05:27 Iki goñşy | |
■ Iki goňşy
Goşgular
(Degişme) Goňşynyň üstüne gygyrýar goňşy Bir zadyň üstünde bilenok oňşup Ajy sözler blen seredýär hyrsyz, -Ýylanyň ýigrenýän närsesi narpyz Hininiň agzynda gögärmiş ol hem Diýip gagal goňşy gygyn pürkensoň Parhlyrak goňşusy dursada parhsyz Ardynjyrap, ajy ýylgyryp bir dem Ýekeje söz gaçyranmyş agzyndan -Beýle ýylandygyň başda bilemde Gögermezdim seniň hiniň agzynda Senden ýedi menzil daşda bolardym. ■ Nebis Tekiz ýoly taşlan tekepbir täjir, Ters ýodadan barýar, tüm ile garap. Tüsse dek çal möjek almana öjün, Täjiri nazarlap barýar golaýlap. Täsin nagyşy bar pökgi böwründe, Torbasy dop-doly tylla teňňeden. Tapan bar baýlygy tutuş ömründe, Täjir üçin beýik Alla deň eken. Täjiriň üstüne topulan möjek, Tenin parçalapdyr, boýapdyr gana. Tekiz, giň sähralar daralyp gör dek, Täjir gözün dikip ýatyr asmana. Töwekgellik etdi, toba etmedi, Täjir ýöräp ömrüň soňky çäginde. Tüweleý ölüm dek towlanýan çölde, Teňňäňden puluňdan peýda ýok indi. Töwerege garap haly teňlenip, Täjir hakykata akyl ýetirýär. Tölejek salgydyn berjek teňňesin, Töwekgel gurt weli diňe et iýýär. Teni para-para, ýüzi pers-ala, Taby gaçan ahyr durmuşa teşne. Täjir ajal tapdy gidip ters ýola, Tepbedi okaldy suwsuz çöl-deştde. ■ Är-aýalyň gürrüňi (degişme) Seredip saçlary seýreklän kellä, Bir şahyra şeý diýenmiş aýaly: -Saçlaň beýle ir düşýär-le, ne bela? Kelläň ýaldyraýar ýumurtga ýaly! Şahyr bolsa aýalyna bälçirän, (Gepim köpeltmäýin, onsoň elgaraz,) -Towuk ketekde köp bolansoň mäkiýan, Ütüm-ütüm bolýar-diýen.- Kelhoraz. Soňam öýkelänin duýup ol ýaryň, Öýkesini ýazdy, onda gep gyt-maý: -Kelleli gürrüňi goýaly ýarym, Magdanly daglara asla ot bitmez. ■ Elektroenergiýa we adam (degişme goşgy) Suwly stakana simini sokup, Ol suwy gaýnadýar zarbyna toguň. Görüň ony, ilki suwdan tok alýar, Soň tok bilen suwy gaýnadan bolýar. Soňra ýene sabyr ediň azajyk, Çaý hem içer gaýnag suwa çaý atyp. Adam senden her bir her bir zat çykar, “Bu ne gudrat işder suwdan ot çykar”. Suwly stakana sokup simini, Suw içinde ýakýar suwuň janyny. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |