10:29 How ene bilen hyýaly duşuşyk | |
HOW ENE BILEN HYÝALY DUŞUŞYK
Goşgular
– Eneleriň enelerniň enesi, Eziz How Ene! Aýt sen maňa, Ýolsuz ýerden ýol ýasap Hem duw-ak saçlarňy galgadyp ýele, Nirden gelip, Nirä barýaň alňasap? – Adam ata ýaňy dünýä aýlanyp Baransoň, Çaý-çörek goýup öňünde, Gaýtdym... Ylgap ýörin başagaý bolup, Nädeýin-dä, Ähli ýere ýetmeli, Syn etmeli Zemine her gelemde. – Döretdiňiz, Ýaýratdyňyz äleme Ynsan atly beýik hökümdary siz. Aýa-güne ganat berip ýörenem, Ganatyn gyrýanam siziň nesliňiz. Bar zadyň eýesi siz ahyr, Ene, Ene, Näme gerek dünýäden ýene?!. – Zat gerek däl, Mätäçligmiz ýok biziň... Neslimize sowgat berip Ýer şaryn, «Şuny ýarman, Aman saklaň!» diýipdik, Kasam içdiripdik olaryň baryn. Görýäs weli... Araňyzda wadasyn Undan ýa unutjak bolýan bar ýaly. – Ahmal, eziz Ene, Goh bar, How Ene.. Şeýleräk boldy-da biziň döwrümiz, Ony sizden nädip ýaşryp saklaly! Hеr halam, Alňasap ýörmän, dolanyň Size dynç almaklyk gerek hökmany. – Biler bolsaň, Dünýä nesillem üçin Gurulan ýeke-täk, Darajyk öýdür. Şol öýde-de agzybirlik bolmasa, Kä perzendem borjun ýada salmasa Garry Adam ataň, ak saç How Eneň Dynç alyp, Ynjalyp bilermi heý-de!.. – Aýt, How Ene Nädip kömek bersemkäm?!. – Kalbyňy päk saklap, Mydam derläp gez Hem kelläni döw sen kän... Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |