08:44 Muhammet pygamber -35: romanyň dowamy | |
4. Eý Muhammet, sen ähli adamlara Kuran-şerif bilen pent ber, bes, sen Belent-Terbiýeçiň beren pygamberligi bilen gaýypdan habar bergiji dälsiň we janly hem dälsiň. Gurhan. 52-nji süre. 29-njy aýat. Agasynyň ölümi öňem köňlüni ýasdan çykaryp bilmän ýören Muhammet pygamberiň bilini halys büken ýaly boldy. Ol indi ýagşy çal sepen mübärek başyny aşak salyp, gussa çümüp oturmany çykarypdy. «Bu dünýädäki iň soňky dagym hem çökdi. Iň soňky belent çynarym ýykyldy. Indi, belent-Taňrydan başga söýenere ymaratym ýokdur...» Ol bu oýlar serine gelende, gözlerine ýaş aýlanyny duýman galýardy. Agasy üçin Beýik Taňrydan geçirimlilik diläp, ýerinden galman doga okaýardy. Şu agyr günlerde-de Belent-Taňry öz Resulynyň ýüregini duýup durdy. Oňa gelýän wahyýlar biri-birinden agyrdy. Şolaryň birinde Alla Tagala: – Tur ýeriňden, wagyz et! – diýip buýrupdy. Muhammet pygamber Belent Taňrynyň sargydyny jany bilen kabul etdi. Taňrynyň bu ýoly diňe bir Mekge halky üçin däldi. Ony dünýä ýaýmalydy. Ol öz köňlüni bu dünýäniň gussalaryna nähak aldyrýardy. Onuň köňli külli ynsan, tutuş ýer ýüzi üçin ýaradylandy. Onuň didary iki dünýäniň şamçyragydy. Onuň köňli iki dünýäniň sahawatydy. Muhammet pygambere bu zatlary düşündirmek gerek däldi. «Wah, menem adam ahyryn, eziz Allam!» Meniň hem ynsan göwnüm bar- da. Hany, köňlümiň bossany, ýüregimiň aramy Hatyjam! Hany, balalykdan bagryna basyp, özi iýmän, çagalary agzyndan kesip maňa iýdiren mährini bölüp-bölüp maňa beren, kakamyň, atamyň, agamyň ornuny tutan Ebu Talyp! Olarsyz bu dünýäm boşap galdy-la, eziz Allam.» Muhammet pygamber ýaşly gözleri bilen oňa garap, ondan gurbat alyp oturanlaryň ýüzüne garady. « – Muhammet, tur, wagyz et!» Ol gulagynda ýaňlanyp duran bu sesiň yzyna düşüp, hiç kime aýtman Taife bakan ugrady. Taif jülgesi Mekgeden beýle bir uzakda däldi. Ýöne ýollar juda howpludy. Resul Allanyň agasy Ebu Talyp üçin aglaýanynyň esasy sebäbi, ol Mekge ilinde juda abraýlydy. Bu ilde aýdany aýdan diýeni diýendi. Kuraýyşlaryň ählisi hem ata-babalarynyň hatyrasyny, Käbäniň hormatyny, üç ýüz altmyş hudaýyň mukaddesligini berk saklap, Abdyl Mutalyba, ondan soň hem Ebu Talyba biçak uly gadyr goýýardylar. Olar Käbäni, Käbe aýmançasyndaky gudratly zatlary, Aby zemzem guýusyny, tutuş Mekge ýaýlymyny şu kowum bilen baglanyşdyrýardylar. Olar Ebu Talybyň: «...Käbe gurup, Aby-zemzemi açan Aslyňa döneýin, mähriban atam. Ýamanlar zarbyndan Mekgeden gaçan, Waspyňa döneýin mähriban atam...» – diýip başlanýan, indi gadym wagtlarda ýitip giden ajaýyp poemasyny özleriniň ene kitabynyň özeni hasap edýärdiler. Ony öz toýlarynda, meýlislerinde aýdym edip, uly joşgun bilen aýdýardylar. Ol uly goşgynyň bölekleri ýazylan agaç gabyklaryny, deri parçalaryny doga kimin bäbek çagalarynyň başujunda goýýardylar. Hakykatdan hem häzir Mekgäniň, Aby zemzem guýusynyň açary haşymylaryň elindedi. Şonuň üçin olar eger üç ýüz altmyş birinji hudaýy yglan etmeli bolsalar, arassa ynsaply, kanagatly hem-de sahawatly Ebu Talyby soňa saýlamaga taýýardylar. Şol beýik abraý Muhammet pygamberiň çagalygyndan tä şu güne çenli daşyny dolap alypdy. Resul Allany öldürjekleriň diňe Ebu Talyba hormat goýýany üçin oňa eli barmaýar diýen ýalydy. Oňa kesek atylsa, onuň baryp Ebu Talybyň ýüregine degjekdigini bilýän adamlaryň eli Muhammet pygambere uzap bilenokdy. Diňe Ebu Talybyň beýik mertebesi üçin Abdyl Uzza, Ebu Jähil Muhammet pygambere dişlerini çarhlap ýördüler. Emma onuň golaýyna baryp bilmeýärdiler. Muhammet pygamber oňa gowy düşünýärdi. Şonuň üçin agasy ýogalansoň, onuň boýny burlan ýaly bolupdy. Ebu Talybyň ölümi kuraýyşlaryň goltugyndan gop beren ýaly boldy. Olar indi Muhammet pygamberiň yzyna çynlary bilen düşüp başladylar. Olaryň bir topary Käbäniň gapdalynda durup, çadyryň astynda oturanlara haýbat atyp gaýdýardylar. Olary gözläp, Mekgäniň ähli mähellesini, köçesini, öýleri, bazarlary gyzyl dörjük edýärdiler. Ine, şol adamlardan uly howp ýokdy. Olardan häzir her hili zuluma, hyýanata, jebre masgaraçylyga garaşaýmalydy. Muhammet pygamber Taif jülgesine şol howpdan çekinip, ýeke özi gaýdypdy. Oňa indi musulmançylygyň örüsini has giňeltmek gerekdi. Eger Taifde onuň diýeni tutulsa, adamlar ýeke-täk Taňryny ykrar etse, oýda çadyryň astynda oturan bendeleri bu seleň, ir-iýmişi, hurma baglygyna beslenip oturan jülgä getirip boljakdy. Çünki, Resul Alla olary mundan beýläk Mekgede-de, şol çadyrlaryň astynda-da goýup bolmajagyny bilýärdi. Ol sorap-idäp Taif serdarlarynyň öýüni tapdy. Bu ýerde bir taýpanyň üç sany serdarynyň bardygyny bilýärdi. Olaryň üçüsem dogandy. Ol şol serdarlar bilen dil tapyşaryn öýdýärdi. Gullar ýüzi Güne gowrulan, dodaklary darka-darka ýarylan, ýadaw myhmany ýoldan tutdylar-da, öýlerine salyp, uly gykylyk bolşup, öz serdarlarynyň alyna alyp bardylar. Serdar doganlar bu del adamy görüp, gazaba mündüler. – Seni kim getirdi, bu ýere, näme üçin gediň? Resul Alla doganlardan oturmaga idin sorady. Doganlaryň iň ulusy rehimdar bolup çykdy. – Oturaýsyn! – Ýok, oturmasyn! – diýip beýlekisi aýtdy. – Otursyn! Uly serdar elini dik depesine ýetirdi-de, şondan hem aşak goýberdi. Resul Alla duran ýerinden ýere çöküp oturdy. – Aýt, näme üçin geleniňi? – diýip, doganlaryň biri sorady. Serdarlaryň ortanjysy itiňki ýaly tumşugyny ynjyk tutup, gazap bilen: – Şony aýtsyn, çaltyrak. Aýt, şony – diýip haýbat atdy. Muhammet pygamber olaryň haýbatyna bakyp durmady-da, merdanalyk bilen habaryny aýtdy. – Men Mekgeden gelýärin. Özüm Alla tarapyndan iberilen ilçidirin. Siziň ýanyňyza-da, Allanyň adyndan geldim. – Näme üçin geldiň, Allanyň adyndan. – Aýt, derrew... – Beýik, ýalňyz Taňry «Ynsanlar meni ykrar etsin. Meniň görkezen ýolumy tutsun» diýip, maňa wahyý iberdi. Şonuň üçin sizden towakga edýärin. «Lä ilähä illallah! Muhammet Resul Allah!» diýip, musulman boluň! Gudraty güýçli Alla sygynyň... It tumşukly serdar kesilen agajyň bölegi ýaly bolup güberilip oturan uly serdar agasyna, soňam kellesi palawkädi ýaly, kese-kese bolup duran kiçi serdar inisine garady. – Muhammet kim bolýar-aý? – Beýleki serdarlar eginlerini gysdylar-da, ýüzlerini jikgertdiler. – Ol Muhammet diýýäniň kim? – Hawwaý, şol kim? – Muhammet – men. Men Allanyň Resulydyryn. Doganlar pakyrda berip gülüşdiler. Bu biçäre, ýüzi-gözi güne gowrulan, ejiz, itseň ýykyljak bolup duran halsyz adam. Olaryň gözüne juda gülkünç bolup görnen bolara çemeli. Iýip-içip, kölegede mes bolup oturan doganlar biri-birlerine bakyp, ýene mölerişdiler. – Be, sen Muhammet. Özüň hem Allanyň resuly! Şeýlemi? Muhammet pygamber bular bilen ahyryna çenli gürleşmegi ýüregine düwüpdi. Şonuň üçin-de olaryň sowalyna jogap berdi. – Şeýle. Alladan başga hudaýlar ýokdur. Muhammet Allanyň Resulydyr. – Baý-bow – diýip, ortanjy serdar ýene gülüp başlady. – Men-ä seni Hudaýyň özümikäň diýip otursam, sen onuň Resuly bolup çykdyň-ow. Onuň bu içi güjükli sözüni diňlän doganlar däl, işikde duran garawul gullar hem hezilleşip gülüşdiler. – Ah, doganlar, görüň, indi hudaýlar hem, onuň Resuly hem ownapdyr-ow. Serdarlaryň ulusy ortanjy serdara gözlerini alartdy. Olar şondan soň bir salym bihaýalygyny goýdular. – Hudaý bizi öz raýatyna saljak bolsa, başga adam tapmadymyka? Resul Alla oňa ýagdaýy düşündirmek isledi. Emma kiçi serdar durup bilmedi. – Ýok bol-aý, bar ugra. Bize Allasyzam, resulsyzam erbet däl, bar. Serdarlar Resul Allany öýlerinden çykaryp kowmagy gullara berk buýurdylar. Olaryň nämedir bir zatlar diýip berýän tabşyrygy gullary has meçewlendirdi. Dört-bäş sany gul Muhammet pygamberiň, üstüne gum tozadyp, onuň daşyna halka gurap aýlanyşyp, ýüzüne tüýkürip başladylar. Soňra olaryň her biri ýerden eline ilen daşyny, kesegini alyp Resul Allanyň çem gelen ýerine urup ugradylar. Biri bolsa uly-uly daşlar bilen Muhammet pygamberiň aýagyna, injigine gaýgyrman urýardy. Muhammet pygamberiň jöwzaly yssynyň derdinden öl-suw bolan eşigi tot-tozandan görer ýaly bolmady. Ol daşa ýagşy ýenjilen aýaklarynyň, sarkyp duran gany bilen üstüne möwjäp gygyryşyp, galmagal turuzýan gullara barmysyňyz hem diýenokdy. Ýuwaşja ýöräp, gidip otyrdy. Gullaryň özleri sögdüler, gygyryşdylar, ahyr soňunda-da, obanyň çetinde ondan üzülip galdylar. Resul Alla bolsa özüne haýran galmak bilen seredişýän oba adamlaryna ünsem bermän geçip gitdi. Ol adamlaryň haýran galmasy ýöne ýere däldi. Şol gullaryň gohuna, olaryň haýbatyna, üstüne ýagýan topurdyr daşa ünsem bermän, olara hiç bolman-da,haýbat bir atman barýan bu ýolagçy dogrudan hem, olar üçin geňdi. Beýle sabyrly adam olar üçin juda täsindi. Şol ýumruklar, daşlar, asyl, oňa däl-de, başga biriniň ýüzüne-gözüne degýän ýalydy. Resul Alla obadan çykandan soň, ýoluň gyraragynda seleňläp oturan hurma agajyny astyna baryp, dyz epdi. Onuň aýagyndaky ýaralaryndan gan akýardy. Agyr urgy degen dyzlary jyzlap, janyny alyp barýardy. Özüniň beýle ýowuz güne duçar bolmagy Resul Allanyň göwnüni duýdansyz gamlandyrdy. Ol özüniň ýat ýerde, ýat adamlaryň arasynda masgaralanyp, kemsidilip ýörşüne gynandy. Ol oturyp, iki goluny asmana tutdy-da: – Eý, eziz Perwerdigär! Meniň ýat illerde, ýat adamlaryň arasynda nalajedeýinlik bilen özüme ysnat getirşimi görüp duransyň. Eger men seniň ynamyňy ödäp bilmedik bolsam, meniň günälerimi öt. Meniň bilen deň bolma. Gazabyňy menden sow. Eziz Allam, sen meniň ýüregimiň umydysyň. Seniň maňa inderen gorkyň bilen hem-de mukaddes umydyň aralygynda ýaşap ýörendirin. Men ýene-de toba edýärin, şükür edýärin, maňa rehim et. Meni bu agyr dertlerden dyndar. Seniň gudratyňa taý geljek güýç ýokdur. Maňa arka dur. Meni bu ýowuz bela-beterlerden, ejizlikden, naçarlamakdan halas et!.. Ol Belent Taňra nalyşyny goýan badyna özüne garap kimdir biriniň gelýändigini gördi. Ol bu gelýänler hem gullardyr öýtdi. Olaryň ýene- de gelip, özüni horlamaklaryndan gorkdy. Olardan gaçarak durmak üçin ýerinden turmakçy boldy. Emma oňarmady. Onuň agyr urga ýenjilen aýaklary diýen etmejek bolýardy. – Me, saňa üzüm getirdim – diýip, bir ýetginjek gapdaky üzümi oňa uzatdy. Resul Alla ol üzümi almajak boldy. – Kim iberdi – diýip, ol ýetginjekden sorady. Ol ýetginjek gaýra tarapa elini salgady. – Hon-ha, şolar iberdi. Resul Alla ol adamlaryň ýüzüni görüp bilmedi. Ýöne onuň oturan bu bagy Utbe we Şeýbe b.Rebia diýen iki doganyňkydy. Ol doganlar bu biçäre adama edilýän sütemi görüp, ony gullaryň elinden alyp, öýlerinde gizlejegem bolupdylar. Emma bu iliň serdarlaryndan gorkunjyna, ony halas edip bilmändiler. Ine, şu üzümli tabagy iberenleriň hem şolardygy bellidi. Resul Alla üzüm getiren oglany ýanynda oturtdy. – Seniň adyň näme? – Meniň adyma Addas diýerler. Muhammet pygamber tabagy öňüne çekdi-de, onda iki tilisgejigini aldy. Soňra: – Bismilla! – diýip, bir dänejigini agzyna saldy. Bu ýolagçynyň bolşuna haýran galan ýetginjek: – Biziň ilimizde beýle sözler aýdylmaýar. – diýdi. Resul Alla oňa üzüm hödür etdi-de: – Seniň özüň nireli? – diýdi. Addas özüne hödür edilen üzümini iýip oturyşyna: – Biz ninowaly hristiandyrys – diýdi. Bu söze Resul Allanyň ýüzi açyldy. – Onda sen Ýunus ibn Mettan hakykatçynyň obadaşydyryn diýsen-e. – diýip aýtdy. Addas ýylgyrdy-da: – Siz Ýunus ibn Mettany nireden tanaýarsyňyz? – diýip sorady. Muhammet pygamber başyny atdy. – Ol ikimiz dogandyrys. Ol hem Allanyň pygamberidi, menem Allanyň pygamberidirin. Addas Resul Allany gujaklady. Soňra onuň ellerinden heniz gany gatamadyk agyryly aýagyndan öpmäge durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |