KÖPETDAGYÑ KERTLERINI KÜLTERLÄP...
...Köpetdagyň kemerlerinden inip, çylşyrymly dag ýodalary bilen täsin tebigy gurşawyň içinden geçip, sansyz arçalary, täsin dag otlarynyň ysyny alyp, şäherde maýylgan howanyň bu ýerlerde birazjyk çigrekdigini duýduryp öwüsýän ýeller bilen, döredijilik sapary üçin ýola düşenimizde, gyzaryp dogup gelýän Gün entek ýerden onçakly saýlanmandy. Megerem, bu wagt şäheriň sansyz çyralary gündiziň röwşenligine ornuny berip, ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem parahat durmuşyň ýene bir Gününi ýüzlerine sylandyrlar. Bütin öýleriň gapysyndan girip gelen şol parahat gün üçin uzak gije mukaddes serhedimiziň goragynda sak duran esgerler bolsa, ornuny beýleki tabşyryga ugramaly esgerlere bermek üçin, serhet galasyna tarap ýetip barýardylar.
Hüşgär dogumlylygyndan, bürgüdiňki deý ýiti göreçlerinden hiç bir zady sypdyrman, tabşyrygyny üstünlikli berjaý eden arslan ýürekli ýigitlerimiziň ynamly gadam uruşlaryna seredip, olaryň ýüreklerinde öz mukaddes gulluklaryna bolan beýik buýsanjy görýärsiň. Bu ýerde köp asyrlyk goňşuçylyk gatnaşyklary bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýän mukaddes araçägimiz şeýle batyr, edermen serhetçilerimiz tarapyndan gözleriň görejine deňelip goralýar. «Bu ýeri serhet, onuň asudalygyny bozmak bolanok» diýip, hut şu ýerlerde 2013-nji ýylda surata düşürilen «Serhet» hakyndaky filmde aýdylyşy ýaly, hawa, bu ýeri serhet, bu ýerden Watan başlanýar. Mähribanlyk, bagtyýarlyk bu ýerden başlanýar. Edil şol wagt diňe biziň gelýän serhet galamyzyň esgerleri däl, eýsem, Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň goragy üçin özlerine berkidilen çäklerini hüşgärlik bilen gözegçilik eden ähli serhet galalarydyr, berkitmeleriniň esgerleri hem serhet çäklerinde asudalykdygyna göz ýetirip, öz mukaddes mesgenlerine, serhet galalaryna sary, kimsi atly, kimsi pyýada barýandyr. Olar «Serhet goragyna girişiň!» diýip ýaňlanan buýrukdan soň täze tabşyryk alyp, mukaddesligiň – serhediň goragyna tarap ýola düşerler.
Serhet gala gelenimizde, onuň ajaýyp tebigatyndanam beter bizi haýran galdyran zat, bu ýeriň biziň garaşyşymyzdan hem irkiräk döwre degişli taryha eýedigi boldy. Gadymy Bagabatdan Nusaýa çenli uzalyp, taryhda uly söwda gatnaşyklarynyň siwilizasiýasyna eýe bolan bu ýerlerde düýe ýolunyň gatnawy has ýaýrawly bolsa-da, Ýaşyldere jülgesiniň kalbyňa guýýan rahatlygy, asudalygy hut şol döwürlerden häzirki günlere çenli bu ýerleriň ebediligine öwrülip galan mukaddeslikleriň biridigi hakynda bize gürrüň berdiler. Gadymy taryhyň sözsüz subutnamalary kimin saklanyp galan, gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdan köne çeşmäniň, kärizleriň, gadymy jaýlardyr, dürli maksatly beýleki desgalaryň yzyna her pursatda diýen ýaly gabat gelip bolýandygyny aýdan serkerdeler, ol ýerlere käte esgerler bilen medeni-taryhy gezelençleri hem guraýan ekenler.
Taryha sarpa, taryha söýgi hem watansöýüjiligiň aýrylmaz parçasydyr. Bu ýerlerde Köpetdag döwlet tebigy gorahanasynyň hem bolmagy we Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen örän seýrek duş gelýän haýwanlaryň, guşlaryň, ösümlikleriň bardygyny, esgerleriň bolsa, ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerine aýratyn sarpalydyklaryny buýsanç bilen gürrüň beren serkerdeler, goraghananyň işgärleriniň özlerinden hoşaldyklaryny aýtdylar. Ýogsa näme, Watany söýmek, onuň janly-jandar, haýwanatdyr ösümlik dünýäsine hem hormat goýmakdan başlanýar ahyryn?! Terbiýeçi serkerdäniň aýdanlarynyň subutnamasy ýaly, enaýyja keýik owlagyna çüýşejikde süýt içirjek bolýan kiçijik gyzjagaz biziň bada-bat ünsümizi çekdi. «Seniň keýijigiňmi?» diýen sowalymyza «Ýok! Ol – tebigatyňky. Gutulandan soň, kakam ýene meýdana goýbereris diýýär» diýip, jogap gaýtaran gyzjagazyň hem çaga gözjagazlarynda Watana, janly-jandara bolan çirksiz söýgini görüp, «Tüýs serhetçiniň gyzy!» diýeniňi duýman galýarsyň. Biziň «Serhet abat – Döwlet abat» žurnalyndan barandygymyzy eşidip ýanymyza gelen esgerleriň döredijilik bilen gyzyklanýanlarynyň kändigi, megerem bu ýerleriň şahyrana tebigaty bilen bagly bolsa gerek diýip oýlandyrýar. Mukaddes serhediň goragynda sak durýan esgerlerimiziň her biri bilen söhbetdeş bolanyňda hem, olaryň öz gulluklaryna iňňän uly jogaňkärçilik we buýsanç bilen seredýändikleri seni buýsandyrýar. Uly hyjuw bilen Watan, mähriban käbesi hakynda şygyrlaryny okan esgeriň goşgularynyň täsirine berlip oturyşymyza, onuň mukaddes serhedimiziň goragyna gulluga gelmegi arzuw edendigini gürrüň bermegi bolsa, hasam täsirli boldy.
Biz bu ýerleriň asudalygyny, eldegrilmesiz gözelliklerini merdana esgerlerimize, olaryň tejribeli serkerdelerine tabşyryp, meýilnamada bellenen beýleki serhet galalaryna tarap ýola düşdük. Kem-kemden yzda galan serhet galadan gaýdýan ýol, bizi goňşy serhet galasynyň çägine alyp barýar.
Bu ýerde serhet goragynda giňden ulanylýan gulluk atlarynyň gullugyň durmuşyndaky orny dogrusynda gürrüň beren serkerde, olaryň ynsan deý syzgyrlygyny, özi hem, Watan goragyna barýanyna düşünýän ýaly seniň maksadyň bilen deň gopýanlygyny haýran galdyryjylyk bilen nygtady. Serkerdäniň söhbetlerini diňleýşiňe, asyrlaryň dowamynda Watan diýip jan alyp, jan beren halkymyzyň esasy üstünlikleriniň biri, megerem, olaryň ýelden ýüwrük bedewleridir diýip oýlanýarsyň. Diýmek, taryhçylaryň «Türkmenler öz ömrüniň örän köp wagtyny atyň üstünde geçirýärler» diýip bellemekleri, örän jaý aýdylan hakykat bolmaly.
Şeýle atlarymyzyň serhet goragynda ulanylmagynyň, bu ýerde gulluk edýän serhetçilerimiziň tutanýerli gulluklaryna uly ýardam berýänligini hem aýratyn aýtmalydyrys. Biz serhet galanyň gulluk-ýaşaýyş şertleri bilen ýakyndan tanşyp, olary watansöýüjilige, edermenlige, gaýduwsyzlyga ýugrulan şygyrlar bilen galkyndyryp, bu ýerdäki şahsy düzüme hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, mähriban Watanymyzyň, eziz halkymyzyň ynamyny ödäp, alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuwladyk hem-de esgerleriň buýsançly keşplerini gözlerimize däl-de ýüreklerimize siňdirip ýene ýola düşdik.
Mähriban Watanymyz, mukaddes serhetlerimiz hakynda çuňňur oýlara berlip, serhetden uzalyp gaýdan ýollary yzarlap gelşiňe, bu daglaryň aňyrsynda gözden ýitip barýan Günüň ornuny kem-kemden paýtagtymyzyň uzaklardan görünýän sansyz yşyklara beslenen ajaýyp keşbi eýeleýär. Asuda şäheriň gujagyndaky ol yşyklar, mähriban ojaklaryň çaý başynda ediljek mesawy söhbetleriň, ajaýyp arzuwlaryň, alynjak toý sähetleridir, geljek günleriň bagtyýarlygynyň nyşany. Haýsydyr bir öýde ýanan şol yşygyň ýagtysyna gök çaý süzüp, halal zähmetleriniň armasyny ýetiren bagtyýar ene-ata bolsa, Köpetdagyň jülgelerinden mukaddes serhedimiziň goragyna ynam bilen ädimläp barýan öz serhetçi esger ogullary üçin obadyr şäherlerindäki iň owadan, iň akylly gelinlik hakynda söhbet ederler...
Aknur ROZYÝEWA.
Ýol ýazgylary