18:55 Men bagtyýarlygy we üstünligi saýlaýaryn | |
Men bagtyýarlygy we üstünligi saýlaýaryn
Psihologiýa
■ Göwnüňize ýaraýan iş bilen meşgullanyň! Işleýän işiňiz göwnüňize ýaraýarmy, ondan lezzet alýarsyňyzmy, ýerine ýetirýän işiňiziň adamlara nähili peýdasy bar, şu zatlara anyk göz ýetirdiňizmi? Haçan-da, her adam dünýäde öz hakyky bolmaly ornunda bolanda tebigy güýçler, onuň arzuw-isleglerini tiz amala aşyrýar. Muny barlamak aňsat. Eger-de, öz alyp barýan işiňizi söýýän bolsaňyz, onda älem giňişligine sazlaşýarsyňyz we dogry ýoldan barýarsyňyz. Onda sizde maddy, maliýe meselelerinde kynçylyk bolmaly däl. Öz kärini söýýän adam oturan ýerinden Asmandan gelýän pul akymyny göz öňüne getirip biler. Ol köp wagtyňyzy almaz, bary-ýogy iki minut. Emma ondan geljek peýda juda uludyr. Sebäbi siz bolçulygyň eýesine pul serişdelerini niräk ugratmalydygyny salgy berýärsiňiz. ■ Ähli niýetleriňizi iş bilen berkidiň! Durmuşyňyzy üýtgetmek üçin dogry pikirlenmegiňiz, ynanmagyňyz we hereket etmegiňiz gerek. Maksada ýetmek üçin iki ugur boýunça güýjümizi artdyrmagymyz gerek. Ruhy we mental (pikirleriň geçen synagyndan, esasy ýörelgelerinden ugur alýan adam aňynyň ugrukdyryjy hereketi) ugurlary. Ilkinjisi bolsa, güýç taýdan we maddy-hal babatdaky hereketler. Haçan-da, siz ýokarky ikisini birleşdiren mahalyňyz düşündirip bolmaýan özgeriş bolup geçýär. Öz ynamymyzy berkitsek, ähli arzuwlarymyz hasyl bolýar, taraplarymyz hem kanagatlandyrylýar. ■ Aýgytly, hyjuwly we keýpiçag ýagdaýda hereket etmegiňiz gerek. Biziň işimiz hemişe şowlaýar. Eger-de göze görünmeýän ýardamy duýýan bolsaňyz, siz gämide ýeliň ugruna tarap ýüzüp barýan ýaly duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, bu gowulygadyr. Siz dogry ýoldan barýarsyňyz. Älem giňişligi hem size kömek edýändir. Dogry ýol bolsa, hemişe rysgal, bereket getirýändir. ■ Özüňizde güýçli erki terbiýeläň! Güýçli erk – barly adamlaryň aýratynlygydyr. Erki güýçlendirmäge şu zatlar girýär: Başlan işiňizi hemişe soňuna çenli alyp gidiň. Wagtyňyzy biderek geçirmäň. Ozalkylaryňyzdan ir oýanyň. Durmuşyňyzdan alkogolly içgileri we çilimi aýryň. Günüň dowamynda, iň bolmanda, bir sahypa peýdaly kitaplardan okaň. Kimdir biri göwnüňize degse, gaharyňyzy saklamagy başaryň. Güýçli erke eýe bolan mahalyňyz üstünliklere ýetersiňiz. Erkiňizi bir ýere jemläň. Özüňizi baý bolmaga mejbur ediň. Bir zada düşünmegiňiz gerek, özüňizden başga sizi hiç kim baýadyp bilmez. Diňe baýamak islegiňiz azlyk edýär, özüňizi baýamaga mejbur etmeli. Ýazyjy A.Çehow: «Özümden gulçulygy damjalap aýyrýaryn» diýipdir. Sizem şonuň ýaly, özüňizden damjalap ýoksullygy aýyrmalysyňyz. Elbetde, muny hem özüňiz edip bilersiňiz. Eger-de muny başarmaýan bolsaňyz, onda siz güýjüňize kembaha garaýansyňyz. Täze belentliklere ýetmek üçin, täze tolkunlara sazlaşmak gerek. Her gün ýatmazyňyzdan ozal, aňyňyza şeýle sözi ýazyň: Rysgal-berekediň çeşmesi mende, Men bagtyýarlygy we baýlygy saýlaýaryn. «Zenan kalby». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |