Kreatiw* pikirlenmek...
Eltelefonynda internedi dörüp ýatyrka, tötänden gözüne ilen bu owadan söz düzümi ünsüni çekdi.
„O diýdigi ne diýdigikä?!“ diýip, içini hümledip, saýtlaryň sapagyny çöşläp başlan dessine-de, ilkinji sataşan jümlesi: „Baý bolmak isleýän adamlar kreatiw pikirlenýär!“ boldy.
Oh-how!
Tapdy!
Gör-ä, asyl, bi baýlyk diýilýän elýetmez bagtyň syry nämede ekeni!
Internedi agtarmasyny bes etdi-de, çiňarkan düşüp, gözlerini süzüp ýatdy...
...Şuş-şu mahal başyndan geçirýän pursadynyň süýjüligini soňky sarkyndysyna çenli duýup-doýup, gerk-gäbe bolmak üçin...
...Nesip bolsa, birneme soňrak millioner...ýok, ýok, iň gowusy „ýykylsaňam uludan ýykyl“ diýipdirler...„MILLI! AR! DER!“ bolandan soň, özüniň baýlyga hem bagta barýan ýolunyň ilkinji ädiminiň nämeden başlanandygyny ýadynda saklap galmak üçin...
Şol pille, ol özüniň baýlygyň hem bagtyň gursagynda huwwalanýan goja döwrüni süýjüdip göz öňüne getirmäge başlady.
Ilki bilen, aňynda arzuwyň anturažyny* janlandyrmaly:
Özüniň hususy willasy (mysal üçin, goý, Kanar adalarynda bolsun);
Diwarlary Liwanyň ýaşylbagy* bilen zynatlanan giň otag;
Öňi açyk, haşamly buhary peç*;
Gymmatbahaly, hoşboý ysly agaç odunyň assaja şatyrdap ýanýan alawy;
Peje garşy garry aýaklary uzadylgy;
Ýalnyň täsin dilkawlaryny, parasatly hem juda köp çarşenbäni başyndan geçiren akyldar ýaşulynyň az-owlak gussaly nazary bilen synlaýar;
Özi ýumşak, ýaýkyldak örme kürsüde assajadan hallanlaýar (Arzuwyň anturažyna goşundy: Sallançakda üwrelýän ýaly);
Begzadalaryň keseli – artroz bilen kesellän dyzlary angor geçisiniň ýüňünden ýorgança bilen örtülgi;
Golunda her damjasy altyna barabar „Dul zenan Kliko“ şerabyndan ýarpylanan, haşamly ebgine* bulgury saklaýar;
Ondan äwmezeklik bilen, käte bir şirpildedip owurtlaýar...
Bu arzuwynyň ahyrky nokadam ine şeýle bolmaly:
Şol anturažda, şol bir adamlaryň, ýagny gojalan sypatdaky ýeke özüniň gatnaşmagynda, görer ýalysyny göre-göre birmahal danalaşyp giden aňynda şu başlangyç pursady öwran-öwran aýlaýar...
...Wessalam, dört görnüşden ybarat arzuwyň birinji görnüşi tamam...
- Baý bolmak isleýän adamlar kreatiw pikirlenýär!
Ol gözüni ýumup ýatan ýerinden bu jümläniň datlylygyny has oňat duýmak isleýän dek, ony agzyny şapbyldadyp, daşyndanam pyşyrdap gördi.
„Täk-s! Baý bolmag-a isleýäs, diýmek onda...onda...diňe kreatiw pikirlenip başlaýmak galýar!“ diýip oýlandy-da, ol ýene-de eltelefonyna çümdi.
Internet kaka, kreatiw pikirlenmegiň birnäçe yzygiderli ädimlerden ybaratdygyny habar berýär. Birinji ädimem, ilki bilen öz ýaşaýan gurşawyň tapawutly aýratynlyklaryny seljermeli we onuň nähili zerurlyklarynyň bardygyny kesgitlemeli.
Hawa, bu akyly köp dädemiziň bu aýdýan-a akmaga-da düşnükli. Türkmeniň „ýakyndan tapsaň daşdan gözleme“ diýýänini özüçe çeperleşdiren bolýa-da, bi.
Ýeri, onda, öz ýaşaýan gurşawymyzy kesgitlesek, onda, oba ýeri bolýar. Aglaba köpümizem daýhanlar. Olaryň zerurlyklaryna baha bermek üçinem üýtgeşik bir kelle döwüp ýa-da konsalting kompaniýasy bilen hyzmatlary ýerine ýetirmek hakda uzakmöhletleýin, gymmatbahaly şertnama baglaşyp oturasy iş ýok – ekerançylyk hem maldarçylyk!
Ýaşaýan gurşawyna, kärine, işi-pişesine garamazdan her bir adamyň gündelik zerurlyklaryny nazara almasaň, daýhana başga näme gerek bolsun?! Milanyň podiumynda sereşlenýän ijir-bijir eşiksypat ala-haralarmy?! Ýa-da kosmos gämisimi?!
Onda kreatiwligiň birinji gadamyn-a ätdik diýip hasap edýäris. Daýhanlar we ekerançylyk-maldarçylyk. Indi, ikinji ädimi hakda, bi biziň hakykatda dädemiz bolmasa-da, çyn dädemiz ýaly gije-gündiz kelle çakyşdyryplar ysnyşan akgamyz, ne söýlemiş ne koýmuş?!
Ýaşaýan gurşawyňyzyň islegleriniň hemmesi kanagatlandyrylýarmy?!
„Bäh! Kyn sorag berdiň-äý!“ diýip, üçegine garap ýatan ýigit ýeňsesini gaşady.
Dogrudanam, kanagatlandyrylýarmy?!
Şeýle, ýüzleý seretseň, aglaba köpüs-ä iki esseläbem kanagatlandyrylýandyr-la, welin...
Ýigit beýnisine zor salyp, içini hümledip ugrady. Birdenem, özüniň ýaňky oýlanmasyndaky bir söz ünsüni çekdi.
...Ýogsa-da, men näme üçin „welin“ diýip gümansyratdym-a?!
Dessine-de düşündi.
Äh-hä! Tapdym! Gümansyradýanym, daýhana iň wajyp zat ekini hem maly. Ýok, has takygy, hasyly hem maly. Hasylyny has bol etjek, malyny has semretjek islendik zadam daýhan üçin hemişe azlyk edýär. Şeýle närsäni ol näçe harjy bolsa-da sarp edip satyn almaga taýýar. Hasyly dökün, maly bolsa iým semredýär. Şeýlelikde, daýhanyň döküne we iýme bolan zerurlygy hiç haçanam gutarnykly kanagatlandyrylmaz! Ine boldy!
Indi üçünji ädim!
Öwrenen gurşawyňyzda ýaşaýanlaryň kanagatlandyrylman galýan ýa-da ýeterlik derejede üpjün edilmeýän zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça öz mümkinçilikleriňizi hem ygtyýarlygyňyzdaky serişdeleri seljeriň!
Bäh, barha gyzyklaşyp gidip barýar-aý, bi „kreatiw pikirlenmek“ diýlen zat!
Ýigit, öňem gaşaý-gaşaý ýonulyberen ýeňsesini ýene-de bir ýola gaşady-da, özi aýtmyşlaýyn „internet dädesini“ gyzyl-dörjük dörmek arkaly kellesine agram salmagyny dowam etdirdi.
Täk-s! Döküniň ýa-da iýmiň täze görnüşini oýlap tapyp, öndürjek bolsaň-a, şundan Hytaýyň paýtagtyna çenli emedekläp giden ýaly ýoly geçmeli...Himiýa, biologiýa, biohimiýa, agronomiýa, agrohimiýa, agrobiologiýa, agrotehnologiýa, weterinariýa, seleksiologiýa ýaly ömrüňde hatda adynam eşidip görmedik ylymlaryň hem hünärleriň zerurdygyny, bi köpbilmiş „dädemiz“ millionlap salgylanmada (ssylkada) nygtaýar. Özgeleriň öndürenini alyp-sataýyn diýseňem, jogap bermekden-ä geçen, gaýta: „Seniň ýaly şeýtana sapak berjek bolýan köpbilmişler öňem ýeriň ýüzünde azlyk etmiýä! Munuň üçin patent bilen lisenziýaňy aldyňmy?!“ diýip özüňe sorag berýär...
Diýmek, onda näme galýar?!
Ýeri bolýar! „Iým“ diýilýän kyn düşünjän-ä entek-häli beýläk süýşüreli. Sebäp diýseň, bu ugurdan diňe çagalykda, meýdandan tigrimize ýükläp ot ýa gamyş getirenimiz ýa-da kakamyz bilen küdeläp ýandak ýatyranymyz bolaýmasa, başga ýüze tutarlyk bilýän zadymyz ýok. Ýöne, şü, „dökün“ diýlendä-hä, bü, boşlugyndan ýaňa „hüňläp“ ýatan kellede bir zatlar, bir zatlar emele geläýjek-geläýjek bolan ýaly edip gitdi, özi...
Ýumulgy gabaklarynyň astynda bäbenegini elek-çelek edip, birsalym ýatandan soň, onuň up-uzyn dagasty ötüge* düşen ýaly ümdüzine tutduryp barýan pikir otlusynyň hol allaowarra öňünde, nähilidir bir yş yşyrap ugrady...
Birki ýyllykda, kakasy bilen ilerik, dag etegine gidip, baýryň ýüzünden bir depik depip, gum üýşürişleri, soňam traktoryň tirkegini dolduryp mes toprak alyp gelişleri ýadyna düşdi. Soňra mes topragy eläp, çukura guýluşyna üstünden ýyl aşyryp mazaly çüýredilen mal dersi bilen ikä bir garypdylar-da, ony ekiniň her düýbüniň ekiljek çukurjygyna ýarty bedreden paýlapdylar. Şol garynda oturdylan pomidor ştillerem, şol ýyl şeýlebir üýtgeşik hasyl beripdi. Yrymçyl ejesi dagy, teplisada düzüm-düzüm bolup, her biriniň gabarasy ýumruk ýaly dym-gyzyl pomidorlaryň dik ýokarylygyna örülene çalym edýän salkymlaryny görüp, elheder alypdy. Işiginden garap durşuna: „Ylaýym, öz başyňy iýip gideweri! Öz başyňy iýip gideweri!“ diýişdirip, ýakasyna tüýküriberipdi...
Ýöne, kakasy ikisi, şol ýyldan soň ýaltanypmy ýa-da hasyllary gowy bolsa-da yzly-yzyna iki jigisiniň-ä agyr keselländigi, sagyp duranja sygyrlarynyňam pyçaga gelendigi üçinmi nämemi, dolanyp mes toprak getirinmäge gitmändiler. Bolanja ýerlerinde berenje ryzky bilen boýnalyk oňup ýördüler...
Ine tapdy! Şol garyndam onuň hödürlejek harydy bolar. Mümkinçiliklerdir-serişdeler barada aýdylanda bolsa...Çüýrän ders-ä özlerinde näçe diýseň bar. Ders çukura mallarynyň aşagyndan aýrylanyny guýup ýörler. Mes toprak üýşürinmäge-de özi gider. Diňe birje pil bolsa bolany. Ony getirmek üçin traktoryň ýol kireýine bolsa, eline alan dessine başyny bozman ejesine getirip berýän aýlygynyň ujundan „sowalga“ diýip alnyp galynýanyndan ýygnanjasy ýeterlik bolar. Boldy!
Indi dördülenji ädim!
Seljeren gursawyňyzdaky ýaşaýanlaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen harydyň ýa-da hyzmatyň özüneçekijiligini üpjün etjek serişdeleri oýlap tapyň!
Weh, indi bu näme diýdigikä, munuň?!
Ýigit oýurgandy. Bada-badam ýüzi ýagtyldy.
Hä, düşündim! „Adamlar gyzyl-çyzyla, ýaldyr-ýuldura has gowy topulýarlar! Harydyň daşky şekilini, dolagyny ýalpyldawuk hem ünsi çekiji et!“ diýdigi ahyry!
Onda näme edýäs?!
Şol durşuna, traktoryň tirkegini dolduryp, ol garyndyny eltseň-ä hiç kim ony üýtgeşik bahadan satyn almaz.
Dagy näme, haýsy samsyk, ilerde üýşüp ýatan gum bilen obada her kesiň öýünde depe turzup ýatan çüýrüntgi derse köp pul bersin?!
Özüň alammyň, şumat?!
Almanjyklar geçäýersiň.
Arabalap daşasaňam edil şonuň ýaly ýagdaý bolar.
Diýmek, onda, nädýäs?!
Bölýäs!
Soň şol bölenimizem ýene-de bölýäs.
Onam ýene-de bir gezek bölýäs-de, ýaňky garyndyny, her haýsysynyň agramy takmynan bir kilelik edip, hol dükanlarda ony-muny dolap berilýän arzanjak sary kagyzdan haltajyklara gaplaýas.
Näme üçin kagyz haltajyklara?!
Sebäp diýseň: „Hemme zat müşderiniň amatlylygy üçin!“. Ine biziň täze şygarymyz!
Onsoňam, mata ýa-da un, şeker we şuňa meňzeş zatlar gaplanýan polimer haltajyklar ekin ekiljek çukurjyga oklanandan soň, öz-özünden pytrap, çüýräp gitmez. Kagyz bolsa, suw bardygy ýeterlik, öz-özünden dargar gider. Üstesine ekilen ekiniň köküni ýaýratmaga-da bökdençlik döretmez. Ulanmaga-da amatly. Mata ýa-da polimer haltajygy ýyrtyp, garyndyny çukurjyga guýmaly bolsaň, kagyz haltajygyň agzyny açakga, oklap goýbermeli. Näme ekseň ekiber. Taýýarjak. Haltajygy taýynladaňda-da agzy hatbukjalaňka çalymdaş çala ölläp ýelimlener ýaly etmeli. Ine bolany! Haltajygyň ýüzüne-de bir üýtgeşijek ýazgyny tagmalatmaly...Bir üýtgeşijek ýazgyny...
Öz oýlanmalaryna boýyn çümen ýigit, gyzygyp, eýlesine-beýlesine agdarynjyrady. Ýene-de barja ýapyşalgasy interneti dörmäge başlamakçy boldy. Emma, gerek bolmady. Özi tapdy.
Hawa, ine, „Hydyr gören toprak“ diýen ýazgyny kagyz haltajyklary ýasaýan çaphana şapyladyp basyp berer welin, ýerine düşer duruberer. Ol kagyz haltajyklaram götermek-daşamak aňsat bolar ýaly, azyndan kyrk sanysyny elli kilelik adaty polimer halta gaplaga-da, haltanyň ýüzüne-de „Hydyr gören hasyly diňe Hydyr gören topragyň üpjün edýändigini kepillendirýäris!“ diýen ýazgyny güzürdedip tagmaladarsyň welin, gül ýaly bolar duruberer.
Ýigit iňkise gitdi.
Bäh, bu kagyz haltajyklardyr polimer haltalar bilen, çykarylmaly çykdaj-a artýar welin, onda-da olarsyz-a başyna baryp oturasy işem ýok. Paşmyýa.
Adaty haltalaryňa bahasy belli. Her gezek sement ýa-da un-beýleki alanyňda bir manadyňy „halta üçin“ diýip alyp galýarlar. Ýöne, bi ýüzi ýazgyly, kagyz haltajyklar näçekä?!
Ýigit kän oýurganyp durmady. Eltelefonyny açdy-da, dostunyň belgisine jaň etdi.
Birki „duguldy“ gidip ýetişmänkä, aňyrdan jogap berildi:
-Allo!
-Dostum, salawmaleýkim!
-Hä, waleýkim essalam, dostum! Nähili ýagdaýlaň, ýagşymy?!
Saglyk-amanlyk soraşdylar. Ýigit dessine möhümini aýtmaga howlukdy.
-Dostum diýýän-ä, bi seň agaň henizem şol çaphanada işleýämi?!
-Hawa.
-Şondan bir zat sorap bilersiňmi?!
-Weh, iki zat sorap bilerin.
-Onda, şü ýüzi takmynan üç sany sözden ybarat, adaty gara reňkdäki iri ýazgyly, arzanjak sary kagyzdan, agzy bukjalardaky ýaly çala ölläp ýelimlenýän, takmynan bir kilogramlyk gury, una çalymdaş önüm sygjak haltajyklary ep-esli möçberde ýasap berseler, biriniň bahasy näçeden bolarka?!
Dostunyň aňyrdan gülýän sesi eşidildi.
-Bäh, dost, edilmeli zadyň ähli alamatlaryny ýaman bişirip sanaýaň welin, üstünde üç-dört hepdeläp kelle döwüpsiň öýdýän?!
-Äý ýok-la,-diýip ýigit näme üçindir müýnürgedi:-Ýöne, zerur bolansoň soraýaýyn diýdim-le...
Dosty onuň äheňinden özüçe many çykardymy nämemi, kän bir gepini köpeldip durmady:
-Bolýar dost, häzir anyklaryn-da yzyna jaň ederin!-diýip aragatnaşygy kesdi.
Ýigit ýene-de özüniň kreatiw oýlanmalaryna çümdi.
Diýmek, bu meselä-hä, nesip bolsa çözüler. Uly haltalaryň daşynyň ýazgysynam özüm trafaret ýasaryn-da arzanjak reňkli ballonjyk alyp, sepişdirerin. Eger-de girdeji berjek bolsa, soň uly haltalaryň ýazgysyny goýmagyňam has enjamlaşdyrylan usulyny gözlärin.
Indiki ädim!
Harydyň ýa-da hyzmatyň marketing meýilnamasyny işläp düzüň!
Beh, o diýdigi ne diýdigikä?!
Ýene-de „internet dädesi“ ýigdiň dadyna ýetişdi. „Marketing“ diýilýän düşnüksiz sözüň nämäni aňladýandygyny haýal etmän düşündirip berdi.
Diýmek, onuň mazmunyny dört düşünje emele getirýär.
Birinjisi, haryt, onuň hili, görnüşi, daşky şekili, galyby, onuň bilen bagly hyzmatlar we kepillendirmeler...Marketingiň birinji düzüm bölegi boýunça, köp zat kesgitlendi: Haryt – belli, Hili – belli, tejribede synalyp görüldi, Görnüşi – ýekeje, Daşky dolagy, galyby – kesgitlenildi, Onuň bilen bagly hyzmatlar – „Eger isleseňiz özümiz getirip berýäris! Diňe üstümizden alnyp gidilýäninden sähelçe artykmaç bahadan!“ diýen görnüşde bolar, nesip bolsa, Kepillendirmeler – Hymm...Bu barada soň pikirlenäýmeli bolar-da...
Ýa, kepillendirmeleri „Diňe Ýokarkyň Özi berýär!“ diýen şygar bilen aňlatmaly bolaýarmyka?! Hi-hi-hi...
Böwrüne şeýtan dürtdümi nämemi, özem aňşyrman içinden suwjuk hikirdäp başlan ýigit, bada-bat nakys oýlanmasyny şarpa kesdi-de, üç mertebe „toba“ geldi. Ýene-de pikir akymyny öňki hanasyna dolady.
Indi, marketingiň ikinji düşünjesi: harydyň bahasy, tölegiň görnüşi, töleg geçirmegiň möhletleri, harydyň satuw bahasyny peseltmegiň we nesýe bermegiň şertleri...Umuman bu düzüm bölegiň mazmuny, haçan-da harydy öndürmek üçin hemme çykdajylar, ýagny onuň öz-özüne düşýän bahasy kesgitlenenden soň belli bolar...Umuman...oňşarys-la...Özli-özümiz ahyry...öz aramyzda oňuşman, biz nä, şer tapsa şoh bolýan şermendemi diýsene?!
Indi, marketingiň üçünji düzüm bölegi, harydy ýerlemegiň ýollary, ýerlenilýän bazarlary, daşalmagy, ammarlarda saklanylýan gorlary hem-de saklamagyň möhletleri we mümkinçilikleri ýaly düşünjeleri öz içine alýar...Hymm...Meniň göwnümemi ýa-da ýerlenilýän ýollar, bazarlar, ammarlar, gorlar barada gürrüň açardan entek irräjikmi?! Elbetde, ýaňky arzuwyň anturažyna ynansaň-a bi tapgyrdan biz eýýäm geçibem giden bolmaly welin, ýöne bi seljerilip oturylany ham-hyýal däl-de hakyky durmuş dälmi, nä?!
Ýeri bolýar, munam soňaldysyna goýýarys!
Indi, marketingiň dördünji düzüm bölegi: harydy „itermek“, ýagny onuň mahabaty, şahslaýyn satuwy, satyn alynmagyny höweslendirmek we giň jemgyýetçilik köpçüligi bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmak...Hymm...Ine, bu welin wajyp mesele...Sebäbi, nireden okandyg-a ýadyna düşmeýär welin, „Reklama – bi söwdanyň hereketlendirijisidir!“. Hämi?!
Hawa „hä“! „Hä“ bolman nirä gitsin?! Dogry zada dogry diýmeli.
Onda, ýaňy ylham joşýarka özboluşly mahabat şygar-a* oýlanyp tapyldy.
Hydyr gören hasyly diňe Hydyr gören topragyň üpjün edýändigini kepillendirýäris!
Gysgajyk, aýdyň, düşnükli, özüne çekiji, müşderiler ähliniň medeni we ruhy ýagdaýyna hem-de dünýägaraýşyna-da doly kybapdaş gelýär. Şol bir wagtda-da müşderiler tohumynyň aňastaňyna täsir etmäge-de ukyply. Sebäbi, „Hydyr“ bu – arhetip! Geljekki müşderileriň asyrlar bäri dowam edip gelýän ynanjynyň esasynda olaryň, ýagny biziň aňastaňymyza ornaşyp giden iň gadymy ruhy şekilleriň biri. Edil aýfonyň düwmesini basanyňda ekranyň ýagtylyşy ýaly, bu söz „hasyl, toprak, bereket, ryzk“ ýaly düşünjeler bilen bilelikde agzalan dessine, şol arhetip aňastaňdan gündelik aňa towusýar-da herekete girýär...
...Uwf!
Bäh, meň akyllydygym-aý!
Ýöne, şü internet akga bilen birküç ýyllap kelle çakyşdyrsaň, hemme zat barada käbir zatlary bilýän bilimsege öwrülip gideniňi özüňem duýman galaýýarsyň-how!
Ýeri bolýar, kreatiw pikirlenmekden ünsi sowmaly.
Diýmek, mahabat şygarymyz gowudanam beter aj-jaý-ýyp-p!
Mundan buýanky reklamany bolsa ine şeýderis. Şol gowy hasyl alan ýylymyz pomidorly teplisamyzy aňyrdan-bärden, ýakyndan-daşdan gowy edip surata alypdym. Şol suratlary eltelefonymdaky surat redaktorynda oňatja edip, kesişdirip-biçişdirýäs-de, ýokarysyna...ýa-da aşagyna ýaňky mahabat şygaryny we eltelefonymyň belgisini goýakga, reňkli printerde ýokary hilli, uly göwrümli plakatlaryň ep-esliň ýarysy ýalakysyny çap etdirýäris. Soňam ýelmaýamyz-tigrimize atlanakga, olary obanyň gelim-gidimli ýerlerine, dükanlaryň töweregine, duralgalara, dermanhana...umuman ýeten ýerine asyşdyryp çykýarys. Diňe munuň bilenem oňman internet dädemiziň ähli mümkinçiliklerini ulanakga, „wasap“ diýdi, „deýstagram“ diýdi...mümkin bolan internet gorlaryna onuň elektron görnüşini goýup çykýarys...
Ine saňa dyzmaç mahabat!
Harydymyzyň satyn alynmagyny höweslendirmek üçin bolsa, ýene-de birki sany şygary öňe süreris. Mysal üçin: „Onusyny satyn alsaň on birinjisi mugt!“ ýa-da „Şu gezek ýigrimini satyn alsaň, indiki sapar ýigrimisi on sekiziň bahasyndan!“, ýa-da „Otuzysyny satyn alana, perişdäniň reňkindäki bir sany köýnek sowgat!“ ýa-da „On bäşisini satyn alana eltip bermek mugt!“ ýa-da „Ýigrimi bäşisini satyn al – Daşamak üçin kelläňi agyrtma!“...Äý garaz, munuň ýaly oýunlary näçe oýnasaň oýnap oturmaly-la...
Bi „giň jemgyýetçilik köpçüligi bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmagy“ bolsa...Hymm!...Oh-ho!
Tapdym!
Ejeme ýalbar-ýakar etsek, ol-a şü obaň „giň jemgyýetçilik köpçüligi“ ekeni, eltilerinem ýoldaş edinip, iň bolmanda birje gezek üýşmege gidip-gelse, goňşy obalaryň „jemgyýetçilik köpçüliginem“ dar bolsa-da giňeldip gaýtmyýalarmy?!
Boldy. „Bu ädimem ätdik“ diýip hasap edýäris.
Ýogsa-da...
Birden ýigidiň ýadyna düşdi.
Bi, öz ýanymdan ap-arkaýyn „eýdip sataryn, beýdip sataryn“ diýen bolup, ölçerişdirip-döküşdirip otyryn welin, munuň üçinem patent ýa-da ygtyýarnama, garyndy üçinem ýörite yspyrawka* gerekmikä?!
Ýigit şu günüň dowamynda eýýäm müňünji gezek dagy ýeňsesini gaşady. Az-kem böwrüne diň salyp durdy. Soňam içinden: „Äý bolýar-laý! Ol internet dädäniň „Oklamanyň päkisi*“ diýip köp salgylanýan pylany-pismidanynyň nesihatyna eýereýin-de, öňem bulaşyklygy köp ýalançynyň meselesidir-aladasyny özümçe artdyryp gidip oturmaýyn-la! Üstünden baranymdan soň ugur-ýoluny idäbermeli bolar-da. Ýöne, meň pikirimç-ä gum bilen ders üçin ýaňky zatlar gerekgä bolmaly! Ýa, beýle dälmikä?!“...
Ýigit bu pikirinden ünsüni sowmak üçin, ýene-de kreatiw oýlanmagyň ädimlerine dolandy.
Indi näçenjisi galdy?
Weh! Asyl, gutaraýypdyryn ekenä-how!
Ýigit näme üçindir iňkise batdy. Birhili, onuň göwnüne bolmasa, şunça wagtyny sarp edip, oýlana-oýlana çykaran netijeleriniň hemmejesiniň bahasy gara şaýa degmeýän ýaly bolup göründi.
„Beh, ýa, bi, kreatiw pikirlenmek diýilýän zadyň iň ahyrky pellehanasy iň soňunda poh bilen gumy garyp satmak bolýar duruberýärmikä?“ diýen müňkür oýlanma, onuň göwnüne düwen matlabyna bolan höwesini gaçyryp başlady.
Birdenem ýigit, misli öz-özüne: „şeýtanyň alyna gitmäýin-de, iň bolmanda hereket edip bir galaýyn-la“ diýýän dek, eltelefonynyň ekranyny garaltdy-da, aýgyt bilen örboýuna galdy. Diwardan asylgy aýna garady. Dabaraly hekgerildi.
-Gitdikmi, onda?!-diýip, göýä aýnadaky öz şekilinden soraýan ýaly pyşyrdady. Şekil baş atdy.
-Gitdik!-diýen pyşyrdy aýdylyp tamamlanan dessine-de, ýigit çykyp gitdi. Sebäp diýseň, güýmeň-samaň edip, eglenen bolup oturmagyň ne hajaty bar?! Maksady aýdyň, etmeli işi belli. Diňe öňe okdurylybermek galýar. Utulsaňam, utsaňam...Munuň ýaly işlere başlanyňda bolsa, ilkinji nobatda, iň esasy zat...
Kreatiw pikirlenmek...
Düşündirişler:
Kreatiw – Lat.creato (creationis) – döretmek, ýasamak;
Anturaž – Fr.entourage, entourer – daşky gurşawyň şertleri;
Ýaşylbag – Kedr agajy;
Buhary peç – Kamin peji;
Ebgine – Hrustal;
Dagasty ötük – Tunnel;
Mahabat şygary – Slogan;
Ýörite yspyrawka – Önümiň (harydyň) laýyklyk sertifikaty;
Oklamanyň päkisi – Uilýam Okkama, 1285-1349-njy ýyllarda ýaşan, iňlis pelsepeçi-sholasty. Pelsepe ylmynda giňden ulanylýan, “Okkamanyň tygy” diýlip atlandyrylýan ýörelgäni oýlap tapan alym.
Satiriki hekaýalar