15:53 Magtymguly Pyragy we ärsary ýolunyñ ussatlary | |
MAGTYMGULY PYRAGY WE ÄRSARY ÝOLUNYÑ USSATLARY
Aýdym-saz sungaty
Sungatyň beýleki şahalary bilen birlikde, bagşyçylyk sungatymyz hem ösüşlere beslenýär. Bu babatda milli Liderimiziň medeni mirasymyza degişli beýleki kitaplary bilen birlikde, «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaplary nusgalyk işlerdir. «Ile döwlet geler bolsa...» kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Haly, bedew we dutar sazy — bular üç sany beýik gymmatlyk, türkmen halkynyň egsilmez buýsanjynyň gözbaşy bolup durýarlar!» diýip belleýär. Gahryman Prezidentimiziň bu aýdanlary halk döredijiliginiň bahasyz hazynalarynyň biri bolan bagşyçylyk sungatyna berlen beýik hemde buýsançly bahadyr. Sungaty öwreniji alymlaryň, halypa mugallymlaryň belleýşi ýaly, türkmen bagşyçylyk sungaty ýerine ýetirijilik aýratynlygy bilen baglanyşykly birnäçe ýolýodalardan, ugurlardan ybarat bolup durýar. Asyl köki bir bolan halk aýdymsazlarymyz bäş welaýatda özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Munuň özi bir kökden bolan miweli şahalary özünde jemleýän daragty ýatladýar. Şol ýollaryň biride ärsary bagşyçylyk ýoludyr. Bu ýol hem, ahal, damana, salyrsaryk, ýomutgökleň, çowdur ýollary ýaly, özboluşly bagşyçylyk ugurlary bilen birlikde ýyllaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Ärsary ýolunyň sakasynda Myrat Pir bagşy, Baýram (Ärsary bagşy), Letip bagşy, Alagöz bagşy, Gar bagşy, Durdy bagşy, Kyrkar bagşy, Öwlüýäguly bagşy, Hoçjy bagşy, Nazar bagşy, Haky bagşy, Mustak Aýmet, Juma Wellek, Musa Ýazmyrat, Ýazmyrat Seýitmyrat, Jumageldi Möwlamberdi ýaly ussatlaryň durýandygyny ylmy çeşmeler, halk içinden toplanan maglumatlar subut edýär. «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar» diýşi ýaly, şahyryň sözlerine aýdym aýtmaýan bagşy ýokdur. Onuň goşgulary ärsarybagşylarynyňda aýdýan aýdymlarynyň hamyrmaýasydyr. Şolaryň käbirleriniň döredijiligine ser salalyň. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedow Magtymguly Pyragynyň sözlerine köp aýdymlary aýdypdyr. Şahyryň «Har eýlär» atly öwütündew häsiýetli meşhur goşgu syny Mustak halypa aňyrdan gelýän halk heňlerine salyp, uz aýdymlaryň birine öwrüpdir. Radioýaýlymlarda hälişindi ýaňlanýan bu aýdym soňky nesiller üçin özboluşly nusga bolup durýar. «Janyňdan», «Duz hem bolmasa», «Gadryn näbilsin», «Islärin» ýaly aýdymlary babatda hem şeýle. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ärsary ýerine ýetirijilik ugrunda özboluşly yz goýan bagşylaryň ýene biri Juma Wellekowdyr. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Juma Wellekowyň Magtymguly şahyryň goşgularyna aýdan «Gözel sen», «Bolmasa», «Sary öküz», «Durasyň geler» ýaly aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlarydyr. Halypalaryň miras goýup giden ajaýyp sungatyny döwürdeş bagşy-sazandalarymyz içgin öwrenip, asyl akabany döredijilikli dowam etdirýärler. Türkmenistanyň halk bagşylary Gurbandurdy Öwezow, Rozy Muhammediýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Ören Atakow, Haýytly Mämmetdurdyýew, Döwlet Rozyýew, belli bagşylar Çary Annaýew, Allaberdi Mustakow, Mährem Jumaýew, Agajan Öräýew, Umyt Mustakow, Jumageldi Orunow, Begmyrat Saburow, Azat Möwlamberdiýew ýaly bagşylar halypalaryň yzyny dowam etdirijiler bolup, häzirki günlerimizde ýaşlara halypalyk edýärler. Jora ÇERKEZOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hünärmeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |