MÄTI KÖSÄÝEW
Edebi mirasymyzy halkyň arasyndan toplap öwrenip, seljerip, ýene halka gaýdyp bermekde uly işleri bitiren alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Mäti Kösäýewdir. Ol diňe bir türkmen folkloryny däl, beýik nusgawy şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny toplamakda, biri-biri bilen degşirip öwrenmekde netijeli işlänleriň biridir.
Mäti Kösäýew 1906-njy ýylyň 20-nji martynda Ahal welaýatynyň, Ruhabat etrabynyň Herrikgala obasynda Annadurdynyň (ýörgünli lakamy – Köse) maşgalasynda eneden bolýar. Ol Köse aga bilen Artykgül ejäniň ýalňyz perzendi bolupdyr.
Mäti heniz bäş ýaşyndaka, olaryň neberesi ýeter-ýetmezçilik zerarly eklenç gözläp, nanly ýurt hasaplanýan Tejeniň Bagşymiriş obasyna (Agalaň obasynyň „Prawda“ kolhozy) göçüp barýarlar.
Ýaşajyk Mäti, tä, 1922-nji ýyla çenli ata-enesine kömekleşip, meýdan işlerine gatnaşýar, düýe bakýar. Şol ýyllarda kakasynyň uly dogany Mämmetsähet bagşyMiriş oba sowetiniň başlygy bolup işlänsoň Mäti onuň ýanyna oba Şuraçynyň jaýyna baryp agasynyň hat ýazyşyny, kitap okaýşyny howes bilen synlar eken. Bir gezek bolsa agasynyň köne türkmen ýazuwynda basylan „Diwany Meşrep“ kitabyny heniz onçakly ýazyp-pozup bilmese-de, durşuna göçürip çykypdyr. Bu uly zatdy. Sebäbi Meşrebiň diwany kiçi-girim eser däldi.
M.Kösäýew 1922 hem 1924-1925-nji ýyllarda ilki Bagşymirişdäki oba mekdebinde, soňra Agalaňda açylan sowet mekdebinde okaýar.
1925-nji ýylda başlangyç mekdebi tamamlaýar.
1926-njy ýylda bilime bolan teşnelik ony Mary şäherindäki birýyllyk kämilleşdiriş ýa-da oba mekdepleriniň mugallymlaryny taýýarlaýan kursa alyp gelýär. 20 ýaşy arka atan M.Kösäýew SSSR-iň halk suratkeşi, akademik Y.Gylyjowyň kakasy Annagylyç ahunyň bilim-terbiýesini alypdyr.
Kursy tamamlandan soň, ol 1926-njy ýylyň sentýabryndan 1928-nji ýylyň güýzüne çenli Tejeniň Aksüýri obasyndaky mekdepde mugallymçylyk edýär. Zähmetsöýer mugallym gündizlerine çagalary okatsa, agşamlaryna ululara sowat öwredýär. Mugallymçylyk eden döwründe türkmen halkynyň baý, heniz eýeçilik gözi bilen öwrenilmedik halky eserleri, halk pähimleri bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Obalara aýlanyp ýaşulylardan, olary (läle hüwdi, monjugatdy we ş.m.) ýazyp alyp Aşgabatdaky şol wagtky Türkmen kultura (Türkmen medeniýet instituty) iberip başlaýar. Ol Tejen etrabyna işe çagyrylyp, 1928-1930-njy ýyllarda şol ýerdäki internat mekdebiň terbiýeçi-mugallymy, soňra müdiri bolup işleýär. Şol ýyllarda onuň „Pioner“ (häzirki „Güneş“) žurnalynda, „Türkmenistan“ hem „Daýhan“ gazetlerinde goşgulary, aýdymlary („Ene hem çaga mähri“, „Ogluma“, „Gezen günlerim“, „Üstüňde“, „Tejeniň“, „Illere salam“, we ş.m.) çap edilýär. Bir mysala ýüzleneliň:
Bir ýerde gezegçi, bir ýerde syndyr,
Ýagşylyk şatlykdyr, ýamanlyk müýndür,
Pähmiň bolsa nakyla uý hemişe,
„Alym bolmak aňsat, ynsanlyk kyndyr“
M.Kösäýew partiýa hem magaryf guramalarynda hem işleýär.
Ol 1931-nji ýylda Aşgabatda täze açylan mugallymçylyk institutynyň (API) dil-edebiýat fakultetine okuwa girýär. Talyp ýyllary okuwdan daşary başlangyç ýyl talyplaryna köne türkmen ýazuwyndan sapak berip başlaýar. 1934-nji ýylda pedinstituty tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar we Ş.Batyrow bilen şol institutda mugallymçylyk edip başlaýar. Ol ilki rus toparlarynda türkmen dilinden sapak berýär, professor A.P.Poselýewskiniň assisenti hem şägirdi bolup, türkmenleri ene dili, halk döredijiligi, nusgawy edebiýat hem köne türkmen ýazuwyndan okadýar. Ol ilki uly mugallym, 1939-1952-nji ýyllarda bolsa dosent bolup işleýär.
Akademik A.Kekilowyň belleýşi ýaly, „M.Kösäýew API-niň birinji talyplaryndan hem türkmenlerden ýetişen ilkinji edebiýat mugallymlarynyň biridir.“ M.Kösäýew öz talyplaryna türkmen edebiýatynyň taryhyndan, halk döredijiliginden, hususan-da, “Gorkut ata”, “Görogly”, Azady, Andalyp, Magtymguly, Magrupy, Şabende, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Omar Haýýam, Nowaýy, Aldarköse, Keýmir Serdar we ýene-ýeneleriň ömri-döredijiliginden, durmuşyndan sapak beripdir.
M.Kösäýew esasy işiniň daşyndan 1936-1938-nji ýyllarda Türkmenistan döwlet ylmy-barlag Dil hem edebiýat institutynda uly ylmy işgär bolup işleýär. Şol ýyllarda ol nusgawy şahyrlaryň döredijiligini, halky eserleri toplap başlaýar. 1939-njy ýylda Dil we edebiýat instituty halk baýlygyny toplamak üçin ýörite ylmy topar guraýar. M.Kösäýew hem şu toparyň düzüminde bolup, halkyň arasyndan edebi-çeper eserleriň ençemesini toplaýar. M.Kösäýewiň şol döwürde toplan gymmatly maglumatlaryna baha berip, belli žurnalist D.Balakaýew şeýle ýazypdyr. „...Edebi mirasymyzy öwrenmek barada ýaşuly alymyň eden işleri sanardan köp. 1939-njy ýylda Mara guralan ekspedisiýa gatnaşanda, ýoldaş Kösäýew türkmen satirik şahyry Keminäniň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde ajaýyp iş bitirdi. Şondan soň şahyryň nebereleri, nesilleri anyklanyldy. Ekspedisiýadan gaýdylyp gelnenden soň alym tarapyndan Keminäniň şorta sözleri çapa taýýarlanyldy“
Şol döwürlerde M.Kösäýew pedinstitutyň uly ylmy işgäriliginden daşary-da, 1942-1943-nji ýyllarda „Sowet Türkmenistany“ gazetiniň redaktorynyň orunbasary hem-de 1942-nji ýylyň iýulyndan 1946-njy ýylyň iýunyna çenli „Sowet edebiýaty“ (häzirki „Garagum“) žurnalynyň redaktory bolup işleýär. Žurnalyň sanlarynda türkmen halk döredijiliginiň nusgalary yzygiderli çap edilýär. Hatda „Görogly“, „Gorkut ata“ eposlary, „Saýatly-Hemra“, „Ýusup-Ahmet“, „Asly-Kerem“, „Gül-Bilbil“, „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlary şol žurnalyň üsti bilen halka ýetirilýär.
Geljekki alym Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen Aşgabada göçüp gelen Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arap-pars dillerinden we edebiýatyndan okadýan professor mugallymlaryndan arap-pars ýazuwyny hem dillerini ürç edip öwrenýär. Baýramaly şäherine göçüp gelen Odessa döwlet uniwersitetinde 1943-nji ýylyň 23-nji iýulynda „Türkmen dilinde omonimler“ atly temadan dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar.
M.Kösäýew 1950-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ylmy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin „Gyzyl Baýdak“ ordenine, 1945-nji ýylda „1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky edermenlikli zähmeti üçin“ diýen medala, ýene şol ýylyň ýanwarynda „Türkmenistan SSR-niň ylymda at gazanan işgäri“ diýen hormatly ada hem TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidýumynyň Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. 1945-1950-nji ýyllarda iki gezek Aşgabat şäher sowetiniň deputatlygyna saýlanýar.
1951-nji ýylda M.Kösäýewe türkmen edebiýaty kafedrasynyň dosenti diýen ylmy at dakylýar. Ol Magtymgulynyň ýüzläp goşgularyny özünde jemlän golýazmany gola salmaga kömek edýär. Beýik şahyryň ýaş toýunyň toýlanýan döwründe alym derýa ýaly joşup işleýär. Geçen ýyllaryň öwezini dolmak üçin gijesini gündize öwürýär. Gyşda-güýzde, ähli bezegi kitap bolan darajyk pukara otagynyň, ýaz-tomusda bolsa howludaky äpet erigiň astyndaky sekiniň çyrasy öçmeýär. “Öz döwründe türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan Magtymguly şahyryň ömri we döredijiligi bilen M.Kösäýew ýaly yhlasly gyzyklanan, onuň eserlerini halk içinde ýaýramagynda şeýle öndümli işlän külli türkmende seýrekdir“ diýip, onuň gyzy filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kümüş Amangeldiýewa ýazýar.
Şol ýyllarda alymyň Pyraga bagyşlap ýazan 24 sany makalasy, şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli 10 sany kitaby neşir edilýär. Magtymgulynyň 225 ýyllyk 250 ýyllyk dabaralaryna iň işeňňir gurnaýjylaryň biri Mäti Kösäýew oba-oba aýlanyp, Magtymgulynyň eserlerini setirme-setir ýazyp alyp, ol baradaky maglumatlary göwher dänesi ýaly ýygnap, seljerip aşakdaky kitaplary neşir etdirýär.
Magtymguly, ýadygärlik, (A., 1959), Magtymgulynyň parasatly sözleri (A., 1959), Magtymguly, saýlanan gogşular (jübi kitapçasy) (A., 1959), Magtymguly, saýlanan eserler, (A., TDH, 1959). Magtymguly, saýlanan eserler, 1,2 tom, (A., TYA-nyňneşirýaty), (B.Garryýew bilen). Magtymguly hakynda halk rowaýatlary, (A., 1959). Magtymguly. Saýlanan şygyrlar, (Aşgabat-Baku. TSSR YA-nyň neşirýaty, 1960, arap şriftinde.), (B.Ahundow bilen). Magtymguly, saýlanan goşgular, (A., Türkmenistan, 1-nji neşir 1976 ý.) (B.Garryýew bilen) 2-nji neşir (1977.) Şeýle hem, M.Kösäýewiň agramly-agramly makalalary, neşir etdiren rowaýatlary birnäçe ýyllaryň dowamynda halkyň ürç edip okaýan kitaplaryna öwrülýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew alymy ýatlap ýazan bir makalasynda onuň Magtymgulynyň eserlerini çapa taýýarlamakda, neşir etdirmekde, goşgularyny ile ýaýmakda – wagyz etmekde ägirt uly işleri edendigini öwran-öwran nygtapdyr. Onuň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly müzeýini döretmegine, alymyň bu ugurdan edýän uly yhlasynyň miwesi hökmünde baha beripdir. VI-X asyrlarda dörän, kämilleşen „Gorkut ata“ eposy türkmen halkynyň iň gadymy taryhy-etnografik eserleriniň biri. Bu eseriň taryhy ähmiýeti hakda orta asyr taryhçylary Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin Salarbaba, Alyşir Nowaýy, Abulgazy Bahadyr han, akademikler W.W.Bartold, Ý.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç, A.Ý.Ýakubowskiý hem ylmy işlerinde gymmatly pikirleri orta atypdyrlar. Eposyň oguz türkmenlerine degişlidigini nygtamadyk ýokdy. Mäti Kösäýew hem henize çenli türkmen okyjylaryna ýetirilmedik bu eposyň taryhy ähmiýeti, etnografiki gymmaty, barada ençeme makalalar ýazypdy. Soňra „Gorkut atanyň“ 12 şahadan ybarat nusgasyny „Sowet edebiýaty: (häzirki „Garagum“) žurnalynda 1945-1946-njy ýyllara çap etdiripdi.Bu işe çyny bilen ýapyşan alym halkyň arasyndan öz toplan 12 sany şahasyny, folklorçy A.Rahmanowyň ýygnan 6 şahaly çowdur nusgasyny hem görnükli žurnalist N.Esenmyradowyň Marydan ýazyp alyp 2 sany şahasyny jemläp, olary deňeşdirip çuň derňäp, “Gorkut ata“ eposyna sözbaşy ýazyp, ony 1951-nji ýylda neşir etdirýär.
Türkmen okyjylarynyň sabyrsyz garaşan bu kitabyny görnükli alym B.A.Garryýew redaktirläpdi. Şol wagt türkmen döwlet neşirýatynyň baş redaktory O.Abdalowdy.
Şu neşirden soň M.Kösäýewiň garşysyna hüjüm başlapdy. 1951-nji ýylyň 14-nji awgustynda metbugatda 6 sany makala peýda bolupdy. „Sowet Türkmenistany“ (häzirki „Türkmenistan“) „Turkmenskaýa iskra“ gazetiniň redaksion makalasynda „Ýaş kommunist“ (häzirki „Watan“) gazetiniň baş makalasynda B.Welmyradow bu şadessany „Oguzlaryň hökümdar toparyny taryplaýan“ milletçilik bilen zäherlenen kitap“ hökmünde ýazgaryp çykyş edýär. Makalada „Gorkut ata“ şadessanyna halka garşy reaksion epos hökmünde töhmet atylýar.
Türkmenistan K (b) P MK-nyň 1951-nji ýylyň awgustyndaky „Gorkut ata“ kitaby hakynda“ diýen karary ýanamalaryň hem yzarlanmalaryň başy bolýar. TK (b) P MK-nyň şol wagtky sekretary O.Şyhmyradowyň „Türkmen halkyna ýat bolan „Gorkut ata“ eposy“ atly makalasy 1951-nji ýylyň sentýabrynda respublikanyň merkezi gazet-žurnallarynyň ählisinde çap edilýär.
„Gorkut atanyň“ türkmen halkyna hiç bir degişli ýeri ýok. Oňa düýbünden näbelli hem ýat... „Sowet edebiýaty“ žurnalynyň ozalky redaktory M.Kösäýew žurnalyň sahypalarynda reaksion eposyň öwlüp arşa çykarylmagyny gurady... „Gorkut atanyň“ propogandasy, bu kitabyň köpçülikleýin tiraž bilen ýaýradylmagy respublikanyň Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylarynyň, neşirýatlaryň we Türkmenistanyň edebiýaty öwrenijileriniň aşa gödek syýasy ýalňyşlarydyr“ diýen töhmet Türkmenistana merkezi metbugatdan (Moskwadan) gelip gowuşýar.
Ýokarky mysallar „Literaturnaýa gazetanyň“ 1951-nji ýylyň oktýabrynda çykan sanynda çap edilipdir.
TK (b) P MK-nyň sekretary O.Şyhmyradowyň Aşgabat şäheriniň intelligensiýasynyň ýygnagynda (1951-nji ýylyň dekabrynda), „Gorkut ata” halka garşy reaksion eposdyr“ diýen çykyşyny respublikanyň gazetleri haýdan-haý çap etmek bilen bolupdyrlar.
Bu ajaýyp şadessana O.Şyhmyradowyň atan töhmeti akyla sygar ýaly däldi. Ol öz halkynyň edebiýatynyň abraýyny goramaga juda „ökde“ bolupçykýar. Ol bu eposyň „Türkmen nusgasynyň“ hakykatda hiç haçan bolmandygyny ýazýardy. M.Kösäýew we B.Garryýew „Däde Gorkudyň“ azerbaýjança tekstiniň has reaksion ýerlerini emeli ýol bilen perdeläp, ony hilegärlik bilen türkmen eposyna öwürmekde aýyplaýar. „Gorkut atanyň“ türkmen halkyna hiç hili degişli ýeriniň ýokdugyny, oňa düýbünden näbelli hem ýatdygyny nygtap uly „açyş“ edýär.
Şeýlelikde, „buržuaz-milletçi“, „halk duşmany“ diýen günäleri ýükläp ýygnananlaryň arasynda B.Jürmenegiň, B.Garryýewiň, O.Abdalowyň, D.Amanekowyň, N.Myradowyň we M.Kösäýewiň hem ady tutulýar.
M.Kösäýewi 1952-nji ýylyň 6-njy iýunynda tussag edýärler. Alymyň ähli kitaplaryny, golýazmalaryny gözüniň alnynda otlaýarlar. 1930-njy ýylda galtamanlaryň eline düşende-de, türmä basylanda-da, sorag edilip surnugýança urlanda-da, ne-de çagalary bilen görme-görüşde bolanda-da, mahlasy, öňde-soňda gözüne ýaş aýlamadyk M.Kösäýew ýanýan kitaplaryny görüp aglapdy. Olaryň arasynda alymyň, hazyna toplaýjynyň halkyň arasyndan ýygnap, ýazyp alan golýazmalary-da bardy. “Alyp gaýdan ekzemplýarymy öz kitaphanamda hiç kime görkezmän saklamaly bolupdym” diýip M.Annagurdow ýazypdyr. Elbetde, munuň özi juda töwekgelli hem ünjüli ýagdaýdy. Şonuň üçin ony bir ýere eltip sahaplatdyrmak kyndy. Mäti Kösäýew tussaglykdan boşap gaýdyp geleninden soň kitaby sahaplatdyrypdym. M.Annagurdowyň şol ýygnan nusgasy esasynda soň kitap „Türkmenistan“ neşirýaty tarapyndan Aşgabadyň Metbugat öýünde ýüz müň ekzemplýar tiraž bilen çap edilipdir...
M.Kösäýew 1962-1973-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri-professor wezipesinde işleýär. 1934-nji ýyldan bäri işläp gelýän kafedrasynyň mugallymy, dosent, professory, müdiri hökmünde türkmen halk döredijiligi, gadymy türkmen edebiýaty,XVIII-XIXasyrlaryň türkmenedebiýatynyňtaryhy ýaly edebiýatkurslaryň işleniptaýýarlanmagyna ýolbaşçylykedýär. Ol N.Gullaýew, K.Ataýew, A.Mülkamanow, K.Durdyýew, Ö.Sapaýew, B.Mämmetýazow, K.Borjakow ýaly alymlaryň hem-de pedagoglaryň alymlyk dissertasiýalaryna ylmy ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelikde, M.Kösäýew 1974-nji ýyla çenli işleýär.
Görnükli pedagog, türkmen halk döredijiligini hem edebiýatyny öwreniji, professor M.Kösäýew 1974-nji ýylda ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlap, „Turanyň aksakaly“ atly özboluşly bir makala ýazýar. Ol bu makala üçinem, 1974-nji ýylda milletçi, panturkist hasaplanyp, kemsidilip hem sütem edilip, işinden-türkmen edebiýaty kafedrasynyň professorlygyndan boşadylýar. Bu mesele bilen bagly ol ýokary organlara arza ýazýar.
Alym arzasynda „Turan“ sözi sebäpli özüne nähak günä ýüklenendigini, hakykatda bolsa, bu sözüň gadymdan geografiki atdan başga hiç hili milletçilik manysynyň ýokdugyny ylmy esasda doly subut edýär. Sekiz sahypadan ybarat bu arzanyň, has dogrusy, goja professoryň ýürek nalasynyň soňy şeýle sözler bilen jemlenipdir: „Meniň terjimehalymyň ýokarda agzalan maglumatlaryndan soň, şeýle sorag ýüze çykýar: göreşiň hem zähmetiň şeýle ýoluny geçen adam panturkist ýa-da milletçi bolup bilermi? Kommunistik partiýanyň we sowet halkynyň işine ýarym asyrdan gowrak wepaly gulluk eden adam, eýsem, durmuş ýolundan zyňlyp taşlanmalymydyr?! Ýagdaý şeýle bir derejä ýetdi, hatda meniň çapa taýýarlan we neşir etmäge kabul edilen işlerim togtadylýar hem başga awtorlara berilýär. Meselem: „Türkmenistan“ neşirýatynda meniň çapa taýýarlan Magtymgulynyň eserleriniň ýygyndysy hem „Görogly“ eposy bilen hem hut şeýle ýagdaýlar bolup geçdi. Men özümiň arzama adalatly garalmagyny sorap, kommunist hem ylmy işgär hökmünde abraýymyň dikeldilmegini, ylmy-döredijilik işinde meniň öndürijilikli işlemegime mümkinçilik döredilmegini soraýaryn“.
Belki, bu hat sebäp bolandyr, nähili-de bolsa, alymyň 1977-nji ýylda TKP MK-nyň ýörite buýrugy bilen ýazdyrylan „Umumy guwanjymyz we baýlygymyz“ atly makalasyndan soň onuň ýazan işleri seýregrägem bolsa metbugatda, neşirlerde görnüp ugraýar.
1966-njy ýylyň maýynda, M.Kösäýewiň 60 ýaşyna bagyşlanylyp 18 sany makaladyr goşgy metbugatda çap edilen bolsa, 1976-njy ýylda – 70 ýaşy dolanda, metbugatda ýeke setirem görünmeýär. 1981-nji ýylda 75 ýaşy bellenende bolsa diňe A.Ulugberdiýewiň we K.Ataýewiň ýatlamalary metbugatda çap edilýär. Ol wagtlar goja alym A.Ulugberdiýew ýaly käbir şägirtleriniň ynsanperwer tagallasy bilen TSE-niň Dil, edebiýat we sungat redaksiýasynda ylmy maslahatçy bolup işleýär.
1983-nji ýylda ýagny üç ýyl gijikdirilip, inisi A.Sähedowyň ýadawsyz tagallalary bilen, M.Kösäýewe „50 ýyllap SSKP-nyň hatarynda“ diýen nyşany gowşurylýar. Ol döwürde alym näsaglap hassahanadady. Ilki hassahanada, soňra öýünde ýatanda hem onuň kärdeşleri, dost-ýarlary, okuwçylary nobata durup soramaga gelýärler. Ýagdaýy has agyrlaşansoň, lukmanlar onuň ýanyna adam goýbermegi-de gadadan edipdiler...
Mäti Kösäýew dünýäden ötende-de (1984-nji ýylyň 12-nji marty) at-abraýyna görä hatyralanmaýar. Meşhur edebiýatçynyň ölümini külli türkmene habar beren gazet nekrology diňe ýedi setirden ybarat bolupdyr.
Ýazgarylyp her näçe horluk görse-de halk döredijiligini toplaýjynyň, öwrenijiniň, görnükli edebiýatşynasyň öz kesbine ahyryna çenli wepaly bolanlygyna, onuň ömrüniň soňky ýyllarynda, ýürek agyry hem demgysma belasynyň halys basmarlandygyna garamazdan, ol „Görogly“ şadessanyny hem Magtymgulynyň iki jiltlik „Saýlanan eserlerini“ çapa taýýarlaýar. Mäti Kösäýewiň türkmen folkloryna degişli ylmy-barlag işlerini, makalalaryny öz içine alýan ýygyndylary „Edebiýat barada söhbet“ (1972) at bilen neşir edilýär.
Bu makalalar ýygyndysy üç bölümden ybarat bolup, onuň bir bölümi halk döredijilik eserlerine degişlidir. Bölümde türkmen halkynyň gahrymançylykly „Gorkut ata“ eposy, onuň kökleri, bu ajaýyp epos barada alymlaryň orta atan gymmatly pikirlerini seljerip, bu esere öz garaýyşlaryny-da üstüne goşup, düýpli netijeler çykarypdyr.
Ol Gündogaryň meşhur taryhçysy Reşideddin Tebibiň, Alyşir Nowaýynyň, (1441-1501), görnükli türkmen taryhçysy Abulgazy Bahadyr hanyň (XVIII), Gorkutatabaradakypikirlerinden peýdalanypdyr. Belli rus alymy Gündogary öwreniji Bartoldyň 1900-nji ýylda bu eposyň türkmen diline eden terjimesiniň ähmiýeti kesgitläpdir. Şonuň ýaly-da, „Gorkut ata“ eposynyň X-XI asyrlara käbir bölümleriniň VI-VII asyrlara degişlidigini we eseriň „boý“ diýlip atlandyrylýan 12 sany bölümden ybaratdygyny-da kesgitläpdir we „Gorkut atanyň“ ideýa-çeperçiligi hakynda düýpli pikirleri orta atypdyr, şadessanyň halkyň arasyndan toplanylyşy, hem neşir edilişi bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary-da beripdir. Meselem, 1941-nji ýylda bu şadessanyň 13 şahasy kitap edilip çapdan çykarylýar. 1958-nji ýylda 14 şahasy, 1990, 2001-nji ýyllardaky neşirler hakda-da maglumat berilýär. Makalada Ata Rahmanowyň Daşoguz sebitlerinden „Göroglynyň“ ençeme şahasyny toplandygy barada, olaryň ähmiýeti hakynda gyzykly maglumatlar getirilip pikir ýöredilýär. Kitapda Görogly atly şahsyň ady bilen baglanyşykly maglumatlaryň getirilmegi-de gyzykly. Awtor „Göroglynyň” atlandyrylyşynyň köp dürlüdigini rowaýatlar esasynda delillendirýär. Bulardan başga-da „Göroglynyň” özbek hem täjik nusgalarynyň döreýşini, özbeklerde „Röwşen“, täjiklerde „Gurugly“ atlandyrylyşy mysallar arkaly subut edilýär.
„Röwşen“ dessanynyň türkmenlere degişlidigini tassyklaýan bölekler getirilýär. „Göroglynyň“ wakalarynyň Garrygala sebitlerinde bolanlygy eposda ady agzalýan ýeri-ýurt atlary bilen subut edilýär.
Täjiklerde „Gurugly“ diýlip atlandyrylýan nusganyň goşgy bilen ýazylandygy, onuň hem bir tarapynyň türkmenlerden alnyp gaýdýanlygy nygtalýar we ol dessandan bölek getirlip subut edilýär.
Eposyň doganlyk halklaryň – gazak, özbek, täjik, garagalpak, şonuň bilen birlikde azerbaýjan, ermeni, gürji, Demirgazyk Kawkazdaky birtopar halklaryň arasyndaky meşhurlygy barada pikir ýöredilýär.
Alym bu eposyň ýaş nesli tebiýelemekde hyzmatynyň uludygyny nygtap, bu eposyň geljekde-de taryhçylar, edebiýatçylar, etnograflar üçin gollanma boljakdygyny belleýär.
Ýygyndynyň ikinji makalasy „Görogly“ şadessany hakynda. Makalada Görogly atly şahsyň ady bilen baglanyşykly rowaýatlardan mysallar alynýar. Onda Watançylyk urşy ýyllarynyň wakalary ýatlanylyp, şol ýyllarda hem eposyň ähmiýetiniň uly bolandygy, ýagny onuň uruş döwründe-de, ýigitler üçin söweşlerde mekdep bolup hyzmat edenligi nygtalyp, frontçy edebiýatçy Ata Kerimowyň beren gürrüňlerinden mysal getirilýär. Onuň gürrüňlerine görä, şahsy kitaphanasynda „Görogly“ kitaby saklanylýar. Ol kitabyň uruş ýyllarynda gahrymanlarça söweşen hem-de wepat bolan Gyzyletrek sebitlerinden Gulnazar atly esgeriň hemrasy bolandygy we onuň nirede we haçan wepat bolanlygy hakda şol kitabyň başky sahypasyna öz söweşjeň ýoldaşlarynyň ýazgysy ýerleşdirilendigi nygtalýar. Şeýle hem, bu eposyň Türkmenistanyň dürli ýerlerinden ýygnalan şahalarynyň ellä golaýynyň bardygy, şolardan 1941-nji ýylda 13 şahasynyň kitap edilip çykarylandygy, 1958-nji ýylda 14 şahasynyň kitap bolup çykyşy dogrusynda maglumatlar getirilýär.
Makalada taryh we dil-edebiýat institutynyň ylmy işgäri A.Çepowyň „Görogly“ şadessanynyň käbir şahalaryny ýygnamakdaky hyzmaty hakynda pikir ýöredilýär. Mirasgär ol şahalary meşhur Pälwan bagşynyň (daşoguzly) dilinden ýazyp alypdyr. A.Gowşudow hem halkyň söýgüsini gazanan „Görogly“ şadessanyny Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnan teksti esasynda taýýarlapdyr.
Ýygyndyda alym „Şasenem-Garyp“ dessany barada gymmatly maglumatlary getirýär. Dessany seljerýär we onuň awtorsyzdygyny subut edýär. Dessanyň rowaýatlar esasynda dörän çowdur nusgasy dogrusynda pikir ýöredenden soň, awtor ol nusgalaryň atlaryny mysal getirýär. Meselem, „Şasenem-Garyp“, „Aýsenem-Garyp“, „Baýsenem-Garyp“, „Helalaý-Garyp“, „Aýperi“, „Handan peri“, „Uzperi“ ýaly görnüşleriniň diňe „Şasenem-Garyp“, „Aýsenem-Garyp“, „Helalyý-Garyp“ dessanlarynyň ýazuwly nusgasynyň tapylandygyny alym belleýär. Bu ýygyndynyň türkmen folkloryny öwrenmekde hyzmaty juda uly.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly