08:06 Halypa kompozitoryñ saz dünýäsi | |
HALYPA KOMPOZITORYŇ SAZ DÜNÝÄSI
Aýdym-saz sungaty
Häzirki zaman türkmen kompozitorlyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor, sazşynas, halypa mugallym Suhan Tüýliýewdir. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde «Horuň dirižýory» bölüminde okan döwri G.Držewskiý, A.Agajykow, R.Rejebow, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynda kompozitorlyk ugrundan okanda W.Muhadow, R.Allaýarow, Moskwanyň Döwlet konserwatoriýasyndaky aspiranturada kompozitorlyk ugrundan kämilligini artdyranda Ý.Fortunatow, M.Çulaki, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda sazşynaslyk ugrundan aspiranturada okanda görnükli özbek alymy Tohtasyn Gafurbekow ýaly ussatlar Suhan mugallyma tälim beren halypalardyr. S.Tüýliýewiň dürli žanrlarda döreden köpsanly saz eserleri bar. Olaryň hersi awtoryň türkmen milli sungatynyň gadymy kökleri bilen bagly bolan şahsy ýazuw usulyny we özboluşly stilini ýüze çykarýar. Ol eserlerinde halk sazynyň perde we gurluş aýratynlyklaryny, milli saz gurallarynyň ýaňlanyşyny, tembrini giňden ulanýar. Bular türkmen halkynyň geçmiş taryhyna we halkyň ruhy dünýäsine bolan çuňňur gyzyklanmalar bilen aýrylmaz baglydyr. Onuň sazy mazmun taýdan baýdyr. Olar watansöýüjilik, filosofiýa, söýgi, dostluk temalaryna ýugrulan, şol sanda, çagalar dünýäsine beletlik bilen aralaşylan saz eserleridir. Olarda nepis lirika, eziz topragymyzyň taryhy we şu güni, tebigat, žanr we peýzaž şekilleri bar. Kompozitor wokal eserlerinde Magtymguly Pyragynyň, I.Nuryýewiň, N.Rejebowyň, A.Allanazarowyň, A.Atabaýewiň, A.Taganowyň goşgularyna ýüzlenýär. Ol türkmen medeniýetiniň we sungatynyň şahsyýetleri Genrih Držewskä, Nury Halmämmedowa, Gurbannazar Ezizowa, Gurt Ýakuba, Hümmet bagşy — Hanmämmedowa, Aşyr Hojatowa, Agageldi Allanazarowa bagyşlanan saz eserlerini döredýär. Kompozitor sazlarynda öz döreden heňleri bilen bir hatarda halk heňlerinden peýdalanýar. Simfoniki orkestr üçin uwertýurasynda iki sany keşp höküm sürýär. Birinji — işjeň, aýgytly keşpde «Ýusup owgan» halk sazyna; ikinji — liriki häsiýetli keşpde «Baýat iline» tüýdük sazyna esaslanýar. Simfoniki orkestr üçin döredilen «Pendi nagmalary — 1» atly eserine awtor «Läle», «Ne oldy?» halk heňlerini girizen bolsa, «Pendi nagmalary — 2» eserinde «Bady-saba», «Gelsin», «Nasrowjan» ýaly gargy tüýdük heňlerini ulanýar. Bu eserlerde eziz Watanymyz wasp edilýär. Halypa mugallymyň döredijiliginde milli saz gurallarynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Kompozitora milli saz guraly bolan gargy tüýdük has-da ýakyndyr. Ol bu saz guralyna köp ýüzlenýär. Bu guralyň özboluşly, ýiti bolmadyk mahmal owazyny öz eserlerinde tebigy tämizligi bilen tembr hem keşp hökmünde ulanýar. Bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan türkmen halkynyň beýik ruhy wasp edilýän «Döwletli döwran» atly kantatanyň 1-nji bölüminde awtor simfoniki orkestriň serişdeleri arkaly mazmun taýdan dutaryň joşgunly kakuwlaryndan dörän sazlaryň keşbini, ortaky bölüminde bolsa partitura gargy tüýdük, gopuz saz gurallarynyň asyl nusgasyny girizmek bilen, tebigatyň, asuda we parahat durmuşyň keşplerini janlandyrýar. Dutar hem fortepiano üçin «Nazar bagşy», gargy tüýdük hem fortepiano üçin «Begler» ýaly halk sazlarynyň täzeden işlenen nusgasynda milli sungatyň gadymy çeşmelerine gyzyklanma döredýär. Kompozitoryň ajaýyp eserleriniň biri hem Magtymguly Pyragynyň goşgusyna ýazylan okaýjy, solist, hor we simfoniki orkestr üçin «Türkmen binasy» waspnamasydyr. Onda watansöýüjilik ideýasy eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol döwlet Garaşsyzlygymyzy wasp edýän eserleriň biri hökmünde ençeme baýramçylyk konsertlerinde ýerine ýetirildi. Çagalyk ýyllaryndan bäri halk döredijiligi babatda toplan tejribeleri, milli saz sungatyň tebigatyna we onuň beýan ediş serişdelerine inçelik bilen aralaşmagy kompozitoryň döredijilik gözlegleriniň we dünýägaraýşynyň esasyny düzýär. Ol öz saz dünýäsini döredýär: ýurdumyzyň tebigatyny, peýzaž gözelligini, şemalyň sesini we türkmen topragynyň dem alşyny özüçe beýan edýär. Saz eserleriniň her bir sesinde we ritminde kompozitoryň öz ülkesiniň poeziýasy, halk saz sungaty bilen janly utgaşygy mese-mälim duýulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kompozitor «Ebedi oduň başynda», «Parahatlyk hakynda aýdym» ýaly kantatalary, «Simfoniki poema» sazyny, «Bentler» simfoniki poemasyny, «Uzuklar», «Gözelim» simfoniki eserleri, aýdymdyr romanslary, Magtymgulynyň goşgularyna üç bölümli «Dünýe, heý» wokal toplumyny, sonatalardyr ençeme kamera-instrumental eserleri, şeýle hem «Arkadagymyz», «Döwletli döwran», «Türkmen binasy», «Berkarar döwletiň bahary» atly Watanymyzyň şu gününi we geljegini wasp edýän kantatalardyr waspnamalary döredýär. Türkmenistanyň halk artisti, dirižýor Aşyr Hojatow bilen döredijilik gatnaşygy onuň durmuşynda özboluşly sahypa bolup durýar. Halypa dirižýor A.Hojatow S. Tüýliýewiň wokal-simfoniki we simfoniki žanrlarda döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Kompozitoryň saz eserleri Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Italiýa, Germaniýa, Sloweniýa, Türkiýe, Angliýa, Şotlandiýa ýaly ýurtlarda ýaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümizde halypa kompozitoryň ýörite sazçylyk mekdepleri üçin «Saz teoriýasynyň esaslary», ýokary okuw mekdepleri üçin «Türkmen sazynyň teoriýasy» atly okuw kitaplary neşir edildi. Bu okuw kitaplarynda, onuň ylmy işlerinde we makalalarynda, şeýle-de, teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynda türkmen halkynyň saz sungatynyň estetiki we çeperçilik gymmatlyklary sada we giň köpçülige düşnükli dilde beýan edilýär. Ol W.Uspenskiý bilen W.Belýaýew tarapyndan ýazylan «Türkmen sazy» kitabynyň türkmen dilindäki neşiriniň ylmy redaktorydyr. Häzirki günlerde Suhan Tüýliýew Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaşlara kompozitorlyk ugrundan tälim berýär. Täzegül GURBANMURADOWA, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |