09:21 Köne hekaýat | |
KÖNE HEKAÝAT
Goşgular
Bir wagtlar akly kelte bir adam: «Tizden öljegimi duýýan» diýenmiş. «Dowzahyň odundan gorkýaryn mydam, Jennete girmegi söýýän» diýenmiş. «Ölsem, gezer ýaly behişt düzünde, Dirikäm günämi ýuwaýyn men-de, Pata beriň, hut şu günüň özünde, Käbe tarap gadam goýýan» diýenmiş. «Nesip çekip, oňa baryp biläýsem, Hyzmat edip, tozun syryp biläýsem, Daşyn öpüp, janym berip biläýsem, Uçma girjegimi duýýan» diýenmiş. Şol mahal bir goja galyp ýerinden, Söz saýlap alypdyr pikir serinden. «Biderek zatlara, uýup ýörenden, Diňle, hakykaty diýýän» diýenmiş. «Käbede işiň ýok, pendimi alsaň, Eneň käbeden-de güýçlüdir, bilseň, Şonuň hyzmatynda yhlasly bolsaň Günäň ýuwuljagny duýýan» diýenmiş. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||