11:44 Kärizgenleriñ leksikasy | |
KÄRIZGENLERIŇ LEKSIKASY
Türkmen dili
Türkmenistanda dagetek etraplaryň suwarymly ekerançylygynda diňe bir çeşmeleriň däl, eýsem, ýörite gazylan kärizleriň suwundan hem peýdalanypdyrlar. Statistik maglumatlara görä, 1934-nji ýylda Türkmenistanda 376 käriz bolupdyr. Olaryň köpüsi Köpetdag etegindäki etraplarda, az mukdary bolsa Bathyzda we Balkan dagynyň eteginde gazylypdyr. Muňa şol ýerlerde duş gelýän birlän-ikilän kärizler we Käriz diýen obalaryň atlary şaýatlyk edýär. Käriz ýapgyt düzlükleriň astyndan gazylan we söwler arkaly arasy birleşdirilen guýularyň ulgamydyr. Özbek alymy S.Garaýew käriz sözüni pars dilindäki hakriz (ýagny «toprak dökmek») sözlerinden hasap edýär. Pars diliniň yspyhan dialektinde «kah» sözi ýerasty kanaly aňladýar. Diýmek, käriz sözüniň ilki «ýeriň astyndan gazylan kanal, ýap» ýaly manyda ýüze çykan bolmagy mümkindir. ■ Kärize we kärizgençilige degişli leksika aşakdaky ýalydyr: Iki ýüzli käriz — iki gözbaşdan baş alyp, bir ýaba birigýän käriz. Söw ötük — käriz guýularynyň arasyny birikdirýän ýerasty galereýa. Kör ötük — suwuň möçberini kes- gitlemek üçin, esasy ötügiň gapdalyndan gazylan goşmaça ötük (suw akmaýanlygy üçin oňa kör ötük diýilýär). Jalawa (Köşüde derber, Parawda derpara) — käriz suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan agzy. Gökleň dialektinde jalawa sözi «oý», «çukur» diýilýär. Kärizgen — käriz gazýan ussalar. XII-XIII asyrlarda olara kemane diýlipdir. Massur/massyr — kärizgenleriň başlygy. Gowa süren/gowa süýrän — ötük gazýan kärizgenleriň gowa salan gumuny süýräp çykarýan işçi. Çarhkeş — kärizden gumy çekmek üçin gurlan çarha gözegçilik edýän işçi. Düýekeş — gum salnan gowany süýräp çykarmak üçin, çarha goşulan düýäni idýän işçi. Päleçi — iş köp wagty käriz gazmak- da peýdalanylýan möwsümleýin işçiler. Gilbent/gülbent — käriz gazylanda, gowa salnyp berilýän laýy çekýän adam ýokardan damýan suwy geçirmez ýaly, onuň geçi derisinden tikilen ýörite eşigi bolýar. Ofenas — käriz gurluşygynyň baş ussasy. ■ Käriz gazylanda ulanylýan gurallaryň atlary aşakdaky ýalydyr: Abzal — käriz gazylanda ulanylýan gurallaryň umumy ady. Külüň — bir tarapy çiş, beýleki tarapy teşe görnüşli gural. XI asyryň ýazuw ýadygärligi bolan «Kowusnamada» külüň, kulaň sözi «kätmen» manysynda ulanylýar. Häzirki türkmen dilinde «kärizgeniň külüňi ýaly» frazeologizm bar. Pi:lçe — käriziň gumuny gyryp, gowa salmakda ulanylýan gysga saply piljagaz. Guşburun — käriziň dar ýerlerini gazmakda ulanylýan külüň şekilli sapy gysga gural. Kuwal — ýekedabanyň ulusy. Ol käriz guýularyny örmek üçin, uly daşlary dagdan ýaryp almakda ulanylýar. Sümme — käriz çekmek üçin dag oýulanda, uly daşlary deşmekde, ýar- makda peýdalanylýan demir gural. Gowa — käriziň gumuny, daşlary salyp çekmek üçin düýe, sygyr hamyndan tikilýän gap. Çaňňa — gum salyngy gowany ildirmek üçin urganyň ujuna dakylýan ikidişli ýa-da demir halka. Gulla:py — gowa ýüpüniň ujundaky agaç ýa-da demir halkasy. Sypar — söw (ötük) gazylanda, kärizgeni ýokardan inýän gumdan, daşdan goramak üçin ulanylýan saýawan görnüşli metal ýa-da agaç gural. Gupba — söwi gazýan ussanyň ýokardan gaçýan daşdan goranmak üçin geýýän başgaby. Ol misden, has irki döwürlerde bolsa tut ýa-da çynar agaçlaryndan ýasalypdyr. Gyblanama — käriz ötüklerini dogry çykarmak üçin peýdalanylýan kompas. Öňler suw ötüklerini çekmekde kärizgenler çyralardan hem peýdalanypdyrlar. Üç-dört metr aralykda bolan iki çyranyň ýagtysyndan ugur alyp, söwi çekmegi dowam etdiripdirler. Pol — güle ýasalýan agajy ýarmakda peýdalanylýan demir pahna. Güle — käriziň ötüginiň (tünneliň) gyralarynyň we ýokarsynyň gopmazlygy üçin, arça agajyndan ýa-da ýörite bişirilen palçykdan ýasalýan nal (ýaý, duga) görnüşli uly egremçe. Güle küre — güle bişirilýän küre. Örüm — guýularyň ýumrulmazlygy üçin oňa örülýän daş ýa-da berk agaç (ýalpak guýulara daş, çuň guýulara agaç örülýär, çünki biri-birine sepleşdirilip örülen agaç berk bolýar. Düşek — güleleriň çökmezligi üçin onuň taraplarynyň aşagyna goýulýan daş. ■ Käriziň aýry-aýry böleklerine häsiýetli aýratynlyklary boýunça we iş prosesleri bilen baglanyşyklylykda aşakdaky ýaly atlar dakylypdyr: A:ýböwür — käriziň gözbaşy, käriz çeşmesiniň gözi (şol gözüň tutulmazlygy üçin, kärize köplenç balyk goýberilýär. Balyk suwuň gözüni mydama çokalap durýar). Di:kana — ýeriň üstünden ötüge çenli gazylýan guýular jalawanyň ýakynyndaky ilkinji dikananyň 5 metr çemesi çuňlugy bolýar, soňky guýularyň çuňlugy barha artýar. Dagyň suwly gatlagyna çenli ençeme «käbir kärizlerde 100-e çenli» dikana gazylyp, olaryň ahyrkysynyň çuňlugy, hatda 95-100 metre çenli ýetýär. Neşga:r — käriziň çeşmä (gözbaşa) birigýän iň soňky guýusy. Dübül — käriz guýusyny ikitaraplaýyn — aşakdan (ötükden) we ýokardan (ýeriň üstünden) gazmak. Guýy gazylanda, ýerasty suw çykyp, gazmagy kynlaşdyrýar. Şonuň üçin ötükden ýokarlygyna-da gazylýar we üstki hem-de aşaky gazylaryň ugurlary birleşdirilýär. Çürizziklemek — baş ussa (ofenas) tarapyndan käriz gazyljak ýeriň bellenmegi, belgilenmegi. Bellilenmek — belli bolmak, käriz eýesi tarapyndan sylaglanmak. Temmi — ýokarky gum gatlaklarynyň ýumrulyp (opup), ötüge böwet bolmagy. Şeýle bolanda, çişen suw ötügiň köp ýerini haraplamaz ýaly, onuň gapdalyndan ikinji (sowa) ötük gazylyp, suwuň akymyny kadalaşdyrýar. Temminiň öňi alynmasa ýa-da wagtly-wagtynda gazylmasa, käriz sandan çykýar. Şeýle ýagdaýlara degişli kö:r guýy (gömlüp galan käriz dikanasy), kö:rükmek (käriz suwunyň gurap galmagy) kö:ne ötük (kör guýunyň astyndan geçýän ötük) ýaly sözler emele gelipdir. Käriz gazylyp gutarandan soň, suwly gatlagy ýapyp ýa-da gözbaşyny bekläp duran daş sümmäniň üstünden ýekedaban bilen urlup deşilýär, oňa «göz açmak» ýa-da «göz çykarmak» diýilýär. Göz açylan wagty, suw güýçli akyp başlan badyna, gülbentçi ýokardakylara habar berýär. Ony öňden biline daňylgy ýüp bilen gyssagly çekip çykarýarlar. Çalt çekilip ýetişilmedik wagtynda, güýçli basyş bilen akyp duran suw kärizgeni öz badyna heläk eden ýagdaýlary bolupdyr, mysal hökmünde Serdar şäheriniň etegindäki Janahyr käriziniň ady bilen baglanyşykly rowaýaty getirmegi makul bildik. Allaberdi han goňşy ýurtdan Gul Hasan diýen ussany tutup, oňa käriz gazdyrýar. Birnäçe wagtdan soň käriz gazylyp gutarýar. Ussa guýudan sallanyp, göz açmaga aşak düşýär. Ýekedaban bilen urup, daşy deşýär we göz açýar. Güýçli zogdurylyp çykan suw ony badyna alyp gaýdyp, jalawadan çykarýar. Han ussanyň ýagdaýyny soranda, ol diňe: «Jan ahyr boldy» diýýär we jan berýär. Şondan bäri bu käriz we ondan suw içýän oba «Janahyr» adyny göterýär. Bu suwluk ýer kärizden bir gije-gündiz suwarylýan ýeriň ölçegi (150 kwadrat) şeýle ýeriň eýesi bir suwly daýhan hasap edilipdir. Ol önen hasylyň üçden birini kärizden suw içenligi üçin, baýara tölemeli bolupdyr. Her käriz suwlulygyna görä, 40-60 we ondan hem köp hojalygyň ýerini suwlulandyryp bilipdir. 60 hojalyk bir kärizden suw içse, oňa 60 suwly käriz diýlipdir. Käriz gazylyp gutarylandan soň, onuň içinden akdyrylýan ilkinji suwa «akbiýa» diýilýär. Halk arasynda «Gözbaşynyň suwy ýedi derde derman bolar» diýen düşünje bar. «Gözbaşyndan suw içip gelen ýaly» söz düzümi «akyl satmak» manysynda ulanylýar. Görşümiz ýaly, türkmen dili kärize we käriz gurluşygyna degişli sözlere örän baýdyr. Kärizleriň ulanylyşyndan galyp barýanlygy sebäpli, olara degişli sözleriň öwrenilmegi diňe bir taryh üçin däl, eýsem, dagetek etraplaryndaky gadymy ekerançylygyň taryhyny anyklamakda hem möhümdir. Myrat PENJIÝEW, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |