19:14 Gylyç aýdar, men parlaýam... | |
GYLYÇ AÝDAR, MEN PARLAÝAM . . .
Taryhy makalalar
Geçmiş taryhymyzy çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmenleriň özboluşly harby sungaty onuň baý taryhynyň möhüm bir bölegidir. ХVII-ХIХ asyrlarda türkmenleriň harby-goranyş işleri oba jemagatynyň we onuň ýokary guramasy — maslahatyň üsti bilen ýola goýlupdyr. Maslahat tirä, oba, ýurda kimiň han bolmalydygyny, çozuş edip gelýän duşman bilen nirede we nähili usulda söweşmelidigini çözüpdir. Saýlanan han hem maslahatda ýaşulular bilen geňeşipdir. Watany goramak ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes borçdur. Geçmişde her bir ýaş ýigit at üstünde her hili harby hereketleri etmegi başarypdyr. Ok-ýaý we tüpeň atmagy, gylyçdyr naýzany ussatlyk bilen işletmegi öz wagtynda öwrenmäge borçly bolupdyr. Türkmen ýigitleri, aýratyn-da, gylyjy oňat işletmegi başarypdyrlar. Ýöriş wagtynda daglardan we gumlardan çalt geçmegiň düzgünlerini ýagşy bilipdirler. Türkmenler ökde, dogumly harbylar bolmak bilen çäklenmän, halal, beren sözünde durýan, ýokary adamkärçilikli bolupdyrlar. Şoňa görä, köp hanlar we patyşalar, şol sanda keseki ýurtlaryň hanlarydyr patyşalary hem türkmen ýigitlerinden nöker edinmäge çalşypdyrlar. Türkmenleriň esasy ýaragy egri gylyjy bolupdyr. Olar egri gylyjy guşaklaryna dakyp gezipdirler. ХVII-ХIХ asyrlarda türkmenler, esasan, gylyç, pelteli we hyrly tüpeňler, naýzalar, gamalar bilen ýaraglandyrylypdyr. Sapança seýrek bolupdyr. Şonuň üçin türkmenleriň esasy ýaragy egri gylyç bolupdyr. Türkmen halkynyň taryhy we medeni miraslarynda gylyjyň waspy ýetirilipdir. «Oguznama», «Döwletýar», «Ergenokon», «Görogly» we beýleki gahrymançylykly eserler muňa şaýatlyk edýär. «Görogly» şadessanynda şeýle diýilýär: Gylyç aýdar, men parlaýam, Parlap howadan ineýem, Ganymy iki böleýem, Ala polat bolan çagda. Bu setirlerde gylyjyň polatdan ýasalýandygy we ýigidiň egri gylyja daýanýandygy aýdylýar. Türkmen gylyjynyň egri bolmagy hem türkmenleriň ýarag ýasamaga uly üns berendigine şaýatlyk edýär, çünki egri gylyç şol bir güýç bilen salnan göni gylyçdan çuň ýara salýar. Egri gylyjyň içine simap guýlup ýasalan bolsa, türkmenler oňa «düýrme gylyç» diýipdirler. Düýrme gylyç salnanda suwuk we agyr metal bolan simap urgy bolýan ýere baryp, urgynyň güýjüni has hem artdyrypdyr. Haçan-da gylyç şeýle salnan halatynda onuň kesgirligi artýar. Munuň şeýledigine türkmen halkynyň taryhynda bolup geçen ençeme söweşler şaýatlyk edýär. Gadymy milli gylyçlarymyz taryhy gymmatlyk hökmünde Diýarymyzyň muzeýlerinde saklanýar. Olaryň geçmiş taryhy barada muzeý işgärleri gürrüň berýärler. Bu taryhy maglumatlar bolsa geçmişde türkmen ýigitleriniň Watanymyzyň asudalygyny, mizemezligini, abraýyny, mertebesini gorap saklandygyna şaýatlyk edýär. Begli GURBANDURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |