HAZYNA
Ol harabalyklar belli bir döwürde başlaryna düşen elhenç nogsanlyk zerarly özge ýurda göçmeli bolan barjamly kişileriň küňreli howlularynyň galyndylarydy. Ýagşa-ýagmyra tap getirip bilmän, ýykylyşyp, ömrüni soňlap barýardylar. Olaryň gizlinje tekjelerinde howul-hara göçülende alnyp ýetişilmedik hazyna bolmagynyň mümkindigi baradaky gürrüňleri oglankak baý köp eşiderdig-ä. Şol töwerekde mal bakanymyzda hazyna gözlemek bilen başagaýdyk. Gyzyl tapsaň, dessine barmagyňy kesip, üstüne ganyňy damdyrmalydygy, ýogsam begenjiňe akylyň üýtgäp, ýeldirgemegiň, azmagyň mümkindigi barada aýdardylar. Eger-de gyzyl tapyp bilsek, bu janagyrdyjy däbi bitirmäge kaýyldyk.
Emma biziň ol gözleglerimiz netijesizdi. Haýsydyr bir köne kitaplar bolaýmasa, tapýan zadymyz ýokdy. Ol kitaplary hem arap hatyndadygy üçin keramatly saýyp alamzokdyk.
...Elmydama bolşy ýaly, bu gezek hem meni Penji garşylady. Oba barjagymy aýtdygym, ol hyzmatyna ilgezikdi. Onuň bilen bir partada oturyp, bileje okapdyk. Onsoň, Aşgabatda ýokary okuwa giripdik. Ol agronomçylygy gutaryp, dogduk obamyza dolanypdy. Men bolsa žurnalistlik ugrundan okanym üçin, şäherde gazet işinde galypdym.
Ine-de, oglanlyk döwrümizde hazyna gözlän ýerlerimiziň deňinden geçip barýarys. Penji maşynynyň badyny peseldýär. Halys ýykylyşyp, çaklaňja depelere öwrülip barýan harabalyklaryň bir çetinden käriz açyp, gumuny susup alyp durlar.
— Bu gum durşuna gyzyl. Ekin meýdanlaryna dökseň, hasyly bol bolýar––diýip, Penji düşündirýär.
— Hazyna tapaňzokmy? –diýip, men gyzyklanýaryn.
— Ýadyňda bolsa, hol harabalygyň içinde ösüp oturan garry peýwendi bardy. Oglankak üstüne çykyp, tudanasyny iýerdik. Ine, şony guransoň, goparyp dutar ýasaýan Halyl aga eltip berdik. Ol onuň köweginden mata dolangy ýedi sany tylla teňňe tapypdyr. «Bäşlik» hem «onluk» altyn pullar
— Onsoň olary nätdi?
— Näder öýdýäň, hökümete tabşyrdy. Taňryýalkasynyna berlen pula bolsa «Şu howlulardan bialaç göçüp, ömrüni ýat ýurtlarda soňlanlaryň ruhlary hoş bolsun» diýip, sadaka edip berdi.
Men öz ýanymdan: «Gowy edipdir –diýip oýlanýardym. — Taryhy ýowuzlyk zerarly olaryň özleri çet ýurtlarda galsa-da, ruhlary ata Watana dolanyp gelendir».
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar