GYZYÑ ÝAGLYGY
...Çeşmeli-bagly jülgede gezim edip ýördüler welin, gyzyň ýaglygy uçdy-da gitdi...
...Şemalyň badyna barybam, beýik çynaryň şahasyna ilişdi galaýdy.
Aljyran gyz, ilkibada ýaglygyny almagyň alajyny agtaryp, iki-baka elewränem boldy. Emma, elinden hiç zat gelmejekdigine düşünip, bagyň düýbünde ýüzüni sallady-da duruberdi.
Şol bada, elmydama şunuň ýaly ýerlerde bolşy ýaly, gyzyň daşyna adam üýşdi. Özlerem jyňkyny çykarman durmak ýa-da diňe duýgudaşlyk bildirmek bilen çäklenäýmän, şeýle halatlara mahsuslykda, pikirlerini beýan etmäge girişdiler.
-Bäý gyzym, bü-ýä bolmandyr! Elýeter ýalam däl. Hany, men gidip uzynrak agaç gözläýin-le!-diýip, hasasyna söýenip zordanrak duran ýaşuly, şol ýagdaýynda-da agaç agtarmaga ugrady.
-Bihaýa! Utanmaýaram-a, bi! Depesini garaldyp, başy ýalaňňyrt halyna, ýüzüni sallanam bolup dur-a, bi!-diýip, hümer duranlaryň arasyndan lopbuş ýüzi çala görünýän zenanyň, kümsükden gelen içi güjükli sözleri eşidildi.
Hemmelerden çetde duran, arrykdan gelen şilliň uzyn ýaş ýigit bolsa, gyza kömek etmegiň najadyny gözlemekden geçen, gaýta, goltuk jübüsinden eltelefonyny çykardy-da, onda hat redaktoryny açyp, kinniwanja ekranbasarjygyny çümmüginde saklap, aýagaldygyna serine gelen setirleri ýygyp ugrady.
Seýle çykanda söýgüli läligim,
Şemal alyp gaçdy ýaşyl ýaglygyn...
Olaryň beýleräginde bolsa, eýýäm birküç sany çagajyk, duran ýerlerinde bökjekläp, çapak çalyp, çarp urýardylar:
-Ýok-da, ýok-da, ýaglygam ýok-da...Gowy boldy, gowy-da...
Ululardan hiç birem olara “haý-küş” diýmeýärdi.
Ýerli-ýerden üstüne ýagýan jümlelerden ýaňa gyz düýrükdi. Şol pille özüne ýakyn duran, orta ýaşdan agyberen rehimdar keşpli zenan, mähir bilen:
-Gynanmasana gyzym! Giden bir ýaglyk bolsun. “Özüme gelenden malyma bolsun” diýipdir-ä atalarymyz! Başa gelenini sowsun! Alyp bolmajak bolsa, owarram et-de, gidibersene!-diýende dagy, ol tasdanam ejizläp, hamsygýardy. Hernä:
-Ak gyz, näme beýdip ýüzüňi sallap dursuň?! Çagyr bizi, ol-a ýaglygyňy almak ekeni, şemaly hem tutup gettirip, götterip alnyňda dikmeýäsmi, şü mahal?!-diýşip, çylkasyz hikirdeşip özüne lak atýan iki sany süwümsize gahary gelip, saklanaýdy.
“Durnanyň üstüne urna” diýlişi ýaly:
-Beýtmäň ahyry, bi nä hiç kim bilen işi bolman, özbaşynajyk ösüp duran agaja esgi asaýypsyňyz?! Agajam diri zat ahyry. Heýem bir, bag ýaly ajap zady harlarlammy?!-diýip jülgäniň gözegçisem bir ýerlerden peýda boldy.
Mugallyma çalym edip duran epeý pyýada-da gözegçiniň “häsini” ýetirmäge howlukdy:
-Hä, hawa-la! Siz örän dogry bellik edýärsiňiz. Bu erbet iş ahyry. Indi ol esgini agaçdan aýyrjak bolup biriniň beýiklikden ýykylmagy ähtimal. Dogry dälmi, adamlar?!
Ony hem öz gezeginde näçe ýaşyndadygyny pasportyndan göräýmeseň, ýüz keşbinden-ä ömralla-da çaklap bolmajak, gözi äýneklije, hortap, pessejik adam goldady:
-Siz mamla gadyrdan! Özüňiz seredip görüň, matematiki modelirleme usulyny ulanyp, takmynan ölçeglerini çykaranymyzda, bu bagyň beýikligi takmynan 15 metr-ä bardyr. Onsoň ondan gaçjak adam hem, umumylaşdyrmalar usulyndan peýdalanyp ortalyk ululyklar nukdaýnazaryndan alanymyzda, bar, 70 kilogram agramly bolsun. Onsoň, ýeriň dartyş güýjüni, onuň gaçmaly beýikligini, gaçmagy çak edilýän adamyň çak edilýän agramyny bir ýere jemlesek, onuň ýere gaçandaky tizliginem kilometr-sekunt ölçeginde ölçesek...onda...onda...
Pessejik adam aňynda amala aşyrýan çak edilýän hasaplamalaryna, boýyn çümdi. Hiç kim oňa diýýämisiňem diýmedi.
Hümerlenişip duranlar hatda, assyrynlyk bilen pişik basyşyny edip, gyzyň ýanyna baryp, pessaýja pyşyrdy bilen oňa:
-Jigi, muzdumy töleseň, ýaglygyňy, gözüňi bir açyp-ýumýançaň aňyna-maňyna garatman alyp düşýän!-diýýän murtlak, daýaw kişä-de üns bermediler.
Çünki bu wagt adamlaryň ählisiniň ünsi, ýaglygy ilişen ýerinden alyp, aşak düşüp gelýän, 10-12 ýaşlaryndaky oglanjykda jemlenipdi.
Oglanjyk bolsa özüniň her bir hereketiniň sypdyrman synlanylýandygyna jinnek ýalam ähmiýet bermän, ap-arkaýyn bagdan düşdi-de, gysymyndaky ýaglygy gyza tutdurdy. Soňam birenaýy ýylgyrýan gyzyň diýýän minnetdarlyk sözlerine “hä-hawa-da” diýmän, beýleräkden geçip barýan deň-duşlarynyň yzyndan:
-Eý, maňa-da garaşyň-ow! “Häzir gelýän” diýdimä-how!-diýip gygyrdy-da, şol tarapa ýelk ýasady.
Adamlar bolsa, ýygnanyşlary ýaly öz-özlerinden dargadylar...
Satiriki hekaýalar