GYLYÇBERDI AHUN
■ "Men bilmenem, Hakyñ dosty kaýsydyr?"
Ömrüniñ ahyrky ýyllaryna çenli Hazar deñziniñ Gyzylsuw adasynda ýaşap, ýañy-ýakynda 2014-nji ýylda aradan çykan Gylyçberdi ahunyñ adyny ýurdumyzda eşitmedik ýokdur. Pirlige ýeten bu beýik şahsyýet heniz aýatda dirikä piriñ keramatly bosagasyna alnyny diräp, onuñ haýyr dogasyny alyp gaýdanlaryñyzam az bolmasa gerek.
Biz käte taryhdan, geçmişden söz açylsa, öñ beýik-beýik ärleriñ-pirleriñ ýaşap geçendigini, häzir şol beýikleriñ derejesinde adamam galmandygyny aýdyp, özümizçe baş ýaýkan bolýarys. Emma şol beýik ärleriñ-pirleriñ welin henizem öz aramyzda ýaşap ýörenleriniñ bardygyny, asyl bu ýalançynyñ şeýle adamlaryñ tükenmändigi üçin aýak üstünde durandygyny welin unudýarys. Haçan-da Hakyñ dostlary aramyzdan gyl ýaly sogrulyp, gara ýeriñ gujagyna siñip gidensoñ welin, aklyna ýañy aýlanan diwana ýaly negözel adamlaryñ aramyzda bolandygyny bilmändigimiz we olaryñ beýikliklerinden ýeterlik derejede peýdalanmandygymyz üçin dyzymyza şapbatlap başlaýarys...
Şonuñ ýaly adamlaryñ biri hem Gylyçberdi ahundyr.
■ Gylyçberdi ahunyñ çagalyk ýyllary
Asly şyhlardan Gylyçberdi ahun 1929-njy ýylda Gyzylsuw bilen Awazanyñ aralygyndaky Täzeabat obasynda Gurbanýaz ahunyñ we Geñliktäç ejäniñ maşgalasynda dünýä inýär. Gurbanýaz ahunyñ beýleki aýalyndan bolsa Gurbansoltan (Tokaş ejeke) atly bir gyzy bolupdyr. Gurbanýaz ahunyñ özi gowgaly zamananyñ kynçylyklaryna garamazdan Buhara ýaly ýerde okap gelen ylymly-bilimli az sanly adamlaryñ biri bolupdyr. Gylyçberdi ýañy bäş ýaşyndaka kakasy Staliniñ ölüm paýlaýjy maşyny bolan "troýkanyñ" goly esasynda sud edilmän sürgün edilýär. Maşgalabaşysyz galan hojalyga mundan beýläk bu ýerde ýaşamak juda kynlaşypdy. Iñ bärkisi "halk duşmanynyñ ogly" diýip ýaşajyk Gylyçberdini mekdebe okuwa-da kabul etmeýärdiler. Şonuñ bilen Geñliktäjiñ erkek dogany gelip, aýal doganyny we ýegenlerini alyp, öz ýaşaýan ýerine - Guwlymaýagyñ Jafar obasyna alyp gidýär. Alyp gitse-de alyp gidýär welin, "halk duşmanynyñ maşgalasyny saklaýar" diýip, ony yzarlap başlaýarlar, munuñ üstesine hem ol partiýa agzasy bolansoñ başyna itiñ gününi salýarlar. Gylyçberdini bu ýerde-de mekdebe almaýarlar. Soñra dogany Gurbansoltan Gylyçberdini we Geñliktäji Gyzylsuwa alyp gaýdýar. Gyzylsuwda-da agyr günler olaryñ başyndan sowlup gidibermeýär. Hiç ýerde mekdebe alynmadyk Gylyçberdi okamak üçin şäherdäki daýysyna ýüz tutýar we Türkmenbaşy (şol wagtky Krasnowodsk) şäherine gelýär. Ahyrky gezegem paltasy daşa degensoñ Gylyçberdi Gyzylsuwa dolanýar.
1941-nji ýylda Gurbanýaz ahunyñ giýewsi Nurmämmet Geñliktäç ejäni we Gylyçberdini alyp gaýynatasynyñ yzyndan onuñ saklanýan ýeri bolan Tallymerjene görme-görşe gidýär. Didarlaşyp bolanlaryndan soñra Gurbanýaz ahun olara ýüzlenip: "Bu iñ soñky gezek gõrüşdigimizdir. Indi gelmäñ. Geljek diýseñizem gaýtmaga mümkinçilik bolmaz, ýurt howp astynda, halk kynçylyk çeker, öz günüñizi gõrseñiz razy bolaýyñ'' diýýär.
Gelenlerinden soñ Nurmämmede hem gün bermän başlaýarlar. Haý diýmänem Beýik Watançylyk urşy turýar. Gurbanýaz ahun uruş turjagyny süññi bilen syzan eken.
Gurbanýaz ahun sürgün edilenden on ýyl soñra, 1944-nji ýylda Gazagystanyñ Barnaul şäheriniñ türmesinde aradan çykýar.
■ "Kalp gözi açylanlar jan gözüni neýlesin!.."
1942-nji ýylda Nurmämmet Gylyçberdini Gäwersiñ heýwere kesellileri saklaýan dispanserine alyp barýar we ol ýere ýerleşdirýär. Sebäbi heýwere kesellileriñ ýanyna adam-gara gelmeýänligi üçin bu ýer Gylyçberdi üçin howpsuz boljakdy. Gylyçberdi heniz 16 ýaşyndaka daga oduna gidýär we dagda oña Allatagaladan gözüniñ gapyljakdygy barada owaz gelýär. Odun ýygyp ýörkä iki gözi ýumulanam bolsa ol hemme zady ýerbe-ýer görüpdir we odunyny eşegine ýükläp öýüne dolanypdyr. Öýe gelen badyna-da gözi açylýar. Gözleriniñ gapyljagy özüne aýan bolan Gylyçberdi aga "Alla barybir meniñ iki gõzümiñ-de ýumulmagyny isleýän bolsa, men muña öwrenişmeli bolaryn'' diýip, iki gözüni ýumup ýörejek bolýar, emma onuñ gözi hiç zady aýyl-saýyl edip bilmeýär. Ol "Allahym, dagda iki gözüm ýumulup açyp bilmedik ýagdaýymda, hemme zady görýärdim, emma özüm ýumup ýörejek bolsam hiç zat göremok. Sen isleseñ gözsüze-de hemme zady gördürip başararsyñ'' diýip öz halyna şükür edýär.
Gylyçberdiniñ 22 ýaşynda gözleri doly ýumulýar. Halk arasynda rowaýat edilmegine görä, Gylyçberdi ahun erbet bir günä iş edilip durlanda üstünden baranmyşyn we "Şular ýaly haramlygy gören gözlerim gapylsyn!" diýip dileg edenmişin. Dilegi şobada hasyl bolan Gylyçberdiniñ bolsa bihal adam däldigini bilip galypdyrlar.
Gylyçberdi ahun "Gurhany" ses ýazgysy arkaly ýat tutýar, teswirläp terjime etmegi-de öwrenýär.
Gylyçberdiniñ adatdan daşary zehini, onuñ gözsüz bolup gözli adamdan özüni salyhatly alyp baryşy adamlary haýrana goýýar. Hatda ol agaç, demir ussaçylygyny hem ussatlyk bilen baş çykarypdyr.
■ "Sende nähilidir bir üýtgeşiklik bar!"
Ýowuz uruş tamamlanýar. Ölenler jeñ meýdanynda galýar, ölmedikler öýüne dolanýar...
Gäwersli bir ýaşulynyñ oglundan habar-hatyr bolmaýar, dolanybam gelmeýär. Ahyr ol adam Gylyçberdi aganyñ ýanyna gelip: "Inim maña bir düýş görüp bersene!'' diýýär. Gylyçberdi allaniçiksi bolup: "Düýşi görjek diýip gõrüp bolýarmy?'' diýýär. Ol adam: "Ýöne sen bir namazly-täretli, dili dogaly adam, niýet etseñ görersiñ!'' diýýär. Gylyçberdi aga: "Senem namaz-täretli bol, belki şonda seniñ özüñem gõrersiñ'' diýýär. Ol adam: "Men sende nähilidir bir üýtgeşiklik duýýan inim, sen bihal däl, maña bir Alladan dileg edip ber heý oglum dolanarmyka?'' diýýär. Gylyçberdi şol gije düýş görýär. Düýşünde şol ýaşulynyñ goltugyna bir oglan girip otyranmyşyn. Ertesi irden ol adamy ýanyna çagyryp, düýşüni aýdýar. Kän wagt geçmänkä ol ýaşulynyñ ogly dolanyp gelýär. Muny gören halk Gylyçberdi agada bir keramat bardygyna magat göz ýetirýär.
31 ýaşynda Gyzylsuwa dolanan Gylyçberdi aganyñ gözi görmeýändigine we ýeke ýaşaýandygyna garamazdan, onuñ içersiniñ we üst-başynyñ arassalagyna haýran galýan ekenler.
■ "Ertir irden ogşugyñy pylan ýerden al-da gaýdyber!"
Türkmenbaşy şäheriniñ ýaşaýjysy Gurbangül Annamuhammet gyzy şeýleräk bir wakany gürrüñ berýär:
"Ogul öýermekçidik. Toýa sanlyja gün galypdy. Ynha, birden toýa niýetläp oturan ogşugymyz gürüm-jürüm boldy oturyberdi. Özem ol ogşuk käte görnen ýaly etse-de, tutdurman ýene sumat bolýardy. Hernäçe ele saljak bolsagam ony ele salyp bilmeýärdik. Adamym ahyryn Gylyçberdi aha ýüzlenýär: "Gylyçberdi däde, toýa bir gün galdy, ogşugy günde görsek-de tutmak başardanok, ertirem mal soýmaly günümiz, indi siz bir maslahat beriñ bize''. Gylyçberdi ahun: "Ertir irden palan ýere bar, ogşugyñ hem şol ýerde garaşar, bu gün git-de arkaýyn dynjyñy al!'' diýýär.
Ertesi irden aýdylan ýere baryp görseler, düýe janawer aýdylanja ýerde duranmyşyn, aýdylyşy ýaly butnaýynam diýmeýärmiş".
■ "Hikmet Gylyçberdi aganyñ özünde!"
Aýtmaklaryna görä, Gylyçberdi aganyñ huzuryna gelýän zyýaratçylaryñ yzy üzülmändir. Munuñ şeýledigine 2013-nji ýylyñ güýz aýlarynda şu makalanyñ awtory bolan özümix hem Gyzylsuwa baranymyzda we Gylyçberdi aganyñ haýyr dogasyny almak bagty miýesser eýlände anyk göz ýetirdim. Gelýän zyýaratçylaryñ köplüginden ýaña iki otagly horaşaja jaýda aýak basmaga ýer ýokdy. Şonuñ üçin myhmanlar tapgyr-tapgyr kabul edilýärdi. Barýan zyýaratçylaryñ ýatymlyk galanlary onuñ gije selälige turup, öz iýjek zadyny özüniñ taýýarlaýşyna, gözi görmeýänem bolsa ýatanlara päsgel bermän ýerine ýetirýän işlerine, jaýyñ içini-daşyny dolduryp ýatan myhmanlaryñ säwlik bilenem bir ýerlerine basman hereket edişine haýran galýar ekenler. Diñe şunuñ özem onuñ hikmetli ömrüne yşyk tutmaga ýeterlik bolsa gerek.
Bir gezek garaguş bilen kesellän bir görgüli Gylyçberdi agadan haraý isläp barýar. Gylyçberdi aga ýanynda oturan bir lukmana: "Şu adama seret" diýýär. Garaguşly bende: ,"Ýo-ok, atamjan, meniñ lukmanlyk işim ýok, almadyk bejergim barmadyk lukmanym ýok, maña siziñ ýagşy dilegiñiz gerek, lukmana däl, Size geldim'' diýip özelenýär. Ahun öñki aýdanyny gaýtalaýar. Näsagam yza tesmän ýalbaryp başlaýar: "Jan atam, maña bir dileg edip beriñ Alladan, maña lukman hayyr edenok''.
Õzü-de zyýarata baran lukman oñaýsyz ýagdaýa düşýär. Emma Gylyçberdi ahun ýene lukmana ýüzlenýär: "Çolarak ýere geçip seret şu adama''. Lukman bialaç razylaşýar we gyra çekilip näsaga bejergi ýazyp berýär. Ol aljyrap durşuna gyssagara kellesine gelen bir agyrsyzlandyryjy dermany-da ýazyp näsaga berýär. Gylyçberdi ahunyñ bu hereketinde bir hikmet bardygyny añan lukman näsagyñ telefon belgisini alyp galýar. Bir hepde ýaly günde näsaga jañ edip ýagdaýyny sorap durýar. Geñ ýeri, näsag indi tutgayyynyñ seýrekleşýändigini aýdýar. Ondan soñ üç aý geçýär. Iş-alada bilen lukman bu wakany ýatdan çykarýar. Günlerde bir gün lukmanyñ el telefonyna jañ gelýär. Jañ eden özüniñ şol tutgayly näsagdygyny we lukmanyñ bejergisinden soñ derdinden doly saplanandygyny aýdýar. Şeýle hem ol lukmandan ýene bir õzi ýaly näsagy bejerip bermegini haýyş edýär. Lukman: "Wah, doganjygym, men şonda saña ýazan bejergim ýõnekeý analgetik, garaguşyñ bejergisi hem däl, emma hikmet Gylyçberdi ahunda, Allanyn eradasy bilen oña baran zyýaratyñ netijesi bu, men bejergi bermedim saña, ahunyñ haýyr dogasy bejerdi, indi ol näsagy hem Gylyçberdi ahuna zyýarat etdiriñ'' diýip jogap berýär. Bolan ýagdaýa lukmanyñ özi añk bolup galýar.
■ Jemleme ýerine
Segsen bäş ýaşap, 2014-nji ýylyñ 31-nji maýynda aradan çykan, zamanamyzyñ Hakdan halatly beýik piri Gylyçberdi ahunyñ at-owazasy diñe Garaşsyz we baky Bitarap watanymyzyñ çäginde däl, tutuş yslam ýurtlarynda hem ýañ salypdy. Muña arap ýurtlaryndan we başga-da birnäçe doganlyk ýurtlardan gelen zyýaratçylar hem güwä geçýär. Häzir biziñ aramyzda onuñ haýyr dogasyny alan müñlerçe, belki-de ýüz müñlerçe watandaşlarmyz bardyr. Aradan çykansoñam üstüniñ zyýaraty kememeýän Gylyçberdi aga barada bu gysgajyk makala taýýarlananda onuñ garyndaşlary Imanguly aganyñ we Oraztäç gelnejäniñ beren gürrüñlerinden peýdalanyldy.
Goý, Gylyçberdi ahunyñ eziz ruhy bizden şat bolsun!
© Has TÜRKMEN.
Taryhy şahslar