21:39 Intizar gözler | |
INTIZAR GÖZLER
Edebi makalalar
Ömrüniň köp bölegini obada geçiren enem Orazbike mähriban zenandy, süýji sözlidi. Agtyklaryna guwanardy, olara mähir bilen garardy. Onuň kimdir birine gatyrgananyny gören ýokdy. Hatda agtyklarynyň biri onuň kejine gaýdyp gaharyny getirse-de gahary ony ýuwutmagy başarýardy. Atamyň adadan çykanyna birnäçe ýyl bolupdy. Enem ýaşly zenan bolansoň ýygy-ýygydan hassalaýardy. Bu sapar dümew enemiň süňňüne mäkäm ornaşan bolarly. Kakam ony şähere getirip, ökde lukmanlara görkezdi. Birnäçe günläp däri-derman alansoň enem aýaga galdy. Şonda-da ejem oňa şäherde alyp galyp birnäçe günläp idi-yssywat etmeli boldy. Enem şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerine asla uýgunlaşyp bilenokdy. Jaýymyzyň öňündäki kürsiden oba tarap sereder oturardy. Biziň ählimiz onuň ýüreginiň obany küýseýändigini bilýärdik. Ýöne ol ýerde onuň halyndan habar alyp durjak adam ýokdy. Şeýlelikde enem oba gidende kakam men oňa ýardamçy edip iberdi. Dogrusyny söýlesem, şäherde ýaşanymdan obada bolanymy kem göremok. Obada wagtyň hasaply, her sagadyň öz rejesi bolsa-da günler gyzykly geçýär. Tomus paslynda obalylar daşarda bina edilen agaçsekide ýatýarlar. Gijäniň tämiz howasy ýüregiňe hoş ýakýar. Ertir irden dagy ýorgandan kelläňi çykaryp birsellem ýatanyňy kem göreňok. Şol gün näme üçindir çaga ýüregim gozgalaň tapyp, ir oýandym. Şol wagt enem köneje namazlygynyň üstünde dyzyna çöküp doga okaýady. Ol namazyny tamanlansoň ýassygynyň aşagyndan bir zat çykaryp oňa esli wagtlat garap otyrdy. Soň ony ýene-de ýassygynyň aşagyna salyp mellege tarap çykdy. Çaga bilesigelijiligi ähli zatdan rüstem geler ekeni. Ýogsam hossarlarymyz “Kesekiniň zadyny ondan bidin görmek aýpdyr” diýip, hemişe aklymyza guýardylar. Özüme berlen terbiýýä mahsus bolmasa- da enemiň ýassygyň aşagyndan goýan zady- üçburç bukjaly hat bilen kellesi çüri telpekli esgeriň suraty ekeni. Men olara garap oturşyma enemiň gelenini hem bilmän galypdyryn. Edepsizligim üçin käýär öýtdim. Emma waka başga akaba boýunça gitdi. - Bu Amanguly - meniň körpe oglum – diýip, enem suratdaky esgeri görkezdi. - Watan goragyna ilkinjileriň hatarynda gidip, gazaply söweşlere gatnaşypdyr. Duşman okundan ýaradar bolup hassahana düşüpdir. Gutulansoň, ýene-de fronta gitmäge isleg bildiripdir. “Orden-medallara mynasyp boldum. Ýeňiş bilen hökman oba dolanyp bararyn, eje!” diýipdir. Ondan bäri köp ýyllar geçdi. Urşa gidenleriň bir topary gaýdyp gelip gapylarynda toý tutdular. Ýöne meniň esger oglum Amangulym gelmedi. Hat-habaram bolmady. Ýogsam, hökman ýeňiş gaýdyp gelerin!” diýipdir ahyryn - diýip, intizar nazarlaryny maňa dikdi. Men näme diýeýin, enemiň aýdanlaryny tassyklamakdan başga çäräm barmydy näme?! Enemiň wepatyndan soň otuz ýyl wagt geçipdi. Hat gatnadyjy Merkezi arhiwden gelen bir tagta kagyzy bize gowşurdy. Habarnamada esger Amanguly Gulnyýazowyň mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky gazaply söweşleriň birinde gahrymanlarça wepat bolandygy we doganlyk mazarynda jaýlanandygy aýdylýardy. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |