14:56

Köwüşjik hem pökgüjik hakynda erteki

Ertekiler
Категория: Ertekiler | Просмотров: 899 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024
Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024
Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024

Teswirleriň ählisi: 11
1
1 jumagylyjovao  
88
Çagalar üçin ýazmak has kynmyka diýýän.Sebäbi,çagalar üçin ýazylýan eserleriň diline edilýän talap güýçliräk-dä.Onuň sada, labyzly, ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulan obrazlylygy, çaganyň kabul ediş ukybyna gabat gelýän aýdyňlyk we çürt-kesiklik bilen beýan edilmegi zerurdyr.

0
2 Bagabat  
43
"Erteki ulular üçin ýazylan bolmagy ahmal" diýen nukdaýnazardan ugur alsaň nähili?! biggrin

0
3 Bagabat  
43
Ýazmak işinde çagalar üçin ýazmak ýaly ýeriň ýüzünde kyn ugur, megerem ýokmuka diýýärin. Sebäbi her bir sözüňi seljermeli. Şonuň üçinem, başarmaýan zadyňdan mümkin boldugyndan saklansaň gowy...Ýöne "ony başarmaga kişi gerekdir" diýýärmi şahyr?!  biggrin

0
4 Bagabat  
43
Uzyn sözlemlilik bolsa...bilemok welin diagnoz bolaýmasa..."Gan bilen giren jan bilenem çykar diýenleri"...Gysga sözlem düzmekçi bolup näçe özüňe berk boljak bolsaň-da ýene-de "şaglap iner bürgütleri" bolýar duruberýär. Megerem, ýazylyp bolnandan soň hökmany ýagdaýda sowukganly redaktoryň bolmagy şonuň üçin talap edilýändir...Bu, internediň bolsa gowy tarapam, erbet tarapam, ýazylan zady tamdyrdan çykan badyna okajaklara ýetirip bolýanlygy bolaýmasa...

0
5 Bagabat  
43
Ýöne, dogrusyny dogry aýtmaly, çagalar edebiýatynda hakyky zähmet çekmek üçin özüňde Marşagyň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Mihalkowyň, Anderseniň, Puşkiniň talanty bolmaly.

0
6 Bagabat  
43
Ýöne, ýene-de bir zadam unutmaly däl, şu günki günde çagalar edebiýaty diýilýän Jonatan Swiftiň, Daniel Defonyň, Fransua Rableniň, Alekseý Tolstoýyň, Lui Bussenaryň, Jýul Werniň, Edgar Berrouzyň, Karel Çapegiň, Ýanuş Korçagyň eserleriniň birmahallar hut ulular üçin allegoriki-filosofiki eserler hökmünde ýazylandygyny hem unutmaly dälmikä diýýärin.

0
7 Bagabat  
43
Uzynsözlülik keselini bolsa özümem duýýan. Mümkin boldugyndan garşysyna göreşýänem. Ýöne şu wagta ol ýeňýär biggrin

0
8 Bagabat  
43
Irräklerdi, ilkinji ýolbaşçylarymyň biri, bir gezek resminamany uzynrak sözlemleriň birki sanysynyň kömegi bilen düzüp eltenimde: "Näme inim, sen Lew Tolstoýmy munuň ýaly uzyn sözlemde aýtjak bolýan zadyňy beýan eder ýaly?" diýip igenipdi. Şonda hamana diňe LewTolstoýyň nokat goýman 28 sahypalyk sözlem ýazýamyşyndygyny aýdypdy...Elbetde, bu degişme. Men Lew Tolstoýyň köp eserlerini okasam-da olaryň hiç birinde 28 sahypalyk sözleme duş gelmedim. Ýöne, näme...Ýene-de "bu diagnoz" diýen düşünjä gaýdyp gelmeli bolýar... wacko

0
9 Bagabat  
43
@Has, şu wagt "Eýe" hakda täzeden pikirlendim, dogrudanam gaty çig hem bulaşyk bolupdyr. Mistika ярко выраженный däl, iki obrazyň ikisem düşnüksiz, eýe bolsa bir görseň-ä arwah ýaly, bir görseňem adam ýaly, müşderi hem kelpeň baýsumaklara satira hökmünde bärden gaýdýar...Umuman gowy edip işlemeli. Belki ony ikä bölüp, her obrazy aýratyn hekaýada açmalydyr...Ýaňky "tamdyrdan çykan badyna" goýmaga gyssanmaly däldigi hakynda pikirim dogry bolup çykdy.

0
10 Bagabat  
43
Islendik eserem ony ýazanyň tekjesinde birneme ýatyp, "demini" almaly. Şondan soňam ony täzeden bir okap, işlemeli, diňe şondan soň ol belli bir derejede "eser" aňlatmasyna mynasyp bolýan bolaýmasa...Ýazýan adamlar bolsa birhili paýlaşagan bolýarlar (bu sypaýy aňlatma, köpçülik bolsa bu aňlatmany "pylan ýeri açyk-da" diýip has gödegräk manyda ulanýar). Şol paýlaşmaga gyssanmak keselini indi goýmaly. Bu internetiň elýeterliligi hem, ýaňky belleýşim ýaly paýlaşaganlyga öz täsirini ýetirýär. Onsoň çig-çarsy zadam nädip köpe hödürläniňi duýman galýarsyň... "Eýäni" bolsa ýakyn günlerde, elim degdiginden düzetjek bolaryn...

0
11 Bagabat  
43
@Has, gardaş dogrusy, "Eýe"-däki eýäniň köçe dilinde geplemegin-ä özüm bilgeşleýinden etdim-le. Ol birneme diri adamlara ýakyn bolar ýaly...Onsoňam munuň näme üçin şeýledigi barada hekaýajykda podskazka-da goýulýandyr. Eýe müşderiniň her bir hereketini-sözüni otzerkalit edýär diýen ýaly bir söz öwrümi...Bäh, bu meniňkem, Ependiniň hat ýazyşy ýaly bolaýdymy?!...Anekdot bar. Ependä biri hat ýazyp ber diýýär. Ol nirädigini soraýar. Aýdylandan soň ol ýeriň daşdygyny aýdyp, hat ýazmakdan ýüz dönderýär. Onda ýazdyrmakçy bolýan daş bolanda näme hat gatnadýan alyp gider-dä diýýär welin, Ependi aýdýar: "Meniň ýazan hatymy özüm baryp okap berip gaýtmasam, adam ogly okap bilmez".  biggrin Meniňkem şoňa döndi.  biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]