21:26 Iki gezek hyrka geýen türkmen piri | |
IKI GEZEK HYRKA GEÝEN TÜRKMEN PIRI
Edebi makalalar
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasynda Gündogar edebiýatynda keramatly pir adyny alan Mäne baba barada şeýle ajaýyp setirler bar: "Soñra yslam dininde iki ýola hyrka geýen beýik alym, pir Abu Seýid Abul Haýyr - Mäne baba hem Çagry beg bilen Togrul bege döwlet patasyny berýär". Türkmeniñ Görogly beg eýýamynda ýaşap geçen, gaznalylar we seljuklar ýaly iki sany ägirt uly türkmen döwletini gören, 83 ýyl dört aý, jemi 1000 aý ömür süren Gündogar danalarynyñ arasynda uly keramat eýesi bolan Mäne babanyñ biziñ günlerimize çenli saklanyp galan baý edebi mirasy bar. Mäne baba diñe bir yslam nuruny jahana saçan beýik şahsyýet bolman, tanymal şahyr hökmünde hem tanalypdyr, onuñ 3360 setir rubagylary we rubagy bölekleri biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Mäne babanyñ edebi mirasy heniz öwrenilmedik diýen ýaly. Türkmeniñ gözüniñ göreji, kalbynyñ guwanjy "Türkmeniñ bäş eýýamynyñ ruhy" atly şadessanynda "Mäne baba" atly 104 setirlik nusgalyk şirin dessan ýazylypdyr. Onda: Mäne baba gije-gündiz zikr edip, Haweranyñ ot-çöpüne dem salýar - diýilýär. Mäne baba öz topragyny jany-teni bilen söýen, onuñ keramatdygyna doly göz ýetiren ynsan. Haweran düzünde janlym har olmaz, Kişi meñ işime giriftar olmaz. Señ jemalyñ lutfy-yhsany üçin, Ýüz-müñ jany gurban bersem, ar olmaz. Türkmeniñ Görogly beg eýýamynda yslam dünýäsine ylym nuruny saçan bu beýik ynsana Saparmyrat Türkmenbaşy mynasyp baha berýär: Mäne baba, sen uludan ulysyñ, Sen gudratsyñ, öwlüýäsiñ, welisiñ. Beýik Serdarymyzyñ şeýle ýokary baha beren welisiniñ edebi mirasyny öwrenmek, rubagylaryny, şygyr böleklerini türkmen diline terjime etmek, ol baradaky halkyñ arasyndan rowaýatlary ýygnamak... biziñ gaýragoýulmasyz wezipämiz bolmalydyr. Çary KÖMEKOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyñ uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |