HALYK GÖROGLY
Halyk Güseýnowiç Görogly 1919-njy ýylda Aşgabatda dünýä inýär. Şol ýerde orta bilim alandan soň 1952-nji ýylda Moskwanyň M.B.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türki dilleriň ençemesini, rus, pars dilini bilenden soň, alym şol dillerde gepleýän halklaryň folkloryny, edebiýatyny öwrenýär. Uniwersiteti tamamlap SSSR YA-nyň Gündogary öwreniş we A.M.Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda işleýär. Ol 1954-nji ýylda “Şasenem-Garyp” dessanyndan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.Alym türkmen we türki dessanlaryň ençemesini rus diline terjime edip, Moskwada rus okyjylaryna ýetirýär. 1967-nji ýylda Aşgabatda neşir edilen “Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerklerde” H.G.Göroglynyň türkmen dessanlarynyň žanrlar boýunça özboluşlylygy bilen bagly göwrümli işi ýerleşdirilýär.
Türkmen dessançylyk däbiniň gadymy gahrymançylykly eposymyz “Gorkut atanyň“ kitabyndan başlanýandygyna has ir göz ýetiren alym bu ajaýyp eseri ilik-düwme öwrenip, seljerip, ilkinji bolup ondan 1969-njy ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Alymyň 1976-nji ýylda “Oguz gahrymançylykly eposy” diýen monografiýasy Moskwada neşir edilýär. Ahmet Bekmyradow “Ezber edebiýatçy” atly makalasynda H.G.Göroglynyň eposy düýpli derňemek üçin eseriň esasynda ýatan köklerini (mifleri, legendalary) yzarlandygyny nygtapdyr. Şol sanda epos esasynda dörän dessanlar hakynda söz açandygyny nygtap şeýle ýazypdyr: “Görüp otursak, türkmen dessanlarynyň altysy bu gadymy eposymyzdan gözbaş alýan eken. Has takygy soň eposyň aýry-aýry hekaýalary özbaşdak dessana öwrülipdir” (“Sowet Türkmenistany” 1989-njy ýylyň 18-nji ýanwary). Alymyň gadymy türkmen durmuşyny, türkmen diliniň taryhyny öwrenmekdäki hyzmatyna-da A.Bekmyradow ünsi çekipdir. H.G.Göroglynyň „Görogly“ eposynyň heniz az öwrenilen ugurlaryna, ýagny onuň taryhy esaslaryny, milli aýratynlygyny, döreýşini seljermekde gymmatly, düýpli pikirleri orta atandygyny-da nygtapdyr. Uly alym 2008-nji ýylda Moswada aradan çykýar.
Ilkinji gözleglerini türkmen edebiýatyndan başlan alym gruzin alymy L.G.Çilaidzäniň şahsy golýazmalar arhiwinden „Görogly“ eposynyň 28 sany şahadan ybarat täze nusgasyny tapyp, ýeke-ýekeden öwrenip, seljerip, aýratyn hem, türkmen folklory üçin gymmatly iş ýazýar. 1983-nji ýylda Moskwada neşir edilen „Orta Aziýa, Eýran hem Azerbaýjan halklarynyň eposlarynyň baglanyşygy“ diýen kitabynyň esasyny, şol tapylan nusganyň tutýandygyna Ahmet Bekmyradow ünsi çekipdir.
H.G.Göroglynyň özi terjimeçi bolansoň, türkmen edebiýatyny, folkloryny diňe bir rus alymlaryna, okyjylaryna tanatmakda däl, dünýä tanatmakda-da hyzmaty juda uludyr. Türkmen halkynyň geçmişi bolsa edebi gymmatlyklara juda baý.
H.G.Görogly baryp, 1989-njy ýylda 70 ýaşynda türkmen okyjylaryna 20 çap listlik „Türkmen folklory“ diýen işini gowşurjakdygyny buşlapdyr.
H.G.Göroglynyň 1973-nji ýylda Moskwada neşir edilen „Folklor žanrlarynyň özboluşlylygy“ diýen ýygyndysynyň „Türkmen eposy „Görogly“ we onuň taryhylygynyň aýratynlyklary” diýen bölümini, 1975-nji ýylda ýene Moskwada çapdan çykan „Halk eposynyň tipologiýasy“ atly ýygyndynyň „Görogly we Gurugly“ eposynyň neşirleriniň tekstologik häsiýetlendirmesi“ diýen bölümini ýazýar. Alymyň türkmen folklory bilen bagly gymmatly makalalary: „Türkmen folklorynda esasy medeni däpler“ („Вестник истории мировой културы“ žurnaly №I 1961). „Türkmen romantik dessanlarynyň häsiýetlendirmesi“ („Народы Азии и Африки“ №6 1954) „Türkmen halk döredijiliginde Eýran elementleri“ („Проблемы Востоковедения“ žurnaly, №3 1962) we türkmen edebiýatyna degişli ençeme makalalary çap edilýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly