18:59 Halkaly garga / hekaýa | |
HALKALY GARGA
Hekaýalar
Gyş paslynyň öňüsyrasynda, howa sowap ugranda, etrabymyzyň çägine dürli guşlar gyşlamaga geldiler. Her kowum bir ýerde öý-öwzar edinse, gargalar, esasan, seýilgähleriň miwesiz, saýaly, beýik agaçlarynyň depesinde mekan tutundylar. Daň atmagyna mähetdel olar ekin meýdanlaryna uçup gidip, Günüň ýaşmagyna golaý gonalgalaryna dolanýarlar. - Gargalar gagyldaşyşyp, asmanda toparlanşyp öwrüm ediberseler, howanyň tiz sowap başlajakdygynyň alamatydyr – diýip, ýaşy ýetmişe ýeten Abdyrahman aga ynamly aýdýar. – Ömrümiň köp bölegini daýhançylyga bagyşlanym üçin, tebigatyň käbir syrlaryny öwrendim, jandarlaryň hereketinden hem çykaryp bilýärin. ...Gyş pasly tamamlanyp barýan bolsa-da, gargalar heniz alys ýurtlara uçup gitmändiler. Seýilgähiň orta gürpünde gargalar üýşüp, çasly gagyldaşýardylar. Olar bizden gorkup-ürküp duranokdular. Uçsalar-da, bäş-alty ädim daşlykda gonup, haýbatly gagyldy bilen biziň hereketlerimizi yzarlap başlaýardylar. Bilesigelijilik erkimizelden alansoň, gargalaryň uçan ýerine bardyk. Ol ýerde agzysary garga jüýjesi bizden eýmenip, heniz uçardan ejiz gelýän gamyşganatlary bilen goranmaga çalyşýardy. “Gargalar höwürtgelerinde altyn-kümüş ýaly gymmatbaha zatlary gizleýärmişler. Hem-ä bu gürrüňiň takygyna ýeteris, hem-de garganyň çagasyna höwürtgesinde ýerleşdireris” diýip, maslahaty bişirdik. Beýik daragta çykmak wezipesi Durdygylyja ynanyldy. Çünki ol aramyzda has çakgandy, çeýedi. Ol açarbagynyň halkasyny jüýjäniň aýagyna baglaýarka, ýalpyldawuk gara reňli gargalar birden golaýda gelip, birden hem belent baga gonup, Durdygylyjyň hereketlerine birin-birin syn edýärdiler. Onuň baga ynamly çykyşyny görenlerinde, olar haýbatly gygyldaşyp, kowumdaşlaryny kömege çagyryp başladylar. Durdygylyç birbada gorkup haýyksa-da, garganyň çagasyny höwürtgeleriň birinde ýerleşdirdi. Birki sany höwürtgäniň içini eli bilen sermäp ýetişdi. Gargalaryň ilki ýekelikde, soňra toparlanyşyp, agzybirlikde hüjüme geçenini görüp: “Hernä, sag-aman ýere düşüp boläýsedi” diýip, duran ýerimizden dileg edýärdik. Ýere adam boýy belentlik galanda, gargalaryň aýgytly hüjümine bäs gelip bilmedik Durdygylyjyň bagyň sütüninden aýagy typyp, tüwdürilip ýere düşdi. - “Halk aýtsa, galp aýtmaz” diýenleri hakykat bolup çykdy. – Ol üst-başyny kakyp durşuna ýoldaşlaryna tapyndysyny mazamlady. – Ynha, şunuň ýaly kümüş, belki-de, altyn zynjyrjygyň beýleki höwürtgelerde bar bolmagy gaty ähtimal. Kim höwesli bolsa, bagtyny synabermeli. Ýöne aramyzda baga çykmaga, gargalaryň höwürtgelerine talaň salmaga höwesli adam tapylmady. * * * Indiki ýyl howa gaýlap, ýere gar düşende, ýene-de gargalar seýilgähde peýda boldular. - Meniň halkalan jüýjäm gelipdir-diýip, Durdygylyç hatarlanyp oturan gargalara barmagyny çommaltdy. Dogrudanam, bir gyrada oturan garganyň aýagynda açarhalka görünýärdi. Ýöne onuň Durdygylyjyň garga jüýjesiniň aýagyna berkiden halkasydygyna hiç birimiz güwä geçip biljek däldik. Soň-soňlar gargalaryň gyşyň sowuk günlerinde ýumrtgalap, beýleki guşlaryňkydan gysga möhletde jüýje çykarýandygyny, ir ýetişýän çagalarynyň bolsa enelerine iň ýakyn kömekçi bolýandygyny bilip galdyk. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |