22:05 Ilkinji "Tango" / hekaýa | |
ILKINJI «TANGO»
Hekaýalar
Genrih daýy kakamyň dostudy. Ýaşy bir çene baran adamdy. Ikinji jahan urşy ýyllary obamyza göçüp gelen bosgunlaryň maşgalasyndandy. Şonda ol kakam deň-duş on-on bir ýaşlaryndaky oglan ekeni. Ol bosgunlaryň nebereleri häzir özbaşyna bir oba ýaly bolup, naşyja gurlan jaýly mellegine geň, täsin agaçlar ekilen, daş-töweregi diýseň tämiz howlularda ýaşaýardylar. Kakam ýogalansoňam, Genrih daýy biziň bilen gadyrly gatnaşygyny öňki hörpünde saklaýardy. Asla, oba adamlary ony gowy görýärdi. Islendik işleri çykanda çagyrsalar, ol hökman gelýärdi. Özem ediljek işe kybap guralyny: paltamy, pilmi, kätmenmi, çekiçmi, byçgymy, özüniňkini getirýärdi. Oňa: «Genrih daýy, özüň gelseň bes, iş guralyny bärde bereris ahyryn» diýselerem: «Ýok, oglanlar, men elim werziş edinen guralymda işlemesem bolanok» diýýärdi. Işlände işe hile etmän, hakyt ýürekden işleýärdi. Nahar wagty bolanda: «Adamlar, nahar wagty boldy» diýip, işini bes edip, nahara oturýardy. Toýa çagyrylanda, aýaly bilen ýanyna patefonyny hem alyp gelip, «Tango» tansyny oýnap berýärdiler. Genrih daýy ýaly, aýaly Gera daýza hem uzyndan gelen görkanady. Oňa oba arasynda Gerek apa diýýärdiler. Ol saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýärdi. Goňşy-golam emgege uçrap, haçan ýüz tutsa, ýok diýmän goldaýardy. Genrih daýynyň aýaly bilen iki bolup «Tango» tansyny oýnaýyşlary toýa aýratyn bir bezeg, dabaraly äheň berýärdi. Munuň üçin ol atasyndan ýadygärlik galan patefona «Ilkinji tango» diýen aýdym ýazylgy köneje karty oturdýardy. Ine-de, diýseň buýsançly, göçgünli saz ýaňlanyp başlaýar. Ol sazyň äheňinde belent mertebelilik, özüne göwnüýetijilik, merdemsilik duýlup dur. Birdenem labyzly ses bilen kalbyňy heýjana salýan aýdym başlanýar: Tango! Tango! Tango! Tango—tanslaryň şasy! Seni öwrenmek üçin Köp etdim men yhlasy. Sen bir gedem gyz ýalydyň, Näz–kereşmeden doludyň, Maňa hiç baş bermeýärdiň... Genrih daýydyr aýaly bu tansy diýseň derejeli, aňrybaş yhlasly oýnaýardylar. Ylla diýersiň, bir çaklaňja türkmen obasynyň toýunda däl-de, halkara tans ýaryşynda ýerine ýetirýän ýalydylar. Oýnap bolansoňlar, olardan bu tansy ýene-de oýnap bermegini sorardylar. Şonda Genrih daýy: «Ýok, adamlar, beýtsek, tansyň gyzygy gaçar» diýip göwnemezdi. Bu tans kakama juda ýaraýardy. Bir gün Genrih daýy aýaly bilen ejemiň doglan güni mynasybetli biziňkä çakylyga gelende, «Tango» tansyny oýnap bolansoňlar, kakam ondan: —Sen şu tansy meniň ogluma öwredip bilermiň? –diýip sorady. —Elbetde, öwrederin –diýip, Genrih daýy ynamly aýtdy. Soňra meniň ýüzüme seredip: —Seniň ogluň ýaşyndakam, men ähli görnamly tanslary oýnap başarýardym. Bu biziň nemes halkymyz üçin hökmany däp –diýdi. Maňa tans öwrenmek üçin haçan barsam boljakdygyny özüniň boş wagtlaryny bir bölejik kagyza belleşdirip berdi. Kakam maňa: —Sen, ogul, şu tansy hökman öwren, haçandyr geregi çykar –diýip, çyny bilen tabşyrdy. Genrih daýy kakamyň sözüne hezil edip gülüp: —Gadyrdan dost, tanslary oýnamagy, saz çalmagy, surat çekmegi, ýeneki käbir başarnyklary haçandyr geregi çykjagy üçin däl-de, belli bir medeni derejeli adam bolmak üçin öwrenmeli –diýdi. Şondan soň men Genrih daýylara gatnap başladym. Elbetde, bu tansy öwrenmek maňa aňsat düşmedi. Edil aýdymda aýdylyşy ýaly, «Tango» maňa hiç baş berenokdy. Muňa meniň ýygralygym sebäp bolýardy. Aýratyn-da, Genrih daýy menden iki ýaş uly gyzy Luizadan (biz onuň adyny Läle diýip tutýardyk) haýyş edip, ýanyma goşanda, has-da aljyraýardym. Sebäbi Luiza özüne göwni ýetýän owadan gyzdy. Sazyň äheňine berlip, birhili syrly ýylgyryp, belent mertebelilik bilen ýüzüme seredip, tansa başlanda, göwräm ylla özümiňki däl ýalydy. «Göwräňi dik tutmaly, özüňi derejeli alyp barmaly, hereketleriň gaýym hem anyk bolmaly, sazyň labzyna görä hereket etmeli» diýip, Genrih daýy gapdalymyzda durup, maňa görkezme berýärdi. Men bolsa öz içimden: «Kakamyň başyma çatan bu azabynyň haçan soňy gelerkä?» diýip oýlanýardym. Genrih daýynyň ahyry bizar bolup: «Sen bu tansy oýnap başarjak däl öýdýän» diýmegine garaşýardym. Ýöne Genrih daýy juda erjeldi. Bu meselä barha yhlasly çemeleşýärdi. Indi ol aýaly Gerek apany hem kömege çagyryp, maňa bu tansyň inçe syrlaryny ýerli–ýerden öwredýärdiler. Gerek apa oba arasynda süýjüdillilikde tanalýardy. «Onuň süýji sözleri, ýoňlap baranyňda berýän däri-dermanlaryndan-da has gowurajyk bejerýär» diýişýärdiler. Özem Gerek apa hakyt garryja türkmen eneleriniň mylaýym äheňinde gürlemegi başarýardy. Şonuň üçinem käbir dili gödeňsi aýallara: «Gidip, Gerek apadan süýjüdilliligi öwrenip gaýt» diýýärdiler. Gerek apa maňa: «Köşek, sen bu tansy öwrenseň, durmuşda özüňi merdemsi duýarsyň. Hiç haçan aljyramarsyň. Bu bir beýle kyn tans hem däl-le. Hany gel, ikimiz bileje oýnap göreli. Sen basym bu tansy Genrih daýydan hem gowy oýnap başararsyň» diýip, maňa tansyň hereketlerini bölekleýin öwredip ugrady. Her gezek: «Şu öwrenen bölegiňi öýde-de gaýtalap, indiki gelýänçäň, oňat özleşdirip gelgin, bala!» diýýärdi. Ahyrsoňy olaryň bu erjelligi öz netijesini berdi. Tans öwrenmek höwesim barha güýjäp, diňe bir ol «Tangony» däl, başga-da onuň birnäçe görnüşlerini, käbir beýleki dünýä tanslaryny hem öwrendim. Mekdebi gutaranymdan soň bolsa, tans ugrundan ýokary okuwa girdim. Ony bitirip, indi, birnäçe ýyl bäri tans toparyna ýolbaşçylyk edýärin. Genrih daýynyň «Dyndym toý» diýilýän geň toý tutmakçy bolýandygyndan habarlydym. Muny obamyzda hemmeler diýen ýaly bilýärdi. Ynha-da, olaryň toýunda otyrys. Genrih daýy toýy öz nutugy bilen açýar: —Eziz adamlar, biziň maşgalamyzyň şu ýurda, şu Watana, size minnetdarlygymyz bimöçber. Biz bärik belli bir döwürde dörän taryhy zerurlyga görä göçüp gelenleriň nebereleri. Bu ýerde hiç gysylman, kemsinmän önüp-örňedik, çagalarymyzy seçdik, agtyk-çowluga ýüzümiz düşdi. Sag boluň! Şeýdip, ynha, belli bir ýaşa ýetdik, mundan beýläk maşgalamyzy ýöretmegiň ygtyýaryny perzentlerimize bereli diýip, «dyndym toýuny» tutmagy müwessa bildik. Beýle toý biziň ata-baba däbimizde bar. Beýle toýy tutmak nesip eden adamlar bagtly hasaplanýar. Şadyhorramlykda iýip-içiň, noş bolsun! Iýip-içişligiň soňundan Genrih daýy patefonyny işledip, oňa ýene-de şol «Ilkinji tango» diýen aýdymly karty goýdy. Soňra maňa ýüzlenip: —«Tango» tanslarynyň känliginde, biziň ala-böle, elmydama şu «Tangony» oýnaýanymyzy geňirgeneňokmy? –diýip sorady. —Geňigenýän. —Geňirgenýän bolsaň, bilip goý, bu «Tango» biziň Gera daýzaň bilen tanyşmagymyza sebäp bolan tans. Soňra ýaşyna görä, jahyllaç hereketleri bilen aýalyny tansa çagyrdy. Maňa bolsa «Luiza bilen oýnaň» diýen äheňde ümledi. Men ýanymda oturan gelnimiň ýüzüne seretdim. Ol garşy däldigini duýduryp ýylgyrdy. Luiza bilen orta çykdyk. Ýüregiňe nuranalyk çaýýan dabaraly sazyň yz ýany labyzly aýdym ýaňlanyp başlady: Tango! Tango! Tango! Tango—tanslaryň şasy... Ertesi oba bolup Genrih daýylaryň toýunyň gürrüňini edýärdiler. «Adamyň borjy bolup durýan esasy aladalardan dynanyňsoň, tüýs tutaýmaly toý» diýişýärdiler. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |