10:08 Hasan Yzzat Çardagly | |
HASAN YZZAT ÇARDAGLY
■ Perzentlik borjy Kerkukly edebiýaty öwreniji alym, şahyr, pedagog Hasan Yzzat Çardaglynyñ gyzy kakasynyñ taýýarlan, emma ol bimahal aramyzdan gidendigi sebäpli okyjylara ýetirilmän galan işlerinden biri bolan "Hekaýaly hoýratlar we nakyllar" ("HİKÂYELİ HORYAT VE ATASÖZLERİMİZ") atly kitabyny osmanly türkmençesinden we arapçadan häzirkizaman türk diline geçirip umumytürkmen edebiýatyna bahasyna ýetip bolmajak gymmatly işi peşgeş etdi. Ömrüñiz uzak bolsun, hormatly mugallymym Mübejjel!.. Hormatly Hasan Yzzat Çardagly, ruhuñyz şat bolsun!.. ■ Hasan Yzzat Çardagly kim? Türkmen edebiýatynyñ belli edebiýatşynas alymy we şahyry Hasan Yzzat Çardagly 1934-nji ýylda Kerkugyñ Çardagly obasynda üç çagaly Yzzat Zeýnel begiñ we Fehime hanymyñ maşgalasynda olaryñ üçünji çagasy bolup dünýä indi. Yzzat Zeýnel beg obanyñ sylanýan kethudalarynyñ biri eken. 1938-nji ýylda Fehime hanym aradan çykansoñ, maşgala Kerkuga göçýär. Hasan Yzzat daýzasynyñ elinde terbiýelenýär. 1971-nji ýylda Yzzat Zeýnel beg hem aradan çykýar. Hasan Yzzat başlangyç bilimi Kerkugyñ El-Faýsal mekdebinde, orta bilimi El-Şarkiýýa mekdebinde alýar. 1954-nji ýylda tamamlap, Bagdadyñ Mugallymlar mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Şol ýyl Kerkugyñ Ýaýçy başlangyç mekdebine mugallym bolup geçýär. Ençeme ýyllap Kerkugyñ Elizze we Talymdepe başlangyç mekdeplerinde arap dili we edebiýaty, bedenterbiýee derslerinden okadýar. Hasan Yzzat harby gulluga gitmeýär, sebäbi şol döwürler döwlet pedagoglara ýiti mätäçlik çekýändigi üçin mugallymlary harby gulluga almandyrlar. 1966-njy ýylda Päkize hanym bilen durmuş guran şahyryñ bäş çagasy dünýär. Progressiw adam bolan Hasan Yzzat çagalarynyñ ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Çagalary Hamdy (liseýde matematika mugallymy), Özlem (liseýde arap dili mugallymy), Muazzez (başlangyç mekdepde türkmen dili mugallymy), Mübejjel (başlangyç mekdepde türkmen dili mugallymy), Hilmi (nebit şereketiniñ işgäri). Kerkugyñ Reşit başlangyç mekdebinde işläp ýörkä, 1983-nji ýylda 29 ýyllyk pedagoglyk karýerasynyñ soñuna nokat goýup, nepaga (pensiýa) çykýar. Uzaga çeken ýüregagyrydan ejir çeken Hasan Yzzat Çardagly 68 ýyllyk ömrüni 2002-nji ýylyñ 28-nji aprelinde tamamlap, bakyýete göç etdi. Şahyryñ gubury Kerkugyñ "Şehitler" gonamçylygyndadyr. Hasan Yzzat mugallymçylyk eden ýyllarynda, 1964-nji ýylda Dymaşk hukuk fakultetine okuwa girdi we ony 1973-nji ýylda tamamlady. Şonuñ üçin nepaga çykandan soñ birsalym aklawjylyk bilen meşgullanýar. Emma çeper edebiýata göwün beren şahyr ömrüniñ iñ soñky minudyna çenli döredijilik we ylmy işler bilen içgin gyzyklanyp, birnäçe kitaplary miras goýup gitdi. Şahyr okumyşlygy bilen birlikde ezber edebiýatşynas alymdy. Ol 1956-njy ýyldan başlap dürli gazet-žurnallarda edebiýatyñ dürli meseleleriniñ üstünde durýan makalalar bilen çykyş edip başlady. "Täze mugallym ýazyjylar" (“Yeni Öğretmen Kalemler”) rubrikasy astynda arap dilinde neşir edilýän “El Turas El Şa’bi”, “Kulluşeý” we “Kerkük” gazet-žurnallarda arap dilinde çykan makalalary bilen giñden tanaldy. Şeýle-de “Afak”, “Beşir”, “Kardeşlik”, “Ýurt” we "Agzybirligiñ ýañy" (“Birlik Sesi”) ýaly gazet-žurnallarda ençeme ylmy makalalary çap edildi. Türkmen medeniýeti boýunça ýazan ylmy makalalaryny türkmen dilinden arap diline geçirip, arap dilli okyjylaryñ ünsüni özüne çekdi. Ylmy-populýar işleri, ýazan çeper eserleri bilen Yrak türkmen edebiýatynyñ uly boşlugyny dolduran ussat ýazyjy manyly ömrüli halkyna, watanyna we türkmen diline örküni baglan añ-düşünjeli nesilleri ýetişdirmek üçin bagyş etdi. Ol okadan okuwçylarynyñ ýaşaýan öýlerine çenli gidip, olaryñ has añ-düşünjeli we hususanam türkmen milli medeniýete wepaly bolup ýetişmekleri üçin ýadawsyz işleri amala aşyrdy. Hasan Yzzat goşgy okamagy gowy görüpdir. Ol türkmen we arap dillerinde labyzly goşgy okaýyşlary bilen türkmen medeniýetine ygrarly nesliñ ýetişmegine öñaýak boldy. Türkmen-türk we arap edebiýatynyñ iñ saýlama wekillerinden bolan Muhammet Fuzuly Baýatly, Mehmet Akif Ersoý, Halyl Jebran, Seýit Nesimi, Omar Haýýam ýaly ýazyjy-şahyrlardan täsirlenen, edebiýata durky bilen janköýerlik edýän ezber mugallymlary ýetiştirdi. Hasan Yzzat Çardagly arap, pars we iñlis dillerinu suwara bilipdir. Ol türkmen medeniýetini we edebiýatyny arap dünýäsine tanatmak üçin käbir eserlerini arap dilinde ýazypdyr. Ýazan goşgularyny özi üç dile-de geçirip dürli gazet-žurnallarda çap etdirdi, kitaplar taýýarlady. Taýýarlan we çapa taýýar duran onlarça kitaby bolan Hasan Yzzat Çardaglynyñ 1989-njy ýtlda edebi jemgyýetçilige sowgat beren "Köne nesliñ türkmen şahyrlary" ("Şua’ra Ettürkmen Minelcil Elmazi") we "Täze nesliñ türkmen şahyrlary" (Şua’ra Ettürkmen Elmuasirun") atly iki awtobiografik eseri bardyr: ■ "Köne nesliñ türkmen şahyrlary" 1989-njy ýylda neşir edilen bu kitapda Yrak şahyrlaryñ watany hökmünde tanadylýar. Yrak hakykatdanam şygryýet dünýäsiniñ iñ baý merkezleriniñ biridir. Hasan Yzzat bu kitabynda geçmişden XX asyra çenli Yrakda ýaşap geçen iñ görnükli türkmen şahyrlaryndan söz açýar. Alym kitapda Seýit Nesimi, Muhammet Fuzuly Baýatly, Osman Ruhy el-Bagdady ýaly türkmen şahyrlarynyñ durmuşyndan we döredijiliginden nusgalar berýär hem-de olaryñ şygyrlaryny arap diline terjime edipdir. ■ "Täze nesliñ türkmen şahyrlary" Hasan Yzzat bu kitabynyñ üstünde 1960-njy ýyllarda işläp başlapdy. Şol wagtlar Yrakda kitap ýazmagyñ juda kyndygy göz öñüne tutulsa, onda bu antologiýanyñ gymmaty öz-özünden belli bolýar. Ýazyjy giñ gerimli barlaglar geçiripdir, ençeme ýyllaryñ gazet-žurnallaryny seljeripdir, birnäçe ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşypdyr. Kitap neşir edilende gyzgyn seslenme döredipdir. Filologiýa ylymlarynyñ doktory Fazyl Mehdi Baýatly bu gymmatly kitabyñ ähmiýetine ünsi çekipdir we öz taýýarlan "Türkmen edebiýatynyñ taryhy" atly ylmy işinde mundan giñden peýdalanypdyr. Kitap 1959-njy ýylyñ 14-nji iýul gyrgynçylygyny gözi bilen gören şahyrlary hem birin-birin sanaýar. Şol döwür türkmenleriñ syýasy, edebi we sosial taýdan uly üýtgeşmeleri başdan geçiren döwrüdir. Bu galagoply döwürde ýazyjy-şahyrlaryñ döreden eserleriniñ baş temasy watansöýüjilikdir. Hut şol eserlerem türkmen edebiýatynyñ iñ kämil nusgalary bolmagynda galýar. Hasan Yzzat 68 ýyllyk ömründe durmuşda başyndan geçiren galagoply wakalaryny ussatlyk bilen hekaýatlaşdyran beýik ýazyjydy. Ol bu hekaýalaryny "Ömrümiñ iñ aýgytly pursatlary" ady bilen bir kitaba jemläpdi. Emma onuñ kitap bolup çykanyny görmek ýazyja miýesser etmedi. Hasan Yzzat Çardaglynyñ neşir edilmän galan we häzirem neşir ediljek nesipli gününe garaşyp ýatan eserleriniñ käbirleri şu aşakdakylardyr: - "Şuýuhu El-Yslam"; - "Ömrümiñ iñ aýgytly pursatlary" ("Hayatımın En Kritik Saatleri"); - "Türkmen edebiýatyndan ak goşgy" ("Türkmen Edebiyatından Serbest Şiir"); - "Arap we türk edebiýatyndan saýlama nusgalar" ("Arap ve Türk Edebiyatından Seçtiklerim"); - "Hekaýaly hoýratlar we nakyllar" ("Horyat ve Atasözlerimizin Olayları"); - "Ýadyma düşenler" / goşgular ýygyndysy ("Yâdıma Gelenler" / şiir) - "Atlar" / saýlanan goşgular ("Adlar" / seçilen şiirler) - "Edebiýat kerweni" ("Edebiyat Kervanı"); - "Hoýratlarymyz boýunça pikirler" ("Horyatlarımız Üstüne Düşünceler"). Hasan Yzzat Çardaglynyñ 1989-njy ýylda neşire taýýarlap, hatda çap etmäge rugsat alansoñ, urşuñ başlanandygy zerarly okyjylara ýetirmek miýesser etmedik “Horyat ve Atasözlerimizin Olayları” atly osmanly-türkmen dilinde ýazan eserini onuñ gyzy Mübejjel hanym "Hekaýaly hoýratlar we nakyllar" (“Hikâyeli Horyat ve Atasözlerimiz/ Hasan İzzet Çardağlı”) ady bilen häzirki zaman türkmen elipbiýine geçirip çap etdirdi we edebi jemgyýetçilige sowgat etdi. Ahmet ÝANAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |