KAKABAÝ SEÝITMYRADOW
Türkmen folkloryny öwrenmekde, halka ýaýratmakda birnäçe işleri eden alym Kakabaý Seýitmyradow. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär,halk döredijiligi sektorynyň müdiri,hem Türkmenistan enseklopediýasynyň redaksiýasynda baş redaktor bolup işleýär. Ol 1977-nji ýylda „Nejep oglan“ dessanyny 1996-njy ýylda Ankarada neşir edilen „Görogly“ eposy üçin „Göroglynyň döreýşi“, „Serwijan“, „Öwez öýkelän“, „Hoşgeldi“, „Öweziň ogly Nuraly“, „Aýçemen“, „Narbanly“ dessanlarynyň ylmy tekstini taýýarlaýar. Ol 1976-njy ýylda neşir edilen „Türkmen folklory häzirki zamanda“ atly ýygynyň „Könürgenç raýonynda türkmen folklorynyň tradision žanry“ atly uly bölümini, 1975-nji ýylda çap edilen „Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“ diýen ýygyndynyň „Lenin raýonynyň häzirki zaman folklory barada“ atly uly bölümlerini ýazýar. 1967-nji ýylda çap edilen „Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk“ atly kitabyň „Otuzynjy ýyllaryň halk döredijiligi“ (1930-1940) bölümini taýýarlaýar.
Bu bölümler türkmen folkloryny döwürleýin hem etrapkar boýunça öwrenmekde wajyp işlerdir. Bölümlerde toplanan folklor mirasymyz biri-biri bilen deňeşdirilip seljerilipdir. Ýerli ýagdaýlara görä, durmuş bilen baglanyşdyrylyp, kyssalaryň, şygyrlaryň many-mazmun taýdan özboluşlylygyna ünsi çekipdir.
Kakaly Seýıtmyradow Durdy Gylyç şahyryň döredijiliginden kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp alymlyk derejesini (filologiýa ylymlarynyň kandidaty) alýar. Soň 1961-nji ýylda şahyryň ýygyndysyny çap etdirip halka hödürleýär.
K.Seýitmyradow 1927-nji ýylda dünýä inip, 1995-nji ýylda aradan çykýar. Ol institutda işlän döwründe kärdeşleri: K.Berkeliýew, B.Mämmetýazow we beýlekilere goşulyşyp halkyň arasyndan türkmen folkloryna degişli edebi-çeper eserleri, maglumatlary toplapdyr. Şol hazyna toplaýjylaryň mirasynyň arasynda olary seljerdik.
1106-njy bukjada K.Seýitmyradowyň Myrat Çaryýew bilen 1967-nji ýylyň, sentýabr aýynda Maral Aşyrowanyň dilinden ýazylan tirme aýdymlary saklanylýar. Şol sanda „Zöhre-Tahyr“ dessanyndan „Oýan“, „Aýan göründi“, „Sergezdan men“, „Görogludan – Düşdüm“, „Perizadyň ýoluna“, „Salam gelipdir“,“Geldim“, „Saýatly – Hemra“ dessasyndan „Ýar, gelipdir“, „Nä hyýaldadyr“, „Bagymdan“, „Şasenem – Garyp“ dessanyndan „Gyzlar göteriň sandygy“, „Heserli“, „Gelemen“, Misginiden „Bar eken“, „Ogulmeňli“, „Nejepoglandan“ „Sende geldiňmi“, Kemineden „Gelinler“, Mätäjiniň „Bilen barmy?“ goşgusy, Magtymgulydan „Ýat bolar“, „Ýusup Ahmet“ dessanyndan „Soltanym“, „Gül – Bilbil“ dessanyndan „Sonam geldimi?“ başgada soňky döwre degişli ençeme aýdymlary maglumatlary hem Maral Aşyrowanyň özterjime halyna degişli maglumat-da onuň dilinden ýazyp alypdyrlar.
Alymlar tarapyndan toplanan edebi-çeper mirasyň türkmen edebiýatyny, folkloryny baýlaşdyrmakda hyzmaty uly.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly