15:50 Hywaabat hekaýaty | |
HYWAABAT HEKAÝATY
Ýol ýazgylary
● «Bu ýerden Watan başlanýar» makalalar toplumyndan Her daban ýerinde müňläp hakykatyň hekaýata öwrülen Hywaabat deresini nazarlap, ýene-de döredijilik sapary üçin ýola çykanymyzda, mukaddes serhet hakyndaky pikirlerimiz säheriň nuranalygyna birigip, ýüregimizde täze pelsepäni oýardy. Bu pelsepe, göwnümize bolmasa, «Serhet» — «Ser-het» sözüniň aňyrsyndaky many, il-ýurt üçin serinden geçmäge het edip biljek mertleriň dogumyna, batyrgaýlygyna daýanylyp, ata Watanyň başlanýan ýerleriniň goralýan çägi diýmek ýaly bolup duýuldy. Kim bilýär, ýa-da bu jümle, «Mertleriň bütin durky-düýrmegi bilen goralýan keremli topragyň asudalygyny bozmaga, seriňden geçmäge het edip bilseň, gel!» diýen manyly, tüýs watanperwer ärleriň gursaklarynyň gürsüldisidir. Biziň duýgularymyzy ýüregine siňdirip, uzap barýan ýol bolsa, entek dile-de getirmedik sözlerimizi tassyklamak isleýän ýaly, häli-häzirlerem mukaddes topragynyň berekedi egsilmedik Hywaabat deresinde uzaklardan seleňläp görünýän Nedir şa galasynyň keşbini kem-kem gözýetimimize ýakynlaşdyrdy. Aslynda bu owadan, ajaýyp deräniň ady hem hut şu gala bilen bagly ahyryn. Biziň «Hywa nirede, gadymy Abiwerd nirede?» diýen sowalymyza ýerli ýaşaýjylar, heniz kiçijik çaga wagty ejesi bilen Hywa ýesir äkidilen Nediriň ýat ülkelerde Watan mysapyrlygyny çekip ýören mahaly, bu aýraçylyga dözmän, Hywa bazaryny ýaňlandyryp «Bir gün gelip, men ejemem, Hywanam öz ilime alyp giderin» diýip gygyrandygy hakyndaky rowaýaty gürrüň berdiler. Bu gün bolsa, biz şeýle rowaýaty gürrüňiň diňleýjisi bolup, serhet ýakasyndaky bu galanyň täsin galyndylaryny synlap durşumyza, gulagymyza kiçijik oglanjygyň ýat iliň bazarynda ynam bilen aýdan şol dogumly sözleri gelýär. Belki, onuň adyny taryha salan, oňa ençeme şöhratly ýeňişleri getiren hem, onuň şol çirksiz ynamy bolsa kim bilýär?! Ençeme wagt bäri bu ýerde mukaddes serhediň goragyny alyp barýan terbiýeçi serkerdedir ýerli ýaşulularyň gürrüň bermeklerine görä, hut şu galanyň içinde Hywa topragyna mahsus del otlaryň henizlerem görünýändigi has-da täsindir. Heňňamyň çylşyrymly öwrümlerinden baş alyp çykyşyna, ejesiniň guburyny bialaç ýat illerde galdyran Nedir şanyň 33 müň ýesiriň elindäki at torbada hut şu duran ýerlerimize çenli alyp gaýdan, Hywa topragyndan eýlenen palçykdan bina bolandygy hakynda aýdylýan bu gala, aslynda goranyş maksatly gurlupdyr. Tebigy aýratynlyklary taýdan juda amatly ýerde gurlan galanyň her tarapyndan ýörite 12 sany gözegçilik nokadynyň we esasy girelgeleriň ýanynda ýene-de goşmaça 2 sany gözegçilik, goranyş diňleriniň bolmagy, demirgazygynda Samanylar döwründen galan özboluşly depäniň hem gala diwarlaryna birikdirilmegi, şol döwür üçin galanyň goranyş kuwwatynyň berk bolandygyny aňladýar. Galanyň çar tarapdan gözegçilik etmek üçin amatly derede ýerleşmegi we Laýynsuw çaýynyň bütin goşuny içimlik we durmuş maksatly suw bilen ýeterlik derejede üpjün edip bilmegi, tälim-türgenleşik işlerini geçmek, täze ýörişlere taýýarlanmak üçin hut şu galany göz öňünde tutmak barada örän oýlanyşykly edilen karardan gelip çykan bolsa gerek. Umumy tutýan meýdany 45 gektara barabar bolan galanyň merkezinde ýörite dolandyryş bölüminiň binasynyň daş-töwereginde gözegçilik goranyş diňleri, esgerler üçin niýetlenen kiçijik hüjrejikler bar. Galanyň daşynda bolsa giň garymlar gazylypdyr. Galanyň ýakynyndaky ýaşy gala bilen barabar uly ýahdan, öz döwründe goranyş berkitme hökmünde ulanylan galadaky goşunyň azyk üpjünçiligini dolandyrmakda möhüm serişdeleriň biri bolupdyr. Munuň şeýledigini bu galany öwrenen taryhçylaryň ýazgylary hem tassyklaýar. Öz ýüreginde müňläp, belki, millionlap syrlary gizläp ýatan bu galanyň galyň diwarlary taryhyň kyssalaryndan söz açyp, şu asuda günlerimize niçiksi darkaşlaryň esasynda ýetilendigi hakyndaky hakykaty aýdasy gelýäne meňzäp, ajaýyp deräniň goýnunda ýaýylyp ýatyr. Dogrudanam, biz ýalňyşmandyrys. Sebäbi döredijilik saparymyzyň dowamynda şeýle mukaddes ýerde gulluk edýändikleri üçin özleriniň bagtyýarlygyny beýan etmek islän esgerleriň biri «Bu ýerlerde taryhyň aýak yzlaryny görüp durkaň, edermen, mert ata-babalarymyza mynasyp nesiller bolasyň gelýär» diýen sözlerini içki joşgunyňa bäs gelmän diňlemek mümkinmi beri?! Laýynsuwuň dag otlarynyň ysy gelip duran sowujak suwuny synlap durşuňa, merdana serhetçilerimiziň goraýan çäklerinde şeýle tebigy gözelliklerimiziň, gör, näçesiniň ýaýylyp ýatandygy hakynda oýa batýarsyň. Ýaşyl maýsalyklarda aga-ýana aýlanyp ýören serhet gala degişli bedewleriň, öz ýanlaryna tabşyryga gitmek üçin baran esgerler jylawy ellerine alanyndan, ylla öz eýelerine nähili mukaddes borç ynanylýandygyny duýýan ýaly, belent başlaryny talawladyp ýola düşmekleri, şu günüň bagtyýarlygyny buýsançly geçmiş bilen baglap, bizi ýene-de buýsançly oýlara tarap atarýar. Göz öňümize sarç bedewe atlanyp, taryhyň uzak menzillerini bir demde düýrüp gelýän merdana pederlerimiz, bu dereleriň, bu gadymy galanyň hekaýatlaryny gürrüň bermek üçin asyrlaryň aňyrsyndan ganat açyp gelýän ýaly, ýüregiň gürsüldisi barha batlanýar. Hywaabat hekaýatlaryny özünde jemläp ýatan bu gadymy ýerleriň tapyndysy hökmünde Abiwerd taryhy-medeni goraghanasyndaky entek doly öwrenilmedik egni sowutly esgeriň we bedewiň şekili çekilen daş bolsa, biziň mertlik hakyndaky pikirlerimiziň aýdyň subutnamasy kimin, gözlerimizde däl-de, ýüreklerimizde möhürlendi. Biz bolsa «Ýollar däl-de, şol ýollaryň netijesi möhüm» diýen aýtgynyň şu günki saparymyzda mynasyp orun tutandygyna tüýs ýürekden buýsanyp, mukaddes serhedimiziň asudalygyny merdana serhetçilerimize tabşyraga-da, merjen paýtagtymyza tarap buýsançly menzilleri külterläp gaýtdyk... Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |