk Alaeddiniň tohum-tijiniň galmazlygyny isleýär.
Döwletiň serkerdebaşysy Abul Apbas Alaeddiniň zyndanynda oturan meşhur serkerdeleri – doganlar Şahabeddini we Gyýaseddini boşadýar.
Doganlar Gyýaseddin Muhammet Sam bilen Şahabeddin Muhammet Sam ýedi ýyl zyndanda oturanlaryndan soň döwlet başyna geçýärler. Seljuk türkmen soltanlygynda Çagry begdir Togrul beg deýin iki dogan Gyýaseddin bilen Şahabeddin häkimlik edýärler. Edil Togrul beg deýin Gyýaseddin hem baş hökümdar bolýar, ol dogany Şahabeddine Gazna we Gandagar welaýatlaryna häkimlik etmegi tabşyrýar.
Gyýaseddin 1175-nji ýylda Balh we Hyrat welaýatlaryny seljuklardan, 1190–1200-nji ýyllarda Nyşapur bilen Merw welaýatlaryny Köneürgenç şasyndan basyp alýar. Şeýle hem Garjystan, Toharystan, Sistan, Mehran, Käbilistan, Gürgen, Gerdiz welaýatlary hem Gur döwletiniň tabynlygyna geçýär.
1178-nji ýylda Şahabeddin Hindistana ýöriş edýär, Güjeratda Bihim Diýurat bilen bolan söweşde ýeňilýär, soň 1189-njy ýylda Deliniň golaýynda 200 müň esgeri, 3000 pili bolan Rajystnyň we Gandynyň şasy Pethurat bilen bolan söweşde hem ýeňilýär. Bu uly iki ýeňlişden soň, 1191-nji ýylda Şahabeddin özüniň 120 müň atlysy we 300 müň esgeri bilen Pethuraýy, şeýle hem Deliniň Gandyraýyny ýeňdi, 1195-nji ýylda Agranyň boýlaryny basyp aldy. Şahabeddiniň ömri hem pajygaly gutarýar. Ol öz söweş çadyrynda ýeke namaz okap otyrka duşmanlary tarapyndan öldürilýär. Soltana urlan otuza golaý pyçak urgusy duşmanlaryň näderejede ony ýigrenendigini görkezýär.
Guruň soňky häkimi Kutbeddin Aýbek Delini basyp alyp, özüne paýtagt edindi. Kutbeddin Aýbege Hindistan topragy eziz göründi. Ol türkmen serkerdeleriniň başda durmagynda Kunnuçy, Çehirwalany, Bedawuny özüne tabyn etdi. Şeýlelikde Hazaryň kenarlaryndan tä Jamna derýasynyň ýakalaryna çenli, Jeýhundan Bulujystana çenli bolan giňişlikde Gyýaseddiniň soltanlygynyň adyna hutba okaldy.
Gyýaseddin 63 ýaşynda 1201-nji ýylda Hyratda aradan çykýar, ol aradan çykansoň soltanlyk onuň dogany Şahabeddine geçýär.
Şahabeddin giň soltanlygy gaty parasatlylyk bilen dolandyrdy. Soltanlygyň merkezleşdirilen edara ediş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge çalyşdy. Hindistanyň ähli welaýatlaryna, etraplaryna, şäherlerine özüniň janyny ynanýan, synagdan geçen türkmen ýigitlerini goýdy. Güýçli Köneürgenç şalygy bilen dostlukly şertnama baglaşdy. 1205-nji ýylda Penjapda soltanlygyň zulumyna garşy Kuhjuduň we Kahkaranyň daýhanlary baş göterýärler. Soltan Şahabeddin Penjaba gozgalaňy ýatyrmaga ugraýar, gozgalaňy ýatyrýar. Emma Jilemde, Nilap derýasynyň boýunda Alp Arslanyň gününe düşýär: öz janyndan geçen gozgalaňçylara göwnüýetmezçilikli garaýar, şol sebäpli hem ýönekeý daýhanyň hanjaryndan ölýär.
Şahabeddiniň ölüminden soň Gurly türkmenleriň döwleti pese düşüp ugraýar.
1205-nji ýylda Mahmyt bin Gyýaseddin agasynyň ýerine soltan bolýar. Ol paýhassyz, jalaý, tarhandöker bolýar. Firuzruhuň tylladan doly sekiz ýüz sandygyny aýşy-eşreti üçin sähel wagtyň içinde sarp edýär, neberesiniň – agalarynyň 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde çemçeläp ýygnanlaryny kersenläp döküp, derrew soňuna çykýar. Ol günde-günaşa guraýan baýramçylyklarynyň birinde mirassyz hazynasyny doganoglany Täjeddine, şeýle hem köşkdäkilere, Firuzruhuň şäherlilerine bagyşlady. Şeýdip, Gur türkmenleriniň soltanlygy Mahmyt bin Gyýaseddin jalaýyň jalaýlygy, tarhandökerligi bilen soňlaýar.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar