KAKALY BERKELIÝEW
Belli alym türkmen folklory bilen bagly köp iş eden Kakaly Berkeliýewiň Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bolup, halkyň arasyndan toplan edebi mirasynyň aňyrsy-bärisi ýok. Olar Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 1028, 1096, 1406, 1377, 1378, 1405, 1404, 923, 901, 1331, 944, 1086, 1372, 1370 we ş.m bukjalarda saklanylýar. Olar türkmen folklorynyň ähli žanrlaryna degişli. Mirasgär halkyň arasyndan olaryň ruhy mirasyny toplamaklyga örän jogapkärli çemeleşipdir. Ol gürrüňdeş bolan adamlarynyň kärini, ýaşyny, tiresini, adyny, atasynyň adyny ýaşaýan ýeriniň salgyny ýeke-ýeke belläpdir. Hatda olaryň halk mirasyny aýdanlarynda okyjynyň ünsüni çekmek üçin özlerini alyp baryşlaryna, hatda gerek ýerinde artistiň keşbine girişlerine çenli ýazga geçiripdir. Halk hazynasyny toplamakda duş gelýän kynçylyklara çenli belläpdir. Bu folklor hazynasyny ýat bekläp lükgeligi bilen gürrüň berýän aýdyjylara uly hormatdyr.
1028-nji çeşmede K.Berkeliýewiň, K.Seýitmyradow bilen Daşoguz welaýatynyň Kalinin (häzirki Boldumsaz) etrabynyň bagşylaryndan ýazyp alan gymmatly golýazmalary saklanylýar. Bu golýazmalaryň agramly bölegini alymlar ylmy saparda bolanlarynda toplapdyrlar. Ol „Görogly“ şadessanynyň „Harmandäli“ şahasyny „Saýatly – Hemra“ dessanyndan bir parçany, şorta sözlerdir rowaýatlary, nakyllary, dürli şahyrlaryň döredijiligine degişli maglumatlary we goşgulary öz içine alýar. Çeşmede mirasgärler Artyk bagşynyň terjimehaly, gylyk-häsiýeti, başarnygy, halk mirasyna söýgüsi, onuň bagşy bolup ýetişmeginde halypalary barada gymmatly maglumatlary beripdirler. Artyk Durdy ogly 1901-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda dünýä inýär. Ol ýetginjekkä Gyzylarbadyň (häzirki Serdar etraby) töwereginde Annamämmet Hajynyň düýesini bakýar. Soňra Hellew (köşüli atly baýlaryň biri) baýyň gapysynda batrakçylyk edip, onuň goýnuny bakýar. Şol döwürden hem halk mirasyny, halk döredijilik eserlerini we bagşyçylyk sungatyny öwrenmäge başlaýar. 1936-njy ýylda ony Sahy Jepbarow Aşgabada ansambla işe alýar. 1939-njy ýylda Magtymguly Garlyýew ony alyp gidýär. Dessan aýtmagy Artyk Durdyýew Magtymguly Garlydan öwrenýär. Artyk bagşy hemişe öz halypasyny guwanç bilen ýatlaýar eken. Ol „Saýatly-Hemra“ dessanyny „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“, „Harmandäli“ şahalaryny Magtymguly Garlydan, „Nejeb-oglan“ dessanyny Mämmet Anna bagşydan öwrenýär. Artyk bagşy 72 ýaşynyň içinde 1944-nji ýylda ýurduny täzeleýär. Halk baýlygyny ýatlarynda saklap, mirasgärleriň gürrüň berýän hem aýdym-sazyň üsti bilen olary halka ýetirýän bagşylaryň eden hyzmatlaryny halka ýetirmek, olaryň terjimehallary barada maglumat bermek hazyna toplaýjylaryň uly hyzmatydyr. Sebäbi olar aýdym-sazyň hem märekede dilden aýdyp berýän dessanlarynyň üsti bilen halka ruhy güýç berip, olarda ýagşy gylyklary terbiýeläpdirler, dogry ýola gönükdiripdirler.
Artyk bagşynyň gürrüň beren goşgy bentlerinde:
Uky bilen ölüm dost,
Şeýtan bilen-nebis.
diýen ýaly täsin setirlere duş gelinýär.
Mirasgärler Magtymguly Garly, Nazar baga, Atabaý Kele, Gajar bagşy, Jikge bagşy ýaly bagşylar, olaryň halk mirasyny ýaýratmakdaky hyzmatlary barada maglumat toplapdyrlar. “Gajar bagşy diýen adam hem bagşy hem şahyrdy. Men hem şondan köp zatlar öwrendim. Bir topar dürli aýdymlary, şorta sözleri men ondan eşitdim ” diýip, Artyk bagşy öz halypasyny minnetdarlyk bilen ýatlapdyr.
Magtymgulynyň, Teke şahyrdyr Baýram şahyryň, Döwletmämmet Balgyzylyň, Magrupynyň, Gajar we Artyk, Allaguly şahyryň we beýlekileriň goşgularyndan käbir nusgalar we olaryň döremegine sebäp bolan gysgajyk kyssalar hem 1028-nji çeşmede saklanylýar. Bu çeşme S.Annanurowanyň 1964-nji ýylyň 12-nji dekabyrynda Nazar baga bilen baglanyşykly ýumor gatyşykly bir rowaýatyny-da öz içine alýar.
K.Berkeliýewiň 1406-njy çeşmede 1986-njy ýylyň 16-28-nji iýun aralygynda Tejen we Kirow (häzirki Babadaýhan) etraplarynda iş saparynda bolup, Aman Porsy, Garaja, Orazmuhammet ýaly adamlaryň dillerinden ýazyp alan 120 sahypalyk edebi gymmatlyklary saklanylýar. Olar sanawaçlardan, degişmelerden, rowaýatlardan (Balkan Pälwan bilen baglanyşykly) ybarat. Çeşme Berdinazar şahyryň goşgularyny-da öz içine alýar. Soň mirasgär şol senede Garaja Döwlet oglundan, Toýmyradowa Ogulhandan bir topar nakyllary ýazyp alypdyr. Olaryň käbirini mysal getirmegi makul bildik.
„Dile düşmez ogul-gyz başa bela getirer“, „Gyzly öýden gyzyl artmaz“, „Agyry aşdan geler, dawa garyndaşdan“, „Harmanda oturyp däne dileme“, „Jaýy nem ýykar, adamy gam“. „Duzlaga düşen duz bolar“, „Suw bermedige süýt ber“ we ş.m.
K.Berkeliýew 1983-nji ýylda 20 günläp, Gökdepeden başlap Bäherden, Gumdag, Nebitdag, (häzirki Balkanabat) Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) aralygynda iş saparynda bolup, şol etraplardan türkmen folkloryna degişli gymmatly maglumatlary, kyssa eserlerini toplaýar. Alym şol sapary barada maglumat berende derwaýys bir pikiri orta atýar. „Krasnawodsk diýlende, ýeke bir türkmen halk döredijiligini göz öňüne getirmeli däl. Halky boýunça üç halk, türkmen, gazak, azerbaýjan bar. Näme üçin biz şolaryň hemmesini öwrenmeli däl. Geljekde ony öwrenmeli, biri-birine täsirini deňeşdirmeli“ . Diňe bir etrapda ýa welaýatda däl, hatda biri-biri bilen goňşy ýaşaýan halklaryň hem ykdysady, sosial durmuş şertleri biri-birine golaý bolandan soň, olaryň medeniýetinde-de, edebiýatynda-da biri-birine baglanyşyk bar. Olar birek-birege täsirini ýetirip ösýär. Şol täsiri derňemek bilen milli folklorymyzy, olaryň aýratynlyklaryny ösüş derejesini öwrenmek bolýar. Hatda dünýä edebiýatynyň folkloryndan hem şol täsiri gözlemek bolýar.
K.Berkeliýewiň şol saparynda-da ol halkyň arasyndan biri-birinden gyzykly rowaýatlary, çuň mazmunly nakyllary, taryhy maglumatlary, oýun sanawaçlaryny toplapdyr. Olar golýazmalar hazynasynyň 1377-nji bukjasynda ýerleşýär. Ol şeýle saparlaryň her ugurdan dürli hünärmenleriň (edebiýatçy, dilçi, taryhçy) gatnaşmagynda ekspedisiýalaryň guralmagyny towakga edipdir. Onuň toplan hazynasynda aşakdaky ýaly biri-birini gaýtalamaýan 354 sany nakyl bar.Käbir nusgalar „Özümde bolsun, özümde bolmasa ilimde“, „Akyly azyň işi köp“, „Aýal oňsa hazyna, oňmasa kaza“, „Eşegi magta, at mün“, „Ýüregiň syryny göz aýdar“, „Çagaly öýde gybat ýok“. Ýa-da:
Oglum berdim eline,
Ynsap bersin geline.
Atam öýüm altyn işik,
Girsem-çyksam sypalar,
Gaýyn öýüm demir darak
Girsem-çyksam dyrmalar.
ýaly setirlere gabat gelinýär. Bu çeşmede ýatlamalar, rowaýatlar temalara bölünipdir. Meselem „Balkan Pälwan bilen bagly ýazgylar“, „Pyhy Tagandan alnan birnäçe degişme häsiýetli şorta sözler“, „Gürrüňler“ hem „Nakyllar“ görnüşinde. Olaryň hemmesi sary kagyzlara keşde çeken ýaly edilip arassa ýazylypdyr. Ýygyndyda köne türkmen sözlerine degişli sözlük berlipdir. Şol sanda sanawaçlar, dürli-dürli bentler, garaz, mirasgär aýdyjy folklora degişli bir söz, sözlem aýtsa, ony sypdyrman ýazypdyr. Ýazgylaryň üsti bilen türkmen durmuşyny, däp-dessurlaryny, folklora degişli ownuk žanrlary öwrenip bolýar. Balkan pälwan bilen baglanyşykly ýazgylar öwüt-nesihat häsiýetli. Olaryň adam häsiýetlerini, türkmen dilini, ýer-ýurt atlaryny öwrenmekde hyzmaty juda uly. Galyberse-de, bu ýazgylarda, märekede özüňi saklamagy, ula-kiçä hormat goýmagy başarmaýan, ýersiz–ýere „men-menlik“ satýan suwumsyz ýaşlar juda manyly, ýiti sözler bilen duzlanýar. Ýekeje mysal. Bir oturlyşykda ýaşulylaryň gürrüňine bir narpyz goşulyp, olaryň sözlerini bölüp oturyberipdyr hem ençeme ýurtlary, del-del maşynlary, zawod-fabrikleri görendigini aýdyp öwünmek öwünipdir. Ol sözüne dyngy berenden Balkan aga;“Aý inim, şunça ýurt görseňem, maşyn hem geň-enaýy zatlary gören bolsaňam, adam çykarýan maşyn görmänsiň. Aşgabadyň gaýra çetindäki et kombinatynyň ýanynda bir maşyn bar. Oňa dürli-dümen ders, ders ysly zatlary bärisinden goýberseň, aňyrsyndan seniň kimin adam çykyp dur, çykyp dur. Şunça ýurt sökseňem, şol maşynyň üstünden barmansyň“ diýipdir . Belli ýumorçy Pyhy Taganyň duza gowja eýlenen „degişmeleri“ – söz ýaragy ýerini bilmän oňarsa-oňarmasa güpüläp ýerliksiz gürleýän edepsizlere gönükdirilen. Ýumora baý ol degişmeleriň öwredijilik häsiýeti juda güýçli. Galyberse-de, awtorly bolsa-da olara folklora degişli kyssalar diýmek hem mümkin. Sebäbi olaryň ençemesini Pyhy Taganyň adyndan halkyň özem döredýär.
1096-njy çeşmede mirasgäriň „Muhammet bilen Gül hakynda“, „Akylly gyz“ atly iki ertekisi we Keýmir kör, Öwez sazanda, ene hakyndaky rowaýatlar, küştdepmeler monjugatdylar bar. „Akylly gyzy“ Amangül Durdyýewa 1966-njy ýylda (iýul aýy) gyzylarbatly Gurban Amanowyň dilinden ýazyp alýar. Ertekiniň mazmuny bilen kybapdaş mazmun başga-da köp ertekilerde gabat gelýär. Onuň diňe ady üýtgeşik. Täjir gyzyny molla tabşyryp söwda gidýär. Molla gyza göz gyzdyrýar. Gyz ony aldap sypýar. Emma molla ony kakasyna ýamanlaýar. Gyzy öldürmek üçin doganyna tabşyrýar. Dogany öldürmän, ony çöle kowýar. Gyzy beýleki ertekilerde bolşy ýaly, patyşanyň ogly tapyp alyp, oňa öýlenýär. Gyzy atasy öýüne iberende goşun başlygy oňa aşyk bolup, diýenini etmäni üçin onuň iki ogluny öldürýär. Gyz goşunbaşlygyny aldap gaçýar we atasy öýüne gelýär. Adamsy yzyndan gelip, ahyry bu syryň üsti açylyp, molla, goşunbaşlygy öz jezasyny çekýär.
„Patyşa we ogrular“ atly ertekini we käbir maglumatlary K. Berkeliýew bilen Baba Weliýew 1978-nji ýylyň 15-29-njy sentýabr aralygynda Gäwers we Aşgabat sebitlerinden toplapdyrlar.
Umuman, şu çeşmedäki maglumatlar gatym-garym. „Muhammet bilen Gül hakyndaky“ ertekini göçüren Gurban Amanow. Asly gyzlarbatly (häzirki Serdar). Ýyly, kimiň dilinden göçüreni belli däl.
Öwez sazanda hakda rowaýaty A.Durdyýewa ýazyp alypdyr. 1378-nji bukjada K. Berkeliýewiň 1984-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 11-nji mart aralygynda Mary welaýatynyň etraplarynda iş saparynda bolup toplan folklor mirasy saklanylýar. Ol miras 518 sany nakyllardan, Ata Köpek Mergen bilen baglanyşykly rowaýatlardan ybarat. Hakykatyň hatyrasyna bir zady belläliň. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýygnanan nakyllarda meňzeşlik bar. Mary welaýatyndan toplanan nakyllarda-da ýagdaý şonuň ýaly. Onda-da olaryň käbirlerini belläsimiz geldi. „Täze baýan ýeke doganyny unudar“, „Agzybiriň aşy bir“, „Geňeşli ýerde deňlik bar, geňeşsiz ýerde-kemlik“, „Ýeke ot bolanda niräni ýaksyn“, „Ýat iliň soltany bolandan, öz iliň çopany bol“, „Daga beýik diýme, yhlas etseň çykarsyň, duşmana güýçli diýme, gaýrat etseň ýykarsyň“, „Pul gazanmak her kişiniň işi, ýerini bilip harçlamak ner kişiniň işi“, „Sag başym-soltan başym“, „Ýagşylyk iňňäň gözünden görner“.
901-nji çeşmede mirasgäriň Keýmir kör bilen baglanyşykly we Kemine hakynda bir rowaýat saklanylýar. Halkyň arasyndan folklor eserlerini ýygnamaklygyň ugruny-ýoluny bilýän mirasgär, bir aýdyjy bilen baglanyşykly iňňän gyzykly bir maglumaty ýazypdyr. Biz ony, beýleki hazyna toplaýjylara ýörelge bolar diýen niýet bilen göçürip aldyk. Hatda onda aýdyjynyň gürrüň beriş aýratynlyklaryna, häsiýetine ünsi çekip, halk baýlygyny ýygnaýjynyň gadryny bilip, oňa uly sarpa goýupdyr hem ol hakda doly maglumat beripdir. „Men şu maglumatlary Allanazar Oraznyýaz oglundan aldym, ol gürrüň edende gaty we ýadynda galyşy ýaly edip aýdyp berýär. Geplände diňleýjiniň ünsüni özüne çekýär. Özi çalasowat. Köneden başy çykýar. Ýaşy 60-dan geçen, käri çopan. Orta boýly, çortmak adam. Ýüzi tegelegräk, murtlak, tegelek goýun gözli adam. Biz onuň Keýmir hakynda beren gürrüňiniň bir nusgasyny aýdyşy ýaly ýazyp aldyk . 1951- nji ýylda ýazylyp alnan rowaýat bir dul aýal bilen onuň dilewarlygy, Keýmir kör bilen baglanyşykly myhmanparazlygy hakynda.
Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda 923-nji çeşmede K.Berkeliýewiň Muhy bagşydan, Garly bagşydan, ýazyp alan kyssa eserleri, läleleri saklanylýar. Olary-da mirasgär 1951-nji ýylda (fewral) ýazyp alypdyr. Mirasgär G.Nazarow hem Muhy bagşynyň dilinden ençeme rowaýatlary, ertekileri, Nobatnyýaz Saýyly hakynda „Saýyly we Boýnyýogyn“ dessanyny ýazyp alypdyr. K.Berkeliýewe Muhy bagşy bagşylar hakyndaky maglumatlardan, rowaýatlardan daşgary-da 93 sahypalyk dürli kyssa eserlerini, läleleri, nakyllary käbir şorta sözleri aýdyp beripdir. Biri-birinden gyzykly hem gunt düşen ýaly manyly ol ruhy baýlyklardan ynsan durmuşynda zerur, bir giden gymmatly pähimleri öwrenmek mümkin.
Mirasgär halkyň arasyndan edebi baýlyklary diňe şol ugurdan ýörite sapara gidip toplamandyr, her ýerde bolsa-da halk baýlygynyň muşdagy halkyň arasynda delje zat bolsa sypdyrmandyr. Ol Tagtabazarda bolanda (06.04.1959) Garly bagşydan bagşylar hakynda juda gymmatly hem gyzykly maglumatlary ýazyp alypdyr. Ol bagşylaryň terjimehallaryna çenli üns beripdir. Ol maglumatlar türkmen halkynyň arasynda adygan, Amangeldi Gönübek, Kör Gojaly, Hallydyr Jepbar bagşy hakynda. Mirasgäre Hally bagşy barada Garly bagşy şeýle maglumaty aýdyp beripdir: ”Hally bagşynyň daşky keşbi, gözi gök, saryýagyz, ýüzi goturrak, orta boýly, dişi sagat, ýüze basalyk ýaşda aradan çykdy. Özi sowatsyzdy. Emma gürrüňçi, dilewar, oturan adamlary gyzyl-gyran gülüşdirerdi“ . Bu maglumatlar türkmen folkloryny, edebiýatyny sazy bilen sözi bilen halka ýetiriji, ýaýradyjy ägirtleriň türkmen folkloryny öwrenmekdäki hyzmatlaryny aýan edýär.Bagşylar hakyndaky ol maglumatlaryň sungaty öwrenmekde-de ähmiýeti uludyr.
Mirasgär hatda Moskwada bolanda, TYA-nyň Taryh we etnografiýa institutynyň öňki ylmy işgäri Şyhberdi Annagylyjowdan türkmen folkloryna degişli edebi çeper eserleriň ençemesini ýazyp alypdyr. Şyhberdi olary öz işini ýazanda ýomutlaryň arasynda bolup, olardan türkmen folkloryna degişlilerini-de ýazyp alypdyr.
K.Berkeliýew 1982-nji ýylda Mary welaýatynyň birnäçe etraplarynda 16-njy iýundan 30-njy iýun aralygynda iş saparynda bolup, türkmen folkloryna degişli dürli-dürli žanrlary öz içine alýan 62 sahypalyk edebi çeper eserleri, maglumatlary toplapdyr . Bu toprakda-da alym halkyň arasyndan edebi gymmatlyklary toplamaklyga örän jogapkärli çemeleşýär. Ol haýsy etrapdan nähili maglumatlary toplapdyr, kimiň dilinden ýazyp alypdyr, aýdyjynyň käri, ýaşy, tiresi, ýaşaýan ýeriniň salgysybarada giňişleýin maglumat beripdir. „Ata Muhammetdurdy ogly, ol 70 ýaşly, Marynyň „Iskra“ kolhozyndan, Rejep Saparaly, 75 ýaşynda, sowatsyz, batyl, şol kolhozda ýaşaýar. Başga-da köp adamlar, ýaşulular, köp mugallymlar bilen gürrüňdeş boldum. Il içinde edebi mirasa degişli zat köp, ony öwrenmeli, ýygnamaly. Dogry, bu barada halk arasynda köpräk wagtlaýyn bolunsa, has gowy netije berjek“ diýip, mirasgär derwaýys pikiri orta atýar. Ol şol saparynda 32 sany nakyllardyr halk aňlatmalaryny, aforizmleri ýazyp alypdyr. Elbetde, olaryň arasynda beýleki etraplardan toplanan eserlere meňzeşleri-de bar. Halk kähalatlarda oýunlyga salyp hem her hili gyzykly aňlatmalary, şorta sözleri-de döredýär.
Orak ormak-oýnamak,
Ýer sürmek-baryp gelmek,
Döwek döwmek-at münmek,
Haý-haý çaýkanjyrap un elemek.
Halk mirasy atalar sözüne-de, nakyllara-da örän baý. Çeşmede bir giden sözlere düşündiriş berlipdir. Dogrusyny aýtsaň, olaryň ençemesine, aýratyn-da ýaşlar düşünip baranok. Mirasgär bu ýagdaýy göz öňüne tutan bolmaly. Şeýle-de olar halkyň dil baýlygyny, sözleriň manysyny öwrenmek üçin juda zerur. Meselem, hona-toýlarda, aş bişirilende, dograma edilende bişen et kesilýän çörek. Ýagny ýarty petir çöregi iki bölüp, onuň üstünde et dogralýar. Şol çörege hona nan diýilýär. Onuň bilen baglanyşykly birnäçe söz aňlatmalary-da döräpdir.
„Honaçy bilen goňşy oturan ýagşy:
Honaça ýakyn otursaň, zyýany ýetmez“.
Nepesimi dürsäýin, dynjymy alaýyn, özüme geleýin. Dem-dem alma, dynç alma.
Guzy – tokly, işşek, öweç-maň.
Owlak – çebiş, daggeçisi,dag goçy,
teke, serke – azman.
Gowa – geçi derisinden suw çekmek üçin ulanylýan gap.
Nowa – goýun ýakmak üçin, suw guýulýan gap (ol agaçdanam edilýär, uzyn bolýar).
Mysallardan görnüşi kimin:
Mirasgär tüýdükçi bagşylar barada käbir maglumatlary toplapdyr. Ol Sakarçäge etrabynda bolanda bagşy Patyşaguly Girmanow bilen duşuşyp, onuň ýedi arkasy barada ýazypdyr. Ýagşysähet – Orazsähet – Girman bagşy – Patyşaguly we ş.m. Girman bagşynyň ady “girdenek, kiçi diýen manyny aňladypdyr” diýip miräsgär ýazypdyr. Şol sanda „ýakma bişersiň, gazma düşersiň“ ýaly nakylyň döreýşine degişli rowaýat getiripdir. Rowaýat „Duz iýen ýeriňe kast etme“, „Başyňa müşgül iş düşse-de bugly (bugaryp duran) aşy taşlama“, „Joşup gelen gahary saklagyn, ýuwutgynyň, oýlanyp soňra näme etseň, onsoň etginiň“, diýen nesihatlary bir gojadan hersine müň teňňe berip, satyn alyp, soňra şol nesihatlara eýeren ýigidiň, diňe gowulygyň üstünden barşy, hatda dogry gelen ajaldan galyşy hakynda. Ýamanlyk etmekçi bolan päliýaman aýalyň etmişine çolaşyp, öz gazan çukuruna özüniň düşüşi hakda. Ýigit nahardan (duzdan) ýüz döndermänligi üçin ýolda eglenip, aman galýar. Ýigide derek ondan öňürti baran päliýaman aýal gurban bolýar. Şondan soň öz maşgalasyna dolanan ýigit üç bolup, düşekde ýatan aýalyna müňkür bolup, ony öldürmekçi bolýar. Emma satyn alan nesihaty ýadyna düşüp, gaharyny zordan basyp saklap, meseläniň anygyna ýetýär. Aýalynyň gujagyndakylarynyň öz çagalarydygyna düşünýär. „Äri är edýänem aýal, gara ýer edýänem aýal“ diýen nakylyň gelip çykyşy baradaky rowaýaty-da mirasgär iş saparynda ýazyp alypdyr. Bu nakyly gyzy dogry hasaplany üçin bir şa ony synamakdan ötri bir akyly gelip gitmeliräk ýigide berýär. Özünem şa olary çöle taşladanmyş. Gyz ol oglana iş, zähmet çekmegi, märekede özüni alyp barmagy, adamlary sylamagy kynam bolsa öwredip, ondan allanäme är ýasaýar. Çeşmäniň boýunda ekin, bag ekdirip, ol ýeri gülzarlyga öwürýär. Şa nökerleri gezip ýörkä, aç-suwsuz bularyň üstünden barýar. Gyz olara hezzet-hormat edip, gidenlerinde olaryň buduna möhür basyp goýberýär. Soň şa gelende, gyz olara „Meniň nökerlerim, ynanmasaň buduny göräý, möhür bardyr“ diýip, olaryň hemmesini özi alýar. Şa utulanyny bilýär.
Mirasgär Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynda bolanda şahyrlar barada biri-birinden, gyzykly maglumatlary toplapdyr. Türkmen folkloryny ýaýratmakda bagşylaryň hyzmatyny düşündirip oturmaklyga zerurlyk ýok. Mirasgär Seýit agadan aňyrsynda hakykat ýatan şeýle bir rowaýaty ýazyp alypdyr. Şahyr Çary Afzala (ýörgünli ady Akmolla bolupdyr – Ş.G.) goşgy aýdanda Ispendiýar hanyň göwni ýetmändir. Ispendiýar ony köşk şahyrlary bilen ýaryşdyrypdyr. Şonda Çary Afzal ýeňipdir welin, muňa hanyň gahary gelipdir. „Haçan şu iki öýli türkmen bilen deňeşip borka?“ diýipdir. Şonda Çary Afzal aşakdaky bendi döredipdir;
Gara daşda garynjanyň toýnagy,
Yz edende deň bolarsyň biz bile,
Eneň gyrkyp alsa, ýylan ýüňüni,
Kiz edende deň bolarsyň biz bile.
Bu ýerde goşgynyň manysy ýüregiňe çüňk bolýar. Şu bent daşoguzly A.Kadyrowyň toplan goşgularynyň arasynda-da gabat gelýär. Onuň gelip çykyşy mälim bolmansoň, ol şol durşuna düşnüksiz.
Şu çeşmede mirasgäriň milli tüýdük, onuň çalnyşy, görnüşleri, ähmiýeti, tüýdügi çalyp bilýän ussatlar hakynda ýazan gyzykly maglumatlary saklanylýar. Özünem mirasgär bu milli senediň ýitip barýanyna gynanýar. Tüýdüge goşup aýdym aýdýan bagşa „ýanamaçy“ diýilýändigini nygtap, olaryň çök düşüp, bir elini gulagyna tutup ýanama aýdýanyň halyny ýazyp suratlandyrmak kyn. „Babanýaz bagşynyň sesi gargy tüýdükleriň üçüsini basar eken“ diýip,hormatly dynç alyşdaky bir mugallym oglanka eşiden aýdymlaryny ýatlap, mirasgäre gürrüň beripdir. Ol aýdymlaryň, tüýdükçileriň tüýdük çalyşlaryny tüýdükçileriň alkymlaryny ýokary tutup, çişirip, demlerini sazlapçalýan pursatlaryny häsiýetlendirip, gürrüň beripdir. Şolaryň köpüsinden ýazgynyň galmandygyna gynanypdyr. Baýry mugallym Gapur agaÝazhan ogly bu maglumatlary 1982-nji ýylyň 19-nji iýunynda gürrüň beripdir. Bu çeşmede mirasgäriň Esenpolat bilen baglanyşykly ýazyp alan şorta sözleri-de saklanylýar. „Biriňiz ýogaldymykaňyz diýdim“, „Zalwat goýbermänsiň“, „Köjäniň ýerine ýagly çorba“, „Golçaň özüňden hem gysganç“, „Ahmal bolmaň, how“ we ş.m şorta sözleriň hemmesi uçdantutma tankydy häsiýetde. Dilewar ýüz görmeýän Esenpolat märekede oňlamaýan, halamaýan häsiýetlerini etseler, kimem bolsa sylap durman çüýleýär eken. Meselem, „Meniň bolşum şu“ atly şorta sözde. „Bir ýoknasyz toýda elini keçäniň üstünde ýuwupdyr. Esenpolat oňa „Bu bolşuň bolanok, gury ýere ýuw“ diýende ol: „bar bolşum şu“ diýip jogap beripdir. Ol nahar iýende ýaryny iýip, ýaryny keçä döküpdir. Ahyry Esenpolat bu ýagdaýa çydaman, ýerinden turupdyr-da galan çorbany onuň depesinden eňteripdir. Ol adam gyzarylyp „Ýeri how, Esenpolat bolşuň nähili?“ diýipdir. Onda Esenpolat;
„Seniň bolşuň şol bolsa, meniň bolşum hem şu“ diýipdir.
Bu gürrüňleri mirasgär Rejep aga bilen Ata agadan ýazyp alypdyr. “Rejep Saparly 75 ýaşly, sowatsyz batyl, Mary etrabynyň „Iskra“ kolhozyndan diýip, mirasgär ýüzugra nygtapdyr. Bu çeşme:
Dişi görkli hünjüden,
Jübsi doly künjüden,
Özüň sakla hudaýym,
Dert ýamany sanjydan.
Balam ýaşyň uzakdyr,
Urmak, sökmek ýazykdyr,
Alkymyňdan ysgasam,
Alty aýlyk azykdyr.
ýaly hüwdileri-de öz içine alýar. Olary-da mirasgär 1982-nji ýylda saparda bolan wagtynda toplapdyr. Ol toplanan mirasyň hemmesiniň türkmen folkloryny öwrenmekde hyzmaty juda uly. Sebäbi folklor aradan ýüzýyllyklar, müňýyllyklar geçse-de, her bir halkyň, milletiň ruhy baýlygy bolup durýar. Sebäbi milli folklorymyz ata-babalarymyzyň, nesilleriň durmuşynyň, taryhynyň, däp-dessurlarynyň taryhy kökleriniň, egsilmez genji-hazynasy, folklory öwrenip, ösdürip, seljerip öz halkyňy has oňat tanamak bolýar. Olaryň häsiýetlerini-de öwrenmek bolýar. Aýdyjylaryň, toplaýjylaryň eden, edip ýören işlerine şu nukdaýnazardan baha berlende-de, olaryň gymmatyny, ähmiýetini her taraplaýyn kesgitlemek boljak.
1086-njy çeşmede K.Berkeliýewiň 1966-njy ýylyň maý aýynda Tejen, Doly han sebitlerinde iş saparynda bolup folkloryň dürli žanrlaryna degişli toplan maglumatlary saklanylýar. Bukjanyň ilkinji sahypalarynda mirasgär şol maglumatlaryň kimiň dilinden ýazyp alnanyny ýeke-ýeke belläpdir. Bu folklor hazynasyny ýat bekläp, toplaýjylara ýeke-ýeke gürrüň berýän aýdyjylara hormat. Hakykatyň hatyrasyna şu ýerde bir zady nygtasymyz gelýär. Rus ýazyjylarynyň folklor bilen baglanyşykly käbir işlerinde folklory aýdyjylar bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar getirilýär . Halk mirasyna teşne adamlaryň olary bilýän adamlary ýörite öýlerine çagyryp, olary myhmanlap, hezzetläp, hormatlap, gije olaryň ýanlarynda ýatyp erteki ýa rowaýat diňleýän şol ýol bilen toplan mirasyny halka ýetirişini, hatda olardan çeper eserler döredip halka ýetirişlerini atlaryny tutup maglumat berilýär. Hatda un degirmende işleýän bir mirasgäriň, un çykartmaga gelen bir ertekiçiden erteki eşitmek üçin, haraza, (un degirmenine) binobat goýberýändigini ýatlaýarlar. Bu halk mirasyny aýdyjylara, ony ýygnaýjylara goýulýan, goýlan sarpanyň diňe ýekeje mysaly. Halk baýlygy seredilip oturylsa, dürli-dürli ýollar bilen toplanypdyr, şol ýol bilenem timarlanyp, manysy baýlaşdyrylyp halkyň özüne ýetirilipdir.
Mysallardan görnüşi ýaly, K.Berkeliýew hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda iş saparynda bolup halkyň milli ruhy baýlyklarynyiňňän köp toplapdyr hem bu meselä örän jogapkärli çemeleşipdir. Ol şu gezekki saparynda-da gürrüňdeş bolan adamlarynyň atlaryny ýeke-ýeke sanapdyr. Ençeme adamlar bilen gürrüňdeş bolandygyny, olardan edebiýata, folklor eserlerine, taryhy maglumatlara, çarwaçylyk terminlerine, çopan-çoluklaryň ulanýan zatlaryna degişli ençeme materiallary ýazyp alandygyny nygtapdyr. Ol ýygnanan mirasyň arasynda Keýmir köre degişli maglumatlar, nakyllar, ertekiler, şorta sözler, rowaýatlar bar. Toplanan miras dilçiler, türkmen dilini öwrenýän ýaşlar üçin-depeýdalydyr, otlaryň atlary, meselem; ojar, çerkez, gandym, çeti, selin, köwreýik, garagan, jitir, syrkyn, gamyş, selme, ýylak, arpagan, siňren, kösük, ýylgyn. Olaryň bitýän ýerleri, ýa-da goýun, geçi, düýe, at ýaly mallaryň görnüşleri meselem: Goýun-guzy, berre (etigen guzy) tokly, işşek, geçi-owlak, çebiş, erkek-azman, serke mysallardan görnüşi kimin. Atlar, düýeler bilen bagly-da şeýle maglumatlar berlipdir. Başga-da çopanlar, çarwalar, olaryň goşy bilen baglanyşykly sözleriň (gowa, ütün, şarh, basyran, körpeç, nowa, dol, urgan, çöwlük) manylary getirilýär. „Baja bolduk“, „Kempir“, „Içenok“, „Etmelisi belli“, „Oýun etdim“ ýaly dürli-dürli temadan, aýdylan şorta sözler hem şu çeşmede. Elbetde, olaryň halka hödürlär ýalysy-da bar, hödürlemez ýalysy-da bar. Käbirleri çeper hem bolsa, ideýa taýdan yrga.
Çeşmedäki „Arma“ sözi halk kuwwat, „Bar bol“, „Baryndan zyýat“, „Köňül kiri aýdylsa gider, köýnek kiri ýuwulsa“, „Ýagşy hatyn är gysganmaz, ýagşy han ýer“, „Akyl başdan çykar, altyn daşdan“, „Aýdylmadyk gep ýok, eşidilmedik gep kän“, „Gyzaryp daňlak gelenden, gygyryp ýagy gelsin“ ýaly nakyllary mirasgär Tejen sebitlerinde bolanda şol ýerli Artyk Çaşadan, Hojageldiden, Aman Esenowdan ýazyp alypdyr. Mirasgär golýazmadaky Tejen, Dolyhan, onuň töweregi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary-da ol ýerlere belet Artyk Çaşadan ýazyp alypdyr. Onda Tejen hakynda şeýle maglumat getirilýär. „Garry bentden-alty agyzdan günbatar tarapa gidilende, gabat gelýän ýerleriň atlary: Ilkä Tejen, Tejen-däli sözünden bolup, täze dörän şäherdir. Demir ýol geçenden soň, Ahaldan, Marydan ýygnanandyrlar. Aslynda Garrybent diýip, tutulypdyr“. Şeýle maglumat Dolyhan hem onuň töweregi bilen bagly hem berilýär. Başga-da bu bukjada mirasgäriň Heleý bagşy (Halbike) ýagny onuň Kör Gojaly bilen aýdymda ýaryşyşy hakynda hemmä belli rowaýaty, Myralydyr, Soltan Söýüniň Pulhatynyň köprüsi hem Isgender hakyndaky (şahy bilen bagly) rowaýatlar we „Ogry şagal“, „Nebsewir kazy“ atly ertekiler saklanylýar. Ertekileri-de mirasgäre Artyk Çaşa aýdyp beripdir. Ertekileriň mazmuny atlaryndan belli. Çeşmede tejenli Sähet Geldiýewiň dilinden ýazylyp alnan Ependi bilen baglanyşykly şeýle rowaýat getirilýär. „Ependä bir baý – şu sandygy göterip öýe eltiň, şindi eşidilmedik üç öwüt-akyl bereýin” diýen:
1. Açlyk doklukdan gowy diýseler ynanmagyn!
2. Atly gitmek pyýada gitmekden gowy diýseler ynanmagyn!
3. Dünýäde senden artyk akmak bardyr, diýseler ynanmagyn!
Baý şu üç nesihaty aýdandan Ependi-de sandygy egnine mazaly galdyryp, bulap-bulap ýatan daşyň üstüne urýar-da; „Şunuň içinde döwülmän bir zat galdy diýseler, senem ynanmagyn“ diýip gidiberýär. Baý söwdagär sandygy açyp görse, çyn çäýnek-käselerden birem abat galmandyr. Söwdägäriň içinden dury gan geçiberenmiş. Bu ýerde ýitije satira bar. Baý söwdägär däl-de, Ependi baýy çüýläp, onuň üstünden gülüpdir. Şeýle ýumora çeşmedäki Gurban şahyryň bir käsäni taryplap ýazan goşgusynda-da duş gelmek bolýar. Gapysynda gezýän Gurban şahyry bir baý Mämmetoraz diýen barlynyň çakylygyna gidende, ony atyna seretdirmek üçin alyp gidýär. Çaý içişlikde, Gurban şahyryň öňünde bir döwük-ýenjik käsäni goýýarlar. Şahyr käsäniň tarypyny edipdir. Goşgudan birki bendini mysal almagy makul bildik.
Bir käse getirip goýdy öňümde,
Dünýäden habarly ýatan käsemiş.
Dokuz müň, dokuz ýüz on iki ýaşynda,
Pany dünýä bilen ýaşyt käsemiş.
Sylagy ýetmändir, batypdyr kire,
Içine çoh salnyp çekilmiş hara,
Ini deşik-deşik endamy ýara,
Gutulmanjyk uzak ýatan käsemiş,
Eýäň, Mämmetoraz sag bolsun başy,
Içi gara goňur, ýelimli daşy,
Soltan Hüseýin mürze şonuň deň-duşy,
Howene (Howana) dörände dörän käsemiş.
Gurban aýdar, eýe öwüp pul beren,
Ýaşlygynda gelin-gyza dil beren,
Ahyrynda gerçek pire gol beren,
Pire mürit bolup ýatan käsemiş.
K.Berkeliýew beýleki çeşmelere ýazan sözbaşysy ýaly 1331-nji bukjada toplan materiallary barada-da hasabat beripdir. Ol aprel aýynyň 11-den, 1977-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne çenli iş saparynda bolup Aşgabatdan başlap Kirow (häzirki Babadaýhan) etrabyna çenli aralykda (Tejende, Gäwersde hem) iş saparynda bolup türkmen folklorynyň dürli žanrlaryna degişli materiallary toplapdyr. Ol dürli ýaşdaky, dürli hünärdäki adamlar bilen duşuşyp ençeme nakyllary; („Ýagşynyň ölüsi ýakar, ýamanyň dirisi“, „Açyk gapydan it bakar“, „Ala gargada hakym bolsun, olam aman bolsun“, „Goňşa ymtylan aç galar“, „Sykylyk atan bilen sygyr doýmaz“) rowaýatlary, şorta sözleri, hüwdüleri, Magtmguly Pyraga öýkünilip ýazylan käbir goşgy bentlerini ýazyp alypdyr. Meselem, halkyň özi tarapyndan döredilen:
Ogşukly, torumly, gumdaky baýlar,
Baýlyk sizden gider, döwran eglenmez,
Ýalan sözden ýygnan wepasyz malyň,
Nebsi dünýä bolup tutan hyýalyň,
Süýthorlukdan jemlän bütin emlägiň,
Baýlyk sizden gider, döwran eglenmez -
we ş.m ýaly setirleri öz içine alýan goşgy bentlerini toplapdyr. Bu meselede kynçylyk çeken tarapy barada mirasgär hakykaty ýazypdyr. „Komandirowkanyň ilkinji günleri köp sorag-ideg bilen geçmeli boldy. Kim bilen gürrüňdeş bolnanda gola-ele edebi miras hakynda köp zat alyp boljakdygy barada soramaly bolýar. Käwagt „pylany köp zat bilýär“ diýlip barlany bilenem girä zat girenok, sebäbi aýdyjynyň saglygyna, keýpine bagly. Şonuň üçinem ilkinji günlerimiz golumyza onçakly, derekli edebi mirasa degişli köp bir material hem düşüp durmasa-da, il diýeniň gözli çeşme... halk döredijilik eserlerini ýazyp aldyk. Ol maglumatlar türkmen dilini, onuň baýlygyny, türkmen halkynyň edebiýatyny, däp-dessuryny, etnografiýasyny öwrenmek üçin gyzyklanýan adamlar üçin ep-esli gollanma bolar“. Bu toplanan maglumatlaryň arasynda-da öý hojalygyna, oba hojalyk esbaplaryna degişli atlar, terminler, urug-taýpa atlary baradaky maglumatlar, folklora, edebiýata degişli eserlerden aýratyn ýerleşdirilipdir. Bu ýagdaý mirasgäriň öz belleýşi ýaly, folklory öwrenijileriň işlerini aňsatlaşdyrmaklygy göz öňünde tutulyp edilen bolmaly. Mirasgär Babadaýhan etrabynda bolanda öň kalhoz başlygy, orunbasary, ferma müdiri bolup işlän, 74 ýaşly Gara Döwlet oglundan jyda gyzykly, kämil halky eserleri ýazyp alandygyny nygtapdyr. Ol gürrüň edende artistiň keşbine girýän bolmaga çemeli, mirasgär bu meselä-de ünsi çekipdir. „diňleýjiler ony üns bilen diňleýär. Käbirleri ýuwaşja ýylgyrsa, ýetginjekler hereketlerine gülmän durup bilenoklar“. Bu ýagdaý hatda aýdyjynyň diňe bir halk mirasyny ýygnaýjylara däl, şol gymmatly mirasy halkyň arasynda ýaýratmakda-da uly hyzmatynyň bardygyny tassyklap dur. Mirasgär halk hazynasyny toplamakda özüne ýardam eden başga-da ençeme adamlaryň (Jepbar Garryýew, Sopy aga, Mälik Muhammet Sähet ogly, Eziz Nursähet oglundan) atlaryny hormat bilen tutupdyr. Şol saparda mirasgär 120 sahypalyk gymmatly materiallary toplapdyr. Her bir rowaýaty, hekaýaty ýa ertekini ýazmak üçin mirasgäriň nähili zähmet çekendigi, bu ugurdan çorba sowadan adamlara mälimdir. Bir zady bellemeli, bu ugurda eliňe düşen çem gelen zady ýazman, olaryň ideýa gymmatyna seredip, saýlap-saýlap ýazmaly, oňa-da başarnyk, zehin, iň esasy-da halk baýlygynyň gadryny bilmek gerek. Olaryň türkmeniň geçmişini, taryhyny psihologiýasyny, milli häsiýetini, nesilleri terbiýelemekdäki hyzmatyna göz ýetirmek gerek. Şonuň üçin hem, K.Berkeliýew halkyň ruhy baýlygynyň hatda manyly ýekeje sözlemi eline düşse-de, ony gyzylyň gyryndysy ýaly saklapdyr. 1331-nji bukjada Kakaly Berkeliýew öz terjimehalyna degişli az-kem maglumat beripdir.
Ol Kaka etrabynyň Gowşut obasynda eneden bolýar. 1993-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar. 1950-nji ýylda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet pedagogik institutyny tamamlaýar we TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işe başlaýar. 1956-1967-nji ýyllar institutda bölüm müdiri, 1967-1970-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň döwlet arhiwinde edebiýat we sungat bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýär. 1976-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Dil we edebiýat institutynyň folklor bölüminde uly ylmy işgär bolup işleýär. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidatydyr.
Mirasgär TYA-nyňMagtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýän döwründe, 1952-nji ýyldan halk mirasyny ürç edip ýygnap başlapdyr. Krasnowodskide (Türkmenbaşy), Garrygalada (Magtymguly) Daşoguzyň, Çärjewiň (Türkmenabat), Marynyň ençeme etraplarynda, Dörtgülde, Birunyda bolupdyr. Bu çeşmede mirasgär Maryda Ata Köpek Mergen, Gurbandurdy, Aşgabatda Hydyr Orus, Balkanda Pyhy Taganyň terbiýeleýjilik ähmiýeti şeýle uly bolan, halkyň arasyndaky nogsanlyklary paş edýän degişmelerini ýazyp alypdyr. Olar mirasgäriň toplan ruhy gymmatlyklary saklanylýan bukjalarynyň, olaryň haýsy etraba degişlidigine garamazdan, hemmesinde diýen ýaly bar. Gaýtalanýanlaryna-da gabat gelinýär. Şu çeşmede öň hem nygtaýşymyz ýaly, çarwaçylyga, at-düýe esbaplaryna, öý hojalygyna degişli goşlara, öý haýwanlaryna degişli giňişleýin düşündirişler berilýär. Ol maglumatlar dilçiler üçin gymmatly çeşme. Gepiň gysgasy, mirasgär 127-sany sözleri Gara Döwlet oglundan ýazyp alypdyr. Iň gymmatly tarapy-da, meselem, Taňňa näme, uýan, irişme, eýer, jylaw, howut, çomakaý, çember, guşgun, owsar, burunlyk, serpinçek, nogta, halyk, duşak we ş. m sözlere manysy boýunça düşündiriş berilýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlary bilen baglanyşykly hem dürli-dürli adamlaryň dilinden ençeme maglumatlary mirasgär aýdylyşy ýaly, düşündirip-düşündirip yzly-yzyna ýazypdyr. 1405-nji çeşmede mirasgäriň neşire taýýarlan „Türkmen halk nakyllary we atalar sözi“ atly ýygyndysy saklanylýar. Ony K.Berkeliýew 1972-nji ýylda taýýarlan 3-nji nusgasyny golýazmalar fonduna tabşyrypdyr. Ol maşynkada 129 sahypa. Çeşmede başga-da mirasgäriň nakyllardan toplan bir golýazmasy bar. Ony Moskwada 1954-nji ýylyň 15-nji noýabrynda taýýarlapdyr. Golýazmada kabir nakyllara, atalar sözüne düşündiriş hem berlipdir. Meselem:
„Diş-dişe degenden, daş-daşa degsin“. (Iýal №731) manysy gyra deňlik bolmasyn, parahatçylyk, asudalyk bolsun. Uruş, jenjel bolmasyn, goý dag- daşlar çakyşsyn diýen manyrakda bolmagy mümkin.
„Dök etegiňden daşy“ (Iýal №554). Gaharlanma, içiňi gepledip ýörme. Kellä agram saljak boş pikiri aýyr. Syryňy aç, gizlin zat saklap ýörme manyda. Bu jümle Ata Salyh bilen Nurberdi Pommadan ýazylyp alnan.
1404-nji bukjada ýene nakyllardyr atalar sözi sözbaşysy bilen bar. Onda ýygyndynyň zerurlygy göz öňünde tutulyp, „Türkmenistan“ neşirýatynyň ony täzeden çap etmegi göz öňünde tutandygyny mirasgär nygtaýar. Onuň bir nusgasyny fond üçin niýetländigini hem aýdýar. Ýygyndy sözbaşy bilen üpjün edilipdir. Sözbaşyda nakyllaryň gadymylygy, olaryň halk arasynda ulanylyşy, ideýa-gymmaty, terbiýeleýjilik ähmiýeti barada pikir ýöredilýär. Nakyllaryň tematikasy hem göçme manyly häsiýeti nygtalýar. Nakyllar Magtymgulynyň dana setirleri bilen hem deňeşdirilýär. Sözbaşy maşynkada 30 sahypalyk, tekstiň özi 140 sahypa. Elbetde, iki neşirde üýtgeşmeler bardyr. Nakyllary belli žurnalist Nurmyrat Esenmyradow redaktirläpdir. Bu ýygyndylarda mirasgäriň ençeme ýyllap ülkämiziň dürli-dürli künjeklerinde bolup, şol sanda golýazmalar hazynamyzda saklanylýan ençeme bukjalary dörüp, nakyllary toplandygy köre hasa. Sebäbi K.Berkeliýew kähalatlarda nakyllara düşündiriş berýän ýerlerinde ýaýyň içinde ýekeje nakyl bolsa-da, atlaryny getirýär, hatda golýazmalar hazynasyndan alnan çeşmelere çenli görkezýär. Bu ýagdaý mirasgäriň halk baýlygyny aýdyjylara goýýan uly hormaty. Olary ýygnap halka ýetirmek bolsa, juda uly iş. Eziz halkyňa edilen uly hyzmat.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly