HEÝKELTARAŞ WE GASSAP
Uzakly gün tokaýda aýlanan ýaş heýkeltaraş ahyrsoňy gözläp ýören agaç böleginiň üstünden bardy. Ony çala ýylmaşdyryp, egnine atdy. Keýpihon halda oba gaýdyp geldi-de elindäkisini mellegiň gyrasynda goýdy.
Şol agşamyň özünde ýaş ýigit agaç parçasyna mähir bilen bakyp, gyralaryny timarlap başlady. Sebäbi ol şol tapyndydan öňräkden bäri kalbynda ýaşap ýören owadan bir şekili döretmäge hyýallanýardy. Ýaş ussadyň gözüne aý ýagtysyna eýýäm ol ajaýyp eseriň gözel sudurlary görnüp başlapdy. Diňe agajyň artykmajyny aýyrmak gerekdi.
Emma ertesi zerur iş bilen şähere giden heýkeltaraş ençeme aýlap şol ýerde bolmaly boldy.
Şäherde işläp ýörkä-de, obadaky ýaňy döräp gelýän zyba eseri wagtal-wagtal onuň göz öňünde gaýmalaýardy. Ahyrsoňunda oba dolananda ol öz hyjuw bilen başlan eserine ýapyşmak bilen boldy. Emma ondan derek tapmady.
Hawa, bu eseriň nesibesinde dünýä inmek ýok ekeni. Çünki eýesiniň şunça wagt gözegsiz galdyrylan agaç bölegine heýkeltaraşyň gassap goňşusy eýe çykyp, ondan başga “eser” döredipdi. Ol şol tapyndydan üstünde et kerçemek üçin amatly çapgyýassyk ýasapdy.
Şahymerdan SARYOGLY.
Hekaýalar