HEÝKELTARAŞ
Uly şäherleriň birinde heýkeltaraşlygy okap gelensoň, Nazar özüne iş bermeklerini haýyş etdi.
Emma ony iş ynanardan ýaş gördüler.
Ol bolsa bar zatdan beter «eliniň işden çykyşmagyndan» gorkýardy.
Şonuň üçinem dagdan daş getirdip, öz heýkelini ýasady oturyberdi.
Bu bilinmese-de bilinmezdi, ýöne gazetler bilen ara saklaýan, obada näme täzelik bolsa ur-tut olara buşlaýan goňşusy Kakaw aga muňa sebäp boldy. Haýsydyr bir gazete «Obaly heýkeltaraşyň täze işi» barada habar ýazdy.
Şol gazet oba gelip ýeten güni, bu başynagidenlik bilen gyzyklanmaga şäherden bir epeý adam hem geldi.
Onuň äheňi sowukdy:
—Kim saňa öz heýkeliňi ýasamaga rugsat berdi?
—Muňa rugsat nämä gerek? –diýip, Nazar derňewçä ýaramadyk kejeňekligine tutup başlady.
—Sen näme, heýkeliň atly adamlara dikilýändigini bileňokmy?
—Menem öz obamyzyň çäginde atly adam. Şu obadan çykan ýeke-täk heýkeltaraş. Abraýymam erbet däl.
Şäherden gelen Nazaryň ýeň bermejegine düşündi. Uzak erjeşip durman, «Göreris...» diýip, gitmek bilen boldy.
Onuň «görersi» uzak garaşdyrmady.
Ertesi obanyň wezipeli kişileri Nazarlaryň gapysyna üýşdüler. Esasy talap: heýkeli ýok etmeli. Ýokardan görkezme şeýle.
«Kimiň heýkelidigine seretmezden, indi onuň sungat eseridigini, sungat eserini ýok etmegiň bolsa agyr jenaýat hasaplanýandygyny» Nazar olara düşündirip bildi.
Aslyýetinde, olar Nazaryň tarapyndady.
Sebäbi obadan çykan atly adamlar agzalanda, Nazaryň ady hem sanalýardy.
Ýöne nädibem bolsa heýkelli meseläni çözmek gerekdi.
Ahyrsoňy: «Eli gyzyl hasaplanylýan kebşirleýji Pirmet aga arabajyk oňardyp, heýkeli şoňa oturtmaly. Şäherden «del göz» gelýär habary eşitdigi, Nazar ony tigirläp eltip, haýsydyr bir ýerde gizlemeli. Başga günler bolsa islän ýerinde goýsun» diýlen pikire gelindi.
Bu çykalga Nazary az begendirmedi. Indi ol özünden göwni geçen halatlary, ony gözi görmez ýaly ýere eltip bilýärdi. Eselende bolsa, edil öýleriniň öňüne—gözüniň alnyna getirip goýýardy.
Heýkelli mesele oňyn çözülensoň, mekdebiň surat mugallymy Nazary duşuşyga çagyrdy. Okuwçylara görkezmek üçin heýkelini hem alyp barmagy haýyş etdi.
Ol heýkelini köneje «Moskwijine» tirkäp, duşuşyga bardy.
Edilen iş hem görkezilen duşuşyk diýseň täsirli geçdi.
Elbetde, her näçe ýüz tutsa-da, «ýaş» diýip, oňa entegem iş berenokdylar. Onsoňam, indi onuň «birugsat heýkel ýasady» diýen aýpjagazy-da bardy.
Ol bolsa bar zatdan beter «eliniň işden çykyşmagyndan» gorkýardy.
Şonuň üçinem «Indi kimiň heýkelini ýasasamkam?» diýip, oýlanyp başlady.
Birdenem «Elbetde, oba arçynynyň. Hem-ä az-owlak tölär, hemem penasynda saklar» diýen pikir kellesine geldi.
Bu barada arçyn Ýazguly aga duýduranda, ol birbada: «Ýok, bolmaz!» diýip garşy çykdy.
Ýöne ertesi ýanyna çagyryp, yrzadygyny aýtdy.
Oba arçynynyň heýkelini hem Pirmet aganyň oňaran arabasyna oturtdylar.
Ýokardan del kişi ýok, imisalalyk günler ony obanyň ortasyndaky bezemen aýmançada goýýardylar. «Barlagly» günler bolsa ammaryň içinde gizleýärdiler.
Ara wagt düşüp, Nazary ýene-de «elim işden çykyşar» gorkusy basmarlap başlady.
Iş berýänler bolsa entegem ony «ýaş» görýärdiler. «Birugsat heýkel ýasanyny» hem unudanokdylar.
Ol «Indi kimiň heýkelini ýasasamkam?» diýip, oýlanyp ýörkä, obada dükan baryny açyp, özüni tutan Haýtek ýylgyryp geläýdi:
—Näçe durýan bolsa-da, meniňem heýkelimi ýasap bersene? –diýip, puldar kişilere mahsus badyhowalyk bilen haýyş etdi.
Haýtegiň hem heýkelini Pirmet aganyň oňaran arabasyna oturtdylar.
Muzdy gala bolansoň, Pirmet aga bu gezek arabasyny has-da kämilleşdirdi. Indi onda duran heýkeli belende göteribem, islän tarapyňa aýlabam bolýardy. Heýkeliň üstüne edilen gyralary keşdeli telär bolsa ony ýagyş-gardan goraýardy.
Haýtek obanyň tok-çyrasyna göz-gulak bolýan Abdynyň talantyny peýdalanyp, heýkelini «gürleýän» hem etdirdi. Heýkeliň içine oturdylan magnitofondan Haýtegiň sesi ýaňlanýardy. Esasan, ol öz goşgularyny okaýardy.
Nazar onuň ýapa degmeýän, hatda köp diňläberseň başyňy aýlap, ýüregiňi bulaýan patarraky närseler ýazýandygyndan habarlydy.
Ýasap beren heýkeline girizilen bu «täzelikler» maňzyna batmasa-da, ol zat diýmedi. Onuň maksady «elini işden çykarmazlykdy».
Haýtek heýkelini islendik ýolda ýöräp bilýän del kysymly maşynynyň yzyna tirkäp, onsoň aýyrjagam bolmady. Nirä gitse, tigirlenip yzynda.
Şondan soňky heýkeli obanyň tertibine seredýän polis Meretgula oňarmaly boldy. Ol ýogsam Nazaryň çykarýan bu hokgasyna gyňralyp ugrady.
Onsoň ýolpolis Jepbara. Sebäbi obanyň çägine «del göz» aralaşsa habardar etmek şonuň boýnunady.
Onsoň oba saglyk öýüniň baş lukmany Remezana.
Soňra kerpiç zawodynyň direktory Ýaýlyma.
Şeýdip, Nazaryň müşderisi gitdigiçe artdy.
Özüňe heýkel ýasatmak nysagy barada eşidip, goňşy obalardan hem gelip başladylar.
Hatda maşgala heýkelini buýranlar hem tapyldy.
Goňşy etraplaryň birinde ýaşaýan belli çapyksuwar bolsa atyň üstünde oturan heýkelini ýasatdy.
Barly öýlerden baş birikdirýan ýigitlerdir-gyzlar, toý aýdymçylarydyr maşyn bejerýän ussalar hem heýkel buýrup başlansoň-a, Nazar gije-gündiz işlemeli boldy.
Indi oňa dagdan daş getirip berýän ýörite göteriji kranly, ýük maşynly birnäçe adamly topar hyzmat edýärdi.
Nazar başdan zehinli heýkeltaraşdy. Şonuň üçinem oňa heýkel buýranlaryň ýekejesi-de «Maňa meňzemändir» diýip bilenokdy.
Onuň heýkelleri özäheňliligi, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýardy.
Ýyl yzyna ýyl geçýärdi. Indi Nazara iş buýurmaga goňşy welaýatlardan hem gelýärdiler. Soňabaka uly şäherlerden, ýek-ýarym beýleki ýurtlardan hem iş buýrup başladylar.
Ol bolsa heniz hem «rugsatly işe» garaşýardy. Ýöne indi ony «ýaşy bir çene baran, heýkel sungatynda ybaly iş bitirmedik heýkeltaraş» hasaplaýardylar. «Aýpjagazyny» hem heniz-de unudanokdylar.
Nazaryň abraýy ahyrsoňy dünýä dolup, ony «Iş berilmeýän heýkeltaraşlaryň halkara maslahatyna» çagyrdylar.
Şonda onuň «iş tejribesini» degişli ýagdaýdan iň gowy çykalga hökmünde ýaýratmaly etdiler.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar