10:30 Kör / hekaýa | |
“Bagt näme?”
Hekaýalar
(awtordan) Awtobus saklandy. Olar düşdüler. Awtobusyň içindäki ýolagçylar eli hasaly kör agasynyň golundan tutup, idip barýan ýaş ýigdiň sürüjä ýol hakyny töleýşine seredip başlaryny ýaýkaşýardylar: -Häý neresse, bolsa ýigrimi dört – ýigrimi bäş ýaşyndadyr. Bu ýaşda görer gözden jyda düşmek… -Hawa-da. Näme diýdi? “Gözüme garasuw indi” diýäýdi öýdýän. -Wah neresse! Derek boýly ýigit-dä… Inisi Şähere garaşyp, agramyny hasasyna atyp duran Derýa ýolagçylaryň bu hyşy-wyşylaryny eşidip, gözleriniň görmeýändigi üçin özüni birhili bolmasy iş eden ýaly duýýardy… Şäher bolsa hasaplaşyp boldy-da, Derýanyň elinden tutdy: -Ýör, agam! “Bäý, bu sürüjileriň gymmatçyldygynaý: “ýanynda maýyp bar, şundan ýol hakyny almaýyn” hem diýmeýärler” diýip, içinden gaharly pikir öwren Şäher agasynyň elinden tutup, baglaryň aşagy bilen çeşmä tarap ýöneldi. Derýanyň bolsa, göwnüne bolmasa, ýolagçylaryň nebsagyryjylykly garaýyşlary entegem ýeňsesinden seredip duran ýalydy. ”Häý neresse” diýip, Derýa ýaňky ýolagçylaryň biriniň diýen sözüni içinden gaýtalady, “neresse bolaýşymy. Ne gözel adamlaryň ählije keýpin-ä bozandyryn. Olar-a aýda – ýylda bir gezek iş – aladalaryndan sypynyp, dynç almaga gaýdandyrlar, a men bolsa ýollarynda duşup, bolanja şatlyklaryny dyr – pytrak edendirin… Gow-a bolmad-ow… Wah, şu Şäher gaýtmajagam boldy-la. “Näme işimiz bar?” diýse-de, ýalbaryp – ýakaryp, halys gününe goýmadym-da”. Olar ýöräp barýardylar. Birdenkä Derýa Gökdere jülgesiniň tämiz, şol birwagtlardan bäri ýatda galan howasynyň öz kükregini doldurýandygyny duýdy. Şol bada ol özüni unudyp ugrady. Birküç gezek uludan – uludan demini alandan soň, onuň gursagy giňäp giden ýaly boldy. Derýa özüniň şeýlebir ýeňleýändigini we on iki süňňüni düşnüksiz şatlygyň gaplap alýandygyny duýdy. Şol bir wagtky ýatlamalar, onuň onunjy synpda okap ýören on ýedi ýaşly ýigdekçekä Gökderä mugallymlary bilen ähli synpdaş oglan – gyzlary bolup gelen gezekleri… Arassa howa bilen bilelikde bularyň bary birden Derýanyň ýüregine döküldi. Şol pursadam Derýa edil öz gözleri bilen görýän ýaly daş – töweregini gurşap alýan ähli ajaplygy anyk gördi. Ýap- ýaşyl baglar, baglaryň şahalarynda saýraýan guşlar, al-ýaşyl öwüsýän baýyrlar, aýaklarynyň astynda aşak egilýan otlar, güller, uzagrakdan sesi gelýän çeşme, sergin şemalyň kükregiňi sypap-sypap geçmesi, onuň akymlarynyň ýapraklara çolaşyp turuzýan şagyrdysy, onsoňam owazlar, owazlar, owazlar… Tebigatyň dirilige, ýaşamaga, bagtly bolmaga, çyn ýürekden söýmäge, dostluga, ynama, umyda çagyrýan owazlary… Hanha, hol ýerde bolsa on ýedi ýaşly Derýa öz deň-duşlary bilen top oýnaýar, garagolluk edýär, her dürli degişmeleri aýdyp, assyrynlyk bilen synpdaş gyzlarynyň öz gürrüňlerine gülüşişlerini synlaýar. Olaryň gülküsine özem gülýär, sebäp olaryň jakgyldysy şeýle owadan, şeýle şadyýan hem biygtyýar gülmäge mejbur edýän ýokanç… Aňyrrakda bolsa onuň mähribany, begenji, guwanjy, arzuwy hem baha tapylmajak baýlygy Gülnabat öz jorasy bilen bir zatlar hakda gepleşip otyr. Onuň gözlerem ogrynlyk bilen gabak astyndan ala-gykylyk turzup topuň yzyndan ylgaýan Derýanyň her bir hereketini yzarlaýar. Ine-de kimdir biri badak atýar welin, Derýa ýykylýar, şol bada-da Gülnabat içini çekip, galkyjaklap gidýär. Derýa bärsine bakanda olaryň gözleri sataşýar. Gülnabat gyzaryp beýlesine seredýär, Derýa-da aljyranynyň üstüni basyrjak bolup, kimdir biri bilen bilgeşleýin goh turzup, dawalaşyp başlaýar… Derýa süýjülik bilen gerindi. Onuň tutuş endamyna dirilik suwy ýaýraýan ýaly, ol öz ganynyň damarlaryny yzarlap gidişini duýdy. Bu guşlaryň owazy oňa öz toýunda bagşynyň aydym aýdyşyny ýatladýardy. Şemalyň ýüzüni – döşüni sypamasy ilkinji gijelerinde Gülnabadyň pamyk ýaly ýumşak elleriniň we bägül ýapragy ýaly mahmal dodaklarynyň özüne galtaşmasyny onuň hakydasynda oýarýardy… Birdenkä Derýa tolgunyp gitdi. Onuň bogazy doldy. Duýdansyz ýerden garagynyň gapylmagy, lukmanlaryň hiç hili umydyň ýokdugyny aýdanlaryndaky lapykeç höwessizligi… Gülnabada özüniň ömürlik maýypdygyny aýdyp: -Gülnabat, ak ýürekden saňa rugsat berýärin. Bir batyla daňlyp, bagtyňy ýatyrmagyňa ynsabym çatmaz. Sen ýaş. On iki synasy sagat birine durmuşa çykarsyň, menden saňa rugsatdyr. Seni saklamaga çakym ýok- diýmesi… Derýa kükreginde bir zatlaryň gaýnaýandygyny we ýaňagyndan syrygýan ýyly damjalary duýdy. Ýene-de, gör, indi näçenji gezek onuň hyýalynda Gülnabadyň şol günki bolşy janlandy. …Derýanyň diýýänlerini diňläp, Gülnabat birbada kiriş ýaly dartylyp, doňup durupdy. Birdenem Derýanyň aýaklaryny gujaklap, ýarym-ýaş aglap ugrapdy: -Kowma meni, Derýa jan, kowma! Men sensiz ýaşap bilmerin! Kowma janyňa–gözüňe-başyňa döneýin, kowma, mähribanym! Men sensiz näme edeýin ahyry?! Rehim et maňa, eger talagymy berseň, men özüme kast ederin… Şonda Derýa titreýän elleri bilen Gülnabadyň gözýaşly ýüzüni ýokary galdyrypdy we tagaşyksyzlyk bilen süpürişdiripdi: -Düşün Gülnabat, men maýyp ahyry. Kör! Soň ökünersiň. -Ýok, ýok… Derýa başyny ýaykady-da, Şähere bildirmejek bolup, ýaňagyny süpürdi. “Päheý, akmak menem-ä. Kelläme gelýän zatlary diýsene” diýibem özüne içinden käýindi, emma ýene-de öýünde Gülnabadyň gyzjagazlaryny suwa düşürmek üçin garabaşynagaý bolup ýörendigi hakynda süýjülik bilen oýlanman bilmedi. -Şäher, seret, nähili owadan! Gaty köp wagt bäri gelesim gelip ýördüm welin, meni bu ýere getirip gaty oňaraýdyň. Sag bol, inim! Melleginde iş kändigi hakda pikirlenip, işlerine ýetişmeýändigini kimdir birinden görýän ýaly, gaharly Şäher: -Hä, hawa -diýip, aljyraňňy jogap gaýtardy-da, ýene öz pikirlerine gümra boldy: “Bazarda hyýaryň bahasy hem pese gaçypdyr.” Şäher içinden paýyş sögündi: “Şu gidişine gitse, hyýardan geçen ýylky ýaly girdejem alyp bolmaz. Häk, şu heleý bir öýe barýançak hyýary bejerip bolsa… Haý, ýöne näbileýin-dä! Baryp gyssap ugrasaňam: “çagalar işlemäge goýmadylar” diýen bolar. Häk seniň bir, şeýtan garnuwly. Beh, ýogsa-da bu ýyl ekinden näçe alarkam… Altmyşa dagy barandyryn-da… Häk şu garamaýagyň güni bar bolsun-la…. Ekinden bir zat alyp günüňi dolaýmasaň, aýlyk bilen-ä hiç zada-da ýetirinip boljak däl… Ýogsa-da, şu başlygam-a: “aýlygyňy köpeldeýin, wezipäňi galdyraýyn” diýen bolýar welin. … Aý ol hem menden bir zat hantamadyr. Ýaglamasaň ýöremez. Goltugyna garpyz gysdyryp bilýän-le… Ýaranjaňlyk eden bolýarsyň welin, çişip ýarylaýjak bolýar, hondan bärisiräp…” -Şäher, bu guşlary bir diňlesene! Häk şu çagalary hem alyp gaýtmaly ekeni. Olaryň hem göwni göterilerdi… Derýanyň sesi ýene-de Şäheriň pikirleriniň arasyny böldi. Öňem işini taşlap bu ýere gaýdanyna jany ýanyp duran Şäher gödek jogap gaýtardy: -Bolýar-laý, agam, diňläbersene, meni bir öz günüme goý-da! Maňa näme azar berýärsiň? Şäheriň bu jogabyna Derýa birhili bolup gitdi. Birdenem ol öz ýüreginde Şähere erbet bir zat diýip, onuň göwnüne degmek, hasam beter gaharyny getirmek isleginiň döreýändigini duýdy. Emma ol şol bada öz köşeşdirdi: “ Ýok, ýok, adamda sähelçe göwün bar. Heýem bir adamyň ýüregini sähelçe zat üçin agyrdyp bolarmy?! Ondanam bir gün bolarmy?…” Derýa özüne basalyk berdi-de, uludan dem aldy. „Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |